HALKARA ZÄHMET GURAMASY

1919-2019

Ilo
18.04.2009ý. № 29-IV (girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kodeks guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan kärhanalarda, edaralarda we guramalarda (mundan beýläk - kärhanalar), aýry-aýry fiziki şahslarda baglaşylan zähmet şertnamasynyň şertlerinde işleýän şahslaryň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

Giňişleýin >>

18.06.2016ý. № 411-V. (girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmegine, işsizlikden goralmagyna gönükdirilendir hem-de iş bilen üpjünçilik çygrynda döwlet kepilliklerini belleýär.

Giňişleýin >>

19.10.2012ý. № 340-IV (girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kodeks Türkmenistanyň ilatyny durmuş taýdan goramagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady, esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy esasynda pensiýa üpjünçiliginiň, raýatlaryň aýratyn toparlarynyň döwlet kömek pullary bilen üpjünçiliginiň döwlet kepilliklerini belleýär, şeýle hem weteranlaryň we maýyplygy bolan adamlaryň durmuş taýdan goralmagynyň çärelerini kesgitleýär.

Giňişleýin >>

31.03.2012ý. №287-IV (girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun Türkmenistanda döwlet pensiýa ätiýaçlandyryş ulgamyny döretmegiň we onuň hereket etmeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

Giňişleýin >>



DÜNÝÄDE DABARALANÝAN DURMUŞ SYÝASATY


Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikler we ösüşler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda öz beýanyny tapýar. Milli ykdysadyýetiň her ýylda yzygiderli ösmegi, adam mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberiniň barha artmagy, beýleki makroykdysady görkezijilerde gazanylýan ösüşler raýatlaryň durmuş goraglylygyny berkitmäge, ilatyň maddy-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, hususan-da, olaryň pul girdejilerini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugrunyň, milli ykdysadyýetiň ýokary depginli ösüşini üpjün etmek bilen bir hatarda, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendigini hem aýdyň görkezýär.


Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan başlap, ilatyň abadan durmuşyny, saçaklarynyň bol-elinligini, gündelik sarp edilýän harytlaryň elýeterliligi üpjün etmek maksady bilen döwlet tarapyndan käbir serişdeleriň dolulygyna ýa-da bellenilen mukdarynyň mugt berilmegi bazar ykdysadyýetine geçiş şertlerde ilatyň durmuş üpjünçilik ýagdaýyny gowulandyrmaga, girdejileriniň artmagyna, durmuş-ýaşaýyş şertleriniň hil taýdan kämilleşmegine getirdi.


Türkmenistan durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýetini ösdürýän döwlet bolup, ýurdumyzda ilat hakynda alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Täze ykdysady şertlerde jemgyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna uýgunlaşmagyny gazanmakda dünýäde deňsiz-taýsyz ýeňillikler ulgamy hereket etdi. Ýöne islendik ykdysadyýetde tebigy, zähmet we maliýe serişdelerini netijeli hem tygşytly peýdalanmak häzirki döwrüň esasy talabydyr. Sebäbi tebigy we ykdysady serişdeleriň çäkli gorlarynyň bardygyny göz öňünde tutup, tükeniksiz sarp edijilik islegleri kanagatlandyrmak bazar ykdysadyýetiniň esasy wezipesidir. Munuň özi ykdysady kanun bolup, bu kanunyň talaplarynyň berjaý edilmezligi ýurtda ykdysady gatnaşyklaryň kadaly hereketiniň bozulmagyna, önümçilik bilen sarp edişiň arabaglanyşynyň üýtgemegine, hojalyk gatnaşyklarynyň kämilleşmeginde bökdençlikleriň döremegine, serişdeleriň çendenaşa harçlanmagyna we beýleki oňaýsyz ýagdaýlara getirip bilýär. Bar bolan mümkinçilikleri we tebigy baýlyklary aýawly hem netijeli ulanyp, geljek nesillerimize ýetirmek şu günüň möhüm wezipeleriniň biridir. Bu diňe bir döwletiň meselesi bolman, eýsem dünýäniň ählumumy meselesidir.


