Täzelikler

«SagLyk — 2019» atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylara

20.07.2019
1563566174
Hormatly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Saglyk...

Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň pudaklaýyn geňeşiniň mejlisi geçirildi

19.07.2019
1563564153
Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň XXIX m...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

GDA gatnaşyjy döwletleriň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylara

19.07.2019
1563481421
Hormatly mejlise gatnaşyjylar! Gadyrly dostlar, eziz myhmanlar! Hanymlar we jenaplar! Sizi Berkarar döwletim...

Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde: “Mollagara” şypahanasy

17.07.2019
1563385561
Şu günler Türkmenistanyň iň gadymy şypahanalarynyň biri — «Mollagara» şypahanasy öz täze taryhynyň nobatdaky senesini...

Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde «Berzeňňi» şypahanasy

15.07.2019
1563222881
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan şypahana-dynç alyş ulgamyna horm...
  • Image
  • Image
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş wagtyny kitap ýazmaga bagyşlady

15.07.2019
1563223124
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadynyň ilkinji gününde döredijilik bilen meşgullan...

Howanyň üýtgemegi şertlerinde hojalygy ýöretmegiň ugurlary: integrirlenen çemeleşme

14.07.2019
1563123612
Aşgabatda ýerden we suwdan peýdalanmak boýunça uýgunlaşma çäreleriniň milli ösüş strategiýasyna hem-de olary maliýele...

Türkmenistanyň daşary syýasaty — Durnukly ösüş maksatlary ýolunda parahatçylyk söýüjilik strategiýasy

12.07.2019
1562959185
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn döwlet syýasaty netijesinde, Türkmenistan hemişelik Bitaraply...



ILATYŇ IŞ BILEN ÜPJÜNÇILIGINDE SANLY HYZMATLAR


Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 29-njy martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi internet saýtynyň Türkmenistanyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi sahypasynyň işi bilen ýakyndan tanyşdyryldy. Ýurdumyzda iş üpjünçilik ulgamynyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek wezipesinden ugur alýan bu sanly hyzmat iş berijiler bilen iş gözleýänleriň arasynda dessin gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, netijede, ilata elektron görnüşde berilýän döwlet hyzmatlaryny çalt depginde ösdürmäge ýardam berýär.

Öz milli ykdysadyýetlerini ösdürmek üçin täze çeşmeleri gözlemek, innowasion serişdelerden peýdalanmak we ulanylman duran mümkinçilikleri durmuşa geçirmek boýunça işlere aýratyn ähmiýet bermek barha ählumumylaşýan dünýäniň ähli ýurtlary üçin ähmiýetlidir. Şunuň bilen baglylykda, bazar ykdysadyýeti şertlerinde maglumat-aragatnaşyk hem sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy döwletiň dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşmagyny çaltlandyrýar şertleriň biri bolup, ol ykdysady ösüşiň innowasion ugruny üpjün edýän esasy strategik serişde hökmünde hem kabul edilýär. Şunda maglumat-aragatnaşyk hem sanly tehnologiýalary ösdürmegiň ýurtda maglumat jemgyýetini kemala getirmäge, ilatyň, işewürligiň we döwletiň maglumat gatnaşyklarynyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigi aýratyn bellärliklidir. Hususan-da, internet ulgamynyň peýdalanylmagy ykdysadyýetiň ösüşine täsirini ýetirmek bilen, zähmetiň netijeliligini we bäsleşige ukyplylygyny ösdürýär. Şol bir wagtda bu ulgamyň ösdürilmegi ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda täze mümkinçilikleri açýar, maýa goýumlaryň ykdysadyýetiň pudaklaryna paýlanyşy, bilimleriň ösdürilişi, döwletiň we jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklar täze derejelere çykarylýar.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda dünýä ykdysadyýetinde bolup geçen özgertmeler iş üpjünçiligi meselesiniň ählumumy meselä öwrülmegine getirdi. Bu hadysa ýurduň ykdysady ösüşiniň häzirki zaman ýagdaýyny häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijileriň biri bolup, ol abadan durmuşyň baş şertini emele getirýär. Häzirki döwürde döwlet syýasatynda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmäge möhüm ornuň berilmegi ýurdumyzyň öşüşini mundan beýläk-de üpjün etmekde onuň durmuş we ykdysady ähmiýetiniň ýokarydygyny görkezýär. Häzirki döwürde «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015 – 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda», «Maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň Türkmenistanda doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin 2017 – 2020-nji ýyllarda amala aşyrylmaly çäreleriň Meýilnamasynda», «Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018 – 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» we beýleki degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulýan çäreleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda iş üpjünçilik çygrynda özgertmeleriň amala aşyrylmagyna, bu ugurda anyk netijeleriň gazanylmagyna şert döredýär.

Döwlet berkararlygynyň pugtalandyrylýan häzirki döwründe bäsleşige ukyply, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny özünde jemleýän ulgamlary döretmek hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk hem ösdürmek syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Şunda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler we wezipeler kesgitlenildi. Aýratyn hem pudaklaryň sanly ulgama geçmegi elektron resminamalar dolanyşygyny ýola goýmaklygy, döwletiň içki gurluşlarynyň özara gatnaşyklaryny – G2G (Government to government – hökümet bilen hökümet), raýat bilen özara gatnaşyklaryny – G2C (government to citizen – hökmet bilen müşderi), işewürlik bilen özara gatnaşyklaryny – G2B (government to business – hökümet bilen işewürlik) öz içine alýar.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ösüşini tizleşdirmek we ilata edilýän hyzmatlary ýeňilleşdirmek maksady bilen, ähli hyzmatlar bilen bir hatarda ilaty durmuş taýdan goramak, iş bilen üpjünçilik boýunça hyzmatlary hem döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek wajyp bolup durýar. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan sanly ykdysadyýete we döwlet dolandyryşyna geçmekligi durmuşa geçirmek ugrunda ministrligiň ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, ilata hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ministrligiň resmi internet saýtynda boş iş orunlary, şeýle hem iş gözleýänler baradaky maglumatlary özünde jemleýän täze bölümiň açylmagy zähmet bazarynyň subýektleriniň arasyndaky gatnaşyklary sazlaşdyrmak ugrunda ädilen ýene-de bir möhüm ädimdir. Bu bölümiň üsti bilen iş gözleýän raýatlar bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlar bilen tiz wagtda tanyşmak, iş berijiler bolsa gerekli hünärmen baradaky maglumatlary öwrenmek we saýlamak mümkinçiligine eýe bolarlar. Munuň özi sanly ulgam arkaly ýurdumyzda zähmet serişdeleriniň netijeli paýlanylmagyny üpjün etmäge ýardam berer hem-de zähmete ukyply raýatlaryň işe ýerleşmek mümkinçiliklerini has-da giňelder.

Türkmenistanyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi (TIIBÜ) sahypasynyň hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin iş gözleýänler we iş berijiler üçin zerur şertler kesgitlenendir. Bellige alnan elektron bukjagynyň (e-mail) bolmagy, sahypada iş gözleýän hökmünde hasaba durmagy, şeýle-de, «Şahsy otagy» işjeňleşdirmek üçin hasaba durlanda görkezilen elektron salga TIIBÜ sahypasy tarapyndan iberilen salgylanma geçmegi iş gözleýäne sahypanyň hyzmatyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Iş berijiniň bu sahypanyň hyzmatyndan peýdalanmagy üçin ýerli iş bilen üpjünçilik gulluklaryna ýüz tutmagy, ýagny bu bölümlerde hasaba alynmagy möhüm şertleriň biridir. Hususan-da, iş berijiniň özi tarapyndan bar bolan boş iş orunlary, işgärlere bolan zerurlygy baradaky maglumatlaryň täze sahypa ýerleşdirilmegi bu maglumatlar babatynda olaryň jogapkärçiliginiň artdyrylmagyna mümkinçilik berýär. Bu şertleriň ýerine ýetirilmegi, ahyrky netijede, iş gözleýänler we iş berijiler tarapyndan ýerleşdirilýän maglumatlaryň dogrulygyny we dürslügini üpjün edýär.

Mundan başga-da, döwletimizde sanly ykdysadyýete geçmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işleri we wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ministrlikde elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmak, ilatyň iş bilen üpjünçiligi boýunça täze programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň işiniň ähli ugurlary boýunça programma üpjünçiligini kämilleşdirmek we ulgamyň mümkinçiliklerini giňeltmek meýilleşdirilýär.



Batyr Gurbannazarow,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirligi.


02.04.2019 - «Türkmenistan» gazeti