Täzelikler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

15.11.2019
1573847704
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ý...

Türkmenistanda bilim we sport boýunça Halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär

14.11.2019
1573755877
Şu gün paýtagtymyzda “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergi we ylmy maslahat ...
  • Image
  • Image

Halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak — ykdysady ösüşiň ugry

13.11.2019
1573673491
Türkmenistanyň durnukly ösüşini we rowaçlygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet ...

«Media-Türkmen» Habarlar agentligi RF DIM-niň žurnaly bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar

12.11.2019
1573666197
«Media-Türkmen» Habarlar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň «Международная жизнь» («...

Maliýe ulgamyny kämilleşdirmek we sanlaşdyrmak — Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň alamatlary

11.11.2019
1573492097
Ýurdumyzyň ykdysady durmuşyndaky esasy wakalary şöhlelendirýän hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedo...

Türkmenistanda Hasyl toýy dabaraly bellenildi

10.11.2019
1573409927
Şu gün ýurdumyzda türkmen topragynyň rysgal-berekedini, oba hojalyk işgärleriniň zähmetsöýerligini, ekerançylarymyzyň...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

08.11.2019
1573246361
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň he...

Türkmenistan we Italiýa netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

06.11.2019
1573071149
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Italiýa Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Ha...



Howanyň üýtgemegi şertlerinde hojalygy ýöretmegiň ugurlary: integrirlenen çemeleşme


Image

Aşgabatda ýerden we suwdan peýdalanmak boýunça uýgunlaşma çäreleriniň milli ösüş strategiýasyna hem-de olary maliýeleşdirmegiň ugurlaryna integrirlenmeginiň meseleleri boýunça seminar geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň howandarlygynda gurak sebitleriň oba hojalyk bileleşikleriniň howa durnukly ykdysady işini goldamak boýunça taslamasynyň çäklerinde guraldy.

Oňa oba hojalygy we ekologiýa pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň, bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, goranmak ministrlikleriniň, Suw hojalygy döwlet komitetiniň, TYA-nyň, «Türkmengidrometiň», Aşgabat şähetiniň we Lebap hem-de Daşoguz welaýatlarynyň häkimlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar, bu sebitlerde uýgunlaşdyryş çäreleri geçirilýär.

Duşuşykda bu temadan çykyşlar boldy, döwlet işgärleri özara pikir alyşdylar, seminaryň tematikasy boýunça taslama tekliplerini taýýarlamaga gatnaşdylar. Seminara gatnaşanlar howanyň üýtgemegi bilen baglylykda mitigasiýa we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak çärelerini göz öňünde tutup, milli strategiýalary işläp taýýarlamakda halkara tejribesi bilen tanyşdylar. Türkmen hünärmenleriniň ünsi howa bilen bagly töwekgelçiliklere, amatly şertleri seljermäge, döwlet we hususy pudaklaryň özara hereketine çekildi.

BMG-nyň ÖM-nyň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetirji Natia Naswlişwiliniň belleýşi ýaly, taslamada tehniki we maslahatlar bilen ýardam bermek, oba hojalygynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagynyň ugurlary boýunça okuwlar göz öňünde tutulýar.

Seminary halkara bilermenleri Glen Anderson bilen Lorin Jangola geçirdiler, olar howa barada umumy maglumat, howanyň üýtgemegini çak etmegi modelleşdirmegiň usullary, şeýle hem Durnukly ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň jähtinden Merkezi Aziýa ýurtlary üçin uýgunlaşmagy meýilleşdirmäge çemeleşmeler bilen tanyşdyrdylar.

Taslamanyň ýolbaşçysy Amangül Öwezberdiýewa howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýanyň düzgünleri, şeýle hem häzirki wagtda işlenilip taýýarlanylýan Türkmenistanyň «Howanyň ýütgemegi hakynda» Kanuny barada gürrüň berdi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm