Täzelikler

Türkmenistanda bilim we sport boýunça Halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär

14.11.2019
1573755877
Şu gün paýtagtymyzda “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergi we ylmy maslahat ...
  • Image
  • Image

Halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak — ykdysady ösüşiň ugry

13.11.2019
1573673491
Türkmenistanyň durnukly ösüşini we rowaçlygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet ...

«Media-Türkmen» Habarlar agentligi RF DIM-niň žurnaly bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar

12.11.2019
1573666197
«Media-Türkmen» Habarlar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň «Международная жизнь» («...

Maliýe ulgamyny kämilleşdirmek we sanlaşdyrmak — Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň alamatlary

11.11.2019
1573492097
Ýurdumyzyň ykdysady durmuşyndaky esasy wakalary şöhlelendirýän hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedo...

Türkmenistanda Hasyl toýy dabaraly bellenildi

10.11.2019
1573409927
Şu gün ýurdumyzda türkmen topragynyň rysgal-berekedini, oba hojalyk işgärleriniň zähmetsöýerligini, ekerançylarymyzyň...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

08.11.2019
1573246361
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň he...

Türkmenistan we Italiýa netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

06.11.2019
1573071149
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Italiýa Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Ha...

Türkmenistanda halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat geçirilýär

05.11.2019
1572982751
Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XI...
  • Image
  • Image



Saza bagyşlanýar: nusgawy eserler we ýbörelgeler


Image

Halkara saz güni bolan 1-nji oktýabrda her ýurtda, her şäherde Onuň Alyhezreti Saza bagyşlanma-konsertler geçirilýär, bu jadyly sungat üçin üçin serhet-de ýok, oňa düşünmek üçin dilem gerek däl, ol diňleýjileriň aňyna we ýüregine täsir edip, dünýäni has gözel, sypaýy, köpgyraňly edýär.

Şol gün Aşgabatda Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalyna döredijilik ýokary mekdebiniň mugallymlarydyr talyplarynyň ýerine ýetirmeginde meşhur kompozitorlaryň eserlerini diňlemek üçin saz muşdaklary ýygnanýarlar. Halkara saz güni Halkara ýaşulylar güni bilen gabat gelýär, şol sebäplem diňleýjileriň arasynda uly ýaşly aşgabatlylar kändi. Nepis sazlar, ozaly bilen, olara niýetlenendi.

Däp bolşy ýaly, konsert dutar sazy bilen açyldy. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Osman Güjümow «Kerem geldi» sazyny çaldy, tomaşaçylar ony gyzgyn garşyladylar.

Soňra konserti alyp baryjy çeh romantik-kompozitory Antonin Dworžagyň meşhur «Kwintet» eseriniň ýerine ýetirilýändigini yglan etdi. Bäşligiň hatarynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow (fortepianoda), şu ýylky bäsleşikde Prezident baýragyna mynasyp bolan Bahram Dolyýew (birinji skripkada), Ibragim Orazow (ikinji skripkada), Ýusup Gandymow (wiolençelde), Tahyr Ataýew (altda) bardy. Ussat sazandalar eseriň köpgatly intonasiýasyny bermegiň hötdesinden geldiler.

Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa Fernand Obradorsyň «Emelsiz» ispan aýdymyny çeper ştrihli we degişme äheňde labyzly ýerine ýetirdi.

Agşamda aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin Genrih Wenýawsikiniiň, Nikkolo Paganininiň, Şarl Gunonyň, Albert Dopleriň, Iogann Sebastýan Bahyň, Feruçço Buzoniniň we beýleki tanymal kompozitorlaryň eserleri ýaňlandy. Türkmen sazandalary dürli halkaryň sazlaryny ussatlarça ýerine ýetirip, diňleýjileriň alkyşyna mynasyp boldular.

Konsert Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestriniň çykyşy bilen tamamlandy. Sazandalar Alfred Şnitkeniň «Köne stildäki sýuitasyny» we Grigoraş Dinikunyň «Mart horowodyny» ýerine ýetirdiler.

Biz sazandalardan gysgajyk interwýu aldyk.

Konsertiň guramaçylarynyň biri, konsertmeýster Stella Faramazowa:

- Bu saz agşamynyň esasy aýratynlygy – sazandalar göwün halan eserlerini özleri saýladylar. Netijede dürli eserlerden düzülen konsert gyzykly geçdi.

Tahyr Ataýew, kirişli saz gurallary orkestriniň ýolbaşçysy:

- Öz hünär baýramymyzda saýlan eseriň bilen çykyş etmäge döredilen mümkinçilikden peýdalanyp, diňleýjilerimize Alfred Şnitkeniň «Köne stildäki sýuitasyny» taýýarladyk. Eseriň türkmen sahnasynda 15 ýyl bäri çalynmandygyny bellemekçi. Diňleýjilerimiziň biziň saýlan eserlerimizi halandygyna begenjimiziň çägi ýok.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm


  • Image
  • Image