Täzelikler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16.08.2019
1565979644
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar strategiýasy – dünýä metbugatynyň sahypalarynda

14.08.2019
1565810659
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Hazaryň türkmen kenaryndaky "Awaza" milli syý...

Birinji Hazar ykdysady forumynyň taryhy ähmiýeti

13.08.2019
1565726993
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň täzeçil syýasaty durmuşa geçirmegi netijesinde Türkmenistan ...

Birinji Hazar ykdysady forumyna sebitiň ýurtlarynyň hökümet Baştutanlary gatnaşdylar

12.08.2019
1565648058
Şu gün bu ýerde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi, ...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

09.08.2019
1565379674
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna iş saparynyň çäklerinde M...

Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

08.08.2019
1565277260
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gele...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze binalaryň hem-de Awaza şypahana zolagyny ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy

08.08.2019
1565287941
Şu gün ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zo...

Häzirki döwrüň ählumumy howplaryna garşy durmakda hyzmatdaşlyk

07.08.2019
1565200433
Aşgabatda Migrasiýa boýunça halkara guramanyň ýurdumyzdaky wekilhanasy tarapyndan okuw maslahaty geçirildi. Ol gurama...



HYZMATDAŞLYK ÝÖRELGELERINE EÝERIP, ÖSÜŞLERE TARAP


Image

Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen, şeýle gatnaşyklar ýurdumyzyň dünýä bileleşigine mynasyp agza hökmünde goşulyşmagyna ýardam berýär. Bütin dünýäde parahatçylygy üpjün etmek, alyp barýan işlerinde adalatlylygy we ynsanperwerligi esasy ýörelge hökmünde ykrar etmek BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri bolan Halkara zähmet guramasynyň (HZG) esasy maksady bolupdy we häzirki döwürde hem şeýle bolmagynda galýar. Bu gurama tarapyndan kabul edilýän Konwensiýalarda, şeýle-de onuň maslahatlarynda durmuş adalatlylygyna esas goýujy ýörelge hökmünde garalmagynda uly many bar. Çünki durmuş adalatlylygy tutuş adamzat üçin wajyp bolan parahatçylygyň esaslaryny emele getirýär. Bu ýörelge işgärleriň zähmet hukuklaryny goramakda, zähmet şertlerini gowulandyrmakda we durmuş üpjünçiligini kämilleşdirmekde öz aýdyň beýanyny tapýar. Hut şu sebäpler HZG-niň eýýäm 100 ýylyň dowamynda tutuş dünýäde jemgyýetçilik ösüşi üçin öz ähmiýetini ýitirmän, gaýtam, onuň ykdysadyýetiň depginli ösüşini üpjün etmekde adam faktorynyň täsiriniň artýan häzirki şertlerinde onuň wajyplygynyň has-da ýokarlanmagyna getirdi. Häzirki döwürde ösüşiň täze menzillerini nazarlaýan Türkmenistan bilen bu halkara guramanyň arasynda ösdürilýän ysnyşykly gatnaşyklar ýurdumyzyň demokratik we hukuk esaslarynyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna, zähmet gatnaşyklarynyň döwrebap derejede guralmagyna ýardam berýär.


Häzirki döwürde Türkmenistan umumadamzat ösüşini we howpsuzlygyny üpjün etmegi özüne ýol-ýörelge edinen BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Bu iri we abraýly guramanyň häzirki döwürde hereket edýän 18 sany ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasynda HZG beýleki düzümlere garanyňda, has ir, ýagny birinji jahan urşundan soň, 1919-njy ýylda döredilýär.


Bu guramanyň döredilmegini şertlendiren sebäpler barada durlup geçilende, hökmany suratda, şol taryhy döwürde dünýä giňişliginde emele gelen amatsyz ykdysady ýagdaýlara baha bermek zerurlygy ýüze çykýar. Şeýle çemeleşmäniň ulanylmagy bu gurama tarapyndan alnyp barlan we häzirki döwürde durmuşa geçirilýän umumadamzat bähbitli işleriň ähmiýetine içgin düşünmäge, bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeleriň ýurdumyz üçin bähbitli taraplaryna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.


Taryhy maglumatlaryň şaýatlyk etmegine görä, ХIХ asyrda bolup geçen senagat öwrülişigi şol mahallar işçileriň iş şertleriniň has-da ýaramazlaşmagyna, şol ýurtlarda işçileriň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň pese gaçmagyna getirýär. Jemgyýetçilik ösüşini bökdeýän bu päsgelçilikleri aradan aýyrmak maksady bilen, ykdysatçylardyr sosiologlar iş şertlerini kämilleşdirmek we iş wagtynyň dowamlylygyny azaltmak meselelerine halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge çalyşýarlar. Şu maksat bilen çü sany halkara konferensiýa geçirilýär: birinji konferensiýa 1890-njy ýylda Berlinde, ikinjisi Belgiýa hökümetiniň teklibi bilen 1897-nji ýylda Brýusselde, üçünji konferensiýa bolsa 1906-njy ýylda Şweýsariýanyň Býorn şäherinde geçirilýär. Birnäçe ýurduň gatnaşmagynda geçirilen 3-nji konferensiýada otlyçöp önümçiliginde çig mal bolup hyzmat edýän ak fosforyň ulanylyşyny we aýallar üçin önümçilikde agşamky işleri gadagan etmek boýunça gazanylan 2 sany halkara ylalaşyk dünýä giňişliginde zyýanly we agyr işleri gadagan etmek ugrunda ädilen ilkinji oňyn ädimlerdir. Bu ýagdaý adam mertebesine mynasyp bolan zähmet şertlerini döretmekde we kämilleşdirmekde bilelikdäki tagallalaryň öz oňyn netijelerini berýändigini äşgär etdi. Mundan başga-da, ХХ asyryň 20-30-njy ýyllarynyň çökgünligi umumadamzat ösüşine öz ýaramaz täsirini ýetiren işsizlik hadysasynyň ýüze çykmagyna getirdi. Şeýlelikde, bu sebäpler zähmet şertleri we iş bilen meşgullyk bilen baglanyşykly meselelere döwletiň hökmany suratda goşulyşmagynyň zerurdygyny ýüze çykardy hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine şert döretdi.


1919-njy ýylda HZG-niň döredilmegi dünýä derejesinde zähmet meseleleriniň has düýpli çözülmegine itergi berdi. Bu guramanyň ilkinji kabul eden Konwensiýalary senagat kärhanalarynda iş wagtynyň 8 sagada çenli çäklendirilmegi, ikinjisi bolsa ykdysady we durmuş taýdan amatsyz ýagdaýlary döredýän işsizlik baradadyr. Häzirki güne çenli adamlaryň mynasyp zähmet çekmegi üçin mynasyp zähmet şertlerini döretmek wezipesinden ugur alýan bu gurama öz işinde adalatlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýar. Wagt synagyndan geçen we ösüşi üpjün edýän bu esas goýujy gymmatlyklar HZG tarapyndan amala aşyrylýan işleriň tutuş dünýäde dabaralanmagyna getiren şertler hasaplanýar.


HZG 1946-njy ýyla çenli Milletler Ligasynyň düzüminde özbaşdak gurama hökmünde hereket edip, 1946-njy ýyldan soňra ol Birleşen Milletler Guramasynyň ilkinji ýöriteleşdirilen edarasy hökmünde onuň düzümine girizilýär. HZG beýleki halkara guramalardan diňe bir öz alyp barýan işleriniň mazmuny bilen däl, eýsem, üçtaraplaýyn düzümi bilen hem tapawutlanýar. Ýagny BMG-de we onuň beýleki ýöriteleşdirilen edaralarynda wekilçilik diňe hökümet işgärleri: ministrler, olaryň orunbasarlary ýa-da wekilleri tarapyndan amala aşyrylýar. HZG-de bolsa agza döwletler wekilçiligi jemgyýetiň gyzyklanýan toparlary tarapyndan amala aşyrýarlar. Şunda delegatlar, adat bolşy ýaly, zähmet ministrlikleriň, iş berijileriň we işgärleriň wekillerinden ybarat bolup durýar. Bu HZG-niň üçtaraplaýyn konsepsiýasynyň esaslaryny emele getirýär. Halkara zähmet konferensiýasy, Administratiw geňeş we Halkara zähmet býurosy HZG-niň düzümini emele getirmek bilen, umumy maksatlary amala aşyrmakda olaryň hersiniň ýerine ýetirýän öz wezipeleri bardyr. Hut şu üçtaraplaýyn gatnaşyklar taraplaryň bähbitlerini sazlaşdyrmaga we zähmet bazarynda durmuş-zähmet meseleleri babatynda subýektleriň ylalaşykly hereketlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.


Halkara zähmet konferensiýasy bu gurama agza döwletleriň ähli wekilleriniň her ýylky konferensiýasy bolup durýar. Administratiw geňeş 28 sany hökümet wekillerinden ybarat bolup, olaryň 14-si iş berijileriň we galan bölegi bolsa işçileriň wekilleridir. Halkara zähmet býurosy, öz gezeginde, bu guramanyň hemişelik sekretariaty bolmak bilen, Administratiw Geňeş onuň işine gözegçiligi amala aşyrýar.


