Täzelikler

Aziýa – Ýuwaş ummany sebiti – Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategiki ugry

17.10.2019
1571336936
Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Ber...

Aşgabat Jarnamasyny durmuşa geçirmek — GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň möhüm wezipesi

16.10.2019
1571251239
Ýakynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň netijeleri hem-de ka...

Ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagy - Türkmenistanyň ösüş strategiýasy

15.10.2019
1571170179
Şu gün paýtagtymyzda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi we ylmy maslaha...
  • Image
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary - dünýä metbugatynyň sahypalarynda

14.10.2019
1571076420
GDA-a gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň üstünlikli geçen mejlisiniň netijelerini Garaşsyz Döwletleriň A...

Milli Liderimiziň başlyklygynda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

11.10.2019
1570827315
Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Garaşsyz Döwletleriň Arka...
  • Image
  • Image

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi

10.10.2019
1570739567
Şu gün türkmen paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejli...
  • Image
  • Image

Türkmenistanda dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylarynyň her ýylky duşuşygy geçirilýär

09.10.2019
1570650702
Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda“Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisi we maslahaty açyldy. Hazar...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

08.10.2019
1570567324
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daş...
  • Image



HAZAR DEŇZINDE HYZMATDAŞLYK: ÝETILEN SEPGITLER WE MÜMKINÇILIKLER


Image


«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere besleýän möhüm wakalaryň şaýady bolýarys. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we Diýarymyzyň taryhynda öçmejek yz goýup, dünýä jemgyýetçiliginiň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitlerden ugur alýar hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär.

Türkmenistanyň sebit hyzmatdaşlygy syýasatynyň özeninde Merkezi Aziýa we Hazar sebitini yklymdaky strategiki durnuklylygyň ygtybarly merkezine, Ýewropa we Aziýa ýurtlary üçin uzakmöhletleýin hem-de geljegi uly ykdysady hyzmatdaşa, yklym ähmiýetli iri energetika we ulag-üstaşyr merkeze öwürmäge saldamly goşant goşmak meýli durýar diýip aýdyp bolar.

Geçmişde Hazar deňziniň üstünden dürli ugur boýunça söwda-ykdysady gatnaşyklar amala aşyrylypdyr we kenarýakada ýerleşýän halklaryň dost-doganlygyny berkidip, medeniýetiniň, sungatynyň ýakynlaşmagyna mümkinçilik döredilipdir. Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda şol taryhy eýýamlardan dowam edip gelýän parahatçylykly, özara bähbitli gatnaşyklar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe barha ösdürilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan Hazar deňzi sebitinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar arkaly baglanyşýan Hazarýaka ýurtlaryň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň bähbidine mynasyp goşant goşýar. Sebäbi Hazar deňzi sebitinde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny berkitmek Türkmenistanyň sebitde alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugrudyr.

Merkezi Aziýa sebitinde okgunly ösýän Türkmenistan bu gün halkara gatnaşyklarynyň hem täze arhitekturasyny kemala getirmäge mynasyp goşant goşýar. Dünýä syýasatynda indi diňe bir Merkezi Aziýa sebiti däl-de, eýsem Hazarýaka sebiti hem möhüm syýasy, ykdysady we medeni giňişlik hökmünde ykrar edilýär. Bu gün Hazarýaka sebitini dünýäde dürli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm orun eýeleýän sebitler hökmünde ykrar edilýän Meksika we Pars aýlaglarynyň, Ortaýer we Gara deňizleriniň sebitlerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl.

Biz Hazarýaka sebitiniň dünýäde şeýle ykrara eýe bolmagy, Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we mümkinçilikleri hem-de bu ugurda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan işler barada giňişleýin gürrüň etmegi maksat edinýäris.


Hazar deňzi: geografiýasy we tebigy baýlyklary

Hazar deňzi dünýädäki iň uly yklymiçi suw howdany hasaplanýar. Hazar deňzi Ýewropa bilen Aziýa yklymlarynyň çatrygynda ýerleşýär. Demirgazykdan Günorta 1200 kilometr uzalyp gidýär. Ortaça ini bolsa 320 kilometr. Fiziki-geografiki şertlere laýyklykda, Hazar deňzi şertleýin 3 bölege bölünýär:

1. Demirgazyk Hazar — deňiz meýdanynyň 25 göterimini tutýar.

2. Orta Hazar — deňiz meýdanynyň 36 göterimini tutýar.

3. Günorta Hazar — deňiz meýdanynyň 39 göterimini tutýar.

Hazar deňziniň umumy meýdany 371 müň inedördül kilometr bolup, iň çuň ýeri 1025 metrdir. Kenarýaka çyzygynyň uzynlygy 7000 kilometre golaýdyr. Minerallaşma derejesi boýunça az duzly bolup, ortaça 13 göterime golaýdyr. Hazar deňzine 130-dan gowrak ululy-kiçili derýa guýýar hem-de deňizde 50-ä golaý ada bardyr. Hazar deňziniň ýakasynda bäş sany döwlet ýerleşýär:

1. Türkmenistan — 1200 kilometr.

2. Azerbaýjan — 955 ki lometr.

3. Gazagystan — 2320 kilometr.

4. Russiýa Federasiýasy — 695 kilometr.

5. Eýran Yslam Respublikasy — 724 kilometr.

Hazar deňziniň özboluşly biologik baýlyklary bardyr. Deňziň ummasyz gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryndan başga-da, ösümlik we haýwanat dünýasi onuň hazynalary hasaplanylýar. Çünki deňziň biologik dürlüligi özüniň ýokary derejede endemikligi hem-de ekologik hadysalaryň we ulgamlaryň ajaýyp sazlaşyklylygy bilen tapawutlanýar. Hazar deňziniň we oňa ýanaşyk ýerleşen tebigy gurşawyň ýaşaýyş formalarynyň köpdürlüligi ol ýerde dürli ekologik ulgamlaryň barlygyna şaýatlyk edýär. Ol ekologik ulgamlar umumy hem-de ýerli çäkleriň fiziki we klimatik tebigaty bilen sazlaşykda bolup, taryhy ösüşi başdan geçiripdir.

Uçup geçýän guşlaryň köpüsi Hazar bilen baglanyşykly baý batgalyk ýerlerde we köp sanly derýa aýaklarynda gyşlamak ýa-da höwürtgelemek üçin amatly şertleri tapýarlar. Guşlaryň uçup geçýän esasy ýollary Hazar sebitinde kesişýär. Her ýyl deňziň bu etraplarynda millionlarça guşlar gyşlaýar.

Gojaman Hazaryň bekreler maşgalasyna degişli balyklary iň tapylgysyz hazynalaryň biridir. Balyklaryň bu toparyna doky, bekre, tirana ýaly gymmatly görnüşler degişlidirler. Geçmişde balyklaryň bu görnüşleri şu sebitlerde örän köp bolupdyr. Käbir ylmy çeşmelerde ýazylyşy ýaly, 1836-njy ýylda S.Kareliniň ýolbaşçylygyndaky topar Esenguly aýlagynda syýahatda bolup, bu ýerdäki ýalpak suwlarda bekre balyklarynyň juda köp mukdarda toplanandyklaryny görüpdirler.

Hazar energiýa serişdelerine hem baýdyr. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, Hazarda nebitiň 70 milliard barrel möçberde, tebigy gazyň 15 trillion kub metr çaklanylýan gorlary bardyr. Munuň özi bu sebitiň dünýäniň iri energetika merkezleriniň biridigini aýdyň tassyklaýar.


Syýasy jähet: Bitaraplyk, diplomatiýa we hukuk esaslar

Bitarap Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulmak bilen, baý ylalaşdyryjylyk we döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýar. Ýurdumyzyň daşary syýasaty «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň daşary syýasatynda Merkezi Aziýa hem-de Hazar sebitinde döwletara gatnaşyklary sazlaşykly we durnukly ýola goýmak, durnukly durmuş-ykdysady we ynsanperwer ösüş üçin esasy şert hökmünde sebitleýin parahatçylygy we howpsuzlygy, hyzmatdaşlygy üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi, bir tarapdan, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi bilen baglanyşyklydyr, beyleki bir tarapdan, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek durnukly ösüş boýunça ählumumy meseleleri çözmegiň hökmany şerti bolup durýandygy bilen düşündirilýär.

Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň mümkinçiligi sebitde ýaragsyzlanmaga, suw-energetiki meseleleri çözmäge, ulag we energetika ulgamlarynda özara ýardam bermegi işjeňleşdirmäge, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, ençeme durmuş meselelerini çözmäge ukyplydyr. Bu ugurda ýurdumyz parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, milli we umumy gyzyklanmalaryň deňeçerliginde deňhukukly özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty durmuşa geçirýär. Bu syýasat Hazarýaka döwletleri babatda hem şeýledir. Hazar bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, Türkmenistan abraýly halkara guramasy bolan BMG-niň mejlislerinde Hazar meselesi boýunça başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş etdi. Meselem, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy saklamak boýunça Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan dowamly başlangyçlarynyň has-da ilerlemegi üçin Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň parahatçylykly ösüş baradaky Maslahat beriji Geňeşini döretmegi, Hazar deňziniň ýagdaýyny we ekologiýasyny öňküden hem gowulandyrmak üçin Forumyň Aşgabatda geçirilmegi barada teklipleri hem orta atdy. Mundan başga-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde Merkezi Aziýada hemişelik esasda hereket etjek parahatçylyk we howpsuzlyk forumyny döretmegi hem teklip etdi. Bu başlangyçlaryň aýratyn gyzyklanma eýe bolmagy ýurdumyzyň halkara giňişliginde abraýynyň barha ýokary göterilmegine esas berdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde eden çykyşynda hem hormatly Prezidentimiz Hazar meselesiniň üstünde durup geçdi.

Ýurdumyz Hazar meselesi babatda ähli kenarýaka döwletleriniň tagallalaryny birleşdirip, bäştaraplaýyn duşuşyklary geçirmegi gazandy we netijede, 2002-nji ýylda Aşgabatda birinji Hazar sammiti geçirildi. Bu sammit kenarýaka ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge, Hazarda özara gatnaşyklary ýola goýmak bilen baglanyşykly köpsanly meseleleriň çözgüdine özara kabul ederlikli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga itergi berdi. Onuň netijeleri 2007-nji ýylda Tähranda we 2010-njy ýylda Bakuwda geçirilen Hazar sammitleriniň üstünlikli bolmagyny hem şertlendirdi. 2014-nji ýylda bolsa Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň IV sammiti geçirildi. Öňde agzalan dört forumyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň Hazarda hil taýdan täze gatnaşyklar üçin ygtybarly binýadynyň döredendigini bellemek zerurdyr. Hazar deňzi boýunça köptaraplaýyn gepleşikleriň oňa gatnaşyjy ýurtlaryň gyzyklanmalaryny nazara almak, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esaslarynda ýola goýmak meseleleriniň anyklygy umumy çözgütlere ýetmäge, anyk netijeleri we ylalaşyklary gazanmaga hem mümkinçilik berdi.

Şeýlelikde, 2003-nji ýylyň noýabrynda Hazar deňziniň gurşawyny goramak barada Çarçuwaly konwensiýa (Tähran konwensiýasy) işlenip taýýarlanyldy we oňa gol çekildi. 2014-nji ýylda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Astrahan şäherinde geçirilen IV sammitiniň netijeleri boýunça «Hazar deňziniň gidrometerologiýasy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda», «Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk hakynda», «Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda» Ylalaşyklara gol çekildi. Bu ylalaşyklaryň ählisi Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2010-njy ýylda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň III sammitinde öňe sürüldi. Hormatly Prezidentimiziň Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitlerine gatnaşmagy, şeýle hem Hazar meselesiniň dürli ugurlary, şol sanda degişli şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça netijeli başlangyçlary bu ugurda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň beýanydyr. Munuň özi Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ösdürmäge hem oňaýly mümkinçilikleri döredýär.

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammiti diňe bir sebit ähmiýetli däl, eýsem dünýä ähmiýetli taryhy wakalara beslendi. Bu sammitde Hazar deňziniň hukuk derejesini kesgitleýän esasy resminama, şeýle hem Türkmenistanyň öňe süren başlangyjy esasynda «Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda» Ylalaşyk hem-de «Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda ulag ulgamy hakynda» Ylalaşyk kabul edildi. Bu resminamalar Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň IV sammitinde hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda işlenilip taýýarlanyldy.


