HALKARA ZÄHMET GURAMASY

1919-2019

Ilo
18.04.2009ý. № 29-IV (girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kodeks guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan kärhanalarda, edaralarda we guramalarda (mundan beýläk - kärhanalar), aýry-aýry fiziki şahslarda baglaşylan zähmet şertnamasynyň şertlerinde işleýän şahslaryň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

Giňişleýin >>

18.06.2016ý. № 411-V. (girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmegine, işsizlikden goralmagyna gönükdirilendir hem-de iş bilen üpjünçilik çygrynda döwlet kepilliklerini belleýär.

Giňişleýin >>

19.10.2012ý. № 340-IV (girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kodeks Türkmenistanyň ilatyny durmuş taýdan goramagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady, esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy esasynda pensiýa üpjünçiliginiň, raýatlaryň aýratyn toparlarynyň döwlet kömek pullary bilen üpjünçiliginiň döwlet kepilliklerini belleýär, şeýle hem weteranlaryň we maýyplygy bolan adamlaryň durmuş taýdan goralmagynyň çärelerini kesgitleýär.

Giňişleýin >>

31.03.2012ý. №287-IV (girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun Türkmenistanda döwlet pensiýa ätiýaçlandyryş ulgamyny döretmegiň we onuň hereket etmeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

Giňişleýin >>



Aşgabatda «Söwda we hyzmat — 2019» atly sergi we halkara maslahat geçirildi


Image

Iki günüň dowamynda Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Söwda we hyzmat — 2019» atly sergi-ýarmarkasy geçirildi. Ol Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guraldy. Bu çäre gatnaşyjylaryň iki ýüze golaýyny–öz harytlary we hyzmatlary bilen tanyşdyran ýurdumyzyň we daşary döwletleriň telekeçilerini bir ýere ýygnady.

Her ýyl geçirilýän serginiň çäklerinde Watanymyzy has-da ösdürmek, şol sanda ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň, bazar gatnaşyklary babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hasabyna ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän giň gerimli işleriň üstünlikleri bilen tanyşdyryldy.

Aşgabat sergi-ýarmarkasynda görkezilen diwarlyklar halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň esasy bolup durýan durmuş-ykdysady taýdan ösüşde Watanymyzyň ajaýyp gazananlaryny aýdyň şöhlelendirdi, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda türkmen ykdysadyýetinde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary gatnaşdylar.

Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli kärhanalaryň we düzümleriň ellä golaýy boldy. Hususan-da, gök-miwe önümleriniň söwdasyna ýöriteleşdirilen «Ter Önüm» kärhanasy, halkyň sarp edýän önümlerini we harytlaryny sargyt etmek üçin «Söwda online» internet-binýady öz gazananlaryny görkezdiler. Şeýle hem bu ýerde önümçilik-söwda edaralary—TSTB-niň agzalary, ýurdumyzyň sarp edijiler jemgyýetleriniň birleşmeleri öz diwarlyklary bilen tanyşdyrdylar.

Ýangyç-energetika toplumynda innowasion önümlerini «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri görkezdiler.

Şeýle hem sergide hyzmatlaryň dürli ugurlary görkezildi: bank hyzmatlary bilen Türkmenistanyň döwlet daşary-ykdysady iş banky hem-de «Rysgal» we «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklary, syýahatçylyk hyzmatlary bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň myhmanhanalary tanyşdyrdylar.

Kärhanalaryň diwarlyklary görkezilen sergi zalynyň esasy bölegi döwrebap söwda-dynç alyş merkezini ýatladyp, onuň meýdançalarynda ýurdumyzda öndürilýän süýji-köke önümleriniň, ter gök we miwe önümleriniň, azyk önümleriniň tekjeleri, şeýle hem haly we dokma önümleriniň hatarlary ýerleşdirildi.

Şu gezek geçirilýän sergi-ýarmarka milli söwda pudagynyň özboluşly aýnasy bolup, onuň üsti bilen pudagyň ösüş meýillerine, içerki bazaryň ýagdaýyna, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň eksport mümkinçiliklerine baha bermek bolýar. Şunuň bilen baglylykda, söwdanyň we hyzmatlaryň ösüşiniň ýokary derejesi — döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän özgertmeleri milli ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrmagynyň möhüm görkezijisi bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň geçirýän durmuş-ykdysady özgertmeleri, halk hojalyk toplumynyň işine bazar gurallarynyň we ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegine getirdi. Munuň özi içerki bazaryň ösüşinde öz beýanyny tapyp, onda bäsleşige ukyply ýagdaý emele geldi, telekeçilik işjeňligi kemala gelip, işewürligi guramagyň hem-de hyzmatlary hödürlemegiň döwrebap usullary ulanylyp başlandy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň içeri we daşary söwdasynyň kuwwatynyň amala aşyrylmagy degişli düzümleriň — ulag, maliýe, telekommunikasiýa, syýahatçylyk we beýleki düzümleriň ösmegine, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bäsleşige ukyplylygyny artdyrmaga hem-de ylmy işleri talap edýän önümçiligi giňeltmäge getirdi.

Bu gezek sergä Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki söwda öýleri hem gatnaşdylar. Soňky ýyllarda Hytaýda, Türkiýede, Russiýada, Belarusda, Gyrgyzystanda, Gruziýada we beýleki döwletlerde ýurdumyzyň söwda wekilhanalary açyldy. Olaryň üsti bilen amala aşyrylýan ýokary hilli senagat we oba hojalyk önümleriniň söwdasy uly depginlere eýe bolýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyz ähli ugurlarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň binýatlyk ulgamlarynda, şeýle hem onuň batly gadamlar bilen ösýän pudaklarynda özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini gözläp tapmagyň möhümdigini belleýär, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport möçberlerini artdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak, söwda ulgamynda iň gowy daşary ýurt tejribesini özleşdirmek babatda daşarky bazarlaryň islegini we mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça pudagyň öňünde wezipeleri goýýar.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi giňeltmek, oba hojalygyny ösdürmek hem-de türkmen ykdysadyýeti üçin täze senagat ugurlaryny döretmek boýunça işleriň geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda öndürilýän, dünýä bazarynda isleg bildirilýän hem-de bäsleşige ukyply önümleriň görnüşi günsaýyn artýar. Azyk önümleri bölüminde ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň görkezilmegi munuň aýdyň mysaly bolup, bu ýerde olardan datmak we satyn almak mümkinçiligi döredildi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda ençeme iri söwda we söwda-dynç alyş merkezleri, supermarketler açyldy. Söwdalary guramakda oňyn öňe ilerlemeler hasaba alynýar: düýpli çözgütler we hyzmat etmegiň ýagdaýlary hem-de döwrebap söwda merkezleriniň bezelişi iň oňat Ýewropa derejesine kybap gelýär. Paýtagtymyzda dünýä belli öňdebaryjy halkara kompaniýalar barha köp duşýar hem-de ýerli wekiller dünýä ölçeglerine kybap derejede işlemäge çalyşýarlar.

Ýakyn elýeterlikde ýerleşýän söwda nokatlarynyň ulgamy üstünlikli ösdürilip, olar harytlary pes bahalar boýunça ýerleýärler. Ýene-de bir ugur ýöriteleşen hem-de firma dükanlarydyr. Karzyna, onlaýn görnüşde, buýurmany öýüňe eltip bermek görnüşindäki söwdalar artýar.

Dünýä ykdysadyýetiniň ulgamynda bolup geçýän esasy ýagdaýlar we özgertmeler nazara alnyp, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» amala aşyrylýar. Bu maksatnama milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmaga, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şunda eksport ugurly bolşy ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilige degişli gaýtadan işleýän senagatda ýokary netijeli hem-de ekologiýa taýdan arassa önümçilikleri döretmäge, ähli pudaklara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, olary tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berildi.

Bazar gatnaşyklaryny, hususy işewürligi ösdürmek bu Prezident maksatnamasynyň möhüm ugrudyr. Ol hususy ulgamda täze kiçi, orta we iri senagat kärhanalarynyň, şeýle hem daşary ýurt we bilelikdäki kärhanalaryň, paýdarlar jemgyýetleriniň döredilmegini,erkin ykdysady zolaklar, kärhanalaryňy geljekde hem hususylaşdyrmak boýunça meýilnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny göz öňünde tutýar.

