HALKARA ZÄHMET GURAMASY

1919-2019

Ilo
18.04.2009ý. № 29-IV (girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kodeks guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan kärhanalarda, edaralarda we guramalarda (mundan beýläk - kärhanalar), aýry-aýry fiziki şahslarda baglaşylan zähmet şertnamasynyň şertlerinde işleýän şahslaryň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

Giňişleýin >>

18.06.2016ý. № 411-V. (girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmegine, işsizlikden goralmagyna gönükdirilendir hem-de iş bilen üpjünçilik çygrynda döwlet kepilliklerini belleýär.

Giňişleýin >>

19.10.2012ý. № 340-IV (girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kodeks Türkmenistanyň ilatyny durmuş taýdan goramagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady, esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy esasynda pensiýa üpjünçiliginiň, raýatlaryň aýratyn toparlarynyň döwlet kömek pullary bilen üpjünçiliginiň döwlet kepilliklerini belleýär, şeýle hem weteranlaryň we maýyplygy bolan adamlaryň durmuş taýdan goralmagynyň çärelerini kesgitleýär.

Giňişleýin >>

31.03.2012ý. №287-IV (girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun Türkmenistanda döwlet pensiýa ätiýaçlandyryş ulgamyny döretmegiň we onuň hereket etmeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

Giňişleýin >>



DURMUŞ SYÝASATY – ÖSÜŞIŇ HEM ABADANÇYLYGYŇ KEPILI


Image


Häzirki döwürde Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylýan ýurdy hökmünde ykrar edilýär. Ýylyň-ýylyna ykdysady ulgamda gazanylýan üstünlikler durmuş meseleleriniň has içgin çözülmegini, ahyrky netijede, ilatymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirýär.


Ýurdumyzda her täze ýyly döwlet syýasatynda möhüm ugur hökmünde kesgitlenen wezipelere görä atlandyrmak özboluşly däbe öwrüldi. 2019-njy ýylyň «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylmagynda hem uly many bar. Şu ýylyň şeýle atlandyrylmagy ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysy üçin mundan beýläk-de abadan, asuda durmuşyň üpjün ediljekdigini, her günümiziň rowaçlyklara beslenjekdigini alamatlandyrýar.


2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň 10 göterim ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň rowaçlyklaryň Watany hökmündäki abraýyny artdyrmaga, halkara giňişlikde Tükmenistan döwletimizi mundan beýläk-de abadançylygyň höküm sürýän ýurdy hökmünde tanatmaga şert döreder. Çünki adam bähbitlerini nazarlaýan, olaryň erk-isleglerinden we hajatlaryndan ugur alýan islendik syýasatyň hökmany suratda rowaçlygy, abadançylygyüpjün edýändigini häzirki durmuş hakykaty aňryýany bilen subut edýär.



Diňe ykdysady taýdan gurply döwletde güýçli durmuş syýasatynyň alnyp barylýandygy hakykatdyr. Baş maksady ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan, ilatyň ýaşaýyş derejesini barha ýokarlandyrmakdan ybarat bolan durmuş syýasatyny alyp barmak üçin berk maddy binýat zerur bolup durýar. Dünýäde dowam edýän maliýe-ykdysady çökgünligiň amatsyz täsirine garamazdan, milli ykdysadyýetimizde durnukly ösüşiň gazanylmagy köpugurly we köpderejeli durmuş syýasatyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Hususan-da, ilatyň pul girdejilerini artdyrmak bu syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, bu görkeziji halkyň durmuş hal-ýagdaýynyň häzirki zaman derejesini häsiýetlendirýär.


Halkara ülňülere laýyklykda, islendik döwletiň durmuş derejesine baha berlende, birnäçe görkezijilerden ugur alynýar. Şunda ilatyň pul girdejileriniň derejesi esasy görkezijileriň biri bolmak bilen, onuň düzümine zähmet haky, talyp haky, diňleýji haky, döwlet kömek pullary, pensiýalar, emläkden we telekeçilikden gelýän gatançlar we beýleki tölegler girýär. Bu görkezijiniň ösüş meýline eýe bolmagy bolsa ýurtda durnukly we sagdyn ykdysady ösüşiň üpjün edilýändigine, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy, durmuş taýdan goraglylyk derejesiniň kepillendirilmegi üçin amatly şertleriň döredilendigine şaýatlyk edýär. Başgaça aýdylanda, bu görkeziji milli ykdysadyýetiň ösüşe ukyplydygyny, şeýle-de ýurtda adam maýasyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.


«Döwlet adam üçindir!» diýen şygary özüne ýol-ýörelge edinen ýurdumyzda adam mertebesiniň dabaralanmagy üçin uly işler alnyp barylýar. Şunda abadançylygyň ýokary derejesini üpjün etmek üçin, ilkinji nobatda, raýatlarymyzyň maddy üpjünçilik derejesiniň ýokary bolmagy zerur şertleriň biri hasaplanylýar.


