Täzelikler

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

23.05.2019
1558637831
Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oru...

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi

23.05.2019
1558632548
Şu gün Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň 13-nji...

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisi

22.05.2019
1558554924
Şu gün paýtagtymyzda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisi boldy. Oňa iki döwlet...

Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi

22.05.2019
1558532275
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň wise-başlygy, Ykdysady hy...

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Başlygyny, Slowakiýa Respublikasynyň daşary we ýewropa işleri ministrini kabul etdi

21.05.2019
1558452186
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki Başl...
  • Image

Türkmenistanda X Halkara gaz kongresi geçirilýär

21.05.2019
1558465958
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi (TGС — 2019) öz işine başlady. Ener...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresine gatnaşyjylara

21.05.2019
1558378893
Halkara gaz kongresine gatnaşyjylar! Mähriban adamlar! Ilki bilen siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagty...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärelere gatnaşdy

18.05.2019
1558199347
Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi goşa baýram hökmünde d...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image



Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy


Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň «Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda» Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak boýunça birinji mejlisi öz işine başlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu çäre ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy.

Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilýän mejlisiň birinji gününiň dowamynda Ylalaşygyň taslamasyny düýpli ara alyp maslahatlaşmak we oňa teklipleri girizmek boýunça işler alnyp baryldy.

Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde 2010-njy ýylyň noýabr aýynda geçirilen üçünji Hazar sammitinde döwlet Baştutanymyz Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ony aradan aýyrmak babatda bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp taýýarlamak hakyndaky başlangyjy öňe sürdi. Dördünji Hazar sammitine çenli işlenip taýýarlanylan şol Ylalaşyga 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen sammitde gol çekildi.

Astrahan sammitiniň jemleri boýunça gol çekilen resminamada Hazarýaka döwletleriň Baştutanlary Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ony aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almagyň netijeli guralyny döretmekde toplanan halkara tejribäni nazara almak bilen, ozal gazanylan ylalaşyklaryň esasynda degişli ugurdaş edaralaryň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini şertlendirjekdigini nygtadylar.

2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen sammitde eden çykyşynda: «Mälim bolşy ýaly, dördünji Hazar sammitiniň maglumatynda adatdan daşary ýagdaýlara çäre görmegiň guralyny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulandyr. Hazar deňziniň giňişliginiň aglaba böleginiň umumy suw giňişligi bolup durýandygyny nazara almak bilen, bu ugurda mundan beýläk-de işleri geçirmek zerurdyr» diýip belledi.

Şeýle hem deňizde gözleg-halas ediş işleriniň geçirilmegi adatdan daşary ýagdaýlara çäre görmegiň guralynyň möhüm ugry bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işleri babatda bäştaraplaýyn Ylalaşygyň taýýarlanmagy aýratyn ähmiýetli bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şol başlangyjyna laýyklykda, türkmen hünärmenleri «Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny taýýarladylar. Ol Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli guramalaryna iberildi.

Soňky ýyllarda türkmen paýtagtynyň halkara derejede geçirilýän duşuşyklaryň we maslahatlaryň merkezine öwrülýändigini bellemek zerurdyr. Olarda syýasy, ykdysady we medeni durmuşa, şol sanda Hazar deňziniň wezipelerine bagyşlanan wajyp meselelere garalýar.

Şu ýylyň 28-nji fewraly — 1-nji marty aralygynda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň Hazar deňzinde howpsuzlygy üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga bagyşlanan Hazar deňzinde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan bäşinji mejlisi geçirildi.

Bu Teswirnama we oňa goşunda bagyşlanan işleriň çäklerinde deňizde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara resminamalaryň düzgünnamalaryny ulanmagyň meselelerine garaldy. Olaryň hatarynda deňizde ynsan ömrüni goramak boýunça Halkara konwensiýa (SOLAS) bar.

«Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny ylalaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň birinji mejlisi üç günläp dowam eder we 13-nji martda öz işini tamamlar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün