Täzelikler

Halkara pul gaznasy: 2019-njy ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň 6,3 göterim derejede ösmegine garaşylýar

17.11.2019
1574013608
Aşgabatda 5-12-nji noýabr aralygynda Halkara pul gaznasynyň (HPG) hanym Nataliýa Tamirisanyň ýolbaşçylygyndaky wekili...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

15.11.2019
1573847704
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ý...

Türkmenistanda bilim we sport boýunça Halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär

14.11.2019
1573755877
Şu gün paýtagtymyzda “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergi we ylmy maslahat ...
  • Image
  • Image

Halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak — ykdysady ösüşiň ugry

13.11.2019
1573673491
Türkmenistanyň durnukly ösüşini we rowaçlygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet ...

«Media-Türkmen» Habarlar agentligi RF DIM-niň žurnaly bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar

12.11.2019
1573666197
«Media-Türkmen» Habarlar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň «Международная жизнь» («...

Maliýe ulgamyny kämilleşdirmek we sanlaşdyrmak — Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň alamatlary

11.11.2019
1573492097
Ýurdumyzyň ykdysady durmuşyndaky esasy wakalary şöhlelendirýän hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedo...

Türkmenistanda Hasyl toýy dabaraly bellenildi

10.11.2019
1573409927
Şu gün ýurdumyzda türkmen topragynyň rysgal-berekedini, oba hojalyk işgärleriniň zähmetsöýerligini, ekerançylarymyzyň...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

08.11.2019
1573246361
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň he...



Hytaý - Merkezi Aziýa: özara hereketiň täze ugurlary


Image

18-19-njy oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň ykdysady-dolandyryş we medeni merkezi bolan Nannin şäherinde Hytaý — Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň VII forumy geçdi.

Çäre hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hyzmatdaşlyk boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hytaý komiteti, Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň daşary işler boýunça kanselýariýasy we bu etrabyň Halk hökümeti tarapyndan guraldy. Duşuşyk Türkmenistanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Ermenistanyň we Günorta-Gündogar Aziýa (ASEAN) döwletleriniň assosiasiýasyndan gelen ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynyň wekillerini — döwlet düzümleriniň hem-de hususy ulgamyň ýolbaşçylaryny, halkara guramalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini jemledi.

2012-nji ýylda döredilen Hytaý - Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň forumy sebitleriň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin netijeli çärä öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özara hyzmatdaşlygyň ösdurilmegine örän uly ähmiýet berýär. Onuň işiniň barşynda milli wekiliýetleriň ýolbaşçylary Hytaý Halk Respublikasynyň dürli ulgamlara, şol sanda maliýe-ykdysady hem-de ulag ulgamyna, gurluşyga we senagata ýolbaşçylyk edýän wekilleri bilen duşuşdylar.

Deňze çykalgasy bar bolan we bolmadyk sebitleriň özara baglanyşygyny gowulandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, innowasiýalaryň hasabyna umumy ösüşi höweslendirmek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň hytaý kärdeşleri bilen ara alyp maslahatlaşan esasy meseleleri boldy. Mejlisiň çäklerinde serhetüsti logistika, elektron täjirçiligi, “akylly şäherleriň” bilelikdäki gurluşygy, dürli ulgamlarda iri taslamalary durmuşa geçirmekde zenanlaryň jebisleşmegi hem-de hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesinde esasy orny eýeleýändigini bellemek gerek. Şunda söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika, ynsanperwerlik ulgamlarynda, syýahatçylykda, ekologiýada, sportda tagallalary utgaşdyrmak üçin bar bolan köpugurly mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

«Hytaý - ASEAN» EKSPO-nyň sergi zalynda gatnaşyjy ýurtlaryň önümleriniň sergisi guraldy. Şonda Türkmenistan meşhur halylary, milli zergärçilik bezeglerini we amaly-haşam sungatynyň beýleki nusgalaryny hem-de çaphana neşirlerini görkezdi. Bu neşirleriň arasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi işleri esasy orny eýeledi.

Foruma gatnaşyjylar halkara guramalarynyň çäklerinde hem-de ikitaraplaýyn görnüşde söwda-ykdysady gatnaşyklarda, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny bellediler. Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek işinde tagallalary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berildi. Asyrlaryň dowamynda yklymlary birleşdiren bu ýol häzirki wagtda Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlyga täze badalga bermäge ukyplydyr.

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan netijeli gatnaşyklaryň giň görnüşlerini ösdürmek ugrunda çykyş edip, gadymy kerwen ugrunyň häzirki zaman derejesinde täzeden dikeldilmeginde düýpli orun eýeledi we eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri oňyn erk-islegiň, taryhy taýdan kemala gelen dostluk däp-dessurlarynyň, birek-birege hormat goýmagyň deňhukukly açyk gepleşikler we özara bähbitli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen gatnaşyklary guramakdan ybaratdyr.

Tutuşlygyna alnanda, bu forumyň esasy wezipesi Hytaýyň we Merkezi Aziýa hem-de Kawkaz döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça özara gatnaşyklara täze badalga bermekden, onuň täze görnüşlerini kesgitlemekden hem-de bilelikdäki mümkinçilikleri durmuşa geçirmekden, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ylalaşylan çemeleşmeleri we gurallary işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm