Täzelikler

Aziýa – Ýuwaş ummany sebiti – Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategiki ugry

17.10.2019
1571336936
Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Ber...

Aşgabat Jarnamasyny durmuşa geçirmek — GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň möhüm wezipesi

16.10.2019
1571251239
Ýakynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň netijeleri hem-de ka...

Ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagy - Türkmenistanyň ösüş strategiýasy

15.10.2019
1571170179
Şu gün paýtagtymyzda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi we ylmy maslaha...
  • Image
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary - dünýä metbugatynyň sahypalarynda

14.10.2019
1571076420
GDA-a gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň üstünlikli geçen mejlisiniň netijelerini Garaşsyz Döwletleriň A...

Milli Liderimiziň başlyklygynda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

11.10.2019
1570827315
Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Garaşsyz Döwletleriň Arka...
  • Image
  • Image

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi

10.10.2019
1570739567
Şu gün türkmen paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejli...
  • Image
  • Image

Türkmenistanda dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylarynyň her ýylky duşuşygy geçirilýär

09.10.2019
1570650702
Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda“Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisi we maslahaty açyldy. Hazar...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

08.10.2019
1570567324
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daş...
  • Image



Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi


Image

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Najibulla Alihili kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň mähirli salamyny hem-de doganlyk türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, goňşy ýurtda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara uly sarpa goýýarlar hem-de milli Liderimiziň durmuşa geçirýän, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolan parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli daşary syýasatyny doly goldaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we owgan kärdeşine salam aýdyp, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan hem-de özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändigini hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň netijeleri boýunça gol çekilen Strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyk munuň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary hem-de bilelikdäki düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu gaz geçiriji sebitde özboluşly dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk köprüsine öwrülmelidir.

Şunuň bilen birlikde, TOPH taslamasy bilen özara baglanyşykly Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijileri we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek baradaky taslamalaryň wajypdygy bellenildi. Bu taslamalar hem sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky oňyn başlangyçlarynyň hem Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hem-de sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna yzygiderli goşulyşmagyna gönükdirilendigi nygtaldy. Bu giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi tutuş Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.

Ilçi döwlet Baştutanymyza Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen dikeldilmeginde Türkmenistanyň uly goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyz özüniň günortadaky goňşusyna elektrik energiýasyny ýeňillikli şertlerde iberýär, yzygiderli ynsanperwer ýüklerini ugradýar, Owganystanyň çäginde durmuş maksatly desgalary gurýar, owgan ýaşlaryna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin mümkinçilikler döredilýär.

Doly ygtyýarly wekil döwlet Baştutanymyzy netijeli döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Najibulla Alihil iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň asyrlaryň dowamynda kemala gelen mizemez dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm


  • Image