Ägirt uly serişde mümkinçiligine eýe bolan Türkmenistan döwletimiziň baýlyklaryny netijeli ulanmak we uzak geljege niýetlemek Garaşsyzlygymyzy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ýardam berýär. Dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmegimiz we eşretli ýaşaýşy üpjün etmegimiz üçin bolsa ähli serişdelerimizi tygşytly hem rejeli peýdalanyp, dünýä ykdysadyýetine barha işjeň goşulmagymyz zerurdyr. Munuň üçin ýurdumyzda ähli amatly şertler döredildi. Milli telekeçilik ulgamy kämilleşdirildi we döwlete dahylsyz pudagyň jemi içerki önümdäki paýy ep-esli artdyryldy, her bir maşgala düşýän girdejiniň möçberi ýylda ýokarlanýar.


Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň I mejlisinde hormatly ýaşulylarymyzyň, halk häkimiýetiniň wekilleriniň tekliplerini kabul edip, “Türkmenistanyň raýatlary üçin elektrik energiýasynyň, gazyň, ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlarynyň bahalaryny tertipleşdirmek hakynda” Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanyň ilatyna elektrik energiýasynyň, gazyň, agyz suwunyň we nahar duzunyň mugt berilmegi bes edilip, ýurdumyzyň ähli raýatlaryna elektrik energiýasyndan, gazdan, ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan ýeňillikli bahalardan bermek bellenildi. Bu bolsa öz gezeginde, döwlet serişdeleriniň tygşytlanylmagyna, energiýanyň we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagyna ýardam berer. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly ykdysady strategiýasynyň netijesinde Türkmenistanyň durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýetinde halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygynyň, ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylýandygynyň, döwlet goldawyna mätäç raýatlaryň durmuş üpjünçiliginiň kepillendirilýändiginiň subutnamasydyr.


Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen milli kanunçylyk binýadymyz hem kämilleşdirildi. Has takygy, 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň üçünji maslahatynda «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň kanunlary kabul edildi. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 114-nji, 115-nji, 120-nji we 122-nji maddalaryna üýtgetmeler girizilip, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň, beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň maýyplarynyň we oňa gatnaşyjylaryň maşgala agzalarynyň, I topar maýyplygy bolan adamlaryň we onuň bilen ýaşaýan maşgala agzalarynyň suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanmak hukuklary Kodeksde berkidildi. Mundan başga-da, «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe bolan eneler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki ýeňillikler bilen bir hatarda, ýene uly ýeňillikden peýdalanýarlar. Kanuna laýyklykda, olara we olar bilen ýaşaýan maşgala agzalaryna suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanmak hukuklary göz öňünde tutuldy. Munuň özi durmuş üpjünçilik ulgamynda, döwlet goldawyna mätäç adamlary durmuş taýdan goldamakda Türkmenistanyň amala aşyrýan toplumlaýyn çäreleriniň dünýäniň beýleki ýurtlary üçin nusga alarlyklydygyny aňladýar.


Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak ulgamy zähmete ukypsyz adamlara, maýyplarа, çagaly maşgalalarа we beýleki adamlarа pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi hem-de durmuş ýeňillikleriniň berilmegi görnüşinde maddy üpjünçilik we durmuş taýdan hyzmat etmek boýunça döwlet ulgamyndan ybaratdyr. Döwlet her bir öý hojalygynyň girdejilerini artdyrmak, maşgalanyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin makroykdysady çäreleri hem amala aşyrýar. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75-80 göterimi her ýyl durmuş maksatly ugra gönükdirilýär. Her ýyl zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary döwlet derejesinde yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 5-nji maddasynda: «Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir.» diýlip berkidilýär. Kabul edilýän kanunlarda we kararlarda, ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda we meýilnamalarda durmuş meselesiniň döwletde ileri tutulýan ugur hökmünde häsiýetlendirilýändigini bellemek möhümdir. Bu ugurdaky kanunçylyk binýady:


  • Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi;

  • Türkmenistanyň Zähmet kodeksi;

  • «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň kanuny;

  • «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň kanuny;

  • «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasy»;

  • «Maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň Türkmenistanda doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin 2017-2020-nji ýyllarda amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasy»;

  • «Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasy» - ýaly hukuk namalar düzýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanda Adam hukuklary babatda hereketleriň milli meýilnamasy amala aşyrylýar. Bu ugurda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de bu guramanyň abraýly edaralary bolan Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy we beýleki edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Türkmenistan döwletimiziň 2018-2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Ýerine ýetiriji Geňeşiniň hem-de 2019-2021-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna, 2017-2020-nji ýyllar üçin Ösüşiň bähbidine ylym we tehnika boýunça komissiýasyna, 2016–2020-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna, 2017–2021-nji ýyllar üçin Durmuş ösüşi boýunça komissiýasyna, 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň Statusy boýunça komissiýa saýlanylmagy ýurdumyzyň durmuş syýasatynyň üstünliklerine dünýäniň döwletleriniň we iri halkara guramalarynyň gyzyklanmasynyň barha artýandygynyň aýdyň güwäsidir. Munuň özi adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça ýurdumyzyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryna, BMG tarapyndan kabul edilýän konwensiýalara Türkmenistanyň ygrarlydygyny, kanunçylyk taýdan ýurdumyzda raýatlaryň durmuş hukuklarynyň goralmagyny we goldanylmagyny döwletiň üpjün edýändigini dünýä jemgyýetçiligine aýdyň görkezýär.


Häzirki wagtda ýurdumyzyň durmuş ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler dünýäniň iri maliýe edaralary tarapyndan hem goldanylýar. Şu ýerde 2018-nji ýylyň 1-5-nji oktýabrynda Halkara pul gaznasynyň (HPG) wekiliýetiniň ýurdumyzyň makroykdysady we maliýe ýagdaýyna baha bermek, Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutýan ugurlaryny hem-de bu ugurdaky meýillerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistanda saparda bolmagyny hem belläp geçmek gerek. HPG-niň bilermenleri tarapyndan ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ýagdaýyna, pul-karz syýasatyna, milli maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna seljerme berlip, degişli netijeler çykaryldy we maslahatlar taýýarlanyldy, makroykdysady görkezijilere hem-de ýetilen sepgitlere ýokary baha berildi. HPG-niň beýannamasynda, aýratyn hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan durmuş syýasatynyň adam mümkinçilikleriniň ösdürilmegi üçin şertleriň döredilmegine, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna hem-de durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegine, bilim ulgamynda özgertmeleriň dowam etdirilmegine, ilatyň saglygyny goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilýändigi bellenilýär.


Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň durmuş ulgamyny kämilleşdirmegi göz öňünde tutýan, her bir raýatyň abadan durmuşda ýaşamagyny kepillendirýän, şeýle hem ilatyň ähli gatlaklarynyň durmuş mümkinçiliklerini we bähbitlerini üpjün edýän işler barha giň gerim bilen dowam etdirilýär. Munuň özi dünýäde maliýe-ykdysady çökgünligiň täsiriniň dowam edýändigine, çylşyrymly ýagdaýlaryň bolýandygyna garamazdan, Türkmenistan döwletimiziň bagtly çagalygyň, hemmeler üçin deň mümkinçilikleri we durmuş ýeňilliklerini öz içine alýan, geljegi has-da uly ösüşleriň ýurduna öwrülýändigini aňladýar.



Ruslan Jumaýew,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty
durmuş taýdan goramak ministrliginiň
Usulyýet müdirliginiň baş hünärmeni


28.11.2018 - «Türkmenistan» gazeti