Täzelikler

Hytaý - Merkezi Aziýa: özara hereketiň täze ugurlary

20.10.2019
1571583988
18-19-njy oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň ykdysady-dolandyryş we medeni merkezi ...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

18.10.2019
1571432038
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Magali Leže: özi we Gektor Berliozyň hatyrasyna bagyşlanýan geljekki konsert hakda

18.10.2019
1571413222
19-njy oktýabrda Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda «Berliozyň 150 ýyllygynyň hatyrasyna» atly konsert bolar. ...

Aziýa – Ýuwaş ummany sebiti – Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategiki ugry

17.10.2019
1571336936
Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Ber...

Aşgabat Jarnamasyny durmuşa geçirmek — GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň möhüm wezipesi

16.10.2019
1571251239
Ýakynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň netijeleri hem-de ka...

Ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagy - Türkmenistanyň ösüş strategiýasy

15.10.2019
1571170179
Şu gün paýtagtymyzda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi we ylmy maslaha...
  • Image
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary - dünýä metbugatynyň sahypalarynda

14.10.2019
1571076420
GDA-a gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň üstünlikli geçen mejlisiniň netijelerini Garaşsyz Döwletleriň A...

Milli Liderimiziň başlyklygynda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

11.10.2019
1570827315
Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Garaşsyz Döwletleriň Arka...
  • Image
  • Image



TELEKEÇILIK WE ZÄHMET DEPDERÇELERI


Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyz Türkmenistan ähli babatda ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Ýurdumyzda gurulýan we gurlup, ulanylmaga berilýän önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň sany barha köpelýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň uly mümkinçiliklere eýediginiň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bazar gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde telekeçiligi ösdürmek Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly we netijeli ösdürmek maksady bilen, hususy başlangyçlar esasynda oňaýly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamynyň häzirki ýeten derejesiniň giň gerimli umumymilli maksatnamalary durmuşa geçirmekde, şol sanda döwlet Baştutanymyzyň dünýä bazarlarynda biziň ýurdumyzyň eýeleýän ornuny berkitmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmekde telekeçileriň has möhüm orun eýeläp biljekdigine uly ynam döredýär. Milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm ulgamynyň işjeňleşmegi netijesinde täze iş orunlary döreýär, bäsleşige ukyply önümleriň we hyzmatlaryň görnüşleri we mukdary artýar.

Görşümiz ýaly, Türkmenistanda telekeçiligi höweslendirmek hem-de ösdürmek üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyna ýardam edýär. Durmuş tejribesinden belli bolşy ýaly, bu ulgamda bolup geçýän özgerişlikler zähmet gatnaşyklaryna hem öz täsirini ýetirýär. Şunda telekeçilerde zähmet şertnamalary esasynda işleýän işgärleriň zähmet gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek bilen bagly meseleler möhüm ähmiýete eýe bolýar. Zähmet gatnaşyklarynyň ýüze çykmasy hökmünde zähmet şertnamasynyň baglaşylmagy ýa-da onuň hereketiniň bes edilmegi, zähmet depderçesinde beýan edilýär. Şonuň üçin hem zähmet depderçesi işgäriň zähmet işi hakyndaky we onuň zähmet ýoly baradaky esasy resminama hasaplanylýar.

Şunuň bilen baglylykda telekeçileriň, olarda we öý hojalygyny alyp barmak boýunça şahsy hyzmat we kömek etmek maksady bilen işgärler bilen zähmet gatnaşyklaryna girýän fiziki şahslarda zähmet şertnamasy esasynda işleýän işgärleriň zähmet depderçeleriniň we olaryň içlikleriniň resmileşdirilişi we ýöredilişi nähili amala aşyrylýandygy köpleri gyzyklandyrýar. Şu nukdaýnazardan, bu babatda kanunçylykda göz öňünde tutulan talaplary belläp geçsek, ýerlikli bolar.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 30-njy maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, hususy telekeçi hökmünde degişli döwlet salgyt edaralary tarapyndan bellige alnan ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara zähmet depderçeleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýerlerdäki zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary tarapyndan resmileşdirilýär.

Şeýle hem Kodeksiň 293-nji maddasynyň 1-nji böleginde iş beriji – ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahsda zähmet şertnamasy esasynda işleýän işgärleriň zähmet işi hakyndaky maglumatlar olaryň zähmet depderçelerine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýerlerdäki zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary tarapyndan girizilýär diýip bellenen. Şu maddanyň 2-nji bölegine laýyklykda bolsa, iş beriji - fiziki şahsyň işgärleriň zähmet depderçelerine ýazgy geçirmäge, şeýle hem ilkinji gezek işe kabul edilýän işgärlere zähmet depderçelerini resmileşdirmäge hukugy ýokdur.

Şunuň bilen baglylykda, ady agzalan Kodeksiň 30-njy, 293-nji, 296-njy maddalarynyň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen hem-de Tükmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 8-nji dekabryndaky çykaran 501 belgili karary bilen tassyklanan Zähmet depderçelerini bermegiň, ýöretmegiň we saklamagyň Tertibine laýyklykda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 2018-nji ýylyň 18-nji sentýabryndaky 113-Ö belgili buýrugy bilen Ýuridiki şahs bolup durmaýan telekeçileriň, olarda we öý hojalygyny alyp barmak boýunça şahsy hyzmat we kömek etmek maksady bilen işgärler bilen zähmet gatnaşyklaryna girýän fiziki şahslarda zähmet şertnamasy esasynda işleýän işgärleriň zähmet depderçelerini we olaryň içliklerini resmileşdirmek hem-de ýöretmek boýunça Gözükdiriji tassyklanylyp, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2018-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda 1160 belgi bilen döwlet belligine alyndy.

Ady agzalan Gözükdiriji Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirlikleriniň garamagyndaky etraplardaky, etrap hukukly şäherlerdäki zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri tarapyndan ýuridiki şahs bolup durmaýan telekeçileriň, olarda we öý hojalygyny alyp barmak boýunça şahsy hyzmat we kömek etmek maksady bilen işgärler bilen zähmet gatnaşyklaryna girýän fiziki şahslarda zähmet şertnamasy esasynda işleýän işgärleriň zähmet depderçelerini we olaryň içliklerini ýöretmegiň tertibini belleýär.

Has takygy, zähmet gatnaşyklaryna girýän fiziki şahslarda zähmet şertnamasy esasynda işleýän işgärleriň zähmet depderçelerini we olaryň içliklerini ýöretmek, ýokarda ady agzalan Gözükdirijiniň talaplaryndan ugur alnyp amala aşyrylýar.

Bu Gözükdiriji Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň http://mlsp.gov.tm salgyly resmi internet web-saýtynda hem ýerleşdirilendir. Şeýle-de ýurdumyzyň ýuridiki şahs bolup durmaýan telekeçileriniň we öý hojalygyny alyp barmak boýunça şahsy hyzmat we kömek etmek maksady bilen işgärler bilen zähmet gatnaşyklaryna girýän fiziki şahslarynyň degişli hukuk namasynyň talaplaryny doly we dogry berjaý etmekleri hökmanydyr. Sebäbi ady agzalan hukuk namasynyň talaplarynyň berjaý edilmezligi Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň bozulmagyna getirýär. Şunda bu kanun bozulmalaryň Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksine laýyklykda administratiw temmi çäresiniň görülmegine getirip biljekdigini bellemek zerurdyr.

Zähmet depderçeleriň döwlete degişli bolmadyk bölekde, aýratyn hem telekeçilik işinde zähmet gatnaşyklary ýola goýlanda resmileşdirilmegi we talaba laýyk ýöredilmegi ilatymyzyň doly iş bilen üpjünçiliginde aýratyn ähmiýetlidir. Häzirki wagtda ýangyç-energetika pudagyny hasaba almazdan, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde döwlete degişli bolmadyk pudagyň paýy 68 göterimden gowrakdyr. Bazar gatnaşyklarynyň ösdürilýän döwründe bolsa, durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi döwlet derejesinde üns berilýän meseleleriň biridir. Şu nukdaýnazardan 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda “Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini bellemeli. Çünki bu kanuna laýyklykda, ýurdumyzda döwlet häkimiýetiniň edaralarynyň, iş berijileriň we işgärleriň wekilleriniň arasynda durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekdäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, olaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy maksat edinilýär hem-de durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topary döretmegiň hem-de onuň işiniň hukuk binýadyny kesgitleýär. “Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda” Türkmenistanyň kanunynda durmuş-zähmet we olar bilen baglanyşykly ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirmegiň umumy esaslaryny belleýän Baş ylalaşygy işläp düzmegiň we baglaşmagyň tertibi hem-de onuň hereket ediş möhleti barada bellenilýär. Häzirki wagtda Baş ylalaşyk Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasynda 3 ýyl möhlet bilen baglanyşylýar. Onda Baş ylalaşygyň maksatlary we wezipeleri, taraplaryň öz üstüne alýan borçlary, şeýle hem zähmet gatnaşyklary, zähmeti goramak we zähmetiň howpsuzlygy, durmuş goraglylygy, raýatlaryň zähmet haky, durmuş derejesi babatynda taraplaryň alyp barýan işleri bilen bir hatarda zähmet depderçelerine degişli meseleler barada hem beýan edilýär.

Umuman, ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek üçin döredilýän giň mümkinçilikler toplumlaýynlygy bilen tapawutlanýar hem-de halkara hasabatlylygynyň görnüşleri bu pudakda hem ornaşdyrylýar. Bu işlerde bolsa zähmet depderçeleri boýunça hereket edýän düzgünleri bilmeklik her bir iş berijiniň borjudyr.



Güljan HALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan
goramak ministrliginiň Zähmet gatnaşyklary
we zähmet şertleri müdirliginiň başlygynyň
wezipesini ýerine ýetiriji.



«Türkmenistan» gazeti, №162 (29428), 2019-njy ýylyň 3-nji iýuly