Täzelikler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

15.11.2019
1573847704
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ý...

Türkmenistanda bilim we sport boýunça Halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär

14.11.2019
1573755877
Şu gün paýtagtymyzda “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergi we ylmy maslahat ...
  • Image
  • Image

Halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak — ykdysady ösüşiň ugry

13.11.2019
1573673491
Türkmenistanyň durnukly ösüşini we rowaçlygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet ...

«Media-Türkmen» Habarlar agentligi RF DIM-niň žurnaly bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar

12.11.2019
1573666197
«Media-Türkmen» Habarlar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň «Международная жизнь» («...

Maliýe ulgamyny kämilleşdirmek we sanlaşdyrmak — Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň alamatlary

11.11.2019
1573492097
Ýurdumyzyň ykdysady durmuşyndaky esasy wakalary şöhlelendirýän hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedo...

Türkmenistanda Hasyl toýy dabaraly bellenildi

10.11.2019
1573409927
Şu gün ýurdumyzda türkmen topragynyň rysgal-berekedini, oba hojalyk işgärleriniň zähmetsöýerligini, ekerançylarymyzyň...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

08.11.2019
1573246361
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň he...

Türkmenistan we Italiýa netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

06.11.2019
1573071149
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Italiýa Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Ha...



SEBITLEÝIN TASLAMA BOÝUNÇA MASLAHAT


Image

2019-njy ýylyň 18-19-njy iýunynda Aşgabat şäheriniň «Arçabil» myhmanhanasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) we Ýaponiýanyň Hökümetiniň ýardam bermeginde Merkezi Aziýa döwletleri üçin amala aşyrylýan sebitleýin Taslamanyň 2019-2020-nji ýyllar üçin gol çekilen Iş meýilnamasynyň çäklerinde üçünji sebitleýin maslahat geçirildi.

Bu maslahata Merkezi Aziýa döwletlerinden bu ugurda iş alyp barýan hünärmenler we BMG-niň Merkezi Aziýa sebitinde ýerleşýän edaralarynyň wekilleri, halkara bilermenler, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň wekilleri, Aşgabat şäher häkimliginiň işgärleri gatnaşdylar.

2018-nji ýylda şeýle sebitleýin maslahatlaryň ikisi – 12-13 sentýabrda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde, 3-4-nji dekabrda Gazagystanyň Almata şäherinde geçirildi: BMGÖM bilen Ýaponiýanyň Hökümetiniň ýardam bermeginde amala aşyrylýan sebitleýin taslamanyň çäklerinde Aşgabat şäherinde bu sebitleýin maslahatyň geçirilmeginiň maksady döwletleriň tejribesini paýlaşmaga hem-de öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge ýardam bermekden ybarat boldy.

Sebitleýin maslahatyň açylyşynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary H.Taçjanowa, BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hanym N.German, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ý.Panowa, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary jenap Ş.Kondo, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym N.Naswlişwili gatnaşyjylara gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Soňra sebitleýin maslahat dürli mowzuklar boýunça «panel çykyşlar» görnüşinde geçirilen bölümlerde öz işini dowam etdirdi. Bu bölümlerde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekili çykyş edip, häzirki wagtda Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň aýratynlyklary, gazanylýan üstünlikler, ileri tutulýan ugurlar, durmuşa geçirilýän maksatnamalar barada aýdyp, ýurdumyzda ynsanperwer durmuş syýasatynyň alnyp barylýandygyny, durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň ösdürilýandigini belledi. Çykyşda Türkmenistanda taslamanyň çäklerinde amala aşyrylýan işler dogrusynda, hususan hem ýaşlaryň işewürlik pikirleriniň we endikleriniň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen guralan okuwlar aýratyn bellenildi. Sebitleýin maslahatyň dowamynda toparlaýyn işlemek boýunça mejlisler guraldy. Ýaşlaryň ösüşi, zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, zähmet migrasiýasy, ýaşlar bilen işleýän hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly meseleleri öz içine alýan toparlaýyn işlemek boýunça mejlisleriň netijeleri boýunça peýdaly pikir alyşmalar boldy.

Iki günläp dowam eden sebitleýin maslahata gatnaşyjylar myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Gatnaşyjylar sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ädime öwrülen şeýle çäreleri dowam etmegiň möhümdigini nygtap, maslahatyň netijeli geçmegi üçin hemmetaraplaýyn ajaýyp şertleri döredip berýän Türkmenistanyň hormatly Prezidentine sagbolsun aýtdylar.


  • Image