Täzelikler

Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen barlaghanasy BSGG-niň ählumumy ulgamyna girizildi

22.09.2019
1569175939
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň milli barlagh...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

20.09.2019
1569011380
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Türkmen alabaýy — halkymyzyň buýsanjy

18.09.2019
1568835070
Şu gün Ak bugdaý etrabynda «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Ýur...
  • Image
  • Image

Milli Liderimiziň täze kitaby halkymyzyň ruhubelentliginiň nyşanydyr

17.09.2019
1568748553
Şu gün paýtagtymyzdaky Oba hojalyk toplumynyň maslahatlar zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen BMG «2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen Kararnamany kabul etdi

16.09.2019
1568655744
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orun...

Hormatly Prezidentimiziň Hazar strategiýasynyň ähmiýeti BMG-niň resminamalarynda beýanyny tapýar

16.09.2019
1568660216
2019-njy ýylyň 11 - 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji H...

Paýtagtymyzda «Türkmen alabaýy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

14.09.2019
1568487827
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiziň nobatdaky eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçir...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

13.09.2019
1568410149
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda mil...
  • Image



Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine


Image


Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleri!
Gadyrly lukmanlar!

Sizi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun» diýşi ýaly, ynsan saglygyny goramak, saglygyň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy bellenilýär. Şoňa görä-de, biz berkarar döwletimizde ynsan saglygy ugrunda alyp barýan işlerimizi, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagy, saglygy goraýyş we derman senagatyny düýpli kämilleşdirmegi maksat edinýäris. Döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde bu ulgamda uzak geljege gönükdirilen tutumly işleri amala aşyrýarys.

Garaşsyz döwletimizde ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, derman senagaty kärhanalary yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär.

Soňky ýyllarda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda ösen maglumat we kommunikasiýa tilsimatlaryny ornaşdyrmak arkaly elektron resminamalar dolanyşygy döredildi. Ösen ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde telelukmançylyk, telemaslahatlar arkaly tejribe alyşmak we näsaglara degişli maslahatlary bermek hyzmatlary ýola goýuldy.

Garaşsyz Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny düýpli ösdürmekde we dünýä derejesine çykarmakda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Kabul edilenine 24 ýyl dolýan Maksatnamada saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek boýunça esasy ugurlar hem-de wezipeler kesgitlendi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar. Aýratyn-da, eneleriň we çagalaryň saglygy goralyp, birnäçe ýokanç keseller düýbünden ýok edilip, sagdyn durmuş ýörelgeleri durmuşa ornaşdyryldy. Ilatymyz ýerli ösümliklerden hem-de çig mallardan özümizde öndürilýän dermanlar, saglyk maksatly serişdeler bilen üpjün edildi.

Adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri netijesinde kadaly iýmitlenmek, ýokanç däl keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyrmak, sport bilen yzygiderli meşgullanmak ýaly ýörelgeler ösdürildi. Bu bolsa ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň artmagyna, keselçiligiň peselmegine, howply ýokanç dertleriň ýok edilmegine ýardam berdi. Raýatlarymyzyň öz saglygyny goramak boýunça sowatlylygyny hem artdyrdy.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň ösen döwletleri bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk hem alnyp barylýar. Bitarap döwletimizde halkara maslahatlary yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirilen «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly halkara maslahatyna ençeme ýurtlardan tejribeli hünärmenler we bilermenler gatnaşdylar. Bu maslahat saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmakda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň «Saglyk — 2020» syýasatynyň çäklerinde geçirilen Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Ýewropa ministrler maslahatynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň durmuşa geçirilişi we geljekki maksatlar bilen tanyşdyrmakda, halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemekde, şeýle hem özara tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Maslahatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan ýokanç däl keselleriň öňüni almakda we olaryň garşysyna göreşmekde ýurdumyzyň goşan goşandy üçin güwänamanyň gowşurylmagy bolsa, bu ugurda Garaşsyz Watanymyzda gazanylan üstünlikleriň ykrar edilendigini aýdyň görkezdi.

Berkarar döwletimiziň 2020- 2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2020- 2024-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň, şeýle hem 2020- 2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanmagy ýurdumyzda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmeginiň, iýmit howpsuzlygynyň berjaý edilmeginiň, ýaramaz endiklere garşy barlyşyksyz göreşiň ýola goýulmagynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Biziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatymyz netijesinde, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklar yzygiderli giňelýär. Saglygy goraýyş boýunça hyzmatdaşlyk Germaniýa, Awstriýa, Ýaponiýa, ABŞ, Koreýa Respublikasy, Russiýa, Belarus, Türkiýe we beýleki döwletler bilen ýola goýlup, barha ösdürilýär. Biz saglygy goraýyş ulgamyny, bu ugurdaky halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge hemişe üns bereris.

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleri!
Gadyrly lukmanlar!

Sizi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, raýatlarymyzyň saglygyny goramakda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm