Täzelikler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagyň öň hatarynda

22.08.2019
1566500389
Häzirki döwürde ýurdumyzyň dokma pudagy diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyn...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: ekologiýa hakynda alada - ýurduň we halkyň geljegi hakynda alada

21.08.2019
1566410545
2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýa...
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumyndaky özgertmeleri - azyk bolçulygynyň binýady

20.08.2019
1566330917
Obasenagat toplumynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barý...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

19.08.2019
1566242988
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ob...

Milli ýygyndy toparlarymyzyň hasabynda iki altyn medal

17.08.2019
1566152499
17-nji awgustda Daşkentde ýeňil atletika boýunça Özbegistanyň kubogyny almak ugrunda açyk halkara ýaryşy badalga aldy...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16.08.2019
1565979644
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar strategiýasy – dünýä metbugatynyň sahypalarynda

14.08.2019
1565810659
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Hazaryň türkmen kenaryndaky "Awaza" milli syý...

Birinji Hazar ykdysady forumynyň taryhy ähmiýeti

13.08.2019
1565726993
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň täzeçil syýasaty durmuşa geçirmegi netijesinde Türkmenistan ...



SANLY YKDYSADYÝET ŞERTLERINDE IŞ ÜPJÜNÇILIK ULGAMYNDAKY ÖZGERTMELER


Ykdysadyýeti sanlaşdyrmak işi bu gün dünýäniň ähli ýurtlary üçin häsiýetlidir. Häzirki zaman milli sanly strategiýalar ykdysadyýetiň ösmegi, innowasion kärhanalaryň döredilmegi, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokarlanmagy, netijeli jemgyýetçilik gurşawyň ösdürilmegi bilen baglanyşdyrylýar. Dünýä ýurtlarynyň birnäçesiniň häzirki zaman ösüşinde bu ugurda gazanylýan anyk netijeler sanly tehnologiýalaryň tutuş durmuş-ykdysady ulgamyň özgermegine düýpli täsir edýändigini görkezýär. Ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmagyň netijeli ýoly hasaplanýan bu sanly özgertmeler şol bir wagtda zähmet bazarynda hem ýagdaýyň üýtgemegine getirýär. Ýagny, ýurtda sanly gurşawyň geriminiň giňelmegi zähmete ukyply ilat üçin bu ýaýrawda zähmet işjeňligini amala aşyrmaklyga goşmaça şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly hyzmatlar ulgamynda işleýänleriň sanynyň barha artmagy fiziki zähmetiň maglumatlary döretmek, gaýtadan işlemek, alyş-çalyş etmek, seljermek bilen baglanyşykly görnüşi bilen çalşyrylmagyny şertlendirýän sebäpleriň biri hasaplanýar. Bu netijeler ýurtda ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylan görnüşine geçilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde birnäçe döwletleriň ykdysadyýetiň sanly sektoryny ösdürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, elektron senagatyň we IT-tehnologiýalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalary durmuşa geçirmekleri milli ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin sanly ulgamyň möhümligini tassyklaýar. Dünýäniň ykdysady giňişligine amatly goşulyşýan Türkmenistan döwletimizde hem bu ugruň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Hususan-da, häzirki döwürde dünýä giňişliginde bolup geçýän sanly «böwsüş» Türkmenistanyň bu ählumumy hadysa goşulyşmagyna zerurlyk döretmek bilen, möhüm döwlet syýasaty hökmünde sanlaşdyrmak işini milli ösüşiň meýilnamasyna girizilmegini şertlendirdi.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda tassyklanmagy ýurdumyzyň önümçilik pudaklarynda we hyzmatlar bazarynda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şu döwürde «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzyň pudaklarynyň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna goşmaça itergi bermek bilen, täze iş orunlarynyň döredilmegi, iş üpjünçilik ulgamynda sanly hyzmatlaryň ösdürilmegi üçin hem amatly şertleri döredýär. Sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen, iş bilen üpjünçiligiň düzüminiň we görnüşleriniň özgerýändigi daşary ýurt tejribesinden bellidir.

Bu gün bütindünýä internet torunyň döredýän mümkinçilikleri iş bilen meşgullygyň täze görnüşleriniň ýüze çykmagyny hem şertlendirdi. Ýagny, internetiň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň netijesinde iş ornuny üýtgetmän, bu bütin dünýä toruň üsti bilen uzak aralykda, şol bir wagtda ýurduň çäginden daşarda zähmet işjeňligini amala aşyrýanlaryň sany barha artýar. Şeýle-de, ol şu gün hemmämiz üçin elýeterli bolan elektron tölegleriň döredýän amatlyklaryndan peýdalanmaga, elektron söwda we internet-mahabatlandyrma ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Önümçilige garanyňda hut sanly hyzmatlaryň paýynyň köp bolmagy maglumat ykdysadyýetini häsiýetlendirýän esasy görkezijileriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, maglumat tehnologiýalary esasy orun eýelemek bilen, onuň adamlara hyzmat edilişiň mehanizmini ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Internetiň ýüze çykmagy we bu global tora elýeterliligiň bahasynyň peselmegi dünýäde hakyky maglumat öwrülişiginiň bolup geçendigini, onuň netijesinde durmuşymyzyň, şol sanda ykdysadyýetimiziň özgerýändigini görkezýär. Şunda maglumat tehnologiýalarynyň we internetiň mümkinçiliklerini giňden ulanmagyň netijesinde sarp edijileriň gymmatly wagtlarynyň we serişdeleriniň tygşytlanmagyna, hyzmatlaryň tiz wagtda ýerine ýetirilmegine, kagyz göterijide ulanylýan maglumatlaryň sanynyň azalmagyna hem sanlylaşdyrylan tehnologiýalaryň döredýän amatlyklary hökmünde baha bermek bolar.

