Täzelikler

«SagLyk — 2019» atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylara

20.07.2019
1563566174
Hormatly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Saglyk...

Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň pudaklaýyn geňeşiniň mejlisi geçirildi

19.07.2019
1563564153
Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň XXIX m...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

GDA gatnaşyjy döwletleriň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylara

19.07.2019
1563481421
Hormatly mejlise gatnaşyjylar! Gadyrly dostlar, eziz myhmanlar! Hanymlar we jenaplar! Sizi Berkarar döwletim...

Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde: “Mollagara” şypahanasy

17.07.2019
1563385561
Şu günler Türkmenistanyň iň gadymy şypahanalarynyň biri — «Mollagara» şypahanasy öz täze taryhynyň nobatdaky senesini...

Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde «Berzeňňi» şypahanasy

15.07.2019
1563222881
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan şypahana-dynç alyş ulgamyna horm...
  • Image
  • Image
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş wagtyny kitap ýazmaga bagyşlady

15.07.2019
1563223124
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadynyň ilkinji gününde döredijilik bilen meşgullan...

Howanyň üýtgemegi şertlerinde hojalygy ýöretmegiň ugurlary: integrirlenen çemeleşme

14.07.2019
1563123612
Aşgabatda ýerden we suwdan peýdalanmak boýunça uýgunlaşma çäreleriniň milli ösüş strategiýasyna hem-de olary maliýele...

Türkmenistanyň daşary syýasaty — Durnukly ösüş maksatlary ýolunda parahatçylyk söýüjilik strategiýasy

12.07.2019
1562959185
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn döwlet syýasaty netijesinde, Türkmenistan hemişelik Bitaraply...



Gallaçylaryň ýokary zähmet üstünligi — azyk bolçulygynyň kepili


Image

Türkmenistanyň gallaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan harmanyna 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Türkmenistan gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdudyr. Häzirki döwürde topraga aýawly garamak däpleri täze many-mazmuna eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça oba hojalygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler aýdyň netijesini berýär.

Daýhanlara ägirt uly ýeňillikler berilýär, pudagy täze tehnikalar bilen üpjün etmek işi giň gerimde alnyp barylýar, iň täze tehnologiýalar we ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar, şolar ata-babalarymyzyň ýerden rejeli peýdalanmak baradaky köpasyrlyk tejribesi bilen bilelikde oba hojalygyny çalt depginler bilen ösdürmegiň ygtybarly binýadyna öwrülýär.

Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldanylmagy, türkmen obasyny ösdürmek üçin kuwwatly durmuş-ykdysady binýadyň üpjün edilmegi obasenagat toplumynda öndürilýän önümleriň möçberleriniň artdyrylmagynyň girewidir.

Şu ýyl ýurdumyzda 760 müň gektar meýdana bugdaý ekildi. Galla oragynyň gyzgalaňly möwsüminde dünýäniň meşhur önüm öndürijileri bolan «CLAAS», «John Deere», «Case», «New Holland» kompaniýalarynyň galla ýygnaýan kombaýnlarynyň 2 müňe golaýy işledildi. Bu döwrebap tehnikalar gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işläp, ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly ýitgisiz hem-de çalt ýygnap almaga ýardam etdi.

Dürli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan berlen ýük maşynlarynyň 10 müňden gowragy bugdaýyň kabul ediş bölümlerine, ammarlara we elewatorlara daşalmagyny üpjün etdi.

Galla oragy möwsüminde göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gije-gündiziň dowamynda gallaçylara hyzmat edip, olary zerur bolan ähli zatlar — ýangyç, çalgy ýaglar, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etdiler.

Meýdan düşelgelerinde galla oragyna gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we beýleki işgärler üçin oňaýly durmuş şertleri döredildi, medeniýet işgärleriniň çykyşlary, ykjam söwda nokatlarynyň işi guraldy.

Galla ýygnaýan toparlaryň ählisiniň sazlaşykly işi guwandyryjy netijeleri berdi.

Mälim bolşy ýaly, indi birnäçe ýyldan bäri, Türkmenistan ýetişdirilýän azyk bugdaýynyň artykmaç bölegini daşary ýurtlara ibermek mümkinçiligine eýedir. Munuň özi döwletimiziň okgunly ösüşi nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyz 2020 — 2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlanyldy.

Umuman, bularyň ählisi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şol sanda içerki bazary özümizde öndürilýän galla bilen doly üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Däp bolşy ýaly, çörek halkymyz tarapyndan ruhy gymmatlyk hökmünde kabul edilýär. Ekerançylaryň tutanýerli zähmetiniň netijesi hemişe türkmenistanlylaryň bereketli saçaklarynyň bezegi bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Munuň özi gün-günden barha kuwwatlanýan eziz Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygyň kepili, gadymy hem-de baky juwan türkmen topragynyň sahawatlylygynyň egsilmez çeşmesi bolup durýar.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm