Täzelikler

Halkara pul gaznasy: 2019-njy ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň 6,3 göterim derejede ösmegine garaşylýar

17.11.2019
1574013608
Aşgabatda 5-12-nji noýabr aralygynda Halkara pul gaznasynyň (HPG) hanym Nataliýa Tamirisanyň ýolbaşçylygyndaky wekili...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

15.11.2019
1573847704
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ý...

Türkmenistanda bilim we sport boýunça Halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär

14.11.2019
1573755877
Şu gün paýtagtymyzda “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergi we ylmy maslahat ...
  • Image
  • Image

Halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak — ykdysady ösüşiň ugry

13.11.2019
1573673491
Türkmenistanyň durnukly ösüşini we rowaçlygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet ...

«Media-Türkmen» Habarlar agentligi RF DIM-niň žurnaly bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar

12.11.2019
1573666197
«Media-Türkmen» Habarlar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň «Международная жизнь» («...

Maliýe ulgamyny kämilleşdirmek we sanlaşdyrmak — Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň alamatlary

11.11.2019
1573492097
Ýurdumyzyň ykdysady durmuşyndaky esasy wakalary şöhlelendirýän hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedo...

Türkmenistanda Hasyl toýy dabaraly bellenildi

10.11.2019
1573409927
Şu gün ýurdumyzda türkmen topragynyň rysgal-berekedini, oba hojalyk işgärleriniň zähmetsöýerligini, ekerançylarymyzyň...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

08.11.2019
1573246361
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň he...



Magali Leže: özi we Gektor Berliozyň hatyrasyna bagyşlanýan geljekki konsert hakda


Image

19-njy oktýabrda Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda «Berliozyň 150 ýyllygynyň hatyrasyna» atly konsert bolar. Aşgabat teatrynyň sahnasynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet orkestriniň sazandarlyk etmeginde Fransiýadan tanymal opera aýdymçysy Magali Leže çykyş eder. Çäräni Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi guraýarlar.

...17-nji oktýabrda ýeňil soprano sesli fransiýaly aýdymçy Magali Leže Aşgabada gelen dessine tanymal myhmandan interwýu almaga höwesek žurnalistler ony gurşap aldylar. Owadan opera aýdymçysy alçaklygy bilen özüne maýyl etdi. Ol Türkmenistanyň paýtagtynda çykyşlarynda Gektor Berliozyň we ХIХ asyryň beýleki kompozitorlarynyň döredijiligini wagyz etmegi niýet ediýnändigini aýtdy, onuň konsertiniň bir bölegi olara bagyşlanýar.

-Berliozyň sazy Fransiýa mahsuslygy bilen özüne çekýär. Galyberse-de, türkmen kompozitorlarynyň sazlary bilen tanyşmak isleýärin. Konsertimde Aşgabat hakyndaky aýdymy Nury Nuryýew bilen bilelikde aýtmakçy. Bu aýdym şahyranalygy we ekspressiýasy özüne bendi edýär. Aşgabatlylaryň edil parižliler ýaly öz şäherini söýýändigi bildirip dur. Häzirlikçe türkmen sazlaryndan diňe şony bilýärin, sazlaryňyz bilen ýakyndan tanyşmak isleýärin -- diýip Magali gürrüň berýär.

Magali Leže Parişde dogulýar: onuň kakasy –fransuz, ejesiniň asly Gwafelupadan. Onuň ata-enesi saz bilen meşgullanmasalaram, çagalaryny sungata imrigdiripdirler: erkek dogany Magali kontrabas çalmagy öwrenipdir, gyzjagaz bolsa ilki nusgawy tanslara imrigipdir, soňra fortepiano çalmagy öwrenipdir. Sazçylyk mekdebiniň mugallymlary onuň hoş owazlydygyny bilip, oňa aýdym aýtmagy maslahat beripdirler. Magali –Pariž konserwatoriýasynyň uçurymydyr.

Magaliniň tembrlere baý sesi ABŞ-nyň, Italiýanyň, Awstriýanyň, Ispaniýanyň, Russiýanyň esasy opera teatrlarynda ýaňlandy, baran ýerinde-de uly üstünlikler oňa ýar boldy.

-Repertuarymda aýdym kän – diýip Magali Leže gürrüňini dowam edýär. –Elbetde, ozaly bilen opera eserlerini we barokko usulyndaky sazlary halaýan, ýöne jaz hem-de şanson aýdymlaryny aýtmagy-da gowy görýärin. Žurnalistler halaýan pişäm barada köp soraýarlar. Meniň ýeke-täk güýmenjäm we işim aýdym aýtmak, şonsuz durmuşymy göz öňüne-de getirip bilemok. Boş wagtym bolsa, ýanýoldaşym we iki çagam bilen syýahat etmegi gowy görýärin. Adamym saz ugrundan işlänok, ol muzeý direktory. Şonuň üçinem dynç alanymda opera aýdymçysydygymy unudyp, durkum bilen maşgalama we öý işlerine berilýärin, olardanam lezzet alýaryn.

Bu meniň Aşgabada ilkinji gelip görşüm, Resul Gylyjow we onuň orkestriniň sazandalary bilen heniz duşuşamok, olar barada ýagşy sözleri köp eşidýän. Birinji repetisiýamyz ýene ýarym sagatdan başlanýar. Bilelikdäki döredijigimiz bize ýarar, aşgabatly tomaşaçylaram Ýewropa nusgawy sazlaryndan lezzet alarlar diýip umyt edýärin.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm