Täzelikler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagyň öň hatarynda

22.08.2019
1566500389
Häzirki döwürde ýurdumyzyň dokma pudagy diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyn...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: ekologiýa hakynda alada - ýurduň we halkyň geljegi hakynda alada

21.08.2019
1566410545
2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýa...
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumyndaky özgertmeleri - azyk bolçulygynyň binýady

20.08.2019
1566330917
Obasenagat toplumynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barý...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

19.08.2019
1566242988
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ob...

Milli ýygyndy toparlarymyzyň hasabynda iki altyn medal

17.08.2019
1566152499
17-nji awgustda Daşkentde ýeňil atletika boýunça Özbegistanyň kubogyny almak ugrunda açyk halkara ýaryşy badalga aldy...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16.08.2019
1565979644
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar strategiýasy – dünýä metbugatynyň sahypalarynda

14.08.2019
1565810659
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Hazaryň türkmen kenaryndaky "Awaza" milli syý...

Birinji Hazar ykdysady forumynyň taryhy ähmiýeti

13.08.2019
1565726993
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň täzeçil syýasaty durmuşa geçirmegi netijesinde Türkmenistan ...



SANLY YKDYSADYÝET – ROWAÇLYGA TARAP


Image

Durmuş-ykdysady gurşawyň çalt özgerýän häzirki şertlerinde dürli ulgamlara sanly maglumatlaryň giňden ornaşdyrylmagy jemgyýetiň, galyberse-de tutuş ýurduň özgermegine getirýär. Şunuň bilen baglylykda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalara maýa goýmak işiniň döwletiň şu günki we geljekki ösüşine maýa goýmagy aňladýandygy barada netije çykarmak bolýar. Hususan-da, sanly tehnologiýalara daýanyp, ösüşiň täze tapgyryna geçmegiň ýollary, usullary dogry kesgitlenende onuň ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagyna goşmaça itergi berýändigini, netijede, girdeji getirýändigini köp döwletleriň tejribesi görkezýär.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň birnäçesinde toplanan tejribäni öwrenmek bilen Bütindünýä bankynyň bilermenleriniň gelen netijeleri ykdysadyýetiň bu görnüşiniň ykdysady öňe- gidişligi gazanmakda, jemgyýetçilik aňyny özgertmekde ähmiýetiniň uludygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Has takygy, bilermenleriň berýän bahalaryna görä, ýurtda sanly düzümleriň döredilmegi milli ösüşde aşakdaky artykmaçlyklaryň gazanylmagyna ýardam berýär: birinjiden, jemi içerki önümiň artmagy. Ýagny, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň ösmegine gönükdirilýän jemi maýa goýumlaryň möçberi 10 göterim artdyrylanda, jan başyna düşýän jemi içerki önüm 0,6 göterim ýokarlanýar. Bu maglumatlar sanly ulgamy ösdürmäge niýetlenen maýa goýumlaryň netijeliliginiň ýokary derejesini görkezmek bilen, ol ykdysady ösüşi üpjün etmekde maýa goýumlaryň işjeň gural bolup durýandygyny aňryýany bilen subut edýär. Şeýle-de, ol maýa goýum syýasatynyň strategik ugurlary dogry kesgitlenende, ýurtda uly göwrümli durmuş-ykdysady utuşyň gazanylmagyna mümkinçilik berýändigini görkezýär.

Ikinjiden, täze iş orunlarynyň döredilmegi. Ilatyň kompýuter sowatlylygy 8 göterim ýokarlanan ýagdaýynda işsizligiň derejesiniň 0,8 göterim peselmegine getirýändigi baradaky maglumatlar sanly gurşawy ösdürmegiň ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmakda ähmiýetiniň uludygyna şaýatlyk edýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi bilen, sanly hyzmatlar bazarynyň geriminiň giňeýändigi we ylmy köp talap edýän önümçilikleriň sanynyň artýandygy durmuşda subut edilen hakykatdyr. Şunda hojalyk gatnaşyklarynda sanly maglumatlaryň ähmiýetiniň barha artmagy netijesinde onuň telekeçiligiň ösmegine hem güýçli itergi berjekdigi öz-özünden düşnükli bolýar. Hut hyrydarlygyň hödürlemäniň ýüze çykmagyna itergi berýän möhüm şertdigini nazara alsak, onda ykdysadyýetiň sanly hyzmatlara bolan islegleriniň artmagy bilen, bu hyzmatlary hödürleýänleriň sanynyň artjakdygy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bazary herekete getirýän bu iki sany ykdysady hadysalaryň arasyndaky arabaglanyşyk sanly hyzmatlar bazarynyň netijeli ösüşini kesgitleýär. Şeýle bitewüligiň üpjün edilmegi ýurtda iş üpjünçilik ulgamynyň gowulanmagy üçin täze mümkinçilikleri açýar, ýagny sanly hyzmatlaryň ösmegi täze iş orunlarynyň döredilmegini şertlendirýär. Iş üpjünçilik ulgamynyň kämilleşdirilmegi ilatyň maddy-hal ýagdaýynyň gowulanmagynda we durmuş abadançylygynyň ýokarlanmagynda öz aýdyň beýanyny tapýar.

Üçünjiden, ilatyň bilim derejesiniň ýokarlanmagy. Häzirki döwürde ösen döwletlerde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň ösmegine uly möçberlerde maýa goýumlaryň gönükdirilýändigi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Şunda maksatlaýyn ulanylýan bu maliýe serişdeleriň 4,6 göteriminiň bilim ulgamynda ulanylýan sanly tehnologiýalaryň kämilleşdirilmegine gönükdirilmegi bilimiň hiliniň ýokarlanmagyna getirýär. Häzirki döwürde ösen ýurtlaryn bilim ulgamlaryny ösdürmekde möhüm ähmiýet berilýän «Ozalky alnan bilimleriň esasynda täze bilimleri döretmek» ýörelgesi şeýle hiliň gazanylmagyna şert döredýär. Ýagny, ylym-bilim adamyň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmagyň netijeli serişdesi bolmak bilen, onuň netijesinde döreýän täzeçil pikirlere we adaty çözgütlere meňzemeýän çemeleşmeler maglumat jemgyýetini ösdürmegiň ygtybarly ýoly hasaplanýar. Bilim ulgamyna gönükdirilýän şu günki 1 amerikan dollary möçberindäki maýa goýumyň ertir 3 - 5 amerikan dollarynda önüm we hyzmatlar görnüşinde yzyna gaýdyp gelýändigi baradaky bilermenler tarapyndan aýratyn nygtalýan anyk netijeler munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda ösüşiň täze hilini gazanmak isleýän ýurtlaryň bilim ulgamynyň ösmegine ähmiýet bermekleri şu sebäpler bilen düşündirilýär.

Dördünjiden, sanly maglumatlaryň depginli ösüşi öňdebaryjy senagat pudaklarynyň işleriniň öňe ilerlemegine itergi berýän möhüm şert hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, bilermenler ýakyn geljekde ilatyň durmuş ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulanmagyna täsir etjek täze sanly ugruň, ýagny serişdeler internetiniň uly ösüşlere eýe boljakdygy baradaky çaklamalary öňe sürýärler. Has takygy, 2025-nji ýyla çenli serişdeler internetiniň önümçilik pudaklarynda giňden ulanyljakdygy we orta möhletde onuň ählumumy ykdysadyýetiň 11 göterimini düzjekdigi çaklanylýar. Şunda soňky döwürde sarp ediş bazarynda uly meşhurlyga eýe bolan «serişdeler interneti» adalgasynyň mazmunyny aýdyňlaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Serişdeler internetinden peýdalanmagyň esasynda uzak aralykdan dolandyryp bolýan «akylly serişdeler» adamlaryň gündelik durmuş hajatlarynyň ýeňilleşdirilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Hususan-da, serişdeler internetiniň kömegi bilen, hojalykda ulagy, elektroenergiýany we suwy ulanmak bilen baglanyşykly hyzmatlaryň amala aşyrylmagynda köp oňaýlyklar döreýär. Bular öz gezeginde sarp edijiniň wagtynyň tygşytlanmagyny, şol bir wagtda olary dolandyrmak üçin sarp edijilerde sanly başarnyklaryň ösdürilmegini, ýagny sanly sowatlylygyň artmagyny şertlendirýär. Soňky döwürde ykdysady taýdan abadançylykly ýurtlarda şeýle serişdelere islegleriň barha artmagy, bir tarapdan, olaryň önümçiliginiň ösüş meýline eýe boljakdygyny, ylmy köp talap edýän önümleriň möçberleriniň artjakdygyny aňladýar. Beýleki tarapdan, «akylly serişdeler» häzirki döwürde ösen döwletlerde oňyn netijelerini berýän we köp döwletler tarapyndan durmuşa geçirilýän sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalarda möhüm orun eýeleýän «Akylly şäher» taslamalarynyň özenini düzýär. Bu aýratynlyklar milli giňişlikde sanly gurşawy döretmek işini özüneçekiji edýän möhüm sebäplerdir.

Mundan başga-da, sanly maglumatlaryň giňden ornaşdyrylmagy jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň döwrebap derejede ösdürilmegine hem öz täsirini ýetirýär. Hususan-da, ýurtlaryň sanly ykdysadyýeti ösdürmek konsepsiýalarynda «Elektron hökümet» diýlip atlandyrylýan ugra köp ünsüň berilmegi ýöne ýerden däldir. Ol ilata elektron görnüşde berilýän döwlet hyzmatlarynyň çalt depginde ösdürilmegine ýardam berýär. Elektron resminamalar dolanyşygynyň ýola goýulmagyny özüne maksat edinýän bu ugruň durmuşa ornaşdyrylmagy oňa gatnaşýan taraplar üçin birnäçe artykmaçlyklary döredýär.

Şeýle hyzmatlary amala aşyrmagyň hökümet üçin bähbitli taraplary hökmünde şulary görkezmek bolar: döwletiň resminama dolanyşygynyň netijeliliginiň gowulanmagy, dolandyryş çykdajylarynyň azalmagy, edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygyň ösmegi we maglumat çalşygynyň güýçli depginde ösdürilmegi, şeýle-de resminama dolanyşygynyň aýdyňlygy.

«Elektron hökümet» sanly ulgamyň işe girizilmegi raýatlar üçin hem köp artykmaçlyklary özünde jemleýär. Sanly tehnologiýalary ulanmagyň netijesinde köpugurly durmuş hyzmatlarynyň berilmegi, ahyrky netijde durmuş abadançylygynyň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Mundan başga-da, demokratik jemgyýete mahsus bolan döwlet hyzmatlarynyň açyklygy we aýdyňlygy hökümetiň halkara keşbiniň gowulanmagyny şertlendirýär. Soňky görkeziji dünýä bileleşiginde ýurduň tutýan ornunyň ygtybarlylygyny üpjün edýär. Galyberse-de, sanly ulgamlary ornaşdyrmagyň hasabyna döredilen şeýle şertler ýurdy daşary ýurt maýadarlary üçin özüneçekiji edýär.

Şeýlelikde, daşary ýurt tejribesinden görnüşi ýaly, sanly özgertmeleriň işjeň durmuşa geçirilmegi, diňe bir ýurduň ykdysady gurbatynyň pugtalanmagyna däl, eýsem, milletiň aň-paýhas derejesiniň artmagyna, adamlaryň dünýägaraýyşlarynyň özgermegine hem getirýändigi bilen ähmiýetlidir. Dünýä bileleşigine amatly goşulyşýan Türkmenistan döwletimiz üçin hem sanly maglumatlara daýanýan ykdysadyýeti ösdürmegiň strategik ähmiýetli wezipe hökmünde kesgitlenmeginde uly many bar. Ol, ilkinji nobatda, ykdysady ösüşiň täze hilini gazanmakdan we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

(Dowamy bar)



Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik bölüminiň
baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.



«Galkynyş» gazeti, №17 (1144), 2019-njy ýylyň 24-nji apreli