Portaly ulanyjylaryň ylalaşygy

Şu Ylalaşyk Döwletiň iş bilen üpjünçilik gullugynyň portalyny (mundan beýläk – DIÜG portaly) ulanmagyň düzgünlerini, DIÜG portaly Ulanyjylaryň borçlaryny kesgitleýär. Bu Ylalaşygy kabul edip, Ulanyjy Ylalaşygyň şertleri bilen gürrüňsiz razylaşýandygyny mälim edýär we ony berjaý etmäge borçlanýar.

Ylalaşygy berjaý etmegiň maksady – bu DIÜG portalynyň hyzmatlaryny peýdalanýan ulanyjylaryň arasynda işewür we hoşniýetli gurşawy emele getirmekden ybaratdyr.

Awtorizasiýa — Ulanyja autentifikasiýalaşdyrma laýyklykda belli bir hukuklaryň we ygtyýarlyklaryň berilmegi.
Aktiwleşdirmek —Ulanyjynyň programmany dolandyrmagyň elementlerine (düwmeler, çykgytlar we ş.m.) täsir etmesi, olar programma buýruklary bermäge mümkinçilik berýär.
Autentifikasiýa — DIÜG portalynyň maglumat binýadynda ýatda saklanan loginiň we açarsözüň laýyklygyny barlamak, autentifikasiýalaşdyrmak subýektiň hakykylygynyň tassyklanmagyny üpjün edýär, ýagny hödürlenen adyň şol subýekte laýyk gelýändiginiň subutnamasy.
Wakansiýa — boş iş orny we ornuna bellenmedik boş wezipe.
Login — Ulanyjynyň şahsy hasap ýazgysy üçin döredýän dürli görnüşdäki ady.
TZ we IDTG — Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi.'
Iş beriji — kanun esasynda işgär bilen zähmet şertnamalaryny baglaşmak we ýatyrmak hukugy berlen ýuridiki şahs.
DIÜG – etraplaryň zähmet we iş bilen üpjünçilik bölümleri, welaýatlaryň zähmet we iş bilen üpjünçilik müdirlikleri.
Ulanyjy – belli bir wezipäni ýerine ýetirmek üçin, hereket edýän ulgamy ulanýan şahs.
Teswirlemeler – ulanyja berlen hukuga laýyklykda, ulgamyň maglumatlar binýadynda saklanyp galan, soňra ulanyja seretmek we saýlamak üçin elýeterli bolýan maglumatlar.
Rezýume – raýat işe kabul edilende talap edilip garalýan, iş tejribesi, endikleri, bilimi we beýleki işe degişli maglumatlary özünde jemleýän resminama.
Şahsy hasap ýazgysy – ulanyjynyň DIÜG-nyň portalyna özi barada habar berýänligi barada maglumatlary saklaýan ýazgy.
2.1. Döwletiň iş bilen üpjünçilik gullugynyň portalynyň hyzmatlaryndan peýdalanmak hem-de maglumatlary ýerleşdirmek üçin ulanyjy şulara borçludyr:

- Bellige almaklygyň görnüşindäki soraglar boýunça şahs hakynda dogry we doly maglumaty bermeklik üçin bellige almaklygyň kadasyny geçmeli.

- Şahsy otagda bu maglumaty talaba laýyk ýagdaýda saklamaklyk.

2.2. DIÜG-nyň Portaly nädogry maglumat berilen ýagdaýynda ulanyja öz hyzmatlaryndan peýdalanmaklygy togtatmaklyga ýa-da/we ret etmeklige hukugy bar.
2.3. Bellige almaklygyň tertibi

DIÜG-nyň Portalynda hususy şahslar iş gözleýän hökmünde bellige alynýarlar.

Iş gözleýän hakyndaky maglumat türkmen ýa-da rus dillerinde doldurylýar.

Her bir iş gözleýän DIÜG-niň portalynda diňe bir gezek bellige alynyp biliner.

Bellige alnanda şahsy familiýaňyzy we adyňyzy doly hem dogry görkezmeklik hökmanydyr. Lakam ýa-da toslama at, ýalňyş maglumatlary ýa-da doly bolmadyk maglumatlary görkezmeklik gadagandyr..

2.4. Bellige almaklygy bes etmek

Ulanyjy tarapyndan öz şahsy kabinetini ýok etmeklige bolan hukuk saklanyp galmak bilen, portaldaky bellige alynanlygy baradaky maglumaty aýyryp bilýär.

Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynyň ýa-da ylalaşygyň bozulan halatynda ulanyjynyň bellige alynmaklygynyň hereketi bes edilýär we portalda oňa degişli bolan maglumatlar ýok edilýär.

3.1. Ulanyjy öz ýerleşdirýän maglumatlarynyň dogrylygy we dürsligi (aktuallygy) üçin jogapkärçilik çekýär.
3.2. Ulanyjy öz ýerleşdirýän maglumatlary we onuň ýerleşdirilmeginiň netijeleri boýunça hereket edýän kanunçylyga laýyklykda jogap berýär.
3.3. Ulanyjy DIÜG-niň portalynyň hyzmatlaryny Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna garşy gelýän hereketler üçin peýdalanmazlygyna borçlydyr.
3.4. Şular DIÜG-nyň portalynda gadagandyr:
3.4.1. Eger-de ulanyjy maglumatlary dörediji bolmasa; kanun ýa-da şertnama esasynda oňa elýeterliligi çäklendirýän ýa-da rugsat berýän hukugy bolsa; ýa-da maglumatyň eýesi bolsa,emma kanun ýa-da şertnamanyň şertleri esasynda oňa bu maglumat berlen bolsa; görkezilen maglumatlary şu görnüşde ýerleşdirmäge ýeterlik hukugy bolmasa, gizlin maglumatlary ýerleşdirmek gadagan edilýär.
3.4.2. Maglumatlaryň awtomatlaşdyrylan ýagdaýda goşulmagy, redaktirlenmegi we ýok edilmegi gadagan edilýär.
3.4.3. Şahsy maglumatlary, beýleki ulanyjylaryň maglumatlaryny gelejekde peýdalanmak maksady bilen ýerleşdirmek, ýagny şahsy maglumatlar bilen hereket etmeklik, olary jemlemek, ulgamlaşdyrmak, toplamak, ýaýratmak we ýok etmek.
3.4.4. Özüňi başga adam hökmünde görkezmeklik
3.4.5. Ulanyjy hiç wagt we hiç haçan her dürli ýagdaýlarda DIÜG-nyň portalyny şu manydaky maglumatlary çap etmek üçin ulanmajakdygy bilen razylaşýar:
3.4.5.1. Üçünji taraplaryň abraýyna we mertebesine, hukugyna we kanuny bähbitlerine dil ýetirýän, dini, jynsy, etniki we milletara dawalaryň döremegine getirýän we ş.m. maglumatlar
3.4.5.2. Kanun, şertnama ýa-da beýleki esaslara görä ýaýradylmagy, aýan edilmegi ýa-da başga maksatlarda peýdalanylmagy gadagan edilen ýa-da çäklendirilen dürli beýleki maglumatlar.
3.5. Maglumatlardan peýdalanmak:
3.5.1. Ulanyjy öz tarapyndan DIÜG portalynda açyk görnüşde ýerleşdirilen maglumatlaryň hemme beýleki ulanyjylar tarapyndan, şol sanda ulanyja hiç hili hak (sylag) bermezden we ondan goşmaça rugsat almazdan DIÜG portaly tarapyndan ulanylyp bilinjekdigi bilen razylaşýar.
3.5.2. Ulanyjy özüniň şahsy maglumatlarynyň DIÜG portalynyň maglumat binýadyna goşulmagyna razylyk berýär. Ulanyjy DIÜG portalynyň ygtyýarlygynda onuň şahsy maglumatlaryny anonim hökmünde we umumy görnüşde statistik maksatlarda peýdalanmak hukugynyň bardygy bilen ylalaşýar.
3.5.3. DIÜG portaly hukukgoraýjy edaralaryň talaby we kanunda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda ulanyjynyň şahsy maglumatlaryny açyp görkezmäge haklydyr.
4.1. Ulanyjy DIÜG portalynyň hyzmatlary amala aşyran wagty ýüze çykyp biljek näsazlyklary, şeýle hem ulanyjynyň maglumatlarynyň abatlygy babatynda hiç hili jogapkärçilik çekmeýändigi bilen razylaşýar.
4.2. DIÜG portaly hyzmatlar peýdalanylanda ýa-da peýdalanmak mümkinçiliginiň bolmadyk ýagdaýynda, şeýle hem birugsat girilende emele gelýän dürli göni ýa-da göni däl ýitgiler üçin hiç hili jogapkärçilik çekmeýär.
4.3. Ulanyjy DIÜG portaly we Döwletiň iş bilen üpjünçilik edaralary tarapyndan onuň şahsy maglumatlarynyň ulanylyp bilinjekdigi bilen ylalaşýar.
5.1. DIÜG portalyny ulanyp, Ulanyjy DIÜG portalynyň maglumat howpsuzlygyny bozmazlyga we bozmaga çemeleşmezlige, şol sanda DIÜG portalyndan peýdalanmagyň Düzgünleriniň 5.2.1.-5.2.11. bendinde görkezilen gadagan edilen hereketleri amala aşyrmazlyga borçlanýar.
5.2 Ulanyja DIÜG portalyndan peýdalanan wagtynda şu aşakdaky hereketler gadagan edilýär::
5.2.1. DIÜG portalynda Ulanyja niýetlenmedik maglumatlara girmek;
5.2.2.  DIÜG portaly bilen işlemek üçin Ulanyja degişli bolmadyk şahsy hasap ýazgylaryny ulanmak;
5.2.3. DIÜG portalynyň howpsuzlygynyň goraglylygynyň derejesini barlamaga synanyşmak, DIÜG portalynyň rugsady bolmazdan bellige alyş we awtorizasiýa düzgünlerini bozmak;
5.2.4. DIÜG portalyndan peýdalanmakda beýleki Ulanyjylara päsgelçilikleri döretmek. Munuň özi kompýuter wiruslaryny ýaýratmak, maglumatlary zaýalamak, gaýtalanýan maglumatlary ibermek, DIÜG portalynyň serwerinden elektron bukjany ibermek (ugratmak), DIÜG portalynyň serwerini bilgeşleýin hatardan çykarmak maksady bilen bir wagtyň özünde köp sanly elektron bukjalaryny ýollamak we ş.m. beýleki, ýagny DIÜG portalyndan adaty maksatlaýyn peýdalanyşyň çäklerinden çykýan we bilgeşleýin ýa-da tötänleýin onuň işinde näsazlyklaryň döremegine getirip bilýän hereketleri öz içine alýar;
5.2.5. DIÜG portalynyň ulanyjylaryna, iş gözleýänlere we portala girýänlere olaryň razylygy bolmazdan "spamlary" (peýdasyz hatlary), islendik hatlary we reklamany ibermek;
5.2.6. TCP/IP toplumyň we islendik elektron hatlaryň ýa-da DIÜG portalynda ýerleşdirilen maglumatlaryň atlarynyň böleklerinde islendik ady galplaşdyrmak we meňzetme ýasamak;
5.2.7. DIÜG portalynda oturdylan gözleg ulgamyndan, portalyň programma üpjünçiliginden ýa-da adaty we hemmeleriň ulanýan brauzerlerinden (Microsoft Explorer, Netscape Navigator, Opera we ş.m.) başga DIÜG portalynda işlemek ýa-da portalda gözlemek üçin islendik beýleki programma üpjünçiliklerinden peýdalanmak we peýdalanmaga synanyşyk etmek;
5.2.8. DIÜG portalynda Ulanyjynyň işine öýkünýän programma serişdelerini ulanmak;
5.2.9. anonim proksi-serwerleri ulanmak;
5.2.10. Ulanyja degişli bolmadyk IP-salgylaryň üsti bilen DIÜG portalynda işlemek;
5.2.11. "Uzakdan (Alysdan) Iş stoluny dolandyrmak" (Remote Desktop Control) ulgamynyň kömegi bilen DIÜG portalynda işlemek.
5.3 ULGAMYŇ HOWPSUZLYGYNYŇ ÝA-DA KOMPÝUTER ULGAMYNYŇ DÜZGÜNINI BOZMAK TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGYNA LAÝYKLYKDA ADMINISTRTATIW, RAÝAT ÝA-DA JENAÝAT JOGAPKÄRÇILIGINE GETIRIP BILÝÄR. DIÜG PORTALYNYŇ ADMINISTRASIÝASY ULANYJYLAR TARAPYNDAN MÜMKIN BOLAN ÄHLI ÝAGDAÝLARYNDA HOWPSUZLYGYŇ DÜZGÜNLERINIŇ BOZULMAGY BOÝUNÇA BEÝLEKI DEGIŞLI EDARALAR BILEN HYZMATDAŞLYKDA ŞEÝLE BETNIÝETLI IŞIŇ ÖŇÜNI ALMAK MAKSADY BILEN BARLAG-DERŇEW IŞLERINI GEÇIRER.
5.4 Ulanyjy tarapyndan maglumat howpsuzlygynyň, şol sanda DIÜG portalyny ulanmagyň düzgünleriniň 5.2. - 5.2.11. bentleriniň talaplarynyň we Ylalaşygyň beýleki şertleriniň düzgünleriniň bozulmasy DIÜG portalynyň administrasiýasy tarapyndan portala gözegçilik etmegiň tehniki we programma serişdeleriniň, şeýle hem statistik, üýtgeýän, beýleki programma üpjünçilik we Portalyň enjamlarynyň hem-de beýleki şahslardan alynýan maglumatlaryň kömegi bilen kesgitlenilýär.