Täzelikler

Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen barlaghanasy BSGG-niň ählumumy ulgamyna girizildi

22.09.2019
1569175939
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň milli barlagh...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

20.09.2019
1569011380
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Türkmen alabaýy — halkymyzyň buýsanjy

18.09.2019
1568835070
Şu gün Ak bugdaý etrabynda «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Ýur...
  • Image
  • Image

Milli Liderimiziň täze kitaby halkymyzyň ruhubelentliginiň nyşanydyr

17.09.2019
1568748553
Şu gün paýtagtymyzdaky Oba hojalyk toplumynyň maslahatlar zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen BMG «2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen Kararnamany kabul etdi

16.09.2019
1568655744
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orun...

Hormatly Prezidentimiziň Hazar strategiýasynyň ähmiýeti BMG-niň resminamalarynda beýanyny tapýar

16.09.2019
1568660216
2019-njy ýylyň 11 - 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji H...

Paýtagtymyzda «Türkmen alabaýy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

14.09.2019
1568487827
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiziň nobatdaky eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçir...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

13.09.2019
1568410149
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda mil...
  • Image



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumyndaky özgertmeleri - azyk bolçulygynyň binýady


Image

Obasenagat toplumynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr, çünki bu toplum ýurdumyzyň azyk bolçulygy bilen üpjün edilmegi, ilatyň ýaşaýşynyň derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ulgamda oba hojalygynyň netijeli ösdürilmegine, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz 19-njy awgustda obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanyp geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmegiň barşynda daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmaga, eksport mümkinçiliklerini gowulandyrmaga itergi berýän ýokary hilli harytlaryň giň görnüşleriniň öndürilýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen köpugurly özgertmeleriň, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň we difersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň nobatdaky badalga aldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalygynyň dolandyrylyşyny we toplumlaýyn üýtgedilip gurulmagyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, oba ýerlerinde täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, topragyň gurplulygyny we oba hojalyk önümleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary we iň soňky ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak maksady bilen öňde goýan wezipelerini çözmek ugrunda anyk çäreler görülýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz agrosenagat önümçiligini mundan beýläk-de köpugurlaşdyrylmagyny, gaýtadan işleýän we hyzmat edýän düzümleriň, oba hojalyk önümleri öndürijileriň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny öňde duran möhüm işleriň hatarynda kesgitledi. Oba hojalyk işleri alnyp barlanda agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi, ekerançylyk ýerleriniň suw bilen üpjünçiligini sazlaşykly gowulandyrmak babatda obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklar berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow suwy rejeli paýdalanmak boýunça ilkinji nobatdaky wezipeleriň çözülmegi suwaryş ulgamlarynyň işleýşiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ulgama innowasion tehnologiýalarynyň, ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam berer diýip belledi hem-de bu meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistan döwlet Baştutanymyzyň suw meselesi boýunça wezipeleri çözmek babatdaky strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen halkara bileleşiginiň tagallalaryna saldamly goşandyny goşýar. Bu mesele dunýä ähmiýetine eýedir. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlanynyň hataryna çykarylan suw diplomatiýasy diň bir bu möhüm ulgamda uzakmöhletli hyzmatdaşlygy aňlatmak bilen çäklenmän, eýsem öňdebaryjy tejribeleri işläp taýýarlamagy hem alamatlandyrýar. Şolaryň netijeliligi tutuş adamzada hyzmat edip biler.

Türkmenistan suwdan rejeli peýdalanmagyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan baý tejribesine eýe bolmak bilen, ählumumy ýagdaýlary nazara alyp, ony iň häzirkizaman çemeleşmelerinň esasynda ösdürýär hem-de halkara ekologiýa başlangyçlary bilen çykyş edýär.

Şol başlangyçlaryň biri hem Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýuna sebit merkezini döretmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda çykyş edip, suw meselesi şu Merkeziň işiniň aýratyn ugurlarynyň biri bolup biljekdigini belledi.

Suwdan peýdalanmak babatdaky hereketleriň oýlanyşyklylygynyň hem-de oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň derejesiniň, azyk howpsuzlygynyň arasyndaky özara baglanyşygyň bardygy äşgärdir. Beýleki tarapdan, ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän ekologiýa çäreleri milli ykdysadyýetiň ösüşiniň täze şertine, tutuş halk hojalygynyň çäklerinde tebigatdan peýdalanmagyň düýbünden täze nusgasyna geçmek üçin ygtybarly esasa öwrülýär.

