Täzelikler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagyň öň hatarynda

22.08.2019
1566500389
Häzirki döwürde ýurdumyzyň dokma pudagy diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyn...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: ekologiýa hakynda alada - ýurduň we halkyň geljegi hakynda alada

21.08.2019
1566410545
2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýa...
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumyndaky özgertmeleri - azyk bolçulygynyň binýady

20.08.2019
1566330917
Obasenagat toplumynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barý...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

19.08.2019
1566242988
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ob...

Milli ýygyndy toparlarymyzyň hasabynda iki altyn medal

17.08.2019
1566152499
17-nji awgustda Daşkentde ýeňil atletika boýunça Özbegistanyň kubogyny almak ugrunda açyk halkara ýaryşy badalga aldy...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16.08.2019
1565979644
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar strategiýasy – dünýä metbugatynyň sahypalarynda

14.08.2019
1565810659
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Hazaryň türkmen kenaryndaky "Awaza" milli syý...

Birinji Hazar ykdysady forumynyň taryhy ähmiýeti

13.08.2019
1565726993
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň täzeçil syýasaty durmuşa geçirmegi netijesinde Türkmenistan ...



BILIM HYZMATLARY: MÖHÜM WEZIPELER, DÖWREBAP ÇEMELEŞMELER


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2019-njy ýylyň 5-nji iýulyndaky giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün edýän ugurlarda ýetilen sepgitler, gazanylan netijeler, şeýle-de ýurdumyzyň mundan beýlägem rowaçlanmagy üçin öňde duran wezipeler barada giňden durlup geçildi. Bu mejlisde ýurdumyzyň ykdysadyýetini zerur hünärmenler bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýan hünär bilimi ulgamynyň kämilleşdirmek, bilim hyzmatlary bazarynda özgertmeleri mundan beýläk-de çaltlandyrmak barada aýratyn durlup geçilmegi, ilkinji nobatda, bu ulgamyň jemgyýeti döwrebaplaşdyrmakda, adam maýasynyň hilini ýokarlandyrmakda tutýan möhüm orny bilen baglanyşyklydyr. «Eger-de döwletde sowatly ýaşlar, anyk ýokary derejeli hünärmenler bolmasa, şol döwletiň hiç bir gelejeginiň ýokdugyna anyk düşünmelidiris» diýip, hormatly Prezidentimiziň öz çykyşynda aýdan sözleri bilimiň milli howpsuzlygy üpjün etmekde näderejede wajyp serişde bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.

Häzirki zaman dünýäsinde ähli ýurtlaryň halkara bazaryna birleşmegi netijesinde dünýä bäsdeşligi ýitileşýär. Ýakyn ýyllarda öz raýatlarynyň hünär ukyplarynyň we zehinleriniň has doly ýüze çykmagyny üpjün etjek döwletleriň gülläp ösjekdigini hem-de täze bilimleri, amaly üstünlikleri iň häzirki zaman tehnologiýaladyr önümlere öwürmegi başaran döwletleriň ykdysady ösüşde başgalardan öňde boljakdygyny dünýä ýurtlarynyň häzirki ösüş meýilleri subut edýär. Bu ýagdaý ykdysady ösüş gazanmakda milli bilim ulgamynyň paýynyň ägirt uludygyna şaýatlyk etmek bilen, ol häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň düýp mazmunyna has içgin düşünmäge ýardam berýär.

Dünýä ýurtlarynyň özara baglanyşygynyň artýan häzirki döwründe Türkmenistanyň dünýä bileleşigine amatly goşulyşmagy, öz gezeginde milli bilim ulgamynyň döwrebap derejede kämilleşdirilmegini talap edýär. Çünki, hünär bilimi ulgamynyň mümkinçilikleri bir tarapdan, ýurduň durmuş we ykdysady ösüşine öz oňyn täsirini ýetirýän bolsa, beýleki tarapdan, ol işçi güýjüni täzeden döretmegiň çeşmesi bolup hem çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bilim ulgamyny innowasion esasda ösdürmek strategik ähmiýetli meseleleriň biri bolup, sanly maglumatlara daýanýan ykdysadyýetiň kemala gelýän häzirki şertlerinde bilim hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň hödürlenmegi, ilkinji nobatda, ykdysady pudaklaryň işçi güýçleriniň hili babatynda barha artýan talaplaryny we isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Ösen döwletleriň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ösüşiň esasynda adamyň täze bilimleri almak we ulanmak ukyplary durýar. Şol sebäpli, üýtgeýän daşky şertlere çalt uýgunlaşmaga mümkinçilikli çeýe bilim ulgamyny kemala getirmek wezipesi okgunly ykdysady ösüşi üpjün etmek isleýän islendik döwlet üçin birinji derejeli wezipä öwrülýär. Bu aýratynlyklar dünýä ýurtlarynyň milli bilim ulgamlaryny innowasion esasda ösdürmäge çalyşmaklaryna itergi berýär.

Dünýä ykdysadyýetiniň globallaşýan şertlerinde döwletiň ykdysady kuwwaty diňe bir olarda jemlenen mineral-çig mal, tebigy-howa serişdeleriniň möçberi arkaly kesgitlenmän, eýsem-de, ýurtda toplanan adam kapitalynyň möçberi bilen hem şertlenendir. Köp ýurtlar, şol sanda ägirt uly tebigy baýlyklara eýe bolan döwletler hem ykdysady ösüşiň baş şerti hökmünde adam kapitalyna daýanýarlar. Şunda bilim adam kapitalynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýän esasy sebäpleriň biri bolmak bilen, ol her bir adamyň, netijede, tutuş ýurduň şu günki we geljekki abadan ösüşini kesgitleýär.

«Hünär bilimi» diýen düşünjäniň adam kapitalyna gönükdirilýän maýa goýum hökmünde aňladylmagy soňky onýyllyklarda bilim ulgamyny maliýeleşdirmegi häsiýetlendirýän esasy aýratynlyklaryň biridir. Umuman alnanda, «adam kapitaly» düşünjesiniň ykdysady ylma bilimiň zähmet bazaryndaky tutýan ornunyň seljerilmegi netijesinde ornaşandygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Ýagny, girdeji getirmäge, döretmäge mümkinçiligi bolan adamyň tebigy ukyplaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň jemi maddy gymmatlyk bilen deňeşdirilip, ol «adam kapitaly» diýen düşünjede öz beýanyny tapdy. Maddy maýa bilen adam kapitalynyň ikisiniň hem geljekde girdeji getirmäge ukyplylyk häsiýeti olary özara baglanyşdyrýan şert bolup durýar. Bu ýagdaý soňky onýyllyklaryň dowamynda adam maýasyny ösdürmeklige döwletleriň ünsleriniň güýçlenmeginiň sebäplerine düşünmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki döwürde halkara bilim giňişligine ynamly goşulyşýan ýurdumyzda milli bilim ulgamyny ykdysady ösüşlerimiziň çeşmesine öwürmek ugrunda güýçli döwlet syýasatynyň alnyp barylýandygy aýratyn bellärliklidir. Rowaçlyklaryň mekanyna öwrülýän ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», şeýle-de «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi we giňden durmuşa ornaşdyrylyp başlanmagy munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanda hünär bilimi ulgamyny ösdürmek meselesi strategik ähmiýete eýedir. ol bagtyýar şu günümizi we abadan ertirimizi kepillendirýän esasy serişdedir. Muňa aňry ýany bilen düşünýän alym Prezidentimiz milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli tagallalary, ilkinji nobatda, ýurdumyzda bäsleşige ukyply hünärmenleri taýýarlamaklyga gönükdirilip, bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeleriň ahyrky maksady hünär bilimi boýunça bitewi, köpugurly, utgaşdyrylan ulgamyň döredilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2019-njy ýylyň 6 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde milli Liderimiziň geljekki okuw ýyly üçin hünär bilimi edaralaryna kabul edilýän talyplaryň sanyny artdyrmak we täze hünärleri açmak boýunça kabul eden çözgüdi hünär okuw mekdepleriniň işini ýurduň zerurlyklaryna yzygiderli ugrukdyrmak arkaly guramak wezipesinden ugur alýar.

Bagtyýarlyk döwründe islegliler üçin bilime bolan hukugy üpjün etmek möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Adam hukuklarynyň iň naýbaşysy hasaplanýan bu hukuk Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan doly kepillendirilýär. Bilim almak üçin durmuş-ykdysady sebäpleriň möhüm täsiriniň bardygyny bellemek bilen, milli bilim ulgamyna tölegli okuwlaryň girizilmegi bilimi maliýeleşdirmegiň çeşmeleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, bilim alýanlaryň köpugurly islegleriniň kanagatlandyrylmagyna, şeýle-de olaryň dürli ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen okuw-guramaçylyk çäreleriniň ugurlarynyň giňeldilmegine getirýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamyna tölegli okuwlaryň girizilmegi, bir tarapdan, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň barha artýandygyny, netijede, olaryň tölege ukyplylyk derejesiniň ýokarlanýandygyny görkezýär. Munuň şeýledigine daşary ýurtda geçirilen barlaglaryň netijeleri hem şaýatlyk edýär. Ýagny, ilatyň jan başyna düşýän girdejisiniň derejesi bilen bilimiň ösüşiniň derejesiniň arasyndaky baglanyşygyň bardygy ylmy taýdan subut edilen hakykatdyr. Bu baglanyşyk onuň sebäpleriniň we netijeleriniň biri-birinden tapawutlanýan iki sany ýagdaýyny aňladýar: birinjiden, bilim ykdysady ösüşi döredýär, ikinjiden, munuň tersine, çalt ykdysady ösüş ýurtda bilime has köp serişdeleri gönükdirmäge mümkinçilik berýär. Beýleki tarapdan, ol girdejisi ýokary bolan «orta synp» diýlip atlandyrylýan täze gatlagyň kemala gelmegi bilen hem şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, bu gatlagyň wekilleri diňe bir bilim hyzmatlaryny sarp edijileriň sanynyň köpelmegine ýardam bermän, eýsem, olaryň tölegli hyzmatlary amala aşyrýan bilim edaralaryny esaslandyryjylar bolup çykyş etmekde hem mümkinçilikleri uludyr.

Şeýlelikde, hünär bilimi kämil işçi güýjüni täzeden döretmegiň çeşmesi hasaplanýar hem-de bu ulgamyň netijeli hereket etmegi ýurduň durmuş-ykdysady durnuklylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle aýratynlyklar Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşynyň häzirki tapgyrynda hünär bilimi ulgamyndaky mümkinçiliklerden has doly peýdalanyp, onuň ýurduň durmuş we ykdysady taýdan ösüşine goşýan goşandyny artdyrmak üçin bu ulgamy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini görkezýär. Çünki çalt üýtgeýän durmuş-ykdysady şertlere tiz seslenmek hünär bilimi ulgamynyň baş wezipeleriniň biridir. Hususan-da, geljekki hünärmenlere hünäriň inçe tärlerini öwretmekde mugallyma wajyp ornuň degişlidigini nazara alsak, onda mugallym-talyp gatnaşyklarynda okatmagyň has netijeli usullaryndan peýdalanmak wezipesi öňe çykýar. Zähmet bazarynyň bildirýän talaplaryny göz öňünde tutmak bilen, talybyň bilim alýan döwründe geljekde bäsleşige ukyplylygyny üpjün etjek hünär bilimini bermekde mugallym tarapyndan uly tagallalaryň edilmegi möhüm şertleriň biridir.

Häzirki döwürde bilim döwlet strategiýasynda diňe bir ykdysady pudaklaryň ösüşini üpjün edýän güýç bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol adam ykballarynyň jemlenen ulgamy hökmünde-de häsiýetlendirilýär. Ýagny, mugallym ýa-da talyp diýlende, durmuşdan üzňe göz öňüne getirmän, eýsem, özboluşly ykbalyň eýesi, öz durmuş gymmatlyklaryna, durmuş kadalaryna eýerýän şahsyýetler oýuňa gelýär. Bu ýagdaý bilim hyzmatlary bazarynda hereket edýän taraplaryň her biriniň, ýagny mugallym, talyp baradaky aladanyň hem döwlet Baştutanymyzyň hemişe ünsündedigini aňladýar.

Türkmen ylmyny, bilimini belent derejelere ýetirmekde Arkadag Prezidentimiziň alyp barýan işleri üçin alkyşymyz çäksizdir. Goý, mähriban hem Gahryman Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli başlangyçlary mundan beýläk-de rowaçlyga beslensin!



Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň
baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.



«Türkmenistan» gazeti, № 184 (29450), 25.07.2019ý.