Täzelikler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagyň öň hatarynda

22.08.2019
1566500389
Häzirki döwürde ýurdumyzyň dokma pudagy diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyn...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: ekologiýa hakynda alada - ýurduň we halkyň geljegi hakynda alada

21.08.2019
1566410545
2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýa...
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumyndaky özgertmeleri - azyk bolçulygynyň binýady

20.08.2019
1566330917
Obasenagat toplumynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barý...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

19.08.2019
1566242988
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ob...

Milli ýygyndy toparlarymyzyň hasabynda iki altyn medal

17.08.2019
1566152499
17-nji awgustda Daşkentde ýeňil atletika boýunça Özbegistanyň kubogyny almak ugrunda açyk halkara ýaryşy badalga aldy...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16.08.2019
1565979644
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar strategiýasy – dünýä metbugatynyň sahypalarynda

14.08.2019
1565810659
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Hazaryň türkmen kenaryndaky "Awaza" milli syý...

Birinji Hazar ykdysady forumynyň taryhy ähmiýeti

13.08.2019
1565726993
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň täzeçil syýasaty durmuşa geçirmegi netijesinde Türkmenistan ...



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze binalaryň hem-de Awaza şypahana zolagyny ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy


Image

Şu gün ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ugrady, bu ýerde halkara derejeli häzirki zaman deňiz şypahanasy kemala geldi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.

Az wagtdan soňra hormatly Prezidentimiziň uçary Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hökümet agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

Howa menzilinden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugur aldy we ýolugra bu ajaýyp künjekde dynç almak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu ýerde dynç alýanlara hödürlenilýän hyzmatlaryň üsti dürli kysymly welosipedleri kärendesine bermek hyzmaty bilen ýetirildi. «Awazanyň» çäklerinde welosipedleri kärendesine bermek boýunça birnäçe beket döredildi, olaryň awtomatlaşdyrylan ulgamy we bu ýerde gurnalan ýörite enjam Gün batareýalaryndan alynýan energiýanyň hasabyna işleýär. Döwlet Baştutanymyz beketleri işletmegiň ulanylýan usulyny oňlap, beketleri ekologiýa talaplaryna doly kybap gelýän «Ekowelosiped bekedi» diýip atlandyrylsa maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Soňky ýyllarda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda ýurdumyzda welosiped sportunyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz ekologiýa taýdan arassa diýlip ykrar edilen sportuň bu görnüşiniň barha uly meşhurlyga eýe bolýandygyny belläp, hyzmatlaryň şeýle görnüşlerini yzygiderli ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu ýerde ilata edilýän hyzmatlar üçin häzirki zaman töleg ulgamynyň ornaşdyrylandygyny bellemek gerek, munuň özi olaryň hilini ýokarlandyrmaga hem-de peýdalanyjylar üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine ýardam berer.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beketleri işletmegiň hem-de olara berilýän mümkinçilikler baradaky meselä ünsi çekip, welosipedli ýoluny dowam etdi.

Mälim bolşy ýaly, sportuň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar, bu syýasatyň baş maksady halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin aňrybaş şertleri döretmek, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli kemala getirmek bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak türkmenistanlylaryň her biri üçin durmuş kadasyna öwrülýär.

Döwlet Baştutanymyz ýolugra gidip barşyna «Awazanyň» ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän işleri, onuň çäklerinde döredilýän gök zolaklary giňeltmek, seýilgähleri abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ulag hereketiniň talabalaýyk guralmagynyň, bellenilen düzgünleriň we kadalaryň berjaý edilişine gözegçiligiň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi. Munuň özi degişli çäreleriň geçirilmegini talap edýär. Şypahana zolagynda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak babatynda bu aýratyn ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy boýunça welosiped sürüp barşyna welosipedde gurnalan enjamyň kömegi bilen beketde agtygy Kerimiň döreden «Ýaşa, Türkmenistan! Bedew bady bilen diňe öňe!» diýen täze saz eserini diňledi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, dynç almak üçin amatly şertleriň döredilmeginde şeýle ajaýyp sazlara aýratyn orun degişlidir, köpýyllyk tejribeden görnüşi ýaly, saz adama oňyn täsir edýär, onuň ruhuny göterýär, sagaldyş çäreleriniň netijeliligini güýçlendirýär.