Halkara zähmet konferensiýasy, başgaça, Bütindünýä zähmet parlamenti diýlip hem atlandyrylýar. Oňa 200 sany delegat we maslahat berijiler gatnaşýar. Konferensiýanyň Gün tertibi halkara ylalaşyklary (konwensiýalary we HZG-niň maslahatlaryny) ara alyp maslahatlaşmak we olary makullamak, syýasatyň geljekki ugurlaryny kesgitleýän ýörite zähmet meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, agza döwletleriň hereketlerini sazlaşykly amala aşyrmak üçin zerur bolan Rezolýusiýalary we çäreler boýunça Guramanyň Baş direktorynyň gözükdirijilerini makullamak, maglumatlary alyş-çalyş etmek, şeýle-de ikiýyllyk maksatnamany we iki ýylda bir gezek makullanylýan Halkara zähmet býurosynyň býujetini makullamak ýaly meseleleri öz içine alýar.


Şu güne çenli HZG tarapyndan 189 sany Konwensiýa we 205 sany maslahat kabul edildi. Olar halkara zähmet kodeksini emele getirýärler. HZG-niň ýerine ýetirýän wezipeleri zähmeti goramakdan başga-da zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmaga hem gönükdirilendir: doly iş bilen meşgullyk we durmuş derejesini ýokarlandyrmak, işden kanagatlylyk, öwretmek we bilim bermek, zähmet haky boýunça syýasaty alyp barmak, toparlaýyn gepleşikleri alyp barmaga bolan hukuk, durmuş üpjünçiligi, zähmeti goramak, çagalaryň we eneleriň bähbitlerini goramak, zerur iýmit we ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek, şeýle-de umumy we hünär bilimini bermekde deň mümkinçilikleri döretmek onuň alyp barýan işleriniň esasy ugurlaryny emele getirýär. Bu ugurlar adam durmuşynyň köp taraplaryny öz içine alýar. Adam bähbitlerine gönükdirilen köpugurly işler, ahyrky netijede, durmuş adalatlylygynyň dabaralanmagyna, ýurtda abadançylygyň höküm sürmegine itergi berýär.


Bu halkara gurama döredilende onuň düzümine 45 döwlet giren bolsa, onda 2016-njy ýylda olaryň sany 187-ä ýetdi. Häzirki döwürde bu guramanyň düzümine girýän ýurtlarda jemi dünýä ilatynyň 98 göterimi ýaşaýar. Bu statistiki maglumatlar öňe gidýän, giň gerimli ösüşi üpjün etmek üçin häzirki döwürde hem zähmet we iş üpjünçilik meseleleriniň uly orun eýeleýändigini görkezýär. 1969-njy ýylda bu guramanyň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli dünýäde parahatçylygy goramakdaky hyzmaty üçin oňa halkara Nobel baýragynyň gowşurylmagy HZG-niň alyp barýan işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.


Adyndan belli bolşy ýaly, Halkara zähmet guramasy zähmet, iş bilen üpjünçilik we durmuş üpjünçiligi ulgamlaryny ösdürmek boýunça köptaraply anyk işleri amala aşyrýar. Şunda bu meseleler halkara ylalaşyklaryň çeşmesini emele getirýär.


Türkmenistan HZG-niň agzalygyna 1993-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda kabul edilip, onuň 9 sany Konwensiýalaryna goşuldy. Häzirki döwürde bu konwensiýalardan gelip çykýan netijeler ýurdumyzyň zähmet kanunçylygyna giňden ornaşdyrylýar we degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenilip taýýarlananda, şolardan ugur alynýar. Bu oňyn netijeler geçen 26 ýyl bäri Türkmenistan bilen HZG-niň arasynda ysnyşykly gatnaşyklaryň ösdürilýändigine, hususan-da, raýatlarymyzyň zähmete bolan konstitusion hukuklaryny goramak, zähmet şertlerini we önümçilik şertlerini gowulandyrmak, tehniki howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak babatynda bu gurama bilen bilelikde saldamly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.


Häzirki döwürde Türkmenistan Halkara zähmet guramasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylýan Konwensiýalara we maslahatlara ygrarly bolmak bilen, durmuş-zähmet gatnaşyklaryny döwrebap derejede kämilleşdirýär. Bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeler, öz gezeginde, asyl manysy boýunça ýurdumyzyň ähli ilatynyň bagtyýar durmuşyny, gülläp ösüşini aňladýan rowaçlygyň kepili bolmak bilen, ertirki günümiziň üstünliklere beslenjekdigine bolan ynamymyzy has-da berkidýär.



Maýagözel Babaýewa,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty
durmuş taýdan goramak ministrliginiň
Zähmet gory bölüminiň baş hünärmeni,
ykdysady ylymlaryň kandidaty.


18.01.2019 - «Türkmenistan» gazeti