Täzelikler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16.08.2019
1565979644
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar strategiýasy – dünýä metbugatynyň sahypalarynda

14.08.2019
1565810659
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Hazaryň türkmen kenaryndaky "Awaza" milli syý...

Birinji Hazar ykdysady forumynyň taryhy ähmiýeti

13.08.2019
1565726993
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň täzeçil syýasaty durmuşa geçirmegi netijesinde Türkmenistan ...

Birinji Hazar ykdysady forumyna sebitiň ýurtlarynyň hökümet Baştutanlary gatnaşdylar

12.08.2019
1565648058
Şu gün bu ýerde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi, ...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

09.08.2019
1565379674
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna iş saparynyň çäklerinde M...

Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

08.08.2019
1565277260
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gele...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze binalaryň hem-de Awaza şypahana zolagyny ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy

08.08.2019
1565287941
Şu gün ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zo...

Häzirki döwrüň ählumumy howplaryna garşy durmakda hyzmatdaşlyk

07.08.2019
1565200433
Aşgabatda Migrasiýa boýunça halkara guramanyň ýurdumyzdaky wekilhanasy tarapyndan okuw maslahaty geçirildi. Ol gurama...



ROWAÇLYGYŇ JOŞGUNY


Image

2019-njy ýylyň 5-6-njy martynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň guramagynda sportuň küşt we şaşka görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Maliýe, ykdysadyýet we bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşlar örän çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Iki günläp dowam eden ýaryşlarda ykdysatçy zenanlar sportuň aň-paýhas görnüşleri boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, eminleriň berekellasyna mynasyp boldular.

Sportuň küşt görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda Daşoguz welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň işgäri Mamajan Ýakubowa birinji orna, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işgäri Mähri Akmämmedowa ikinji orna, Türkmenistanyň Ösüş bankynyň işgäri Nartäç Annakowa bolsa üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hem-de Pensiýa gaznasynyň agzybir işgärleri gazanan ajaýyp üstünligi mynasybetli Daşoguz welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň zähmet bölüminiň esasy hünärmeni Mamajan Ýakubowany tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de oňa mundan beýläk hem rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýärler.


  • Image
  • Image