Häzirki döwürde ilatyň girdejileri ykdysadyýet bilen durmuş ulgamynyň arasyndaky aragatnaşygy üpjün edýän görkeziji bolup durýar. Bu ýagdaý ilatyň pul girdejilerini artdyrmak meselesiniň ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak meselesi bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup durýandygyndan nyşan. Durnukly ösüşiň binýatlaýyn şertleriniň biri hökmünde iş bilen meşgullyk raýatlarymyzyň maddy ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulanmagyna we ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gös-göni täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy global strategiýa hökmünde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ykdysady ösüşleriň kepili hökmünde iş bilen meşgullyga aýratyn ähmiýet berilmeginiň ýöne ýerden däldir.


Şu nukdaýnazardan, döwletde iş bilen meşgullanýanlaryň sanynyň näçe köp boldugyça, maddy üpjünçiligi, durmuşdan kanagatlanma derejesi ýokarylaryň sanynyň köp bolýandygy tejribeden bellidir. Ýokarda bellenip geçilenler ilaty iş bilen üpjün etmek meselesiniň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini gazanmak, öý hojalyklaryň pul girdejilerini artdyrmak üçin näderejede wajypdygyny görkezýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitabynda şeýle belleýär: «Iş bilen üpjünçilik her bir adamyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynda ýerine ýetirýän möhüm wezipesinden başga-da, köp durmuş meseleleriniň çözgüdiniň, ykdysadyýetiň önümçiliginiň ösüşiniň we ilatyň durmuş goraglylygynyň kepili bolup durýar». Şeýlelikde, durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda ilatyň iş üpjünçilik derejesine möhüm orun degişli bolup, ol ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagynda öz aýdyň beýanyny tapýar.


Şeýle aýrylmaz baglanyşygyň bolmagy ýurdumyzda iş üpjünçilik ulgamynda özgertmeleriň yzygiderli amala aşyrylmagyny şertlendirýän sebäpleriň biridir. Bu, ilkinji nobatda, adamyň esasy öndüriji güýç bolup durýandygy, häzirki döwürde ykdysady işde adam faktorynyň ähmiýetiniň barha artýandygy bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda öz ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak isleýän köp ýurtlaryň adam maýasyny ösdürmäge çalyşmaklarynyň ýöne ýerden däldigi düşnüklidir.


Ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň baş maksadydyr. Şunda zähmet haky ilatyň pul girdejileriniň esasy çeşmesini emele getirýär. Zähmet bazarynyň netijeli hereket etmegi, köp babatda, onuň subýektleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly häsiýetine bagly bolup durýar. Has takygy, zähmet haky iş beriji bilen işgäriň arasynda ýüze çykýan zähmet gatnaşyklarynyň esasy meseleleriniň biri bolup durýar. Bu, öz gezeginde, sarp edilen zähmetiň mukdarynyň we hiliniň pul görnüşindäki aňlatmasy bolan zähmet hakyna zähmet bazarynyň subýektleriniň arasyndaky gatnaşyklary sazlaýan netijeli gurluşy döretmekde möhüm ornuň degişlidigini görkezýär. Ilatyň girdejilerini artdyrmak meselesiniň häzirki döwürde amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenmegi hem hut şu deliller bilen düşündirilýär.


Ilatyň pul girdejileri babatynda söz açylanda, munuň özi hökmany suratda, hereket edýän edaralarda, kärhanalarda we guramalarda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek, ahyrky netijede, zähmete ukyply ilaty doly iş bilen üpjün etmek meselelerine syrygýar. Munuň esasy sebäbi bazar gatnaşyklarynyň giňden ösdürilmegi bilen zähmet haklarynyň ýokarlanmagyny önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün edilmegini gazanmak bilen baglanyşyklydyr. Bu şertleriň üpjün edilmegi ýokary durmuş-ykdysady netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.


Döwletimizde ilatyň ýaşaýyş derejesini ösen döwletleriň derejesine ýetirmek wezipesiniň möhüm strategik wezipeleriň hatarynda kesgitlenmegi ýakyn döwürde hem adam bähbitlerine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boljakdygyna, bu ugurda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan işleriň rowaçlyklara beslenjekdigine güwä geçýär. Hususan-da, häzirki döwürde ýurdumyzda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, senagatlaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna we ilatyň pul girdejileriniň yzygiderli artdyrylmagy üçin maddy binýadyň döredilmegine ýardam berýär. Şol bir wagtda sanly tehnologiýalaryň ösen asyry hasaplanýan häzirki döwürde zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyny üpjün edýän tehnologiýalary önümçilige, hyzmatlar bazaryna giňden ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler ykdysady ösüşimiziň hil görkezijilerine öz oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki döwürde milli ykdysady ulgamda gazanylýan üstünlikler, öz gezeginde, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda täze menzillere ýetmäge itergi berýär.




Maýagözel Babaýewa,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty
durmuş taýdan goramak ministrliginiň
Zähmet gory bölüminiň baş hünärmeni,
ykdysady ylymlaryň kandidaty.


04.01.2019 - «Türkmenistan» gazeti