Täzelikler

Aziýa – Ýuwaş ummany sebiti – Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategiki ugry

17.10.2019
1571336936
Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Ber...

Aşgabat Jarnamasyny durmuşa geçirmek — GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň möhüm wezipesi

16.10.2019
1571251239
Ýakynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň netijeleri hem-de ka...

Ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagy - Türkmenistanyň ösüş strategiýasy

15.10.2019
1571170179
Şu gün paýtagtymyzda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi we ylmy maslaha...
  • Image
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary - dünýä metbugatynyň sahypalarynda

14.10.2019
1571076420
GDA-a gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň üstünlikli geçen mejlisiniň netijelerini Garaşsyz Döwletleriň A...

Milli Liderimiziň başlyklygynda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

11.10.2019
1570827315
Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Garaşsyz Döwletleriň Arka...
  • Image
  • Image

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi

10.10.2019
1570739567
Şu gün türkmen paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejli...
  • Image
  • Image

Türkmenistanda dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylarynyň her ýylky duşuşygy geçirilýär

09.10.2019
1570650702
Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda“Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisi we maslahaty açyldy. Hazar...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

08.10.2019
1570567324
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daş...
  • Image



Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi


Image

Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 83-nji mejlisi boldy.

Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda guralan foruma GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň, Arkalaşyga—gatnaşyjy ýurtlaryň hökümetleriniň wekilleri, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistan ilkinji nobatda bitaraplyk derejesine laýyklykda, GDA assosirlenen agza bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny mälim edýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge gönükdirilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary ýurt strategiýasyna doly laýyk gelýär.

Ykdysady geňeşiň bu gezekki mejlisi 20 ýylyň dowamynda GDA-nyň çäklerinde kabul edilen ylalaşyklaryň, döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň we erkin söwda zolagyny döretmek hem-de onuň hereket etmegini ýola goýmak, beýleki durmuş-ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri hakynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini şertlendirýär. Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki däp bolan netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde we pugtalandyrylmagynda eýeleýän ornuny nobatdaky gezek tassyklady.

Forumyň dowamynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň esasy ugurlary, şeýle hem Arkalaşyga agza ýurtlaryň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasynyň taslamasy onuň esasy meseleleriniň birine öwrüldi. Taslama milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanyldy.

Giňişleýin düzümde geçirilen mejlisiň öňüsyrasynda wekiliýetleriň baştutanlarynyň çäkli düzümdäki duşuşygy boldy. Onuň çäklerinde mejlisiň gün tertibine girizilen resminamalar toplumy, şeýle hem birnäçe guramaçylyk meseleleri ylalaşyldy.

Bu gezekki duşuşygyň GDA-nyň ýerine ýetiriji düzüminiň birinji mejlisinden laýyk ýigrimi ýyldan soň geçirilýändigi we onuň ýubileý mejlisi bolup durýandygy bellenildi. Geçen ýyllaryň içinde ägirt uly mazmuna we netijeli häsiýete eýe bolan işler ýerine ýetirildi. Ykdysadyýet, söwda, maýa goýum, täzeçil tehnologiýalar boýunça meseleleriň 1,5 müňden gowragyna seredilmegi munuň subutnamasydyr. Olar GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşinde we GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşinde kabul edilen ýüzlerçe resminamalarda öz beýanyny tapdy.

GDA-nyň giňişliginde durmuşa geçirilýän çäreleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň täze hile eýe bolýandygy we onuň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary berkitmäge, biziň döwletlerimiziň arasynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna gönükdirilýändigine möhüm ähmiýet berildi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasaty Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna 2019-nyj ýylda başlyklyk etmeginiň çäklerinde GDA-nyň giňişliginde işjeň gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmäge we giňeltmäge gönükdirilendigi bellenildi. Başlyklyk etmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, şu döwrüň dowamynda GDA-nyň ugry boýunça birnäçe wajyp duşuşyklar we maslahatlar geçirildi hem-de ýene-de iri çäreleri guramak meýilleşdirildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy özara gatnaşyklaryň netijeli guraly bolup durýar. Onuň çäklerinde maksatnamalaýyn resminamalaryň we kadalaşdyryjy-hukuk häsiýetindäki çözgütleriň kabul edilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy. Bu bolsa öz gezeginde Arkalaşygyň çäklerinde ykdysady goşulyşmak ýagdaýynyň netijeliliginiň ýokarlanmagyna, milli ykdysadyýetleriň durnuklylygyna oňyn täsirini ýetirýär.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew öz çykyşynda ähli mejlise gatnaşyjylaryň adyndan we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň adyndan Aşgabatda Ykdysady geňeşiň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi boýunça döredilen mümkinçilik we bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Milli Liderimiziň halkara derejesinde geçirilýän çärelere, olaryň ýokary derejede geçirilmegine uly üns berýändigini nygtap, myhman GDA agza—ýurtlaryň Baştutanlarynyň oktýabrda geçiriljek duşuşygynyň däp bolşy ýaly, ýokary derejede geçiriljekdigine ynam bildirdi.

