Täzelikler

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

23.05.2019
1558637831
Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oru...

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi

23.05.2019
1558632548
Şu gün Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň 13-nji...

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisi

22.05.2019
1558554924
Şu gün paýtagtymyzda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisi boldy. Oňa iki döwlet...

Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi

22.05.2019
1558532275
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň wise-başlygy, Ykdysady hy...

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Başlygyny, Slowakiýa Respublikasynyň daşary we ýewropa işleri ministrini kabul etdi

21.05.2019
1558452186
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki Başl...
  • Image

Türkmenistanda X Halkara gaz kongresi geçirilýär

21.05.2019
1558465958
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi (TGС — 2019) öz işine başlady. Ener...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresine gatnaşyjylara

21.05.2019
1558378893
Halkara gaz kongresine gatnaşyjylar! Mähriban adamlar! Ilki bilen siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagty...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärelere gatnaşdy

18.05.2019
1558199347
Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi goşa baýram hökmünde d...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image



SANLY YKDYSADYÝET: DÜNÝÄ TEJRIBESINI NAZARA ALYP, ROWAÇLYGA TARAP


Image

Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllar aralygynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» gol çeken Karary ýurdumyzyň önümçilik pudaklarynda we hyzmatlar bazarynda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy üçin täze mümkinçilikleri açdy. Şu döwürde durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan «Sanly Türkmenistan» döwlet maksatnamasy ýurdumyzyň pudaklarynyň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna goşmaça itergi bermek bilen, depginli ykdysady ösüşimiziň möhüm görkezijisi bolan zähmet öndürijiliginiň orta we uzak möhletleýin döwürde ýokarlanmagy üçin amatly şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda sanly maglumatlara daýanýan ykdysadyýetiň bu görnüşini ösdürmegiň jemgyýetçilik ähmiýetine has içgin düşünilmegi köp babatda ýurdumyzda sanly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

Soňky döwürde ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna tehnologik innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy tutuş ykdysady ulgamda bolşy ýaly, gündelik durmuşymyzda hem özgerişlikleriň bolup geçmegine getirdi. Ylymyň we bilimiň ösmegi netijesinde ýüze çykan sanly tehnologiýalar önümçilik serişdeleriniň we goşulan gymmaty döretmegiň usullarynyň düýpli özgermegini şertlendirmek bilen, ol täze hakykaty döretdi.

Ýokary tehnologiýalara eýe bolmak, hususan-da, bu ugurda öňdebaryjy orunlary eýelemek dünýäniň häzirki zaman ösüşinde düýpli strategik artykmaçlygy döredýär: Önümçilik faktorynyň möhüm düzümi hökmünde sanly tehnologiýalar ykdysady işiň has netijeli amala aşyrylmagyna itergi berýär. Beýle diýildigi, diňe bir häzirki döwürde däl, eýsem, geljekde hem ýurduň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokary derejesiniň üpjün ediljekdigini, ýagny milli ykdysadyýetiň ösüşe ukyply boljakdygyny aňladýar. Çünki intellektual tehnologiýalar adamyň akyl-paýhasynyň önümi bolmak bilen, olar täze maksatlary we täze ideýalary amala aşyrmagyň netijeli guraly bolup durýar.

Internet ulgamynyň ýüze çykmagy sanly ykdysadyýetiň, başgaça aýdylanda, elektron ykdysadyýetiň ösmegine itergi beren esasy sebäpleriň biridir. Ýöne ylmy-tehniki ösüşiň bu gazananlaryny ýerli durmuş-ykdysady şertlere ornaşdyrmagyň ugurlaryny her döwlet öz milli bähbitlerinden ugur alyp, özüçe kesgitleýär. Bu ugurlar şol döwletleriň milli strategiýalarynda, maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar.

Dünýäniň köp ýurtlarynda ykdysadyýeti sanlaşdyrmak bilen baglanyşykly iri taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylmagy we bu ösüş meýliniň häzirki döwürde hem saklanyp galmagy ykdysady öňegidişligi üpjün etmekde, şeýle-de, gündelik durmuşymyzda oňaýly şertleriň birnäçesini döretmekde sanly maglumatlaryň ähmiýetiniň ýokarydygyndan habar berýär. Häzirki döwürde dünýäniň 15 döwletinde ykdysadyýeti sanlaşdyrmak boýunça dürli milli maksatnamalar durmuşa geçirilip, Hytaý, Singapur, Täze Zelandiýa, Koreýa Respublikasy ýaly döwletler bu ugurda öňdebaryjy orunlary eýeleýän ýurtlardyr. Bu ýurtlarda sanly maksatnamalary durmuşa geçirmekde döwletiň esasy orun eýeleýändigi aýratyn bellärliklidir. Şunda bu işlere hususyýetçileriň çekilmegi köp babatda onuň üstünlikli bolmagynyň baş şerti hasaplanýar. Muňa başgaça, «sanly hususylaşdyrmak» diýilýär. Ykdysady ulgamy sanlaşdyrmak meselelerine goşulyşmak bilen döwlet, ilkinji nobatda, bu möhüm ulgama gatnaşyjylary sanly geljege iterýär.

Bu ugurda toplanan daşary ýurt tejribesiniň öwrenilmegi sanly ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny her döwletiň kesgitleýändigi barada netijä gelmäge mümkinçilik döredýär. Daşary ýurt tejribesinden görnüşi ýaly, ykdysadyýeti sanlaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň maksatlaryny, wezipelerini we garaşylýan netijeleri kesgitlemek, kadalaşdyryjy hukuk namalar arkaly bu işe gatnaşyjylaryň işini sazlaşdyrmak wezipesi döwletiň paýyna düşýär. Mundan başga-da, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň sanlaşdyrylmagyna ýardam bermek maksady bilen döwlet höweslendirme çäreleriň toplumyny hem işläp taýýarlaýar.