Soňky onýyllyklaryň dowamynda bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýan elektron söwda ulgamynyň ösmegi munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr. Onuň ýaýrawynyň artmagy iş üpjünçilik ulgamynda hem özgertmeleriň amala aşyrylmagyna getirdi. Häzirki zaman söwdanyň bir görnüşi hökmünde elektron söwdanyň oňyn täsiri diňe bir işewürligiň ösmeginde däl, eýsem ilatyň ýaşaýyş ýagdaýynyň ýokarlanmagynda hem öz beýanyny tapýar. Has takygy, elektron işewürligiň ösmegi sanly tehnologiýalar arkaly halkara söwda giňişligine goşulyşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Onuň netijesinde durmuş taýdan öňegidişlik gazanylýar: ilatyň pes bahaly harytlara bolan elýeterliligi artýar. Işewürlige edýän täsiriniň nukdaýnazaryndan seredilende, onda elektron işewürligiň sarp edijiler üçin döredýän amatlyklary soňky döwürde işewürligiň bu görnüşiniň giňden ýaýramagyna getirdi we bu uldamda hususy işlerini açmak isleýänleri hem özüne çekiji edýär.

Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeler sanly ykdysadyýeti maglumat giňişliginde, durmuş ulgamynda, ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynda ösdürmäge mümkinçilik berýär. Çünki, sanly ykdysadyýet ýurdumyzyň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle-de milli ykdysadyýetimiziň düýbünden tapawutlanýan täze hile geçmegine ýardam berýär.

Dünýä giňişliginde kemala gelen täze şertler milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de sanlylaşdyrylmagyny şertlendirdi. Şunda ýurdumyzyň ykdysady pudaklarynyň ösüşini tizleşdirmek we ilata edilýän hyzmatlary ýeňilleşdirmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlendi. Häzirki döwürde ähli hyzmatlar bilen bir hatarda, ilaty durmuş taýdan goramak, iş bilen üpjünçilik boýunça hyzmatlary hem döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek wajyp bolup durýar. Şu wezipelerden ugur alnyp, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan degişli ulgamda sanly gurşawy döretmek boýunça uly göwrümli işler amala aşyrylýar.

Zähmet bazarynda iş beriji bilen iş gözleýänleriň arasyndaky dessin gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny gazanmak maksady bilen, Ministrliginiň resmi internet saýtynda täze «Türkmenistanyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi» atly sahypa döredildi. Bu sahypa iş berijiler, şeýle hem iş gözleýänler üçin niýetlenendir. Şunda täze sahypanyň üsti bilen guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalar, edaralar we guramalar, şeýle hem aýry-aýry fiziki şahslar - hususy telekeçiler özlerinde bar bolan boş iş orunlary, olar üçin zerur bolan hünärmenler, işçiler barada maglumatlary ýerleşdirmäge, gyzyklanýan iş gözleýänleriň dykgatyna ýetirmäge hem-de olaryň arasyndan özlerine laýyk gelýänlerini saýlap-seçip almaga mümkinçilik alýarlar. Şunda ýurdumyzyň dürli pudak edaralary, kärhanalary we guramalary bilen bir hatarda, aýry-aýry fiziki şahslaryň – hususy telekeçileriň boş iş orunlary baradaky maglumatlaryny ýerleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi zähmet bazarynda talap edilýän hünärler boýunça dogry maglumatlaryň üpjün edilmegine ýardam berýär. Iş gözleýän raýatlar bolsa, degişli hünärine laýyklykda bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlar bilen hakyky wagt tertibinde tanyşmak mümkinçiligine eýe bolýarlar. Mundan başga-da, bu sahypanyň hyzmatlaryndan peýdalanmak boýunça döredilen gollanma saýtyň «Sahypa barada» atly bölüminde ýerleşdirilendir. Bu gollanma iş berijileriň sahypada nähili bellige alynmalydygy, iş gözleýänleriň bolsa nähili hasaba durmalydygy baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Täze açylan sahypanyň iki tarap üçin hem, ýagny iş berijiler we iş gözleýänler üçin döredýän amatlyklary ýurdumyzda zähmet bazarynyň sazlaşykly hereket etmegine öz mynasyp goşandyny goşjak bu sanly hyzmatyň durmuş netijeliliginiň ýokary boljakdygyny görkezýär. Çünki ol, ilkinji nobatda, iş berijiniň tiz wagtda zerur bolan işgäri tapmaga, iş gözleýäniň bolsa öz hünärine laýyklykda gysga wagtyň içinde iş tapmaga mümkinçiliklerini artdyrýar.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi internet saýtynda döredilen täze «Türkmenistanyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi» atly sahypa adam baradaky aladany döwlet syýasatynyň baş maksady hökmünde kesgitlän ýurdumyzda her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmek üçin, onuň mynasyp zähmet çekmegi, durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan bomöçber tagallalaryň edilýändigini alamatlandyrýar.


Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.


«Maliýe we ykdysadyýet» žurnalynyň 2019-njy ýylyň №3