Suw hojalygy pudaklaryna ekologiýa nukdaýnazaryndan suw ulgamyna has döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar, şeýle hem suw seişdelerinin rejeli ulanylmagyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen degişli çäreler görülýär.

Suwuň strategiki ätiýaçlyk gorlaryny döretmek ýurdumyzda durmuşa geçirilýän deňi-taýy bolmadyk taslamanyň maksatlarynyň biridir. Munuň özi Garagum sährasynda “Altyn asyr” türkmen kölüniň gurluşygy bilen baglanyşyklydyr. Ol daşky gurşawa, şol sanda geologik köpdürlüligiň artdyrylmagyna oňyn täsir edýär. Onuň zeýkeşlerinde balyklaryň dürli görnüşleri mesgen tutupdyr hem-de kölüň kenarlarynda emele gelen tokaýlyklarda guşlaryň köp görnüşine duş gelmek bolýar. Kölüň suw ulgamy çölüň gazaply howasynyň ýumşamagyna hem oňyn täsirini ýetirer.

Türkmen kölüni gurmagyň möhüm wezipeleriniň biri Amyderýanyň hapalanmagynyň öňüni almak bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan, möçberi boýunça deňi-taýy bolmadyk bu taslama tutuş Orta Aziýa uçin hem ägirt uly ähmiýete eýedir. Onuň durmuşa geçirilmegi diňe bir ýurdumyzyň oba we suw hojalygyny ösdürmek üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri hem-de gözýetimleri açmak bilen çäklenmän, eýsem tutuş sebitiň ekologiýasyna oňyn täsirini ýetirer.

Ýurdumyzň we daşary ýurtlaryň hünärmenleriniň baha bermegine görä, “Altyn asyr” türkmen kölüniň taslamasynyň ýokary düşewüntliligi şübhesizdir. Galybersede, onuň ykdysady peýdasy wagtyň geçmegi bilen has-da artar, çünki bu gidrotehniki desganyň işlemegi oba hojalygynda kadaly suw ýagdaýyny döretmek üçin uly çykdajylaryň azaldylmagy, tebigy baýlyklaryň aýawly saklanmagy hem-de artdyrylmagy bilen bagly bolar.

Oba hojalyk ulgamynda amala aşyrylýan iri özgertmeleriň çäklerinde Türkmenistanda obasenagat toplumyny döwlet tarapyndan goldamagyň bitewi ulgamy emele geldi. Düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, oba hojalygyny we hyzmat edýän pudaklary , şol sanda oba ýerlerinde gaýtadan işleýän kärhanalary, mineral dökünleriň önümçiligi boýunça kärhanalary gurmaga tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmaga gönükdirilýän maýa goýumlaryny goýmak onuň esasy düzüm bölekleriniň biridir. Ýerleriň suwarylyşyna we meliorasiýasyna, ylmyň, seçgiçiligiň we tohumçylygyň ösdürilmegine düýpli serişdeler gönükdirilýär.

Geçen galla oragynyň üstünlikli jemleri bu tagallalaryň anyk netijesi boldy. Möwsümiň barşynda 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy. Munuň özi ýurdumyzy galla bilen üpjün etmäge doly esas berýär. Mundan başga-da, Türkmenistan eýýäm birnäçe ýyl bäri artyk ýetişdirilen azyklyk bugdaýy eksport etmäge mümkinçilik alýar.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçen birinji Hazar ykdysady forumynda iň bir ähmiýetli wakalaryň biri bolan Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisinde türkmen oba senagat innowasion tehnologiýasynyň kop maksatly mümkinçilikleri görkezildi. Sergä gelenler bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa syýasatynyň çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilýän möhüm taslamalaryň tejribeleri, ýurdumyzyň oba we suw hojalyk ulgamlarynyň gazananlary, ýokary hilli önümler we ekologiýany goramak ulgamynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar.

Häzirki wagtda türkmen topragynda öndürilen harytlaryň birža söwdalarynyň üsti bilen daşary ýurtlaryň 40-dan gowragyna, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Hytaýa, Russiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Birleşen Arap Emirliklerine, Singapura, Türkiýä, Bangladeşe we beýleki ýurtlara eksporta ugradylýandygyny bellemek gerek.

