Täzelikler

«SagLyk — 2019» atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylara

20.07.2019
1563566174
Hormatly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Saglyk...

Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň pudaklaýyn geňeşiniň mejlisi geçirildi

19.07.2019
1563564153
Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň XXIX m...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

GDA gatnaşyjy döwletleriň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylara

19.07.2019
1563481421
Hormatly mejlise gatnaşyjylar! Gadyrly dostlar, eziz myhmanlar! Hanymlar we jenaplar! Sizi Berkarar döwletim...

Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde: “Mollagara” şypahanasy

17.07.2019
1563385561
Şu günler Türkmenistanyň iň gadymy şypahanalarynyň biri — «Mollagara» şypahanasy öz täze taryhynyň nobatdaky senesini...

Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde «Berzeňňi» şypahanasy

15.07.2019
1563222881
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan şypahana-dynç alyş ulgamyna horm...
  • Image
  • Image
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş wagtyny kitap ýazmaga bagyşlady

15.07.2019
1563223124
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadynyň ilkinji gününde döredijilik bilen meşgullan...

Howanyň üýtgemegi şertlerinde hojalygy ýöretmegiň ugurlary: integrirlenen çemeleşme

14.07.2019
1563123612
Aşgabatda ýerden we suwdan peýdalanmak boýunça uýgunlaşma çäreleriniň milli ösüş strategiýasyna hem-de olary maliýele...

Türkmenistanyň daşary syýasaty — Durnukly ösüş maksatlary ýolunda parahatçylyk söýüjilik strategiýasy

12.07.2019
1562959185
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn döwlet syýasaty netijesinde, Türkmenistan hemişelik Bitaraply...



HALKARA ZÄHMET GURAMASY: ÝÜZ ÝYLLYK TEJRIBE WE TÜRKMENISTAN BILEN NETIJELI HYZMATDAŞLYK


Image

Türkmenistan we BMG

Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Ählumumy gün tertibiniň durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak, sebit we dünýä ähmiýetli taslamalary işjeň durmuşa geçirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde ösdürilýän giň halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Bagtyýarlyk döwrümizde Birleşen Milletler Guramasy hem-de bu guramanyň abraýly edaralary bolan Halkara zähmet guramasy, Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy we beýleki edaralary hem düzüm birlikleri bilen netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. Türkmenistan döwletimiziň 2018-2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň hem-de 2019-2021-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna, 2017-2020-nji ýyllar üçin Ösüşiň bähbidine ylym we tehnika boýunça komissiýasyna, 2016–2020-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna, 2017–2021-nji ýyllar üçin Durmuş ösüşi boýunça komissiýasyna, 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň Statusy boýunça komissiýa saýlanylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Alyp barýan işlerinde durmuş adalatlylygy we ynsanperwerligi, parahatçylygy üpjün etmekligi esasy ýörelge edinen hem-de 2019-njy ýylda döredilmeginiň 100 ýyllygyny belleýän BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň biri bolan Halkara zähmet guramasy (HZG) bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy bu günki gün täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şu nukdaýnazardan HZG-niň döredilmeginiň taryhy, dünýä syýasatynda orny, alyp barýan işiniň aýratynlyklary, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy barada giňişleýin belläp geçmek zerurdyr.

Durmuş abadançylygynyň hatyrasyna dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň birleşmesi

Bilşimiz ýaly, Halkara zähmet guramasy BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy hökmünde zähmet gatnaşyklaryny we durmuş üpjünçilik meselelerini düzgünleşdirýän köptaraplaýyn halkara guramasydyr. Häzirki wagtda dünýäniň 187 döwleti Halkara zähmet guramasynyň agzasydyr. 1920-nji ýyldan bäri bu halkara guramasynyň edara binasy Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde ýerleşýär.

Halkara zähmet guramasyny döretmek baradaky başlangyçlar öz gözbaşyny XIX asyrdan alyp gaýdýar. Bu döwürde Ýewropada we Demirgazyk Amerika sebitinde ykdysady ösüşiň depgininiň ýokarlanmagyna oňaýly täsir eden senagat öwrülişigi ýüze çykypdy. Halkara zähmet kanunçylygyny kabul etmek baradaky pikirleriň XIX asyryň başlarynda senagat ösüşinde zähmet çykdajylarynyň ykdysady häsiýeti we ahlak aýratynlyklary bilen bagly ýüze çykandygy aýratyn bellärliklidir.

HZG-niň döredilmegini şertlendiren sebäpler hökmünde şol döwürlerde kemala gelen syýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýlary görkezmek bolar. Munuň özi XIX asyryň ikinji ýarymynda we XX asyryň başlarynda Ýewropa ýurtlarynda bolup geçen öwrülişikleriň netijesinde syýasy üýtgeşmeleriň ýüze çykmagy dünýäde halklaryň arasynda parahatçylygy hem durmuş adalatlylygyny goldaýan halkara guramany döretmeklige itergi berdi. Galyberse-de,şol döwürlerde zähmet çekýän adamlaryň oňaýsyz zähmet we ýaşaýyş-durmuş şertleri, ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň pes derejesi, ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşiniň alnyp barylýan durmuş syýasaty bilen gabat gelmezligi çylşyrymly durmuş meselelerini çözmäge ýardam berýän, döwlet bilen işgärleriň we iş berijileriň arasyndaky gatnaşyklarda bähbitleri utgaşdyrýan halkara guramasynyň ýüze çykmagyny şertlendirdi.

Halkara zähmet guramasy 1919-njy ýylda Wersal parahatçylyk şertnamasynyň esasynda Milletler Ligasynyň ýanynda özbaşdak gurama hökmünde döredildi.

HZG-niň Düzgünnamasy Parahatçylyk konferensiýasynyň zähmet boýunça Topary tarapyndan işlenip düzülýär hem-de Wersal parahatçylyk şertnamasynyň XIII böleginde beýan edilýär. Ilkinji Halkara zähmet konferensiýasy 1919-njy ýylyň oktýabrynda ABŞ-nyň Waşington şäherinde guralýar. Soňra guramanyň işini kämilleşdirmek we ygtyýarlyklaryny giňeltmek maksady bilen, onuň Düzgünnamasyna dürli ýyllarda üýtgetmeler girizilýär.

Üçtaraplaýyn durmuş hyzmatdaşlygyň nusgasy

Halkara zähmet guramasynyň Düzgünnamasynyň 2-nji maddasyna laýyklykda, HZG-niň esasy edaralary Halkara zähmet konferensiýasy (HZK), Administratiw geňeş we Sekretariat – Halkara zähmet býurosydyr. HZG-niň edaralarynda üçtaraplaýyn düzümiň, ýagny: 1) hökümetiň; 2) iş berijileriň we 3) işgärleriň wekilçiliginiň bolmagy bu guramanyň esasy aýratynlygy bolup durýar. HZG-ni döredijileriň pikiri boýunça, bu aýratynlygyň oňaýly tarapy hökümetleriň kömegi bilen iş berijileriň we işgärleriň arasyndaky gepleşiklere ýardam etmekden ybaratdyr.

Halkara zähmet konferensiýasy (HZK) guramanyň umumy syýasatyny kesgitleýän, durmuş-zähmet meseleleri we halkara zähmet kadalary boýunça umumy garaýyşlaryň ara alnyp maslahatlaşylýan bütindünýä forumydyr. Her iki ýyldan Konferensiýa HZG-niň işiniň iki ýyllyk maksatnamasyny kabul edýär we býujetini tassyklaýar. HZG-niň Düzgünnamasynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, HZK zähmetiň dürli meseleleri boýunça konwensiýalary we teklipleri işläp taýýarlaýar, HZG-niň ratifisirlenen konwensiýalar boýunça döwletleriň hasabatlaryna seredýär, konwensiýalaryň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar.

Administratiw Geňeş HZG-niň ýerine ýetiriji edarasydyr. HZK-niň mejlisleriniň arasynda Guramanyň işine Konferensiýa tarapyndan üç ýyl möhlet bilen saýlanýan Administratiw Geňeş ýolbaşçylyk edýär. Bu düzüm guramanyň işi bilen baglanyşykly çözgütleriň ýerine ýetirilişiniň tertbini kesgitleýär.

Halkara zähmet býurosy (HZB) HZG-niň hemişelik sekretariaty hökmünde maslahatlaryň we mejlisleriň dowamynda peýdalanylýan resminamalary hem-de hasabatlary taýýarlamak bilen meşgullanýar. HZB-niň işine 5 ýyllyk möhlet bilen saýlanýan baş direktor ýolbaşçylyk edýär. Dolandyryş meselelerinde Býuronyň sebit edaralaryna aýratyn ygtyýarlyk berilýär. Sebit edaralary tarapyndan HZG-niň agzalary bolan döwletler üçin zähmetiň howpsuzlygy, zähmet gatnaşyklary, iş bilen üpjünçilik, hünär taýýarlygy meseleleri boýunça yzygiderli sebitleýin duşuşyklar guralýar. Esasy edaralardan başga-da, HZG-niň kömekçi edaralary, komitetleri we komissiýalary hem bardyr.

1946-njy ýylda BMG-niň we HZG-niň arasynda hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekildi. Şeýlelikde, HZG BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasynyň statusyny alan ilkinji halkara gurama boldy. Ylalaşyk 1946-njy ýylyň 14-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan makullandy, onuň teksti bolsa soňky ylalaşyklaryň köpüsiniň esasynda goýuldy.

HZG adamlary mynasyp iş orunlary bilen üpjün etmek arkaly mynasyp zähmetiň gazanylmagy, hemmeleriň deň şertlerde iş bilen üpjün edilmeginiň hem-de jemgyýetiň durmuş taýdan goraglylygyny kämilleşdirmegiň hasabyna durmuş adalatlylygynyň berkarar edilmegi ugrunda çykyş edýär. Bu başlangyç parahatçylygyň, jemgyýetde asudalygyň hem bagtyýar durmuşyň üpjün edilmeginiň möhüm şerti hökmünde häsiýetlendirilýär. 1969-njy ýylda bolsa dünýäde parahatçylygy goramakdaky hyzmaty üçin, şeýle hem HZG-niň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli bu gurama halkara Nobel baýragy bilen sylaglanyldy. Munuň özi HZG-niň alyp barýan işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.

Abadançylygyň we ösüşiň hatyrasyna kada döredijilik işi

BMG-niň ýöriteleşdirilen bu halkara guramasy häzirki wagtda durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermek, adamlaryň maddy-hal ýagdaýyny ýokarlandyrmak we zähmet şertlerini gowulandyrmak, adamyň hukuklaryny goramak ýaly maksatlara aýratyn üns berýär. Bu maksatlar zähmet çygrynda hukuklary we binýatlyk ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmak; mynasyp iş bilen üpjünçiligi gazanmak üçin aýallaryň we erkekleriň mümkinçiliklerini giňeltmek; durmuş üpjünçiliginiň netijeliligi we hemmeleri gurşap almagy; üçtaraplaýyn gepleşikleri we durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly, strategik wezipeleriň durmuşa geçirilmegi bilen amala aşyrylýar hem-de HZG-niň halkara resminamalarynda aýratyn kesgitlenilýär.

Döredilen ilkinji gününden başlap, konwensiýalar, teklipler we ýerine ýetirilmeli düzgünleriň ýygyndylary görnüşinde halkara zähmet kadalaryny döretmegiň esasynda işgärleriň hukuklaryny kesgitlemek we goramak, zähmet çekýänleriň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak HZG-niň möhüm maksatlarynyň birine öwrüldi. HZG zähmet bilen bagly Konwensiýalary we Teklipleri kabul edýär. Häzirki wagta çenli HZG tarapyndan 189 sany Konwensiýa we 205 sany Teklip kabul edildi. HZG-niň Konwensiýalary we Teklipleri özara baglanyşykly resminamalardyr we olar biri-biriniň üstüni ýetirýärler. Bir tarapdan, haçan-da belli meseleler boýunça konwensiýanyň kabul edilmegi mümkin bolmadyk ýagdaýynda Teklipler özbaşdak resminamalar hökmünde çykyş edýärler. Beýleki bir tarapdan, Teklipler HZG-niň geljekki konwensiýalaryny işläp düzmek üçin esas bolup hyzmat edýärler. Mundan başga-da, HZG tarapyndan kabul edilýän ýene-de bir resminama Jarnamadyr. Häzirki wagta çenli bu halkara gurama tarapyndan üç sany möhüm Jarnama kabul edildi.

1944-nji ýylda ABŞ-nyň Filadelfiýa şäherinde geçirilen Halkara zähmet konferensiýasynda Halkara zähmet guramasynyň umumy maksatlaryny we wezipelerini kesgitleýän Filadelfiýa Jarnamasy kabul edildi. Bu Jarnama HZG-niň Düzgünnamasynyň möhüm düzüm bölegine öwrüldi. Mundan başga-da, 1998-nji ýylda HZG-niň ýene bir Jarnamasynyň kabul edilmegi bilen, bileleşme erkinligi we köpçülikleýin gepleşikleriň geçirilmegine bolan hukuk; zähmet gatnaşyklarynda kemsidilmeleriň gadagan edilmegi; mejbury zähmeti ýok etmek; çaganyň zähmetini ulanmagy gadagan etmek ýaly zähmet çygrynda 4 sany esasy ýörelge bu guramanyň Düzgünnamasyna girizildi.

Türkmenistan we HZG: konwensiýalar we milli kanunçylyk

Türkmenistan HZG-niň doly hukukly agzasy hökmünde bu Guramanyň binýatlyk konwensiýalarynyň ählisine goşuldy. Bilşimiz ýaly, ýurdumyz 1993-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda HZG-niň agzasy boldy we şol wagtdan bäri hem BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygyny üstünlikli ösdürip gelýär. Häzirki wagta çenli döwletimiz HZG-niň 9 sany Konwensiýasyna goşuldy.

Türkmenistan konwensiýalardan gelip çykýan borçnamalara ygrarly bolup, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksinde, Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde, «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň kanunynda we beýleki kanunçylyk namalarda HZG-niň konwensiýalaryndan gelip çykýan ýörelgeler beýan edildi.

Durmuş syýasatynyň zähmet gatnaşyklary bilen utgaşykly ösdürilmeginde aýratyn many bar. Çünki zähmet gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrýar, ilatyň iş üpjünçilik meselesiniň çözülmegine ýardam berýär. Şu nukdaýnazardan HZG-niň üçtaraplaýynlyk ýörelgesiniň milli kanunçylyga ornaşdyrylýandygynyň subutnamasy hökmünde 2018-nji ýylyň oktýabrynda täze kabul edilen «Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny görkezmek bolar. 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilen bu Kanun durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topary döretmegiň hem-de onuň işiniň hukuk esaslaryny kesgitleýär. Munuň özi HZG-niň konwensiýalaryndan gelip çykýan ýörelgelere ýurdumyzyň ygrarlydygyny ýene-de bir gezek subut etdi.

Ýaňy-ýakynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edilip, onda köpugurly özgertmelerini amala aşyrmagyň, halk hojalygynyň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyrylyşynyň ähli ulgamlaryny düzüm taýdan mundan beýläk-de täzeden guramagyň ugurlary bilen bir hatarda, çaklanylýan geljek orta möhlet üçin zähmet, ilatyň iş bilen üpjünçiligi, durmuş üpjünçiligi çygrynda kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, ilaty durmuş taýdan goramagyň ulgamyna täze usullaryň girizilmegi, zähmet bilen baglanyşykly ulgamy dolandyrmagyň täze ugurlarynyň döredilmegi, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýaly, ulgamlaýyn meseleleriň üstünde işlenilmegi göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatyndan ugur alyp, mynasyp zähmet ýörelgesini ýokary derejede durmuşa geçirmek maksady bilen «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň Türkmenistanda doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin 2017-2020-nji ýyllarda amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasy», «Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» we beýleki degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary HZG-niň konwensiýalaryndan gelip çykýan wezipeleriň öz beýanyny tapandygyny bellemek möhümdir.

Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk

Görşümiz ýaly, HZG bilen hyzmatdaşlygyň 26 ýylynyň içinde şeýle oňyn netijeleriň gazanylmagy Türkmenistan bilen HZG-niň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilýändigini aňladýar. Hususan-da, zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilatyň durmuş taýdan goraglylygy çygrynda halkara kadalarynyň ornaşdyrylmagy, durmuş pudagynyň dünýä derejesine çykarylmagy, üçtaraplaýyn durmuş hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi HZG bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarýar hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini we ugurlaryny kemala getirýär. Ählumumy gün tertibiniň durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak şeýle ugurlaryň biridir. Çünki Durnukly ösüşiň maksatlary, aýratyn hem HZG-niň alyp barýan işiniň ugruna laýyk gelýän 8-nji maksady - «Barha ilerleýän, hemme zady öz içine alýan we durnukly ykdysady ösüşe, hemmeleriň önümçilikde meşgul bolmaklygyna hem-de mynasyp işde işlemegine ýardam bermek» boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler guwandyryjydyr. Bu barada alym Arkadagymyz «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda şeýle belleýär: «Netijeli iş bilen üpjünçilik döwletiň ykdysady we durmuş ösüşine düýpli goşandyny goşýar. Iş bilen üpjünçilik her bir adamyň maddy halýagdaýynyň ýokarlanmagynda ýerine ýetirýän möhüm wezipesinden başga­da, köp durmuş meseleleriniň çözgüdiniň, ykdysadyýetiň önümçiliginiň ösüşiniň we ilatyň durmuş goraglylygynyň berkemeginiň kepili bolup durýar. Şeýlelikde, doly we öndürijilikli iş bilen üpjünçilik durnukly ykdysady ösüşi gazanmaga mümkinçilik berýär». Bu ugurda ýurdumyzda alnyp barylýan işler her bir döwlet üçin nusga alarlyklydyr. Mysal üçin, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75-80 göterimi her ýyl durmuş maksatly ugra gönükdirilýär. Her ýyl zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary döwlet derejesinde yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Ösüşiň hil taýdan täze tapgyry

Döwlet ösüşiniň häzirki tapgyrynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge hem möhüm ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler we wezipeler kesgitlenildi. Munuň özi bazar gatnaşyklarynda bäsdeşlige ukyply täze gurallaryň, täze harytlaryň we hyzmatlaryň döremegine, elektron işewürligiň ösmegine, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňemegine, innowasion ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam berer. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ösüşini tizleşdirmek we ilata edilýän hyzmatlary ýeňilleşdirmek maksady bilen, ähli hyzmatlar bilen bir hatarda, ilaty durmuş taýdan goramak, iş bilen üpjünçilik boýunça hyzmatlary hem döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan sanly ykdysadyýete we elektron döwlet dolandyryşyna geçmekligi durmuşa geçirmek ugrunda ministrligiň ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, ilata hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şu nukdaýnazardan ministrligiň internet saýtynda boş iş orunlary, şeýle hem iş gözleýänler baradaky maglumatlary özünde jemleýän täze portalyň işi synagdan geçirildi. Bu portalyň üsti bilen geljekde iş gözleýän raýatlar bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlar bilen tiz wagtda tanyşmak, iş berijiler bolsa, gerekli hünärmen baradaky maglumatlary öwrenmek we saýlamak mümkinçiligine eýe bolarlar. Munuň özi sanly ulgam arkaly ýurdumyzda zähmet serişdeleriniň netijeli paýlanylmagyny üpjün etmäge ýardam berer hem-de zähmete ukyply raýatlaryň işe ýerleşmek mümkinçiliklerini has-da giňelder.

Umuman, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna Türkmenistanyň halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi halkymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilendir. Şeýle işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!


Türkmenistanyň Zähmet we ilaty
durmuş taýdan goramak ministrligi



26.03.2019 - «Türkmenistan» gazeti