Şeýlelikde, Hazar sebitiniň gözellikleri bilen utgaşyp, ajaýyp heňler adamlara ylham berýär, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Munuň özi çeper döredijiligiň we saz sungatynyň adamzadyň durmuşynda uly ähmiýete eýediginiň aýdyň mysalydyr.

Kerim Berdimuhamedowyň täze saz eseri öňki döreden birnäçe şunuň ýaly saz eserleri bilen bilelikde diňleýjileriň kalbynda mähirli orun tutýar. Bu bolsa öz işiniň ussatlaryndan sapak alan Kerimiň döredijilik ylhamyny ynamly kämilleşdirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ir säher bilen zähmet rugsatlary döwründe Hazaryň kenarlarynyň asmanynda ýaň salýan ýakymly owaz ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň özboluşly jarçysyna öwrülýär. Giň gerimli halkara çäresini birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmäge taýýarlanýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp keşbi täsin owaz bilen sazlaşyp, ynsan kalbyny tolgundyrýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewanyň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri döwlet Baştutanymyzyň agtygy Kerimiň düzen sazyna aýdym döretmegiň üstünde işleýärler.

Milli Liderimiz deňiz şypahanasynda dynç almagyň dürli görnüşlerini ösdürmegiň ähmiýetini belläp, dynç alýanlara hödürlenilýän hyzmatlar toplumyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz «Ekowelosiped beketlerinde» hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de görnüşlerini giňeltmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz şeýle hem şypahana zolagynyň sport ulgamynyň ösdürilmegine, bu ýerde köpçülikleýin sport çärelerini geçirmek hem-de dynç alýanlary köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça işlere aýratyn üns berilmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli gezelenjiň dowamynda daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň, adamlaryň saglygyny berkitmek esasy wezipesi bolup durýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň oňyn ekologiýa ýagdaýyny gorap saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Umuman, bularyň ählisi deňizýaka sebitinde amatly ýagdaýyň emele gelmegine ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz «Watançy» myhmanhanasynyň çägine gelip, öz welosipedini bu ýerde gurnalan «Ekowelosiped bekedinde» goýdy.

Döwlet Baştutanymyz içeri işler ministri I.Mulikowa ýüzlenip, içeri işler düzüminde polisiýanyň ekowelosiped toparyny döretmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu topary her ýyl sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» biraýlygynyň dowamynda, şeýle hem mekdeplerde we çagalar edaralarynda guralýan şonuň ýaly çärelerde düşündiriş – wagyz işleri görnüşinde peýdalanmak maksadalaýyk bolar.

Soňra milli Liderimiz sebitleri ösdürmegiň çäklerinde, hususan-da «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy teklip edilýän durmuş maksatly desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şunda, esasan, kottej görnüşli taslamalar hödürlenilýär, olary kenarýakada bina etmek meýilleşdirilýär, bu ýerde binalaryň aýratynlyklary barada anyk düşünje almaga mümkinçilik berilýär, dürli çyzgylar we eskizler görkezilýär.

Gurulmagy göz öňünde tutulýan binalaryň hatarynda kottej görnüşli jaýlar, suw arassalaýjy desga, çagalar we ulular üçin suw howdanlary bolan ýörite myhmanhanalar, tomusky restoran bar. Bu taslamalary amala aşyrmak ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylar.

Bellenilişi ýaly, toplumyň umumy meýdany 10 gektara deň bolup, onda ýylyň islendik paslynda ýaşamak hem-de dynç almak üçin has amatly şertler dörediler.