Bu gezekki mejlisiň gün tertibiniň 14 bölüminde jemlenen resminamalaryň 25-siniň ähmiýeti barada aýdyp, Sergeý Lebedew olaryň bilermenleriň seljermesinden geçendigini we Ykdysady meseleler boýunça topar tarapyndan tassyklanandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Seredilýän ugurlar boýunça teklipler we bellikler düýn geçirilen ylalaşyk maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy we esasan anyklaşdyryldy.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň ara alnyp maslahatlaşmagyna hödürlenen esasy resminamalaryň biri hem döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamanyň taslamasy bolup durýandygyny, ony hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde öňe sürendigini belläp, çykyş edenler bu resminamanyň Arkalaşygyň ykdysady bähbitlerini amala aşyrmaga GDA gatnaşyjy döwletleriň her biriniň ylalaşykly çemeleşmelerini özünde jemleýändigini nygtadylar.

Şol bir wagtyň özünde ol GDA-nyň çäklerinde bolşy ýaly, dünýäniň beýleki döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryň ösüşini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygyň guralynyň döredilmegine ýardam berer. Jarnamanyň ähmiýeti onuň kabul edilmegi ykdysady ulgamda köp ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň esasyny düzmekden ybaratdyr. Ol GDA-nyň geljekki ösüşiniň Konsepsiýasynda we GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Ykdysady ösüşiniň strategiýasynda öz beýanyny tapdy.

Hödürlenen resminamanyň taslamasyny esasan oňlap, mejlise gatnaşyjylar ony Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň öňde boljak mejlisiniň garamagyna hödürlemegi teklip etdiler.

Jemgyýetiň sanly ösüşi boýunça hyzmatdaşlygyň Konsepsiýasynyň we ony amala aşyrmagyň wajyp çäreleriniň Meýilnamasynyň taslamalary gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki döwürde bu ugur ykdysadyýetiň uzakmöhletleýin ösüşini, ýokary önümçilige ýetilmegini, düzümleriň maglumat tehnologiýalaryň we telekommunikasiýalaryň paýynyň ýokarlanmagyny, netijeli döwlet dolandyryşynyň ýokarlanmagyny, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze iş orunlaryň döredilmegini şertlendirýän netijeli ulgamyň ornaşdyrylmagy üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygyny hormatly Prezidentimiz şu ýylyň maý aýynda bolan GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde belledi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil ösüş we ýokary tehnologiýalar boýunça bilelikdäki gatnaşyklaryň aýratyn wajypdygyna ünsi çekdi.

Görkezilen Konsepsiýa Arkalaşygyň döwletleriniň raýatlarynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, onda meýilleşdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir we ol GDA giňişliginde bolşy ýaly, bu birleşigiň her bir agzasy üçin wajyp bolan ykdysady ulgamda gatnaşyklaryň möhüm wezipelerini özünde jemleýär.

Pikir alyşmalaryň dowamynda duşuşyga gatnaşyjylar häzirki döwürde durnukly ösüşiň, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulmagyň möhüm şerti hökmünde özara hyzmatdaşlygyň durnuklaşdyryjy ornunyň, şeýle hem söwdada, maýa goýum hyzmatdaşlygynda bar bolan päsgelçilikleri tapgyrlaýyn esasda aradan aýyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň bähbidiniň ýokarlanandygyny nygtadylar.

GDA-nyň çäklerinde möhüm pudakda özara gatnaşyklary utgaşdyrmagyň barşynda bazar ykdysadyýetiniň ugurlary kemala gelýär we Arkalaşygyň ýurtlarynyň hojalyk düzümleriniň arasynda täze ykdysady, guramaçylyk we önümçilik gatnaşyklary ýola goýulýar. Şunlukda, olar döwlet garaşsyzlygyna hormat goýmak ugurlaryna daýanýan aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, milli bähbitleriň saklanmagyny we ähli gatnaşýan taraplar üçin özara peýdanyň emele gelmegini esasy ugur edinýärler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy barada aýdyp, bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugruny işjeňleşdirmek boýunça öňe süren teklipleriniň ähmiýetini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady geňeşe Arkalaşykda ýola goýulýan hyzmatdaşlyga gönükdirilen teklipleri taýýarlmak boýunça jogapkärli wezipe ýüklendi. Munuň özi anyk netijelere gönükdirilen bolmalydyr.

Türkmenistanyň strategik ähmiýeti bolan meselelere bolan çemeleşmelerine ýokary baha berip, bu ýere ýygnananlar başlangyçlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin bar bolan mümkinçilikleri doly güýjünde peýdalanmagyň möhümdigini nygtadylar. Hususan-da, bilermenler tarapyndan işlenip taýýarlanylan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA-nyň täze ykdysady ösüş strategiýasy ähmiýetlidir. Bellenilişi ýaly, bu resminamada bilelikdäki taslamalaryň we degişli çäreleriň göz öňünde tutulmagy maksada laýyk bolar.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda 2019-2024-nji ýyllarda radionawigasiýanyň ösüşiniň esasy ugurlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu meýilnama ulag howpsuzlygynyň ýokary derejesini saklamagyň möhüm şertleriniň biri hökmünde nawigasiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrar.

GDA gatnaşyjy döwletleriň serhetýaka çäklerinde 2018-nji ýylyň 2-nji noýabrynda kabul edilen tokaý zolaklarynyň keselleriniň we zyýan berijileriniň öňüni almak hem-de olary ýok etmek boýunça özara gatnaşyklar hakyndaky Ylalaşygy amala aşyrmagyň Meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň ähmiýeti barada aýdyp, mejlise gatnaşyjylar bu meseläniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynda möhüm orun eýeleýän halkara ekologiýa diplomatiýasyny durmuşa geçirmekde has-da möhümdigini nygtadylar. Resminamada tassyklanan çäreler öňi bilen keselleriň we zyýan berijileriň täsiri zerarly ykdysady ýitgileri azaltmaga, şeýle hem tokaýlaryň goraglylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Şeýle hem erkin söwda zolagy hakyndaky Şertnamanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine gözegçiligiň netijeleri mejlise gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlendi. Şunlukda, daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň ýokarlanandygy, birnäçe harytlara gümrük salgytlarynyň möçberleriniň peselendigi, özara söwdada bar bolan köpsanly päsgelçilikleriň aradan aýrylandygy nygtaldy.

Gün tertibine girizilen meseleleriň birnäçesi GDA-nyň çäklerinde amala aşyrylýan köp sanly taslamalaryň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşykly boldy.

Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar 2020-njy ýyla çenli döwür üçin GDA gatnaşyjy döwletleriň sebitara we serhetýaka hyzmatdaşlygynyň Konsepsiýasynyň we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň, 2011-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda erkin söwda zolagy hakynda taýýarlanan Şertnamanyň düzgünleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 2019-njy ýylyň 21-nji iýunyndaky Ykdysady geňeşiniň çözgütleriniň jemleri, şeýle hem 2015-2018-nji ýyllarda GDA-nyň elektroenergetika Geňeşiniň işiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.

Forumyň ahyrynda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 83-nji mejlisine gatnaşan wekiliýetleriň agzalary netijeli işlemäge döredilen şertler, türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, halkara hyzmatdaşlygy we özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmegiň bähbidine öňe sürülýän asylly başlangyçlar üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Şeýle hem şu gün geçirilen metbugat maslahatynda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 83-nji mejlisiniň jemlerine gysgaça syn berildi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm