Täzelikler

Aziýa – Ýuwaş ummany sebiti – Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategiki ugry

17.10.2019
1571336936
Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Ber...

Aşgabat Jarnamasyny durmuşa geçirmek — GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň möhüm wezipesi

16.10.2019
1571251239
Ýakynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň netijeleri hem-de ka...

Ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagy - Türkmenistanyň ösüş strategiýasy

15.10.2019
1571170179
Şu gün paýtagtymyzda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi we ylmy maslaha...
  • Image
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary - dünýä metbugatynyň sahypalarynda

14.10.2019
1571076420
GDA-a gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň üstünlikli geçen mejlisiniň netijelerini Garaşsyz Döwletleriň A...

Milli Liderimiziň başlyklygynda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

11.10.2019
1570827315
Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Garaşsyz Döwletleriň Arka...
  • Image
  • Image

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi

10.10.2019
1570739567
Şu gün türkmen paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejli...
  • Image
  • Image

Türkmenistanda dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylarynyň her ýylky duşuşygy geçirilýär

09.10.2019
1570650702
Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda“Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisi we maslahaty açyldy. Hazar...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

08.10.2019
1570567324
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daş...
  • Image



Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi


Image

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Ol gözegçilik edýän ulgamynyň edaralarynda alnyp barylýan işler hem-de maliýe-bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça iş ýüzünde görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň hususy ulgamyň ornuny pugtalandyrmak, telekeçileri höweslendirmek we goldamak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge ýardam bermek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, kärende gatnaşyklaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmak maksady bilen amala aşyrylýan işler barada hem aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer «Kärende hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň düzgünlerine laýyklykda işlenip taýýarlanylan «Döwlet emlägini kärendesine bermegiň tertibiniň» taslamasyny taýýarlamak meseleleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan meýilnamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz sanly ykdysadyýete çalt geçmek, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak üçin netijeli çäreleriň görülmegini wise-premýeriň gözegçilik edýän düzümleriniň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem elektron bank hyzmatlarynyň sanawyny giňeltmek, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdirilmegini wajyp ugurlaryň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz wise-premýere eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalar we guramalar tarapyndan maliýe düzgün-nyzamynyň berjaý edilmegine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, sebitleriň we tutuş ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň, täze iş orunlaryny döretmegiň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagyň amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy maksady bolup durýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz amala aşyrylýan döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin halk hojalyk toplumynyň pudaklaryna goýulýan maýa goýumlarynyň rejeli ulanylmagyny üpjün etmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz býujet resminamalaryny düzmegiň usullaryny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynda durmuşa geçirilýän birnäçe taslamalar, şeýle hem geçen sekiz aýda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň alyp barýan işleriniň netijeleri hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ykrar edilen energetika döwleti bolmak bilen, häzirki döwürde energetika strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini nygtady. Şol strategiýanyň esasy ugurlary tebigy gazyň gazylyp alnyşynyň we eksport edilişiniň mukdaryny artdyrmakdan, energiýa serişdelerine islegleriň ýokarlanýan durnukly ýagdaýlary hasaba alynýan iri dünýä bazarlaryna iberilişiniň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr.

Şunuň bilen bir hatarda, uglewodorod çig malyny düýpli gaýtadan işlemäge ýöriteleşen döwrebap önümçilikleri döretmegiň hasabyna nebithimiýa önümleriniň çykarylyşynyň artdyrylmagyna uly üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişiniň meselelerine ünsi çekip, türkmen ýalpaklygynyň hem-de Hazaryň kenarýaka zolagynyň geljegi uly känlerini gözläp tapmak, olary senagat taýdan özleşdirmek we enjamlaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy. Bellenilişi ýaly, bu sebit ägirt uly energetika kuwwatyna eýedir, munuň özi dünýäniň işewür toparlary bilen netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Hormatly Prezidentimiz nebitgaz känleriniň netijeli işlenilip taýýarlanylmagyny üpjün edýän öňdebaryjy tejribä hem-de innowasion tehnologiýalara eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen maýa goýum syýasatyny has-da kämilleşdirmäge degişli birnäçe tabşyryklary berdi. Şunda energetika pudagynda amala aşyrylýan taslamalaryň ekologiýa howpsuzlygynyň hemme talaplaryna kybap gelmelidigi nygtaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňünde ýurdumyzyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek Maksatnamasyny ýerine ýetirmek, şeýle hem Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze edara binasyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda ýaşaýan ilatyň howpsuz ýaşaýyş-durmuş, ykdysady we ekologiýa şertlerini üpjün etmek, binalaryň hem-de desgalaryň seýsmiki howplulyk derejesini kesgitlemek we hasaba almak, şeýle hem ýüze çykyp biläýjek ýer titremeleriň täsirini peseltmek maksady bilen, Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde degişli işler geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklan «Türkmenistanyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek» hakyndaky maksatnama laýyklykda, häzirki wagtda Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag instituty hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty tarapyndan bilelikde seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar, şol sanda binalaryň we desgalaryň seýsmiki täsirlere durnuklylygynyň barlag işleri geçirilýär.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk-ylmy-barlag institutynyň täze edara binasynyň ýerleşiş çyzgysyny we şekil taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiliklerini dolandyrmak meselesine jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent-belent binalar gurulýar, täze şäher etraplary we iri ilatly ýerler açylýar, müňlerçe kilometre uzalyp gidýän awtobanlar we polat ýollary gurulýar, halkara ähmiýetli ulag düzümi kemala gelýär. Esasy wezipe dünýä ölçeglerine laýyklykda hem-de adamlar üçin ekologiýa we seýsmiki howpsuzlygyň talaplaryny berjaý etmek bilen, ýokary hilli gurmakdan ybaratdyr.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçilikleri azaltmagyň maksatnamasyny amala aşyrmak barada tabşyryklary bermek bilen, ýer titremeleriň öňüni almak we täsirini peseltmek babatda ilatyň habarlylygyny gowulandyrmagyň hem-de degişli düzümleriň kuwwatyny berkitmegiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk-ylmy-barlag institutynyň täze edara binasynyň taslamasy bilen tanşyp, wise-premýere ony gutarnykly işlemegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew «Türkmensenagat» agentliginiň edara-kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem deňizçilik okuw merkezini açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, senagat pudagyny bazar ykdysadyýetine geçirmegiň şertlerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentliginiň düzümine seljeriş işleri geçirildi. Hususan-da, bu agentligiň binýadynda birnäçe düzümleriň paýly gatnaşmagynda açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetlerini döretmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň binýadynda döwrebap hem-de ugurdaş käriň hünärmenlerini taýýarlamak üçin ýörite tälim beriş enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Deňizçilik okuw merkezini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna ünsi çekip, ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüş ýagdaýyny saklamaga we berkitmäge, bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm wezipeleri kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz hut senagat toplumynyň halk hojalyk toplumynyň beýleki pudaklary üçin öňdebaryjy bolmalydygyny, çünki bu pudagyň olary mundan beýläk-de ösdürmegiň binýady bolup durýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň baý tebigy-çig mal serişdelerini gaýtadan işlemäge, şol sanda ýerli çig maldan öz häsiýetnamalary boýunça daşary ýurtlaryň degişli önümlerinden kem bolmadyk taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini giňeltmäge ýöriteleşen häzirki zaman kärhanalaryny döretmegiň, innowasion we sanly tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesiniň soňky gazananlaryny işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz senagat pudagynyň hereket edýän gaýtadan işleýän we önümçilik kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy baradaky meselä ünsi çekip, şu maksatlar üçin ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň mümkinçiliklerini işjeň çekmegiň möhümdigini belledi. Bu bolsa olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Türkmensenagat» agentliginiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini aýdyp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň möhüm ýagdaýy hökmünde giň gerimli ulag düzümini döretmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Bu ulgamda ýurdumyzda başy başlanan giň gerimli taslamalar, şol sanda deňiz flotynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi.

Türkmenbaşy şäherinde düzüminde ýük, ýolagçy, konteýner we beýleki terminallar bolan Halkara deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

Döwlet Baştutanymyz Hazaryň kenarynda gurlan iň häzirki zaman port toplumynyň ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşmagy üçin täze mümkinçilikleri açandygyny hem-de halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň we logistika merkeziniň derejesine eýe bolmagyna gönükdirilendigini nygtady hem-de onuň halkara hyzmatlar bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek boýunça işleri maksadalaýyk dowam etmegi tabşyrdy.

