Täzelikler

«SagLyk — 2019» atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylara

20.07.2019
1563566174
Hormatly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Saglyk...

Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň pudaklaýyn geňeşiniň mejlisi geçirildi

19.07.2019
1563564153
Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň XXIX m...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

GDA gatnaşyjy döwletleriň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylara

19.07.2019
1563481421
Hormatly mejlise gatnaşyjylar! Gadyrly dostlar, eziz myhmanlar! Hanymlar we jenaplar! Sizi Berkarar döwletim...

Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde: “Mollagara” şypahanasy

17.07.2019
1563385561
Şu günler Türkmenistanyň iň gadymy şypahanalarynyň biri — «Mollagara» şypahanasy öz täze taryhynyň nobatdaky senesini...

Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde «Berzeňňi» şypahanasy

15.07.2019
1563222881
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan şypahana-dynç alyş ulgamyna horm...
  • Image
  • Image
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş wagtyny kitap ýazmaga bagyşlady

15.07.2019
1563223124
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadynyň ilkinji gününde döredijilik bilen meşgullan...

Howanyň üýtgemegi şertlerinde hojalygy ýöretmegiň ugurlary: integrirlenen çemeleşme

14.07.2019
1563123612
Aşgabatda ýerden we suwdan peýdalanmak boýunça uýgunlaşma çäreleriniň milli ösüş strategiýasyna hem-de olary maliýele...

Türkmenistanyň daşary syýasaty — Durnukly ösüş maksatlary ýolunda parahatçylyk söýüjilik strategiýasy

12.07.2019
1562959185
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn döwlet syýasaty netijesinde, Türkmenistan hemişelik Bitaraply...



Pudagara toparyň mejlisi


Image

Şu gün Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Gün tertibine şu ýylyň birinji ýarymynda bu düzümiň alyp baran işleriniň netijeleri, «Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça 2019 — 2021-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň hereketleriniň milli meýilnamasynyň hem-de Çaganyň irki ösüşi boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasynyň» taslamalary, ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň Ženewada (Şweýsariýa Konfederasiýasy) guralan Halkara zähmet guramasynyň 108-nji mejlisine hem-de HZG-niň 100 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmagy, şeýle hem beýleki birnäçe meseleler girizildi.

Şu ýylyň başyndan bäri geçirilen işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde çykyş edenleriň belleýşi ýaly, raýatlaryň kanuny bähbitleriniň umumy ykrar edilen kadalara laýyklykda goralmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda adam hukuklary babatda 2016 — 2020-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy» munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Kanunçylyk binýadyna gözegçilik etmek hem-de ony dünýäniň hukuk ulanyş tejribesinde hereket edýän kadalar bilen sazlamak boýunça teklipleri taýýarlamak toparyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, geçirilen çäreleriň toplumy milli Liderimiziň maksatnamalaýyn çykyşlaryndan gelip çykýan ýurdumyzyň hukuk ulgamyny kämilleşdirmek hem-de adam hukuklary we azatlyklary babatda halkara borçnamalaryny amala aşyrmak boýunça möhüm wezipeleriň çözgüdine gönükdirildi.

Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň işjeň agzasy bolmak bilen, sebitde we dünýäde häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýar. Geçen ýyllarda toplanan baý tejribä daýanmak bilen, Birleşen Milletler Guramasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk täze mazmuna eýe boldy.

Aşgabatda işleýän BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň, Türkmenistanyň BMG-niň Nýu-Ýorkdaky, Wenadaky we Ženewadaky ştab-kwartiralarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň işi, dürli ugurlarda bilelikdäki maksatlaýyn taslamalaryň amala aşyrylmagy, ýurdumyzyň BMG-niň düzümleriniň onusyna agzalygy, halkara konwensiýalaryň we şertnamalaryň tassyklanmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Mysallaryň hatarynda, 2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň 2020 — 2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, 2020 — 2024-nji ýyllar üçin BMG-niň ilat we ösüş boýunça toparynyň hem-de 2020 — 2023-nji ýyllar üçin BMG-niň neşe serişdeleri boýunça toparynyň agzalygyna saýlanmagyny görkezmek bolar.

Jemleýji hasabatda bellenilişi ýaly, ykdysadyýetiň sazlaşykly ösdürilmegi, ähli derejelerde ýokary durmuş ölçegleriniň üpjün edilmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasy şygarda takyk kesgitlenen, üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistany ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işläp taýýarlan strategiýasynda öz ornuny tapýar. Bu ugurdaky üstünlikler ýurdumyzyň hakyky demokratik jemgyýete we hukuk döwletine tarap ilerlemeginde, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde aýdyň beýanyny tapdy.

Şunuň bilen baglylykda, ýygnananlar döwlet Baştutanymyzyň Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanda adam hukuklary babatda 2016 — 2020-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy», «Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça 2015 — 2020-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasyny», şeýle hem «Çaganyň hukuklaryny amala aşyrmak boýunça 2019 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasyny» amala aşyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Pikir alyşmalaryň çäklerinde bellenilişi ýaly, ady agzalan resminamalaryň esasy ugurlaryna laýyklykda, pudagara topar ilatyň hukuk bilimleriniň derejesini artdyrmak, degişli maglumatlara elýeterliligi giňeltmek meselelerine üns berdi.

Bu düzümiň esasy wezipeleriniň toparyna Milli hasabatlaryň (MH) taýýarlanylmagyny üpjün etmek hem-de olary BMG-niň komitetlerine hödürlemek wezipesi girýär. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, seredilýän döwürde konwensiýalaryň birnäçesini ýerine ýetirmek hem-de Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmak boýunça MH üçin teklipler taýýarlanyldy. Şunda adam hukuklary we ynsanperwer hukugy babatda Türkmenistanyň gazananlaryna aýratyn üns berildi. Olar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy taýdan esaslandyrylan, çuňňur oýlanyşykly we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän döredijilikli syýasaty bilen baglydyr.

Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça 2019 — 2021-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň hereketleriniň milli meýilnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda ýurdumyzyň Halkara migrasiýa guramasy (HMG) bilen hyzmatdaşlykda uly oňyn tejribesiniň bardygy bellenildi.

Bu abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde 2014-nji ýyldan bäri ýörite iş topary hereket edýär, «Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça 2016 — 2018-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň hereketleriniň milli meýilnamasy» üstünlikli amala aşyryldy.

Bu ugurda anyk ädimleri kesgitleýän täze resminamanyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, ýygnananlar onuň düzgünleriniň amala aşyrylmagynyň adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi, ilatyň durmuş-hukuk goraglylygynyň berkidilmegine ýardam etjekdigi barada bir pikire geldiler.

Çaganyň irki ösüşi boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin milli strategiýanyň taslamasy mejlisiň esasy meseleleriniň biri boldy. Ýaş nesliň abadançylygyny üpjün etmek, milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň esasynda ýaş türkmenistanlylary kemala getirmek onuň baş maksatlary bolup durýar, bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň esasyny düzýär.

Biziň döwletimiz Çagalaryň durmuşyny üpjün etmek, goramak we ösdürmek boýunça Bütindünýä jarnamasyna hem-de BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyna goşulmak bilen bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeň berkidýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Amala aşyrylan ähmiýetli taslamalar, şeýle hem ýurdumyzyň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Şeýle hem «Türkmenistanyň çaganyň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy boýunça 2011 — 2015-nji ýyllar üçin milli maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça adyl kazyýet ulgamyny ösdürmek hakynda baş maksatnamasynyň» üstünlikli ýerine ýetirilmegi», şeýle hem okuw-bilim toplumynyň ulgamyna «Çagalara mähirli garaýan mekdepler» atly halkara başlangyjyň ornaşdyrylmagy bu ugurda esas bolýan resminamalary iş ýüzünde amala aşyrmagyň aýdyň mysallary hökmünde getirildi.

Öňde habar berlişi ýaly, gün tertibine Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ženewada (Şweýsariýa Konfederasiýasy) geçirilen Halkara zähmet guramasynyň 108-nji mejlisine hem-de HZG-niň 100 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmagynyň netijeleri girizildi.

Wekilçilikli forumda edilen çykyşda zähmet gatnaşyklary babatda ýurdumyzyň gazananlary bellenildi. Hususan-da, Halkara zähmet guramasynyň nobatdaky maslahatyna gatnaşyjylara soňky ýyllarda bu ugurda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän işler barada habar berildi.

Milli kanunçylygyň häzirki zaman düzgünleriniň umumy kabul edilen halkara kadalara kybap gelmegi ýaly ýagdaýa aýratyn üns berildi. Şunda görülýän çäreleriň raýatlaryň zähmet çekmäge, hünär we iş ýerini saýlap almaga, islendik işi amala aşyrmaga, zähmetiň howpsuz şertlerine, zähmet gatnaşyklarynda taraplaryň arasynda sosial hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan konstitusion hukuklaryny amala aşyrmak üçin zerur bolan kepillikleri döretmäge gönükdirilendigi bellenildi.

Mejlisiň dowamynda häzirki wagtda amala aşyrylýan «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň 14-nji iýunynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasynyň» möhümdigi bellenildi.

Umuman, şol resminamalar bilen göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi raýatlaryň zähmet çekmegi, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak hem-de ýurdumyzyň öndüriji güýçlerini ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri we şertleri döretmäge ýardam etmelidir.

Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar Mejlis tarapyndan «Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de «Halkara zähmet guramasynyň «Halkara zähmet kadalarynyň ulanylmagyna ýardam etmek üçin üçtaraplaýyn geňeşmeler hakynda» 1976-njy ýyldaky 144-nji konwensiýasyna goşulmak hakynda» Kararyň kabul edilmegi ýurdumyzyň BMG-niň esasy düzümleriniň biri bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlydygynyň subutnamasy bolandygyny bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň toparyň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde adam hukuklaryny goramak babatda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen halkara bilermenleriň gatnaşmagynda okuw maslahatlarynyň, iş duşuşyklarynyň, geňeşmeleriň tapgyryny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.

Pudagara toparyň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredildi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm