Täzelikler

Hytaý - Merkezi Aziýa: özara hereketiň täze ugurlary

20.10.2019
1571583988
18-19-njy oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň ykdysady-dolandyryş we medeni merkezi ...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

18.10.2019
1571432038
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Magali Leže: özi we Gektor Berliozyň hatyrasyna bagyşlanýan geljekki konsert hakda

18.10.2019
1571413222
19-njy oktýabrda Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda «Berliozyň 150 ýyllygynyň hatyrasyna» atly konsert bolar. ...

Aziýa – Ýuwaş ummany sebiti – Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategiki ugry

17.10.2019
1571336936
Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Ber...

Aşgabat Jarnamasyny durmuşa geçirmek — GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň möhüm wezipesi

16.10.2019
1571251239
Ýakynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň netijeleri hem-de ka...

Ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagy - Türkmenistanyň ösüş strategiýasy

15.10.2019
1571170179
Şu gün paýtagtymyzda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi we ylmy maslaha...
  • Image
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary - dünýä metbugatynyň sahypalarynda

14.10.2019
1571076420
GDA-a gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň üstünlikli geçen mejlisiniň netijelerini Garaşsyz Döwletleriň A...

Milli Liderimiziň başlyklygynda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

11.10.2019
1570827315
Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Garaşsyz Döwletleriň Arka...
  • Image
  • Image



ÝAŞLAR WE ZÄHMET BAZARY: STRATEGIK WEZIPELER WE DÖWREBAP ÇÖZGÜTLER


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2019-njy ýylyň 14-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekildi. Ýörite habarçymyz täze kabul edilen maksatnamanyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin ähmiýeti, maksady we wezipeleri, onda döwrüň talaplaryna laýyklykda ýaşlaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, olaryň işe ýerleşmegini üpjün etmek bilen bagly göz öňünde tutulýan çäreler barada Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň degişli hünärmenleri bilen söhbetdeş boldy.


— Ýurdumyzda ýaşlaryň iş üpjünçiligini we durmuş goraglylygyny üpjün etmek meselesine aýratyn üns berilýär. Ýakynda ýaşlaryň iş üpjünçiligini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek hakynda täze maksatnamanyň kabul edilmegi hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.


Batyr GURBANNAZAROW,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty
durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we
iş üpjünçilik müdirliginiň başlygy:

— Ýaş nesliň döredijiligini we zähmetini ýurduň mundan beýläk hem gülläp ösmegine gönükdirmek, aýratyn-da, hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny bäsleşikli zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmak we täze döwrebap iş orunlary bilen üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Jemgyýetiň işjeň topary hasaplanýan ýaşlary hünär taýdan taýýarlamak, ýaş hünärmenler üçin mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek babatynda uly tagallalaryň edilýändigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Bu, ilkinji nobatda, ýaşlaryň jemgyýetde syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösüşdedigi hem-de durmuş-demografik ýagdaýlaryň emele gelmeginde aýratyn orun tutýandygy bilen baglanyşyklydyr. Olar umumy orta bilimi almak, hünär edinmek ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Şonuň üçin ilatyň bu bölegi zähmet bazarynda ilkinji nobatda üns berilmeli toparlaryň biri bolup durýar.

Häzirki döwürde dünýä döwletleriniň ählisinde diýen ýaly ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleler öz wajyplygy bilen tapawutlanýar. Munuň esasy sebäbi bu toparyň wekilleriniň bäsdeşlige ukyplylygynyň pes derejesi bilen düşündirilýär. Orta mekdebi tamamlan uçurymlarda kesgitli hünär endikleriniň bolmazlygy olaryň bäsdeşlige ukyply işçi güýji hökmünde zähmet bazaryna goşulmagyny kynlaşdyrýar. Şol sebäpli ýaşlary hünäre ugrukdyrmak, hünär taýdan taýýarlamak, zähmete uýgunlaşdyrmak ýaly durmuş-psihologik häsiýetli meseleleri çözmegiň netijeli guraly näçe çalt döredilse, şonça-da ýaşlaryň işe ýerleşdirilişi oňyn häsiýete eýe bolýar. Täze kabul edilen maksatnamada göz öňünde tutulan çäreler hut şeýle şertleriň döredilmegine mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, meýilnamada ýaşlaryň zähmet bazaryna uýgunlaşmagyna ýardam berýän institutlaryň, ýagny bilim, iş üpjünçiligi we hünäre ugrukdyrmak bilen bagly ulgamlaryň işini sazlaşdyrmak möhüm wezipe hökmünde kesgitlendi. Ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmak we işe ýerleşdirmek özara baglanyşykly meseleler bolup, olar sazlaşdyrylan ýagdaýynda, ýaşlaryň zähmet bazarynyň netijeli hereket edýändigini tejribe görkezýär.

Dürli ulgamlaryň arasynda sazlaşygy üpjün etmekde döwletiň öz hakyky demografik, durmuş-ykdysady ýagdaýlaryndan ugur almagy we oňa gabat gelýän çemeleşmäni ulanmagy hökmany ýagdaýdyr. Häzirki döwürde dünýä tejribesinde ýaşlary iş bilen üpjün etmek babatynda köp maýa goýum serişdelerini talap edýän täze iş orunlaryny döretmäge däl-de, eýsem, işgäriň mümkinçiliklerini ösdürmäge we olary ykdysadyýetiň hakyky talaplaryna uýgunlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunda zähmet serişdelerini, adam mümkinçiliklerini bilimi we hünäri ösdürmek arkaly ýokarlandyrmak ýurtda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň netijeliligini kesgitleýän görkeziji bolup durýar.

— Ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmekde bu maksatnamanyň many-mazmunyny giňişleýin düşündirip beräýseňiz!


Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty
durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we
iş üpjünçilik müdirliginiň baş
hünärmeni, ykdysady ylymlaryň
kandidaty:

— Durnukly ösüşiň asyl manysyna salgylanylsa, onda ol, ilkinji nobatda, adamlaryň isleglerini we hajatlaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, häzirki we geljekki mümkinçilikleri göz öňünde tutup, durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmegi aňladýar. Şunda ähli çözgütlerde adamyň bähbitleri, erk-islegleri we hajatlary üns merkezinde saklanylýar. Kanunalaýyk hadysa hökmünde, täze maksatnamada ýaşlaryň durmuş-zähmet hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, iş bilen üpjün etmek hem-de täze iş orunlaryny döretmek baradaky meseleler aýdyň beýanyny tapdy.

Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi, ýaş raýatlaryň zähmet çekmäge kanuny hukuklarynyň berjaý edilmegi üçin şertleri döreder, şäherleri we obalary ykdysady we durmuş taýdan toplumlaýyn ösdürmäge, zerur hünärmenler bilen üpjün etmäge, ýerli zähmet serişdelerini hem-de adam maýasyny toplumlaýyn we netijeli peýdalanmaga ýardam berer.


— Ýurdumyzda innowasion ykdysadyýetiň ösdürilýän häzirki şertlerinde raýatlaryň hünär derejesine bildirilýän talaplar ýokarlanýar. Hususan-da, zähmet serişdeleriniň, şol sanda ýaşlaryň zähmet serişdeleriniň hil görkezijilerini ýokarlandyrmak, olary netijeli peýdalanmak meselesine ähmiýet berilýär. Bu maksatnamada göz öňünde tutulan haýsy çäreler onuň oňyn çözülmegine ýardam berer?


B.GURBANNAZAROW:

— Ýaşlaryň zähmetini netijeli peýdalanmak döwrüň wajyp wezipesi bolup, ol ýaşlary hünäre ugrukdyrmak, hünär bilimini bermek we iş bilen üpjün etmek ýaly görkezijileriň ylmy taýdan seljerilmegini we öwrenilmegini talap edýär. Ýurdumyzyň ösüşi we geljegi bu wezipeleriň durmuşa geçirilmegine baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, maksatnama işlenilip taýýarlanylanda, ýurdumyzda ýaşlary bäsleşikli zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmak işine aýratyn üns berildi. Şu wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzyň innowasion ösüşinde netijeli iş bilen üpjünçiligi döretmek we ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak üçin bilim ulgamy bilen zähmet bazarynyň özara baglanyşygynyň güýçlendirilmegi göz öňünde tutuldy. Şunda ýerlerde seljermeleri geçirmegiň esasynda ykdysadyýetiň häzirki zaman isleglerinden ugur alnyp, taýýarlanmagy zerur bolan hünärmenleriň sanyny, hünär ugurlaryny kesgitlemek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmak köptaraply iş bolup, ol zähmet we ilatyň iş üpjünçiligi bölümleriniň tagallalary bilen bir hatarda, hünär bilimi edaralarynyň hem işiniň kämilleşdirilmegini talap edýär. Şunda ýaşlaryň zähmet bazarynyň häzirki we geljekki islegini we teklibini öwrenmek maksady bilen, her ýylda seljermeleri geçirmek, şol sanda ýurdumyzyň etraplarynda, şäherlerinde we şäherçelerinde ýerleşýän edara-kärhanalaryň işgärler bilen üpjünçiligini seljermek möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlendi.

Hünär giňişliginde uçurymyň mynasyp orun eýelemegi üçin ony okatmagyň usullaryny, bilim bermekde ulanylýan çemeleşmeleri kämilleşdirmek zerur bolup, bu wezipe milli bilim ulgamynyň paýyna düşýär. Şunuň bilen baglylykda, maksatnamada ýaşlaryň zähmet bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak we gaýtadan hünär taýýarlygyny guramak işleriniň işjeňleşdirilmegine möhüm ähmiýet berildi.


— Maksatnamada oba ýerlerinde ýaşaýan ýaşlaryň iş üpjünçiligini gowulandyrmak üçin nähili çäreler göz öňünde tutuldy?


M.BABAÝEWA:

— Täze resminamanyň esasy maksady ýurdumyzyň sebitlerinde ykdysadyýetimizi maksatnamalaýyn ösdürmekden we diwersifikasiýalaşdyrmakdan, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy we ýaşaýşyň häzirki zaman talaplaryna mynasyp giň mümkinçilikleriň döredilmegi boýunça ykdysadyýetiň pudaklarynyň ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjünçiligini kämilleşdirmekden, ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine laýyklykda, öndürijilikli we döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri döretmekden, şeýle-de obalary ykdysady, medeni we durmuş taýdan şäherler bilen deň derejede ösdürmekden, ýaş nesliň öz önüp-ösen sebitlerinde durmuş goraglylygyny güýçlendirmekden, täze iş orunlaryny döretmekden, ýaşlaryň täzeçilligi, gujurlylygy, bilimi, ýokary hünäri bilen sebitleri ösdürmäge işeňňir gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Şunda ýaşlaryň oba ýerlerinde zähmet çekmäge höwesini artdyrmak üçin höweslendirme çärelerini işläp düzmek hem-de sebitiň durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ösüşine düýpli täsirini ýetirýän işleri amala aşyrmak möhüm wezipe hökmünde kesgitlendi.

Hususan-da, bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň meýilnamasynda hünärmenleriň ýetmezçilik edýän ýerleriniň umumy ýagdaýyny, işgär ýetmezçiligini aradan aýyrmagyň ýollaryny öwrenmek arkaly ýaşlary öz ýaşaýan ýerlerinde iş bilen üpjün etmek boýunça işleri alyp barmak göz öňünde tutulýar. Beýle diýildigi, indi ýerli zähmet bazarlarynda kemala gelen hakyky ýagdaýdan ugur alnyp, ýaş hünärmenleri taýýarlamak we olary öz ýaşaýan ýerlerinde iş orunlary bilen üpjün etmek meselesine täzeçe çemeleşilendigini aňladýar. Bu çäräni amala aşyrmakda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň tagallalarynyň birleşdirilmegi işiň netijeli guralmagyna ýardam berer.

— Sanly ulgama geçmegiň özi milli ykdysadyýetiň depginli ösüşini üpjün etmegiň netijeli ugry hökmünde kesgitlendi. Maksatnamada ýurdumyzda sanly gurşawyň ýaşlaryň iş üpjünçiligine etjek täsiri öz beýanyny tapan bolsa gerek?!


M.BABAÝEWA:

— Elbetde, ýurdumyzda amala aşyrylýan sanly özgertmeler, şol bir wagtda zähmet bazarynda hem ýagdaýyň üýtgemegine getirýär. Netijede, ýurtda sanly düzümleriň geriminiň giňemegi zähmete ukyply ilat, hususan-da, sanly başarnyklary ele almakda uly mümkinçilikleri bolan ýaşlar üçin bu ýaýrawda zähmet işjeňligini amala aşyrmaga goşmaça şertleri döredýär. Sanly özgertmeler täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam bermek bilen, ilatyň, şol sanda bu ugurda bäsdeşlik artykmaçlyklary bilen tapawutlanýan ýaşlaryň iş üpjünçiliginiň ýokarlanmagynda aýdyň beýanyny tapýar. Maksatnamada sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi bilen baglanyşykly täze wezipe birliklerini we iş orunlaryny yzygiderli döretmek boýunça işleriň göz öňünde tutulmagy ony taýýarlamakda döwrebap çemeleşmeleriň ulanylandygyny görkezýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi bilen, sanly hyzmatlar bazarynyň geriminiň giňeýändigi we ylmy köp talap edýän önümçilikleriň sanynyň artýandygy tejribeden bellidir. Hojalyk gatnaşyklarynda sanly maglumatlaryň ähmiýetiniň barha artmagy netijesinde onuň telekeçiligiň ösmegine hem güýçli itergi berjekdigi öz-özünden düşnükli bolýar. Bu aýratynlyklar ýaşlaryň iş üpjünçiliginiň gowulanmagy üçin täze mümkinçilikleri döredýär.

Mundan başga-da, sanly ykdysadyýetiň döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, iş beriji edaralaryň işini kämilleşdirmek maksady bilen, internet sahypalary arkaly edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň boş iş orunlaryny teklip etmegini hem-de tanyşdyrmagyny kämilleşdirmek möhüm çäre hökmünde kesgitlendi.

— Beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň!



Söhbetdeşligi ýazga geçiren
Rahmanberdi GÖKLEŇOW



«Türkmenistan» gazeti № 179 (29445), 2019-njy ýylyň 19-nji iýuly.