Ýurdumyz Hazarda hil taýdan täze gatnaşyklaryň kemala getirilmegi ugrunda başlangyçlar bilen çykyş edip, bu ugurda işjeň orny eýelemek bilen, gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine hemişe ygrarlydygyny görkezip, bu strategiki sebitde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, köp asyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar bilen bagly bolan Hazarýaka döwletleriň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňini dowam edip, Hazar deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, deňizde ylmy barlaglary geçirmegiň, deňiz ugurly hünäriň hünärmenleriniň taýýarlanylmagy we deňizçilik okuw merkeziniň döredilmegi boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň zerurdygyny nygtap, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow bazar gatnaşyklarynyň esasynda ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mümkinçiliklerini bu pudaga netijeli çekmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda welaýatlarda we Aşgabat şäherinde syýahatçylyk kärhanalarynyň bellenen tertipde hususylaşdyrylandygy hem-de olaryň işini ulgamlaýyn dolandyrmak üçin birleşmäniň garamagynda syýahatçylyk kärhanasynyň döredilendigi barada habar berildi.

Täze düzümiň esasy wezipeleri ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamakdan, bu ulgamda dürli çäreleri geçirmekden, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, dünýä tejribesini öwrenmekden hem-de daşary ýurtlaryň iň gowy tejribelerini ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Hyzmatlaryň tutuş ulgamyny öz içine alýan pudagy sanly ulgama geçirmek bu ugurda esasy çäreleriň biri bolar. Munuň özi syýahatçylyk işewürliginiň has çeýe bolmagyny, häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelmegini hem-de «sanlar dünýäsinde» bäsdeşlige ukyply bolmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Döwrebap maglumat ulgamy Türkmenistan boýunça syýahatlaryň has elýeterli bolmagyna ýardam eder hem-de syýahatçylyk hyzmatlarynyň hilini we içerki ugurlaryň köpüsiniň özüneçekijiligini ýokarlandyrar. Şeýlelikde, pudagyň sanly ulgama geçirilmegi onuň syýahatçylyk serişdelerini netijeli ulanmaga hem-de işewürlik çärelerini ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berer, ýurdumyzyň syýahatçylyk önümlerini daşarky bazarlarda wagyz etmäge ýardam berer. Döredilen syýahatçylyk kärhanasy daşary ýurtlaryň ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyklary baglaşmagy hem-de daşary ýurtlaryň birnäçesinde wekilhanalary açmak boýunça çäreleri meýilleşdirýär.

Wise-premýer şeýle hem söwda ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işiniň ugurlary hem-de milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň döwlet tarapyndan goldanylmagy boýunça çäreleriň görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, syýahatçylyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, bu pudakda kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek, daşary ýurtly syýahatçylaryň has köpsanlysyny çekmek üçin zerur şertleri döretmek hem-de syýahatçylygy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň has girdejili pudaklarynyň birine öwürmek meselelerine wise-premýeriň ünsüni çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz syýahatçylyk ulgamynda esasy utgaşdyryjy edara hökmünde täze kärhananyň işini guramakda döwrebap çemeleşmeleri we tehnologiýalary ilerletmegiň döwrüň talabydygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz bu ugry ösdürmek, Türkmenistanyň baý syýahatçylyk kuwwatyndan has doly peýdalanmak babatda iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň telekeçiliginiň giň mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.

Işewürligiň giňden çekilmegi syýahatçylyk hyzmatlarynyň görnüşleriniň artmagyna ýardam eder, dolandyryş ulgamynyň ösdürilmegi we onuň sanly ulgama geçirilmegi bolsa pudagyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine kuwwatly itergi berip, halkara jemgyýetçiliginiň ýurdumyzyň syýahatçylyk desgalarynyň we ugurlarynyň ählisi barada giň elýeterliligini üpjün eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz şeýle hem söwda toplumynda täze guramaçylyk gurallaryny ulanmak, ýurdumyzyň önümlerini daşary ýurt bazarlaryna çykarmagyň «sanly» ugurlaryny döretmek babatda tabşyryklary berip, biziň eksport mümkinçiliklerimizden has netijeli peýdalanmak hem-de ýurdumyzyň maýa goýum babatda özüneçekijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, telekeçiligi we hususy başlangyçlary höweslendirmek üçin şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow döwrebap tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmagyň hasabyna lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek bilen baglylykda, saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň birnäçesini, hususan-da, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara saglygy goraýyş-anyklaýyş, Halkara iç keselleri hem-de Halkara «Ene mähri» merkezlerini döwrebaplaşdyrmak barada hasabat berdi.

Şu maksat bilen, öndürijilerden ýa-da olaryň resmi wekillerinden zerur bolan lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak boýunça bäsleşigi hem-de bu merkezleriň tehniki ulgamlarynda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin bellenen tertibe laýyklykda, bäsleşik geçirildi.

Döwlet Baştutanymyza şeýle hem şu aýda Aşgabatda geçirilen saglygy goraýyş boýunça VIII türkmen-german forumy barada hasabat berildi. Bu forum iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin netijeli çärä öwrüldi.

Ýurtlaryň ikisinde hem geçirilýän türkmen we nemes kärdeşleriniň yzygiderli duşuşyklary hyzmatdaşlygyň, bilelikdäki barlag hem-de okuw taslamalarynyň wajyp meselelerini hem-de ugurlaryny kesgitleýär, iň täze tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmaga, ylmy işgärleri hem-de ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam edýär.

Şu ýyl sanly lukmançylygy ösdürmek hem-de Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda ýokary tehnologiýalary ulanmak forumyň esasy meseleleriniň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan saglygy goraýşyň sanly ulgamyny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin strategiýasynda bu ulgamdaky wezipeler hem-de olary çözmek boýunça toplumlaýyn çäreler kesgitlenildi. Şol strategiýada saglygy goraýyş edaralarynyň ählisini optiki-süýümli aragatnaşyk hem-de zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmek, olary kompýuterleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Bularyň ählisi ýaşaýan ýerine garamazdan, ilat üçin döwrebap halkara ölçegleriniň derejesinde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmakda deň mümkinçilikleri döretmäge hem-de jemgyýetiň sanly aragatnaşyk şertlerine uýgunlaşmagyna ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, lukmançylyk ylmynyň iň soňky gazananlaryna hem-de lukmançylyk tehnikasy ulgamynda öňdebaryjy işläp taýýarlamalara laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz wise-premýere agzalan edaralary döwrebaplaşdyrmak boýunça şertnamalaryň ähli talaplarynyň berjaý edilişine berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyryp, bu çäreleriň esasy maksadynyň lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakdan, olaryň ilata elýeterliligini üpjün etmek üçin şertleri döretmekden ybaratdygyny belledi. Ilatymyzyň saglygyny goramak bolsa, döwletimiziň ileri tutulýan we jogapkärli wezipesi bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilmeginiň biziň daşary we içeri syýasatymyzda möhüm orun eýeleýän köpugurly işiň möhüm bölegidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş boýunça däbe öwrülen türkmen-german forumynyň iki ýurduň ylmy we işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny, olaryň anyk netijeleri gazanmaga çalyşýandyklaryny ýene-de bir gezek tassyklandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň saglygy goraýşyny sanly ulgama geçirmegiň bilelikdäki tagallalary birleşdirmegiň wajyp ugurlarynyň biridigini nygtap, wise-premýere türkmen lukmançylygyny täze derejä çykarmak maksady bilen, bu örän wajyp ugurda özara gatnaşyklary pugtalandyrmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamynda şu günler alnyp barylýan işler hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede guramak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda döredijilik duşuşyklary, maslahatlar, sergiler, konsertler geçirilýär. Dabaraly baýramçylyk ýörişine hem-de şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen beýleki dabaraly çärelere taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dabaraly çäreleriň ählisiniň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şol çäreleriň her biri ähmiýetli, many-mazmunly bolmalydyr hem-de toý toýlamagyň milli däplerine laýyk gelmelidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şol däpler täze öwüşgine eýe boldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde obasenagat toplumynda özgertmeleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek barada kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygy bellenildi. Daýhan birleşikleriniň ekerançylyk ýerlerini netijeli peýdalanmak we oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, hususy önüm öndürijiler tarapyndan döwlet tabşyrygyna girýän bugdaý, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin häzirki wagtda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça degişli teklipler işlenip taýýarlanylýar.

Şu günler welaýatlarda bugdaý ekişi dowam edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ekişi agrotehniki ylmyň talaplaryna laýyklykda we bellenilen möhletlerde geçirmek, şol sanda oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de enjamlarynyň ygtybarly işlemegini, önüm öndürijileri ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmek üçin degişli çäreler görüldi. Ekiş bilen birlikde, gögeriş alnan ýerlerde ösüş suwy tutulýar.

