HALKARA ZÄHMET GURAMASY

1919-2019

Ilo
18.04.2009ý. № 29-IV (girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kodeks guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan kärhanalarda, edaralarda we guramalarda (mundan beýläk - kärhanalar), aýry-aýry fiziki şahslarda baglaşylan zähmet şertnamasynyň şertlerinde işleýän şahslaryň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

Giňişleýin >>

18.06.2016ý. № 411-V. (girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmegine, işsizlikden goralmagyna gönükdirilendir hem-de iş bilen üpjünçilik çygrynda döwlet kepilliklerini belleýär.

Giňişleýin >>

19.10.2012ý. № 340-IV (girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kodeks Türkmenistanyň ilatyny durmuş taýdan goramagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady, esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy esasynda pensiýa üpjünçiliginiň, raýatlaryň aýratyn toparlarynyň döwlet kömek pullary bilen üpjünçiliginiň döwlet kepilliklerini belleýär, şeýle hem weteranlaryň we maýyplygy bolan adamlaryň durmuş taýdan goralmagynyň çärelerini kesgitleýär.

Giňişleýin >>

31.03.2012ý. №287-IV (girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun Türkmenistanda döwlet pensiýa ätiýaçlandyryş ulgamyny döretmegiň we onuň hereket etmeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

Giňişleýin >>



2020-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy


Image

Şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek ХХХII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň öňde boljak ýaryşlara gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça Guramaçylyk toparynyň giňişleýin düzümdäki mejlisi geçirildi.

Mejlise Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mugallymlary hem-de talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Onuň gün tertibine halkara sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek, ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň 2020-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy, okuw-türgenleşik işlerini guramak we beýlekiler bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyzyň 3-nji martda türkmen türgenleriniň bu Olimpiada taýýarlyk görmegi boýunça döredilen şertler bilen tanşan mahalynda belleýşi ýaly, türgenlerimiziň dünýä derejeli ýaryşlara mynasyp gatnaşmaklary üçin paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky köpugurly sport toplumynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen türgenleşik geçmekde zerur şertleri üpjün etmek boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylmagy gerekdir.

Ähli okuw-türgenleşik işleri türgenlerimiziň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine, olarda jogapkärli raýatlyk garaýşyň kemala gelmegine, öz ukyplaryny jemgyýetiň we döwletiň bähbidine gönükdirmäge taýýar bolmaklaryna gönükdirilmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bu işde taryhyň sahypalaryna, ata-babalarymyzyň tejribesine, milli gahrymanlarymyzyň göreldesine eýermek zerurdyr, munuň özi türgenleşik işlerine aň-düşünje terbiýesini goşmaga, eziz Watanymyza söýgini artdyrmaga, taryhy hakydany dikeltmäge mümkinçilik berer.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzda sportuň ähli ugurlary, şol sanda olimpiýa görnüşleri boýunça türgenleşikleri guramak, halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmek we umuman, ýokary netijeli sporty ösdürmek ugrunda ähli zerur şertler üpjün edildi. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman sport enjamlary bilen üpjün edilen we ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelýän sport toplumlary, köpugurly stadionlar we sportuň dürli görnüşleri boýunça ýöriteleşdirilen sport mekdepleri hereket edýär.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny Tokioda geçiriljek Olimpiada ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlamak meselelerine degip geçmek bilen türgenleri ylmy esasda taýýarlamak maksady bilen, Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sport toplumynda ähli zerur şertleriň döredilendigini habar berdiler. Milli sport we syýahatçylyk institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri boýunça fakultetiniň binasynyň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar, ol ýaş türgenleriň zerur bolan bilimi özleşdirmegi we türgenleşikleri geçirmek üçin amatly şertleri üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 2020-nji ýylyň Olimpiadasyna taýýarlyk görmek üçin dzýudo, boks, erkin göreş we agyr atletika boýunça Gruziýadan, Ukrainadan we Russiýadan tejribeli tälimçiler çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde ýurdumyzyň ýygyndy toparlaryny sportuň olimpiýa görnüşleri boýunça taýýarlamak üçin okuw-türgenleşik taýýarlygyny geçirmäge rugsat berildi. Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde türgenlerimiz türgenleşikleriň geçirilýän ýeriniň golaýynda ýaşaýyş jaýy, zerur bolan ýokary hilli we howpsuz iýmit, derman serişdeleri we lukmançylyk hyzmaty bilen üpjün ediler.

Çykyş edenler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladasy netijesinde türgenlerimiz üçin öňde boljak Olimpiýa oýunlaryna, şeýle hem ýokary derejeli sebit we halkara möçberindäki ýaryşlara taýýarlyk görmäge ähli şertleriň döredilendigini aýtdylar. Bu ýaryşlarda gazanyljak ýeňişler ýurdumyzyň sport döwleti hökmünde abraýyny belende göterer.

Mejlise gatnaşyjylar halkara sport hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler baradaky meselä degip geçmek bilen, häzirki wagtda ýurdumyzda örän möhüm dünýä çempionatlarynyň birnäçesini geçirmäge taýýarlyk görýändigini, türkmen türgenleriniň bolsa gymmatly tejribe toplap, daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlarda medallara mynasyp bolýandyklaryny bellediler.

Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet (ÝUNESKO) meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edaralary Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi we beýleki abraýly guramalar bilen yzygiderli gatnaşyk saklanylýar.

Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, Aşgabat şäher häkimliginiň ýurdumyzyň Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini ýokary derejede taýýarlamaga gönükdirilen okuw-türgenleşik sapaklaryny geçirmek, 2020-nji ýylyň 1-nji martyndan uzakmöhletleýin sportuň görnüşleri boýunça ýygyndy toparlaryň okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmäge niýetlenen ýöriteleşdirilen sport bazalaryny döretmek üçin Olimpiýa şäherçesindäki başa-başa söweş sungaty sport toplumyny, onuň kiçi türgenleşik zalyny, sportuň oýun görnüşleriniň toplumynyň uly zallaryny, ýeňil atletika toplumyny we Olimpiýa suw toplumyny tölegsiz ulanmaga bermegi meýilleşdirildi.

2020-nji ýylyň Olimpiadasyna türkmen türgenleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegi üçin Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Ýaponiýanyň Tendo şäheriniň meriýasynyň arasynda ylalaşyga gol çekildi, oňa laýyklykda bu şäherde Türkmenistanyň milli ýygynly topary üçin türgenleşik merkezi dörediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan wezipelere laýyklykda şeýle hem ýurdumyzyň hünärmenleriniň we tälimçileriniň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara maslahatlara we okuw maslahatlaryna gatnaşmaklary göz öňünde tutuldy.

Çykyşlarda türkmen türgenleriniň Olimpiýa oýunlaryna we beýleki halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görmegi bilen baglanyşykly çykdajylary maliýeleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň gaznasy döredildi, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň gatnaşmagynda ýörite bilelikdäki Iş toparyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda häzirki wagtda Aşgabat şäher häkimligi Sport we ýaşlary syýasaty ministrligi bilen bilelikde türgenlerimiziň türgenleşik geçmegi üçin zerur şertleri döretdiler. Häzirki wagtda türgenler sportuň boks, dzýudo, agyr we ýeňil atletika, erkin we grek-rim göreşleri, suwda ýüzmek ýaly görnüşleri boýunça Olimpiada — 2020-ä işjeň taýýarlyk görýärler. Paýtagtymyzyň häkimligi tarapyndan şeýle hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde muzdsuz esasda ýöriteleşdirilen sport bölümlerini döretmek mümkinçiligi berler.

Döwlet Baştutanymyzyň 4-nji martda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda belleýşi ýaly, 2020-nji ýylyň Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda ýygyndy toparymyzyň agzalarynyň ýörite lybaslarynyň bezeginde milli aýratynlygymyz, medeni öwüşginler hem-de däp-dessurlarymyz öz beýanyny tapmalydyr. Şeýle hem lybaslaryň bezelişinde we nyşanlarynda aýdyň öwüşginleri peýdalanmak gerekdir, olar halkymyzyň baý ruhy we maddy mirasyna mahsus, häzirkizaman meýilleri bilen sazlaşygy emele getirmelidir.

Dokma senagaty ministrligi, ýurdumyzyň degişli kärhanalary hem-de Aşgabadyň Modalar öýi tarapyndan türgenler, tälimçiler we beýleki kömekçi işgärler üçin sport lybaslarynyň dürli nusgalary taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda her bir türgen üçin lybaslaryň iki görnüşi göz öňünde tutulýar, olaryň biri Olimpiadanyň açylyş we ýapylyş dabaralaryna gatnaşmak, beýlekisi bolsa ýaryşlarda çykyş etmek üçin niýetlenendir.

Häzirki wagtda Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan türgenleşikleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan ýokary hilli sport iýmiti bilen üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar. Munuň üçin bu meselede ylmy esasda işlenip taýýarlanylan häzirki zaman usulyýetleri nazara almak bilen dünýä tejribesine seljerme geçirilýär.

Kisloroda baý bolan daglyk ýerlerde, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Hazar deňziniň kenarynda milli ýygyndy toparymyzyň türgenleşiklerini geçirmek üçin şertler döredildi.

Utuklary toparlamak hem-de Olimpiada — 2020-ä gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin türkmen türgenleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilen halkara ýaryşlarynyň otuzysynyň sanawy düzüldi. Şeýle hem türgenlerimiziň daşary ýurtlarda ýigrimiden gowrak okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçmegine garaşylýar.

Türgenler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa özlerine berilýän goldaw, ýurdumyzda sportuň olimpiýa görnüşleriniň ösdürilmegine berilýän üns üçin çuňňur hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň sport döwleti hökmünde abraýyny belende galdyrmak üçin ähli ukyplaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Türkmenistanda sport ulgamynyň ösdürilmegine iri maýa goýumlarynyň gönükdirilýändigi nygtaldy, muňa soňky ýyllarda gurlup ulanmaga berlen hem-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän köp sanly sport we atçylyk sport toplumlary, stadionlar we beýleki degişli desgalar şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň, ozaly bilen bolsa ýaş nesliň saglygynyň berkidilmegini ilkinji derejeli döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde yglan etmek bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe we ýokary netijeli sport hereketiniň ösdürilmegine guramaçylykly hem-de maksada okgunly uzakmöhletleýin umumymilli maksatnama derejesini berdi. Milli Liderimiziň içgin ünsi hem-de yzygiderli goldawy netijesinde türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynda ajaýyp netijeleri gazanýarlar, munuň özi olaryň iň abraýly sport bäsleşiklerine, şol sanda Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny görkezýär.

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)