Bu harytlaryň içinde daşary ýurtly müşderileri ýokary hilliligi we bäsdeşlige ukyplylygy bilen özüne çekýän pagta süýümi, goýun, geçi we düýe ýüňi, buýan köki we beýleki oba hojalyk önümleri dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar.

Zähmetiň mehanizmleşdirilmeginiň we awtomatlaşdyrylmagynyň ýokarlylygy oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ösdürmegiň esasy girewidir. Bu ulgamdaky maksada okgunly işler obada işçi hünärleriniň abraýyny ýokarlandyrmaga, ýaşlary zähmete çekmäge, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi. Galla oragy, pagta ýygymy we ekiş döwürlerinde meýdanlara çykarylýan häzirki zaman tehnikalary- “John Deere W540” we “TUGANA 430” (“CLAAS) ýaly kombaýnlar, “John Deere 9970” kombaýny, sürüm we köp ugurly traktorlar, şeýle hem azallar, däne ekijiler ekerançylara düýpli tehniki goldaw boldular.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda “Umah Trade GmbH” (Germaniýa) we “John Deere Internatrional GmbH” (Şweýsariýa) kompaniýalary bilen Türkmenistana 2017-nji-2020-nji ýyllarda tapgyrlaýyn oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň uly toparyny satyn almak barada şertnamalaryň baglaşylandygyny bellemek gerek.

Mundan başga-da, pagta ýygyjy kombaýnlar we meýdanlarda gowaçanyň açylmadyk gozalaryny ýygnamaga we ondan süýüm almaga niýetlenen ýöriteleşdirilen maşynlar “Uzagrotehsanoatholding” paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşylan iri şertnamanyň çäklerinde Özbegistandan getirilýär.

Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda tarp ýerler özleşdirilýär. Bugdaý we pagta bilen birlikde, ýeralma, şugundyr, tüwi, mekgejöwen, nohut, künji, arpa, beýleki gök önümler, däne we bakja ekinlerine hem ýer bölekleri bölünip berilýär. Bularyň hemmesi oba hojalygynyň tehniki taýdan enjamlaşdyryş derejesiniň hemişe ýokary bolmagyny, häzirki zaman tehnikalaryna, aýry-aýry tehnologik ýagdaýlaryň mehanizmleşdirilmegine we awtomatlaşdyrylmagyna bolan islegi şertlendirýär.

2018-nji ýylyň noýabrynda oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça “Türkmenistanyň Hökümetiniň we “John Deere International GmbH” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekildi. Bu resminamada oba hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak ulgamynda amerikan işewürleri bilen özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary şol sanda pudaga sanly elektron dolandyryş ulgamyny, täze tehnologiýalary we innowasiýalary girizmek, bu işlere tehniki parkyň üstüni ýokary tehnologiýaly oba hojalyk enjamlarynyň täze nusgalary bilen ýetirmek, ekerançylygy mehanizmleşdirmegiň derejesini ýokarlandyrmagyň hasabyna zähmet öndürijiligini artdyrmak ýaly ugurlar hem girýär.

Şeýlelikde, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň birnäçe daýhan birleşikleriniň gowaça meýdanlarynda sanly telemetrik ulgamlar bilen enjamlaşdyrylan “John Deere 6195M” kysymly täze köpugurly traktorlar synagdan geçirilýär. Bu maşynlar meýdanlarda topragy işläp taýýarlamak, ekişe ideg etmekde bolşy ýaly, ýük ýüklemek, düşürmek we beýleki ulag işlerinde hem deň derejede üstünlikli ulanylýar.

Ine şu tapgyrdan ýagny, radiokanallar arkaly topragyň we ösümlikleriň ýagdaýy barada maglumat berýän görkezijiler we sensorlar kabul ediji enjamlar oturdylandan soň, oba hojalyk maşynlarynda “akylly” we anyk ekerançylyk işi başlanýar. Sanly tehnologiýany ornaşdyrmagy ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny artdyrmaga, tohum serişdelerini, döküni we ösümlikleri goramak serişdelerini, suwaryş suwyny we ýangyjy düýpli tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Söhbeti dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli belleýşi ýaly, kesellere we zyýan berijilere durnukly, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan oba hojalyk ekinleriniň ýokary hilli görnüşleriniň peýdalanylmagynyň, ýokary hasylyň binýady bolup durýandygyny bellemek gerek.

