Täzelikler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagyň öň hatarynda

22.08.2019
1566500389
Häzirki döwürde ýurdumyzyň dokma pudagy diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyn...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: ekologiýa hakynda alada - ýurduň we halkyň geljegi hakynda alada

21.08.2019
1566410545
2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýa...
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumyndaky özgertmeleri - azyk bolçulygynyň binýady

20.08.2019
1566330917
Obasenagat toplumynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barý...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

19.08.2019
1566242988
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ob...

Milli ýygyndy toparlarymyzyň hasabynda iki altyn medal

17.08.2019
1566152499
17-nji awgustda Daşkentde ýeňil atletika boýunça Özbegistanyň kubogyny almak ugrunda açyk halkara ýaryşy badalga aldy...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16.08.2019
1565979644
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar strategiýasy – dünýä metbugatynyň sahypalarynda

14.08.2019
1565810659
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Hazaryň türkmen kenaryndaky "Awaza" milli syý...

Birinji Hazar ykdysady forumynyň taryhy ähmiýeti

13.08.2019
1565726993
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň täzeçil syýasaty durmuşa geçirmegi netijesinde Türkmenistan ...



Birinji Hazar ykdysady forumynyň mowzugy — «Maliýe we ykdysadyýet» žurnalynda


Image

«Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky, şu ýylda çykan dördünji sany ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlandy. Şunuň bilen baglylykda, neşiriň täze sanynda yklymyň ykdysadyýetinde Hazar sebitiniň ornuny, onuň Ýewraziýadaky geosyýasy ýagdaýlara täsirini güýçlendirmegiň mümkinçiliklerini açyp görkezýän makalalar ýerleşdirildi. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar ykdysady forumyny yzygiderli geçirmek hakynda başlangyjy uly ähmiýete eýe bolup durýar. Bu başlangyja sebit boýunça goňşy ýurtlar tarapyndan ýokary baha berildi.

Žurnalyň täze sanyny daşary ykdysady gatnaşyklary we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde Hazar sebitiniň wajyplygy hem-de koordinatlaryň bu ulgamynda Türkmenistanyň eýeleýän görnükli orny barada redaksiýanyň giriş makalasy açýar. Onda ýurdumyzyň günbatar sebitine — Balkan welaýatyna, onuň ykdysady derejesine, serişdeler, senagat, üstaşyr-ulag, syýahatçylyk mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Temany «Hazar deňzi sebitara hyzmatdaşlygyň we ykdysady ösüşiň kepilidir» atly makala dowam edýär. Onuň awtory Hazar ykdysady forumy — 2019-yň gün tertibine girizilen meseleler hem-de şunuň bilen baglylykda, bir bitewi Ýewraziýa ykdysady giňişligini döretmegiň meýilleri barada pikir ýöredýär. Bellenilişi ýaly, foruma Hazarýaka döwletleriň hökümetleriniň, bilermenler we ylmy jemgyýetleriniň, işewürlik we halkara maliýe edaralarynyň agzalarynyň gatnaşmagy hemmetaraplaýyn esaslandyrylan çözgütleri kabul etmek hem-de söwda, logistika, maýa goýumlary we innowasiýalar ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin şertleri döredýär.

«Prezident maksatnamasy hereketde» atly rubrikada ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň ýagdaýyna hem-de ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategiýasynda kesgitlenen ugurlaryna seljerme syny ýerleşdirildi. Häzir Türkmenistan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň halkara zähmet bölünişiginde eýeleýän ornuny berkitmäge we eksport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berýän durmuş-ykdysady ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy.

Döwlet Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan başlap, ýurdumyzyň ykdysadyýeti, esasan, iki toplum: nebitgaz we dokma toplumlaryna esaslanan bolsa, häzir milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, himiýa senagatyny, nebithimiýa we gazhimiýa pudaklaryny, elektroenergetika, obasenagat toplumy, gurluşyk serişdeleri senagatyny we beýlekileri ösdürmegiň mäkäm binýady tutuldy. Ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň ekologiýa häsiýetini bellemek gerek. Ol daşky gurşawa zeper ýetirmeýän döwrebap tehnologiýalaryň esasynda «ýaşyl» önümçilikleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Bu meseleleriň hemmesi hünärmenleriň özboluşly teswirlemeleri hem-de analitikleriň çaklamalary bolup durýan žurnalyň nobatdaky makalalarynda öz beýanyny tapdy. Mysal üçin, okyjylara «Sanly ykdysadyýet: dünýä tejribesi we milli ýörelgeler» atly makala hödürlenilýär. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanlaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleri hem-de olary öňdebaryjy daşary ýurt tejribesiniň esasynda, emma ýurdumyzyň ylmy serişdelerini netijeli ulanmak bilen çözmegiň nusgalary getirilýär.

Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselesi žurnalyň beýleki makalalarynda hem, şol sanda bank ulgamyndaky, ylmy-barlag edaralarynyň işindäki innowasiýalar barada gürrüň berýän makalalarda öz beýanyny tapýar.

Maýa goýum syýasaty, suw hojalygynyň ykdysady görkezijilerini bir ulgama girizmek babatda hukuk meseleleri boýunça hünäre degişli geňeşmeler hem Birinji Hazar ykdysady forumynyň iş maksatnamasyny şöhlelendirýän žurnalyň täze sanynyň mazmunyny baýlaşdyrdy.

Döwlet edaralarynyň hünärmenlerine, ýolbaşçylaryna, maliýe-ykdysady, salgyt we ätiýaçlandyryş edaralarynyň hem-de banklaryň we hususy kompaniýalarynyň işgärlerine, syýasatşynaslara hem-de bilermenlere niýetlenen Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň türkmen, rus we iňlis dillerinde çykýan neşiri türkmen we daşary ýurt okyjylaryna milli ykdysadyýetiň maýa goýum mümkinçilikleri, ony ösdürmegiň geljegi barada gürrüň berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, innowasiýalar ýurdumyzda esasy öndürijilik güýjüne öwrülýär, halk hojalyk toplumynyň energiýa tygşytlaýjy we tebigaty goraýyş ölçegine yzygiderli geçirilmegi, özara bähbitli sebit we halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Diýarymyzyň okgunly ösmegini üpjün edýär. Bu bolsa «Maliýe we ykdysadyýet» žurnalynyň sahypalarynda öz beýanyny tapýar.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm