TÜRKMENISTAN – HALKARA ZÄHMET GURAMASY: HYZMATDAŞLYGYŇ GERIMI GIŇELDILÝÄR


Image

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi.


Aşgabat, Türkmenistan, 2019-njy ýylyň 14-17-nji ýanwary.


Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy döwletimiziň daşary syýasatynyň strategik ugry bolup, onuň esasyny oňyn bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri düzýär. Bu hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanyp, häzirki döwürde täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri bolan Halkara Zähmet guramasy (HZG) bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, HZG-niň döredilmeginiň 100 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, HZG-niň Moskwa şäherindäki Sebitleýin Býurosynyň wekilleri jenap Leýo Sibbel we jenap Mihail Puşkin Türkmenistanda saparda boldular.

Saparyň çäklerinde 2019-njy ýylyň 16-17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde Halkara Zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin HZG-niň Moskwa şäherindäki Sebitleýin Býurosynyň halkara zähmet standartlary boýunça hünärmeni jenap Leýo Sibbeliň, HZG-niň Moskwa şäherindäki Sebitleýin Býurosynyň iş bilen üpjünçilik boýunça hünärmeni Mihail Puşkiniň, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, şol sanda, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň gatnaşmagynda tegelek stol görnüşinde maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary maslahaty açyp, tegelek stol görnüşinde guralan maslahata gatnaşyjylara gutlag sözlerini beýan etdi. Şeýle hem HZG-niň Moskwa şäherindäki Sebitleýin Býurosynyň wekilleri jenap Leýo Sibbel we jenap Mihail Puşkin maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirip, maslahatyň işiniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleri tarapyndan taýýarlanan çykyşlarda Ministrligiň öňünde durýan wezipeler we häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlarynyň degişli ugur boýunça ýurdumyzda amala aşyrylmagynyň çäreleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen degişli ugur boýunça hyzmatdaşlyk, HZG bilen Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda HZG-niň 144-nji «Üçtaraplaýyn maslahatlaşmalar hakynda (halkara zähmet kadalary)» hem-de 122-nji «Iş bilen üpjünçilik çygryndaky syýasat hakynda» konwensiýalaryna Türkmenistanyň goşulyşmagy baradaky meseleler hakynda bellenildi. Mundan başga-da, durmuş hyzmatdaşlygyň taraplary bolup durýan Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň çykyşlary aýratyn gyzyklanma döretdi.

Maslahatyň barşynda zähmet we iş bilen üpjünçilik meseleleri dogrusynda pikir alşyldy, şeýle hem halkara bilermenleriniň HZG-niň 144-nji we 122-nji Konwensiýalaryna degişli teklipleri uly gyzyklanma bilen diňlenildi.

Türkmenistan häzirki wagtda HZG hem-de durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar bilen hyzmatdaşlygyň takyk maksatlaryny, wezipelerini we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, şeýle hem HZG-niň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli, hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça resminamanyň taslamasyny taýýarlamakda bilelikde iş alyp barýar. Bu resminamanyň esasyny 2011-2030-njy ýyllarda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň wezipelerine hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýän 2016-2020-nji ýyllarda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Çarçuwaly maksatnama düzýär. Hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taraplary mynasyp zähmeti üpjün etmek bilen bagly ähli ugurlary öz içine alýan toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen HZG-niň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça çäreleri tegelek stol görnüşde geçirilen maslahatyň dowamynda seredilen esasy meseleleriň biri boldy.

Tegelek stoluň başynda geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar yzygiderli gatnaşyklary saklamaga gyzyklanma bildirdiler, türkmen tarapy HZG-niň wekillerine peýdaly maslahatlary, tehniki goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. HZG-niň wekilýetiniň agzalary öz gezeginde durmuş-zähmet we iş bilen üpjünçilik çygrynda mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, durnukly ösüş gazanmakda ýardam bermäge taýýardyklaryny tassykladylar. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkara bilermenler bilen duşuşyklary we maslahatlary geçirmäge döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine çäksiz alkyşlar aýtdylar.

HZG-niň Moskwa şäherindäki Sebitleýin Býurosynyň hünärmenleriniň saparynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýolbaşçylary, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň taslama wekilleri, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar guraldy.