Türkmen ekerançy alymlarynyň, oba hojalyk boýunça ýokary okuw bilim ojaklarynyň ylmy- barlag merkezleriniň işgärleriniň goşandy bu işde kesgitlenilýär. Seçgiçilik we tohumçylyk işleri, dürli ekinleri ýetişdirmegiň agrotehnikasyny, şol sanda agromelliorasiýada innowasion tehnologiýalara baha bermek, geçirilýän çäreleriň netijeliligini seljermek olaryň wezipesine girýär.

Ýurdumyzyň ekin meýdanlaryna ornaşdyrylan, şol sanda bugdaýyň “Türkmenbaşy”, “Bitarap”, “Lebap-1”, “Ýolöten-1”, “Ýolöten-3”, “Miras”, “Garaşsyzlyk”, “Berkarar”, “Bagtyýarlyk”, “Döwletli” ýaly ýumşak, “Türkmenbaşy-1”, “Akbaş” ýaly gaty görnüşleri, şeýle hem “Bereket” tüwüsi, “Sona” arpasy, “Paýtagt” we “Laçyn” mekgejoweni, “Bereketli” mäşi ýurdumyzyň seçgiçileriniň döreden görnüşleridir.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Türkmenistanyň Başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýylyň maýynda Aşgabatda GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň agrar syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça gazanylan üstünlikler aýratyn bellenildi.

Ýerli tebigat howa şertlerine – ýokary gögerijilik, süýümiň berkligi, uzynlygy we arassalygy ýerli seçgiçileriň ýetişdirýän gowaça görnüşleriniň hiline berýän ünsleriniň esasy ugurlarydyr. Mälim bolşy ýaly, orta süýümli gowaça ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ösdürilip ýetişdirilýär. “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Daşoguz-144”, “Serdar”, “С-4727”, “Ýolöten-39”, “Jeýhun”, “С-2606” ýaly görnüşlere aýratyn artykmaçlyk berilýär. Gowaçanyň inçe süýümli görnüşi bolsa hususan-da, “Ýolöten-14” görnüşi Ahal we Mary welaýatlarynda ýetişdirilýär.

Şu ýyl gowaça 550 müň gektar ýer bölünip berildi. Umumy alanyňda “ak altynyň” 1 million 50 müň tonnasyny ýygnamak bellenilýär. Mundan başga-da, oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyndan ýer bölegini alan oba hojalyk önümlerini hususy öndürijiler 25 müň 567 gektar ýerde gowaça ýetişdirmäge ilkinji gezek girişdiler.

Oba hojalyk ýerleriniň peýdalanylyşyny işjeňleşdirmek boýunça işler dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, geljek ýylda bugdaý ekiljek meýdanyň möçberi 760 müňden 690 müň gektara çenli azaldylar. Bugdaý taýýarlamagyň möçberini 1 million 400 müň tonna çenli azaltmak meýilnamalaşdyrylýar. Güýzlik bugdaýdan boşan ýerler gowaça ekmäge beriler.

Şu ýyl bugdaýyň satyn alnyş nyrhy iki gezek ýokarlandyryldy. Munuň üstesine-de ekerançylara ýer üçin iň az töleg bellenildi. Olar salgytdan doly boşadyldy. Kärendeçiler we daýhan birleşikleri tehnika, tohum,mineral dökünler, suw we hyzmatyň beýleki görnüşleri bilen hem ýeňillikl şertlerde üpjün edilýärler. Şeýlelikde, gallaçylaryň çykdajylarynyň ýarsyndan gowragyny döwlet öz üstüne alýar.

Mundan başga-da, hil häsiýetlerini nazarda tutmak bilen, pagta we pilä ýokary täze bahalar girizildi. Şeýle hem oba ýaşaýjylary ýüpekçilik bilen gowaçany we bugdaýy ýetişdirmek bilen bir hatarda meşgullanýarlar. Ýüpek gurçugy isleg bildirýänlere tölegsiz paýlanylýar. Ýüpek gurçugynyň iýmiti bolan ýaprak üçin bolsa, hiç hili töleg ýok.

Sebitlerde tut ekilen ýerler her ýyl giňeldilýär. Nahallar ekerançylyk ýerleriniň gyralaryna oturdulýar. Munuň özi oba hojalyk ekinleri üçin oňat gorag bolup hyzmat edýär. Suwaryş akabalarynyň kenarlarynyň berkemegine ýardam berýär.

Şeýlelikde, bu iş bilen meşgullanmak ähli babatda peýdalydyr. Ýurdumyzyň ýüpekçileri şu möwsümde döwlete dokma senagaty üçin 2 müň 262 tonnadan gowrak gymmatly çig mal tabşyryp, pile taýýarlamak boýunça borçnamalaryna artygy bilen hötde geldiler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek we ýurduň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça işlenip taýýarlanan döwlet Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ähli welaýatlarda öňdebaryjy tejribelere esaslanýan, häzirki zaman tehnologiýasy ornaşdyrylýan maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, oba hojalyk çig mallaryny işläp taýýarlamak boýunça kärhanalary we ýyladyş toplumlaryny öz içine alýan obasenagat ulgamlary döredilýär.

Et, süýt we çörek önümlerini we beýleki azyklyk harytlar öndürýän kärhanalar yzygiderli işe girizilýär. Ýokarda agzalan pudaklarda iri maýa goýum taslamalaryny üstünlikli amala aşyrýan ykdysadyýetiň hususy böleginiň wekilleri bu giň gerimli işe işjeň gatnaşýarlar.

Şu ýylyň fewralynda Ahal welaýatynda gurluşygyna başlanylan agrosenagat toplumyny bu ugurda görkezmek bolar. Onuň düzümine ýylda 360 müň tonna ýokary hilli sygyr etini we goýun etini öndürmäge niýetlenen kärhana girýär. Munuň özi bu et önümlerini eksporta ibermäge hem mümkinçilik berer. Balygy ösdürip ýetişdirmek we gaýtadan işlemek boýunça ferma hem gurlar. Onuň taslama kuwwatlygy ýylda 240 tonna barabar bolar. Bu ýerde balygy ýetişdirmegiň doly aýlawyny üpjün edýän bölüm, işläp bejeriji bölüm döretmek göz öňünde tutulýar. Bu ýerden taýýar önümleri mundan beýläk işläp taýýarlamak üçin kakadyjy we beýleki bölümlere iberiler.

Toplumyň desgalarynyň hatarynda gaplanan önümleri, şol sanda mürepbäni, şiräni, süýji içgileri, doňdurylan miwe we bakja önümlerini, marinatlary öndürmek boýunça bölümi, şeýle hem Gökdepe etrabynda ýetişdirilýän üzümden işlenip taýýarlanyljak çakyr zawodyny görkezmek bolar.

170 gektar ýerde bolsa ýyladyşhanalaryň dördüsi gurlup, olarda limon, pamidor, hyýar, gök we bakja önümleri ýetişdiriler, şol hatarda tohum hem ýetişdiriler. Agrosenagat toplumynyň doly önümçilik kuwwatynda işlemegi üçin daýhanlar we telekeçiler bilen şertnamalar baglaşylyp, olara tohum we dökün beriler. Ýetişdirilen hasyl bolsa satyn alnar.

Tutuşlygyna alanyňda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işläp taýýarlan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek we ýurduň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça işlenip taýýarlanan döwlet Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görülýän netijeli çäreler Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlarynyň dogrudygyny aýdyň görkezýär. Ol maglumatlara laýyklykda, ýurdumyzda un, çörek we çörek önümlerini, et, süýt, ýumurtga, gök we bakja önümlerini öndürmegiň möçberi durnukly artýar.

Oba hojalyk önümlerini öndürmekde döwlete degişli däl ulgamyň paýy ortaça 90 göterimden gowrakdyr. Azyk harytlarynyň daşary ýurtlardan getirilmesi düýpli kemeldi, esasan gök-miwe önümleriniň hasabyna bolsa, olaryň eksporta iberilişiniň möçberi artdy.

Daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine we ylmy barlag institutlaryna, kärendeçilere, hususy telekeçilere we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijilere berilýän ýeňillikli bank karzlary agroişewürligiň işjeňleşmegine köp babatda ýardam berdi.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň banklary tarapyndan eksport önümlerini we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça önümçiligi giňeltmek üçin berilýän karzlaryň möçberi 2018-nji ýylda 2017-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 10,2 göterim, döwlete degişli däl ulgam boýunça bolsa 20 göterimden gowrak artdy. 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda bu görkeziji degişlilikde, 10 we 14,8 göterime barabar boldy.

Halk maslahatynyň çözgütlerine we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararlaryna laýyklykda, maldarçylyk hojalyklarynda olaryň garamagyndaky fermalaryň jaýlaryny iri şahly mallary, goýunlary, düýeleri, guşlary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmaga bermek, ýer bölekleriniň eýelerine bolsa bellenen tertiplerde ýer böleklerini bermek göz öňünde tutulýar.

Şu ýyl Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gurulýan maldarçylyk toplumlarynyň dördüsi bu täze gurluşyklaryň ýerine ýetirijilerine - Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna berildi. Ozal Balkan we Mary welaýatlarynda gurlan Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň guşçulyk toplumlary Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna göni satmak ýoly bilen hususylaşdyryldy.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmek meselesiniň çözgütleri durmuş ugurly meýilnamalaryň wezipeleri bilen ugurdaşdyr. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy" munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu maksatnama netijesinde diňe bir önümçilik ulgamy däl, eýsem durmuş düzümleriniň ösüşi hem täze depgin aldy.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň kartasynda peýda bolan; Daşoguz welaýatyndaky – Bagtyýar zaman, Lebap welaýatyndaky – Berkarar zaman, Mary welaýatyndaky – Döwletli zaman, şeýle hem Ahal welaýatyndaky Bereketli zaman täze obalary munuň aýdyň mysalydyr.

Maý aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda ýerleşýän “Altyn asyr” türkmen kölüniň çäginde täze döwrebap obanyň giň gerimli durmuş-önümçilik toplumynyň düýbiniň tutulmagy şu ýylyň aýratyn ähmiýetli wakasy hökmünde tapawutlanýar.

Ümmülmez Garagumyň merkezindäki ajaýyp suw desgasynyň kenarynda täze häzirki zaman obasynyň gurulmagy çöl ýerleriniň özleşdirilmegine depgin berer, maldarçylygy, ekerançylygy we balykçylygy ösdürmäge mümkinçilik berer. “2019-2025-nji ýyllarda “Altyn asyr” kölüniň sebitini özleşdirmek boýunça konsepsiýa hut şuňa gönükdirilendir”. Munuň tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegi diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem ekologiýa nukdaýnazaryndan hem örän ähmiýetlidir.

Tutuşlygyna alanyňda Garagum sährasynda iri emeli suw howdanynyň döredilmegi sebitlerimiziň ählisiniň suwarymly ýerleriniň mileoratiw ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga, topragyň şorlaşmagy, batgalaşmak we gurakçylyk bilen baglanyşykly köp meseleleri çözmäge mümkinçilik berdi.

Şeýlelikde, ýurdumyzda ätiýaçlyk suw gory döredilýär. Ony tebigy taýdan arassalanmagy we häzirki zaman tehnologiýasynyň ulanmak arkaly oba hojalyk toplumynyň, şol sanda täze ýerleri özleşdirmek, öri meýdanlary giňeltmek, baglary suwarmak, tehniki zerurlyklar üçin peýdalanmak bolar. Ylymlar akademiýasynyň alymlary tarapyndan bu ugurda degişli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde berk saklanylýan Türkmen köli taslamasynyň durmuşa geçirilmegi hakykat ýüzünde innowasion taslamadyr, ol ýer ýüzüniň suw serişdelerini gorap saklamak bilen baglanyşykly ählumumy meseleleriň çözgüdine ýurdumyzyň saldamly goşant goşýandygyny subut edýär. Türkmenistan suwarymly ekerançylygyň we gurak zolakda suwdan peýdalanmagyň ägirt uly tejribesine eýe bolmak, beýleki döwletleri suw serişdelerine şeýle tygşytly peýdalanmaga çagyrmak bilen bu ulgamdaky ylmy-barlag işleriniň öň hatarynda çykyş edýär.

Bu taslama giň halkara jemgyýetçiliginde ýokary baha mynasyp boldy. Onda tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa ýagdaýy gowulandyrmaga Türkmenistanyň goşýan saldamly goşandy hökmünde baha berilýär.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysdy taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, täze obalar Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda, şeýle hem Ahal welaýatynyň Gökdepe, Ak bugdaý we Kaka etraplarynda gurlar. Bular ýakyn geljek ýedi ýylda sebitlerimizde guruljak täze gurluşyklaryň diňe bir bölegidir.

Obasenagat toplumynyň kuwwatlylygyny mundan beýläk-de artdyrmak bilen bir hatarda olaryň işe girizilmegi, onuň innowasion ösüşiniň döwlet taýdan goldanylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň halkyň hal ýagdaýyny gowulandyrmagyň berk esasyny döretmek boýunça öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berer.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm


  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image