Daşoguz welaýatynyň ekerançylary hem pagta ýygymyna guramaçylykly girişdiler. Pagta ýygymynyň depginini has-da güýçlendirmek, ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilmegini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda amala aşyrylýan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny giňeltmäge hem-de sebitleriň toplumlaýyn ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bazar gatnaşyklaryna mundan beýläk-de işjeň geçmek, hojalygy ýöretmegiň täze usullaryny ornaşdyrmak, telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, dokma senagatyny gymmatly çig mal bilen üpjün etmek üçin uly ähmiýete eýe bolan pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly hemme meseleleri berk gözegçilikde saklamak barada görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ekerançylary üçin güýzlük dänelik ekinleriniň ekişiniň hem örän jogapkärli synagdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda hem birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat bermek bilen, Türkmenistanyň halkara maglumat işini ösdürmek, dünýäniň esasy habar beriş serişdeleri bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dürli ýurtlaryň daşary syýasat edaralary hem-de ugurdaş ýöriteleşdirilen düzümleri bilen maksada gönükdirilen işler geçirilýär. Netijede, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça anyk teklipler taýýarlanyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek boýunça degerli çäreler görülýär. Goňşy ýurtlaryň we sebitiň beýleki döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen habarlary alyşmak, gatnaşyklary ýola goýmak boýunça işler dowam edýär. Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň sanyny artdyrmak boýunça çäreler görülýär.

Şonuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň işleýän çäklerini giňeltmek boýunça anyk çäreler görülýär. Milli habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmekde döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň işjeň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, «Halkara maglumat merkezini» döretmek maksada laýyk hasaplanylýar, onda degişli ugurda öňdebaryjy gazanylanlary peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatyny dowam edip, howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasy barada hasabat berdi we ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Yzygiderli esasda guralýan bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda ekologiýa ulgamy hem bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça Konferensiýasynyň mejlislerinde, Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň «Tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak» atly III Bütindünýä maslahatynda, Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda we beýleki iri forumlarda öňe süren netijeli başlangyçlary bu möhüm ugurda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine we ösdürilmegine uly goşant bolup durýar.

Olaryň hatarynda dünýä boýunça howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere aýratyn seredilýär. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýany kabul eden BMG-niň agza döwletleriniň hatarynda ilkinjileriň biri bolup durýar. Bu möhüm resminama 2012-nji ýylyň 15-nji iýunynda «Rio+20» ählumumy maslahatynyň öňüsyrasynda kabul edildi hem-de ýedi ýylyň içinde netijeli amala aşyryldy.

Soňky ýyllarda BMG ählumumy ösüş boýunça möhüm resminamalaryň birnäçesini kabul etdi, olaryň hatarynda 2030-njy ýyla çenli Strategiýa hem-de Howanyň üýtgemegi barada Pariž Ylalaşygy bar. Olardan gelip çykýan borçnamalary nazara almak bilen, häzirki wagtda howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasy işlenip taýýarlanyldy, onda bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça degişli çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Bu resminamany işläp taýýarlamagyň halkara ähmiýeti bar, şol sanda şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde Howa sammitiniň geçirilmegi bilen baglylykda, möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy halkara maglumatlar giňişligine has-da ilerletmek, daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleri bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek we giňeltmek boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Bu ugurda görülýän çäreler täze multimediýa tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna, özara peýdaly tejribäni alyşmaga, şeýle hem dünýä bileleşigini Bitarap Watanymyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşmagyna, ýurdumyzda bolup geçýän şanly wakalaryň giňden beýan edilmegine ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň milli strategiýasynyň rejelenen görnüşiniň taýýarlanan taslamasy barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti bolup durýan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen bu resminamanyň ähmiýetini giň jemgyýetçilige düşündirmek boýunça anyk çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.

Ekologiýa ýaly aýratyn möhüm ugurda halkara gepleşiklerine işjeň gatnaşmak bilen, biziň ýurdumyz BMG-niň, beýleki abraýly guramalaryň we düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigaty oýlanyşykly peýdalanmak, ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly meselelerde işjeň orny eýelemek bilen, Türkmenistan olaryň oňaýly çözgütlerini işläp taýýarlamaga hem-de öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler hem-de düzümleýin taslamalar ekologiýa düzümi, «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen ysnyşykly baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, Howanyň üýtgemegi barada milli strategiýa adamzadyň geljegi bilen bagly bolup durýan wezipeleri çözmek boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň birleşdirilmegine anyk goşandy bolup durýar.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna halkara giňişliginde türkmen tarapynyň ekologiýa başlangyçlaryny ilerletmek hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.

Milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny goldamak, bu ugurlarda ozal kabul edilen kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek maksady bilen, hususy işewürligiň okgunly ösmegine, ykdysadyýetiň innowasion ýol bilen ösüşini üpjün etmäge, önümçilige ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny çalt ornaşdyrmaga ýardam edýän kanunlaryň taslamalary işlenip taýýarlanyldy.

Deputatlar düzümi döwlet syýasy ugruny, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň maksatnamalaryny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen kanunçylyk namalaryny taýýarlamak boýunça işleri dowam edýär.

Ministrler Kabineti, ministrlikler we degişli pudaklaýyn edaralary bilen bilelikde, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibiniň meseleleri boýunça resminamalaryň taslamalary taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunçylyk taýdan goldamagyň döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüş wezipelerini çözmekde netijeli gural bolup durýandygyny nygtap, deputatlar düzümini öz işini mundan beýläk-de türkmenistanlylaryň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga hem-de jemgyýetde demokratik ýörelgeleri berkarar etmäge gönükdirmäge çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz halkara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmegiň we pugtalandyrmagyň möhümdigini aýtdy. Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça öňde durýan wajyp meselelere ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer R.Meredowa ýüzlenip, geljek ýyl Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolanyna 25 ýyl dolýandygyny belledi. Şoňa görä-de, bu şanly senä bagyşlap halkara maslahatyny geçirmek, biziň ilçilerimiziň daşary ýurtlarda, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara guramalarynda çykyşlaryny guramak zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, B.Abdyýewa beýleki wise-premýer bilen bilelikde,bu şanly baýrama bagyşlanan dürli çäreleri, «tegelek stollary», maslahatlary, şol sanda dabaraly ýygnagy, aýdym-sazly çykyşlary guramagyň, şeýle hem mynasyp bolan adamlary döwlet sylaglary bilen sylaglamagy geçirmegiň tertibini taýýarlamagy tabşyrdy.

Ýurdumyzyň ähli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri biziň alyp barýan Bitaraplyk daşary syýasatymyzyň esasy düzgünleriniň parahatçylyk, gülläp ösüş, dünýä döwletleriniň arasynda söwdany we dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bolup durýandygyny işjeň wagyz etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe wise-premýer R.Meredow bilen bilelikde ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan ýubileý medalynyň taslamasyny taýýarlamak tabşyryldy.

Örän ýakyn wagtdan başga bir şanly sene hem ýetip gelýär. Nesip bolsa, biz 2021-nji ýylda beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny giňden belläp geçeris. Şoňa görä-de, bu şanly senä hem häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamaly diýip, hormatly Prezidentimiz hökümet agzalarynyň ählisine ýüzlenip aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa bilen bilelikde mynasyp adamlary sylaglamak üçin Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan ýubileý medalynyň hem taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy we bu şanly baýramçylygy geçirmegiň anyk çäreleriniň bolsa şanly waka golaýlaşanda doly kesgitleniljekdigini nygtady.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny hemişe ýerine ýetirip gelýär. Ine, şu gün hem, men şu däbimize eýerip, dürli taryhy ýagdaýlara görä raýatlygy bolmadyk 863 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky Permana gol çekjek diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şeýlelikde, biz ýurdumyzyň Konstitusiýasyna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlar hakyndaky we adam hukuklary hakyndaky dürli Konwensiýalaryna laýyklykda bu adamlara kömek hem-de goldaw berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýewe Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlaryň ählisine bir aýyň dowamynda pasportlaryň berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Welaýatlaryň häkimlerine bolsa, raýatlyga kabul edilen adamlara pasportlaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagyny guramak we zerur bolanda bu adamlara işe ýerleşmäge hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmäge ýardam bermek barada görkezme berildi. Munuň özi biziň syýasatymyzyň ynsanperwerlik häsiýete eýediginiň ýene-de bir aýdyň ýüze çykmasydyr diýip, milli Liderimiz belledi we bu Permana gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly R.Meredowa ugratdy.

Hökümetiň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm