Täzelikler

«SagLyk — 2019» atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylara

20.07.2019
1563566174
Hormatly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Saglyk...

Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň pudaklaýyn geňeşiniň mejlisi geçirildi

19.07.2019
1563564153
Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň XXIX m...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

GDA gatnaşyjy döwletleriň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylara

19.07.2019
1563481421
Hormatly mejlise gatnaşyjylar! Gadyrly dostlar, eziz myhmanlar! Hanymlar we jenaplar! Sizi Berkarar döwletim...

Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde: “Mollagara” şypahanasy

17.07.2019
1563385561
Şu günler Türkmenistanyň iň gadymy şypahanalarynyň biri — «Mollagara» şypahanasy öz täze taryhynyň nobatdaky senesini...

Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde «Berzeňňi» şypahanasy

15.07.2019
1563222881
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan şypahana-dynç alyş ulgamyna horm...
  • Image
  • Image
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş wagtyny kitap ýazmaga bagyşlady

15.07.2019
1563223124
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadynyň ilkinji gününde döredijilik bilen meşgullan...

Howanyň üýtgemegi şertlerinde hojalygy ýöretmegiň ugurlary: integrirlenen çemeleşme

14.07.2019
1563123612
Aşgabatda ýerden we suwdan peýdalanmak boýunça uýgunlaşma çäreleriniň milli ösüş strategiýasyna hem-de olary maliýele...

Türkmenistanyň daşary syýasaty — Durnukly ösüş maksatlary ýolunda parahatçylyk söýüjilik strategiýasy

12.07.2019
1562959185
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn döwlet syýasaty netijesinde, Türkmenistan hemişelik Bitaraply...



ÝAŞLAR — ÝURDUŇ GELJEGI


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine durmuşa geçirýän beýik başlangyçlarynda, ýaş nesil, ýaşlar hakynda alada aýdyň şöhlelenýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ilkinji nobatda, ýaşlaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy hem medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy, hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Esasy Kanunymyzyň 40-njy maddasynda: «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýip kesgitlenilýär. Ýaşlaryň bilim almagy, medeni durmuşa gatnaşmagy, çeper, ylym we tehniki döredijilik bilen erkin meşgullanmagy, dynç almagy, telekeçilik we ykdysady işiň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmagy, hünär we kär saýlamagy, önümçilikde hünäri boýunça zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilendir.

Ýaş raýatlaryň bilim alan hünäri boýunça iş bilen üpjünçiligini ýola goýmakda, «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda», «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki hukuk namalary kabul edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015 – 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna esaslanyp, yzygiderli işler alnyp barylýar. 2018-nji ýylyň 2-nji martynda ýaşlaryň netijeli we önjeýli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri hem-de has oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018 – 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy ýaş hünärmenleriň zähmet goraglylygyny kesgitlemekden ybaratdyr.

Ýaş nesil, ýaşlar döwletiň güýji we geljegidir. Dünýäde ilatyň aglaba bölegini ýaşlar düzýär. Jemgyýetiň ösüşi ýaş nesliň raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak garaýyşlaryna, dünýägaraýşyna, beden saglygyna baglydyr. Güýçli raýat jemgyýeti bolan döwleti döretmekde ýokary intellektual mümkinçiliklere eýe bolan ýaşlara bil baglanylýar. Ýaşlar döredijilik işiniň hem obýekti, hem subýekti hökmünde jemgyýetiň mundan beýläk-de demokratiýalaşmagyny, has-da ösmegini, ýurduň döwrebaplaşmagyny dowam edýän hakyky jemgyýetçilik güýjüne öwrülýär. Bularyň hemmesi ýaşlaryň hukuklaryny hem azatlyklaryny üpjün etmäge, ýurduň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna olaryň doly hukukly gatnaşmagynyň wezipelerine döwlet derejesinde juda jogapkärçilikli we çuňňur oýlanyşykly çemeleşilmegini talap edýär.

Ýaşlar, ýaş hünärmenler üçin ýokary mümkinçilikleriň döredilmegi döwletimizde olara berilýän ýokary üns-aladadan nyşandyr. Ýaşlaryň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun! Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar Arkadag Prezidentimiziň daşyna jebisleşip, bilimini, zehinini, ukyp-başarnygyny döwletimiziň mundan beýläk hem ösüşine gönükdirip, Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götersin!



Ýagmyr PIRJANOW,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň
Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň Zähmet
bölümçesiniň başlygy, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.



«Watan» gazeti № 84 (13062), 2019-njy ýylyň 11-nji iýuly.