Kottej toplumynda jemi 768 adama niýetlenen 192 otag ýerleşdiriler. Mundan başga-da, onuň çäginde türkmeniň «ak öýi» görnüşindäki desga gurlar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen tanşyp, olar işlenip düzülende ýerli tebigatyň aýratynlyklary hasaba alynmalydyr hem-de adamlaryň dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek bilen bir hatarda, ekologiýa meselesi hem ünsden düşürilmeli däldir diýip belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň ýaly desgalaryň gurluşygynda olary ulanmagyň aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulmalydygyna ünsi çekdi. Kottejlerde köp çagaly maşgalalar üçin ähli şertler hem-de mümkinçilikler göz öňünde tutulmalydyr. Mundan başga-da, binanyň her bir düzümi, şol sanda penjireleriň göwnejaý ýerleşdirilişi möhüm bolup durýar, bu bolsa dynç alýanlara hem-de jahankeşdelere bu täsin künjegiň gözelligini synlamaga mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, täze toplumy bina etmegiň ähli işleriniň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik sungatynyň hem-de binagärlik babatynda häzirki döwrüň öňdebaryjy tejribesiniň sazlaşykly utgaşmagynyň möhümdigine ünsi çekip, gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny nygtady we bu babatda birnäçe görkezmeler berdi.

Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basar. Şunda öňdebaryjy binagärlik we inžener-tehniki çözgütleriň, innowasiýa tehnologiýalarynyň işjeň peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bularyň ählisi Hazaryň kenaryndaky şypahana merkeziniň düzümleriniň kämilleşdirilmegine we giňeldilmegine, onuň halkara syýahatçylygynyň we hyzmatdaşlygyň merkezi hökmündäki ornunyň pugtalanmagyna ýardam eder.

Durmuş ugurly şunuň ýaly taslamalar durmuşa geçirilende, adamlaryň amatly şertlerde dynç almagy, saglygy, hyzmatlaryň ýokary derejesi esasy ölçegler bolup durýar. Şeýle hem täze toplumlaryň inžener-tehniki we kommunikasiýa ulgamynyň döredilmegi möhüm talap bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenilen taslamalar bilen tanyşlygyny tamamlap, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça satyn alnan täze gämini synlamak üçin ýoluny dowam etdi, bu gämi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gämiler toplumynyň üstüni ýetirdi. Ol syýahatçylar we dynç alýanlar üçin deňiz gezelençlerini guramaga niýetlenendir.

Täze gämini garşylamak dabarasy milli däp-dessurlara laýyklykda guraldy. Öňden gelýän adata laýyklykda, oňa un sepildi, alaja daňyldy, ýüzärligiň tüssesi berildi.

«Rowaç» diýlen ady alan gäminiň ýanynda saklanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň kapitanynyň hasabatyny kabul etdi.

Milli Liderimiz kapitany täze gäminiň gelip gowuşmagy bilen gutlap, şowly ýüzüş arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz gäminiň deňze çykmagyna ak pata berip, egindeşleri bilen gämä mündi we deňizde gezelenç etdi.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awazanyň düzümleriniň ösdürilmegine, dynç alýanlar üçin häzirki zaman hyzmatlarynyň doly toplumynyň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berýär. Bu giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynyň keşbi has-da gözelleşdi. Bu ýerde halkara ölçeglere laýyk gelýän kaşaň myhmanhanalar, sagaldyş toplumlary, oýun attraksionlary bolan seýilgäh zolaklary, köpugurly sport toplumlary emele geldi. Türkmen topragynyň bu täsin künjegi biziň guwanjymyzdyr, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we myhmansöýerlik ýaly gadymdan gelýän milli ýörelgeleriň aýdyň alamatlarydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi ösüş we abadançylyk ýoly bile ynamly öňe barýan Watanymyzyň täze taryhynda ýene bir möhüm sahypany açdy, ägirt uly üstünlikleriň we belent sepgitleriň beýanyna öwrüldi.

Deňiz tolkunlaryny batyrgaý böwsüp geçýän bu ajaýyp gämi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň özboluşly nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gämide ýüzüş wagtynda bu künjekde syýahatçylygyň ösdürilmegi, deňiz gatnawlarynyň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi.

Şunda deňiz kenarynda hem, deňiz giňişliginde hem dynç alşyň, şol sanda gezelençleriň guralmagyna jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmek gerekdir diýip, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, suw we ýer serişdelerini netijeli hem-de tygşytly peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin zerur çäreler görülmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz deňizde gezelenji tamamlap, Hazar deňziniň kenarynyň baý tebigy mümkinçilikleriniň doly herekete getirilmegi syýahatçylyk we şypahana düzümleriniň geljekde hem okgunly ösdürilmegine ýardam eder diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rowaç” gämisiniň kapitanyna işde üstünlikler arzuw edip, bu ýerden ugrady.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm