HALKARA ZÄHMET GURAMASY

1919-2019

Ilo
18.04.2009ý. № 29-IV (girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kodeks guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan kärhanalarda, edaralarda we guramalarda (mundan beýläk - kärhanalar), aýry-aýry fiziki şahslarda baglaşylan zähmet şertnamasynyň şertlerinde işleýän şahslaryň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

Giňişleýin >>

18.06.2016ý. № 411-V. (girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmegine, işsizlikden goralmagyna gönükdirilendir hem-de iş bilen üpjünçilik çygrynda döwlet kepilliklerini belleýär.

Giňişleýin >>

19.10.2012ý. № 340-IV (girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kodeks Türkmenistanyň ilatyny durmuş taýdan goramagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady, esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy esasynda pensiýa üpjünçiliginiň, raýatlaryň aýratyn toparlarynyň döwlet kömek pullary bilen üpjünçiliginiň döwlet kepilliklerini belleýär, şeýle hem weteranlaryň we maýyplygy bolan adamlaryň durmuş taýdan goralmagynyň çärelerini kesgitleýär.

Giňişleýin >>

31.03.2012ý. №287-IV (girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun Türkmenistanda döwlet pensiýa ätiýaçlandyryş ulgamyny döretmegiň we onuň hereket etmeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

Giňişleýin >>



MYNASYP ZÄHMETE BAGYŞLANAN HALKARA FORUMY


Image

2019-njy ýylyň 4-5-nji fewralynda Russiýa Federasiýasynyň Başkortostan Respublikasynyň Ufa şäherinde Halkara zähmet guramasynyň «Zähmet gurşawynyň geljegi» atly başlangyjynyň çäklerinde mynasyp zähmet boýunça halkara forum geçirildi. HZG-niň Sebitleýin Býurosy, Başkortostan Respublikasynyň hökümeti, Russiýa Federasiýasynyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, RF-niň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Russiýanyň garaşsyz kärdeşler arkalaşyklarynyň federasiýasy, Zähmet we durmuş gatnaşyklary akademiýasy forumy guraýjylar bolup çykyş etdiler.

Taryha ser salsak, 1919-njy ýylyň 20-nji martynda Russiýanyň hökümeti bilen Başkiriýada awtonomiýa döretmek boýuna ylalaşyga gol çekildi we takmynan şol wagtlarda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde zähmet çekýän adamlaryň hukuklary barada geçirilen halkara maslahatyň netijeleri boýunça Wersal parahatçylyk şertnamasy kabul edilip, Halkara zähmet guramasy (HZG) döredildi. 2019-njy ýylda HZG Başkortostan Respublikasy bilen 100 ýyllygyny belleýär.

Zähmet gatnaşyklary çygrynda möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmek, pikir we tejribe alyşmak Forumyň esasy maksady boldy. Foruma gatnaşyjylar ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligi, geljekki hünärler üçin adam maýasynyň ösdürilmegi, iş bilen üpjünçilik gulluklarynyň işi ýaly zähmet gurşawynyň esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Foruma gatnaşmak üçin GDA, BRIKS we Ýewropa döwletlerinden hökümetiň, iş berijileriň we işgärleriň wekilçilikli edaralaryndan wekiller, RF-niň federal ýerine ýetiriji edaralaryň hem-de zähmet we iş bilen üpjünçilik edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik işgärleri çagyryldy. Durmuş adalatlylygy we mynasyp zähmet Ufa şäherinde geçirilen forumyň gün tertibiniň wajyp meselesine öwrüldi. Zähmet hakynyň derejesi we işsizlik döwrüň möhüm meseleleri bolmagynda galýandygy forumda aýratyn bellenildi. Bu meseleleri çözmäge HZG-niň «Mynasyp zähmet» maksatnamasy ýardam berýär. Başkortostan Respublikasy bu maksatnamanyň gatnaşyjysy bolup durýar.

HZG-niň «Mynasyp zähmet» Konsepsiýasy 1999-njy ýylda ilkinji gezek Halkara zähmet konferensiýasynyň 87-nji mejlisinde öňe sürüldi. Konsepsiýa laýyklykda, «mynasyp zähmet» adalgasy öndürijilikli, şol bir wagtyň özünde erkin, howpsuz, adalatly bahalandyrylýan, ösüşe beslenýän we adamyň mertebesine zeper ýetirmeýän zähmet hökmünde düşünilýär.


HZG-niň «Zähmet gurşawynyň geljegi» atly başlangyjynyň çäklerinde mynasyp zähmet boýunça geçirilen halkara foruma Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekili gatnaşdy.


  • Image