Ykdysadyýetine sanly maglumatlary giňden ornaşdyrýan Hytaý döwletinde internet torunyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga itergi berýän «Internet+» maksatnamasy durmuşa geçirilýän bolsa, Singapurda hyzmatlar bazarynyň ösmegine güýçli itergi berýän intellektual tehnologiýalaryň ulanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şeýle çemeleşme sanly maglumatlara daýanýan ykdysadyýetiň «Akylly ykdysadyýet» diýlip atlandyrylmagyna esas döreden şertlerdir. Koreýa Respublikasynda adam maýasynyň we telekeçiligiň ösüşine hem-de maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň gazananlarynyň ýaýradylmagyna gönükdirilen, köplenç ýagdaýda adamyň döredijilik ukybyna daýanýan «Kreatiw ykdysadyýet» diýlip atlandyrylýan maksatnamalara üns berilýän bolsa, Daniýada döwlet sektorynyň sanlaşdyrylmagy ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendir.

Häzirki döwürde Singapur sanly hususylaşdyrmagy üstünlikli durmuşa geçirýän ýurtlaryň biri hasaplanýar. 2014-nji ýyldan bäri bu ýurtda döwletiň başlangyjy bilen «Smart Nation», ýagny türkmen diline terjime edilende «Akylly Millet» diýen manyny berýän konsepsiýa öňe sürüldi. Ony işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek üçin işewürleriň we degişli bilermenleriň tagallalarynyň birleşdirilendigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Bu konsepsiýa, ilkinji nobatda, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilip, ol raýatlaryň gündelik durmuşynyn sanlaşdyrylmagyny maksat edinýär. Şunda «Akylly şäheri» gurmakda milli sensor toruny ulanmaklyga aýratyn ähmiýet berilýär. Öňde duran wezipeleriň hersini çözmek üçin potratçyny saýlap almak maksady bilen, bäsleşikleriň yglan edilmegi sanlaşdyrmak bilen bagly işlere diňe bir iri işewürleriň däl, eýsem, kiçi we orta telekeçiligiň çekilmegine hem güýçli itergi berýär. Häzirki döwürde bu ýurtda sanly ulgamy ösdürmek boýunça baglaşylan şertnamalaryň ýarysyndan gowragynyň kiçi we orta telekeçiligiň wekillerinden ybarat bolmagy munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde Daniýa hem döwlet edaralarynyň sanlaşdyrylmagyna uly ähmiýet berýän ýurduň nusgasyny görkezýär. Her bir raýat we her bir işewür üçin ýeke-täk penjire programma üpjünçilikli web sahypasynyň döredilmegi bu işleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam berýär. Hut şeýle ýeke-täk penjireler arkaly-da hakyky wagt tertibinde döwlet edaralary bilen aragatnaşyk saklanylýar. 2015-nji ýyldan başlap hökmany suratda diňe internet arkaly iş salyşmak ýola goýlandyr. Ýurtda bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyna itergi beren şertler hökmünde şulary görkezmek bolar: birinjiden, Daniýada şahsyýeti anyklaýyş Digital ID kart ulgamynyň işiniň giňden ýola goýulmagy öý-hojalyklaryň 95 göteriminden gowragynyň internet torundan peýdalanmagyna şert döretmek bilen, bu maglumatlar elektron hyzmatlaryň ilat üçin elýeterliliginiň ýokary derejesine hem şaýatlyk edýär; ikinjiden, döwlet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň bitewi tora birikdirilmegi ýurtda sanlaşdyrmak işini netijeli guramaga we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik beren sebäpler hasaplanýar.

Daniýa işewürlik ulgamyny sanlaşdyrmak üçin hem uly tagallalary amala aşyrýan döwletdir. Internet torunyň döredýän mümkinçilikleriniň giňden ulanylmagy işewürlik ulgamynyň işine hem öz täsirini ýetirdi. Diňe bir aragatnaşyk saklamak üçin däl, eýsem, salgyt tölemek, hasabat bermek işinde-de internet tory ençeme ýeňillikleri döredýär. Elektron görnüşde resminamalary ugratmak we kabul etmek üçin 1-5 minut aralygyndaky örän az wagt sarp edilýär. Kagyz göterijide resminamalar ugradylanda birnäçe günüň sarp edilýändigini nazara alsak, onda sanly ulgamyň döredýän amatlyklarynyň köpdügine göz ýetirmek bolýar. Bu ýurduň statistik maglumatlaryna görä, döwlet edaralaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy döwlet býujetiniň 10-12 göterim tygşytlanmagyna mümkinçilik berdi. Bu anyk netijeler sanlaşdyrmak bilen bagly işleriň ýurduň şu günki we geljekki ösüşi üçin ykdysady taýdan bähbitli bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da, bu oňyn netijeler öz-özüni iş bilen üpjün edýän ilatyň sanynyň artmagyna, täzeçil pikirlenmegi başarýan ýaş telekeçileriň täze nesliniň kemala gelmegine, jemgyýetde oýlap tapmak we täze ideýalary hödürlemek işiniň giňden ýaýramagyna ýardam berýändigini görkezýär.

Daşary ýurt tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle-de milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan täze hile geçmegine ýardam berýär.

(Dowamy bar)



Maýagözel Babaýewa,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory bölüminiň
baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.


13.03.2019 - «Galkynyş» gazeti