Bularyň ählisi döwletimiziň maýa goýum taýdan özüne çekijiliginiň, ilatyň hal-ýagdaýynyň derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berer. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberiniň ep-esli azalmagy bilen baglylykda, Türkmenistanda içerki söwdanyň möçberleri artýar, bölek haryt dolanyşygy durnukly ýokarlanýar.

Halkyň sarp edýän harytlarynyň çykarylyşynyň, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy bilen bir hatarda hyzmat ediş ulgamynyň ösdürilmegine iri maýa goýumlary gönükdirilýär. Täze söwda merkezleri ýörite döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryldy, ýurdumyzyň ilatyna we sany yzygiderli artýan myhmanlara ýokary hilli hyzmatlary üpjün edýär.

Harytlaryň giň görnüşleri, olaryň hili, ekologiýa taýdan amatlylygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň ýene-de bir netijesidir. Şol syýasat halkyň iň amatly durmuş şertlerini döretmäge gönükdirilendir.

«Söwda we hyzmatlar — 2019» atly sergi-ýarmarkasy bu ýere gelenlere bazaryň bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen ýagdaýlara hem-de maksada gönükdirilen işlere syn bermäge mümkinçilik döretdi.

Serginiň çäklerinde halkara maslahaty hem geçirilip, onuň maksady ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgamynyň gazanan üstünliklerini görkezmekden hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary giňeltmekden, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça ugurlary ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda BMG-niň hem-de Ýewropanyň Täzeleniş ösüş bankynyň, Türkiýäniň daşary ykdysady aragatnaşyklar komitetiniň Türk-Türkmen işewürler geňeşiniň, «Gazprombank Lizing» paýdarlar jemgyýetiniň, şeýle hem türkmen işewürligi bilen gatnaşyklary ýola goýmaga we bar bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bar.

Gün tertibine içerki sarp ediş bazarlarynda haryt dolanyşygyny artdyrmak we söwda hyzmatlaryny, ýurduň eksport kuwwatyny guramakda häzirki zaman usullaryny, döwrebap bank we birža hyzmatlaryny, elektron söwdasyny hem-de sanly hyzmatlar ulgamyny, bu ugurda öňdebaryjy halkara iş tejribesini peýdalanmak baradaky meseleler girizildi.

Ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geçirilýän giň gerimli pudaklaýyn we köp ugurly ykdysady maslahatlar netijeli işewür gatnaşyklaryň görnüşleriniň mazmuny boýunça has görnüklisi we köptaraplysy boldy. Bu işewür gatnaşyklar ýygjam işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň täze ugurlaryny gözläp tapmaga gönükdirilendir.

Toplumlaýyn maksatnamalaryň we ilkinji nobatda, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, häzirki zaman tehnologiýalara daýanýan düzümleriň döredilmegini göz öňünde tutýandygy bellenildi. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan we eksport ugurly önümleri çykarmagyň mukdarynyň artdyrylmagyny ilkinji nobatdaky wezipeler hökmünde kesgitledi.

Türkmenistanda ykdysady strategiýa laýyklykda, bazar gatnaşyklaryna ulgamlaýyn we tapgyrlaýyn geçilmegi ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi bilen utgaşdyrylandyr. Senagat pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeler ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň döredilmegine, baý tebigy serişdeleriň esasynda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberleriniň artdyrylmagyna hem-de milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Çykyş edenler, şeýle hem halkara maliýe guramalary — Bütindünýä banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça geçirilýän işleri bellediler. Olar köpýyllyk hyzmatdaşlyk alnyp barylýan ýyllarda ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan möhüm taslamalaryň amala aşyrylmagyna, şeýle hem maliýe we salgyt ulgamy, statistika we ykdysady dolandyryş ulgamlary üçin hünärmenleri taýýarlamaga işjeň gatnaşdylar.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň söwda we hyzmatlar ulgamyny innowasion taýdan ösdürmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam etmek, bu ugurda iň gowy daşary ýurt tejribesini özleşdirmek babatda netijeli syýasaty üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm


  • Image
  • Image
  • Image
  • Image