Hazaryň hukuk derejesi: taryhdan şu güne

Hazarda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmekde we ösdürmekde esasy mesele onuň hukuk derejesi bilen bagly boldy. Taryha nazar aýlasak, Hazaryň hukuk ýagdaýy, taryhy ýagdaýlara görä, 1723-nji ýylda Sankt-Peterburgda baglaşylan rus-eýran, 1732-nji ýyldaky Reşt, 1813-nji ýyldaky Gülüstan, 1828-nji ýyldaky Türkmençaý şertnamalary, 1881-nji ýylda Hazar deňziniň gündogaryny çäklendirmek hakynda rus-eýran konwensiýasy, 1921-nji ýyldaky rus-eýran şertnamasy esasynda Russiýa we Eýran tarapyndan kesgitlenipdi we ady agzalan hukuk namalar arkaly düzgünleşdirilipdi. 1940-njy ýylda SSSR bilen Eýranyň arasynda baglaşylan söwda we deňizde ýüzmek hakynda şertnama boýunça, diňe şol iki döwletiň baýdagyny göterýän gämilere Hazarda ýüzmek hukugy berilýärdi. 1990-njy ýyllaryň başynda SSSR-iň dargamagy bilen, Hazaryň kenarynda jemi Eýrandan başga 4 sany garaşsyz döwlet döredi we Hazaryň tebigy baýlyklaryndan peýdalanmak özara ylalaşykly hem-de bähbitli hereketleri talap edýärdi. Munuň üçin Hazaryň hukuk ýagdaýyny kesgitlemek zerurdy. Hazaryň hukuk ýagdaýyny kesgitlemek bäş döwletiň bähbitlerini göz öňünde tutmagy, hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda ösdürmegi hem-de taraplaryň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap etdi. Şonuň üçin hem çärýek asyrdan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistan Hazar deňzi boýunça duşuşyklaryň we forumlaryň, şol sanda Ýörite iş toparlarynyň, Hazarýaka döwletleriniň wekilçilikli toparlarynyň gatnaşmagynda, bu meselelere bagyşlanan halkara maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Hazar deňziniň halkara-hukuk derejesi hakynda gepleşikler 1992-nji ýylyň fewral aýynda Tähranda geçirilen Kenarýaka döwletleriň birinji maslahatyndan başlandy. Soňra bu gepleşikler hemişelik hereket edýän gepleşikler guralynyň — Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Ýörite iş toparynyň döredilmegine esas berdi. Ýörite iş toparyny döretmek barada çözgüt 1996-njy ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygynda kabul edildi. Şeýlelikde, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa kabul edilýänçä çärýek asyrdan gowrak gepleşikler, Ýörite iş toparlarynyň ygtyýarly wekilleriniň 50-den gowrak mejlisi, Hazarýaka döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň sekiz duşuşygy geçirildi.

Mundan başga-da, Hazarýaka döwletleri tarapyndan esasy resminamanyň — Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň taýýarlanylmagy bilen bir hatarda sebit hyzmatdaşlygynyň aýratyn ugurlary boýunça hem resminamalaryň işlenilip düzülmegi alnyp baryldy. Meselem, 2003-nji ýylyň noýabrynda gol çekilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa (Tähran konwensiýasy) — ilkinji bäştaraplaýyn resminama boldy. Bu Konwensiýa boýunça Nebit dökülmelerine garşy göreşmek boýunça (Aktau teswirnamasy), Ýerasty çeşmelerden gelýän hapalanmalardan goramak boýunça (Moskwa teswirnamasy), biologiki köpdürlüligiň goralyp saklanmagy boýunça (Aşgabat teswirnamasy) we Serhetüsti daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek ýaly dört sany Teswirnama kabul edildi. Tähran konwensiýasy 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi we şunuň bilen baglanyşykly her ýylyň 12-nji awgusty Hazar deňziniň güni hökmünde bellenilýär.

Hazar sammitleriniň geçirilmegine hut Türkmenistanda 2002-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda badalga berildi. Ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyklar soňra Tähranda (Eýran Yslam Respublikasy), Bakuwda (Azerbaýjan Respublikasy), Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) we Aktau şäherinde (Gazagystan Respublikasy) geçirildi.

Şeýlelikde 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen V Hazar sammitiniň çäklerinde, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekildi.

Hazar deňziniň hukuk derejesiniň kesgitlenmegi bu sebite köp möçberde maýa goýumlaryň çekilmegine, çäkleriň takyk kesgitlenilmegine, Hazaryň baýlyklaryndan rejeli we netijeli peýdalanmakda döwletleriň jogapkärçiliginiň artmagyna, ekologiýa meseleleriniň çözülmegine ýardam berer. Hazarýaka döwletleriniň döwlet Baştutanlarynyň V duşuşygynyň jemleýji resminamasynyň mazmunynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen 2019-njy ýylda Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek barada başlangyç hem beýan edildi. Şeýlelikde, Birinji Hazar ykdysady forumynyň Dawos ykdysady forumy ýaly dünýäniň beýleki abraýly ykdysady ugurly maslahatlarynyň birine öwrüljekdigine uly ynam döredýär.


Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag babatda sebit hyzmatdaşlygy

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşynda: «...Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekmegi Hazarýaka sebitini halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr we energetika strategik geçelgeleriniň birine, giň maýa goýum, söwda, ykdysady iş we goşulyşmak merkezine öwürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar» diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň IV sammitinde eden çykyşynda kenarýaka döwletleriň şäherlerinde mejlisleri geçirmek bilen, hemişelik hereket edýän Hazar ykdysady Forumyny döretmek hakynda teklibi öňe sürdi. Häzirki wagtda, bilermenleriň çaklamalaryna görä, 2025-nji ýylda Hazarýaka sebitiniň döwletleriniň, energiýa serişdeleri hasaba alynmanda, eksportda 4 milliard ABŞ dollary möçberinde girdeji gazanjakdyklaryny belleýärler. Şunuň bilen baglylykda hem Hazar ykdysady forumy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde uly ähmiýete eýe bolup, Hazarýaka ýurtlarynyň dünýä bazarlaryna çykmagynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berer.

Häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň ýangyç-energetika mümkinçilikleri hem bimöçberdir. Çünki Hazar deňzinde nebitiň we tebigy gazyň baý gorlary ýerleşýär. Şonuň üçin hem bu sebit dünýäniň iri energetika merkezine öwrülýär. Dünýäniň we sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde energiýa serişdeleriniň ygtybarly üpjünçiligi zerurdyr. Şu nukdaýnazardan köp şahaly geçiriji ulgamlary döretmek, energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda Hazaryň hukuk derejesiniň kesgitlenilmegi dürli ugurlar boýunça täze energiýa «köprülerini» emele getirmäge ýardam berer. Energiýa serişdeleriniň durnukly we ygtybarly üstaşyr geçirilmegi barada Türkmenistanyň başlangyçlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýalary bilen ykrar edilendir. Munuň türkmen energogöterijilerini dünýä bazarlaryna ulaglaryň dürli görnüşleri bilen çykarmaga, şeýle hem Hazar sebitiniň infrastrukturasynyň ösmegine oňaýly täsir etjekdigi gürrüňsizdir.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Hazarýaka döwletleriniň çägi Aziýa bilen Ýewropany birikdirýän, «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça ulag üstaşyr we söwda gatnaşyklarynyň netijeli hereketini üpjün edýän tebigy-geografiki giňişlik bolup durýar. Hazarýaka döwletleriniň portlarynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny, ulag ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny, ulag infrastrukturasynyň kämilleşdirilýändigini göz öňünde tutup, bilermenler 2030-njy ýyla çenli bu ugur boýunça ýük dolanşygynyň 30 million tonna ýetjekdigini çaklaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Hazar, Gara we Baltika deňizleriniň arasynda täze ulag ugurlaryny döretmek, Hazar sebitini Ýakyn Gündogar we Ortaýer deňzi, Günorta hem-de Günorta-Gündogar Aziýa bilen baglanyşdyrýan ulag ulgamyny döretmek boýunça uly işler amala aşyrylýar...

Täze taryhy eýýamda Türkmenistan ulag geçelgeleriniň sanyny artdyrmak bilen, awtomobil hem-de demir ýollaryň, howa we deňiz ugurlarynyň gerimini giňeldýär hem-de ählumumy parahatçylygyň, durnukly ykdysady ösüşiň berkidilmegine ýardam berýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki döwre laýyk derejede täzeden dikeldilýändigini aýan edýär. Sebäbi bu sebit «Bir guşak, bir ýol» ählumumy Konsepsiýasynyň hem möhüm düzüm bölegidir.

Kenarýaka ýurtlaryň ulag ulgamlarynyň özara goşulyşmagynyň, sebit we dünýä derejelerinde multimodal ýük daşamalaryny utgaşdyrmagy üpjün etmegiň möhümdigini nazara almak bilen, Türkmenistan Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de Hazar sebit ulag-logistiki merkezi döretmek hakynda Ylalaşygyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça başlangyç bilen çykyş edip, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitinde bular boýunça degişli resminamalar kabul edildi.

BMG-niň Baş Assambleýasy hem türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda ulag boýunça üç Kararnamany: 2014-nji ýylda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyüpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylda «Durnukly multimodal üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam etmek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy üpjün etmegiň ýolunda» hem-de 2017-nji ýylda «Durnukly ösüş ulgamynda maksatlara ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak» atly Kararnamalary kabul etdi.

Ýurdumyz dünýä ykdysadyýetiniň möhüm bölegi, häzirki wagtda ösüşiň esasy hereketlendirijisi bolan ulag-aragatnaşyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly goşant goşýar. Bu ulgamda örän uly kuwwata eýe bolan Türkmenistan iri halkara we sebit ähmiýetli taslamalaryň birnäçesini: Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lazurit geçelgesi) ugruny; Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan ugruny; Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesini we beýlekileri öňe sürýär. Şolaryň amala aşyrylmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň goňşy sebitleriň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny häzirki zaman derejesine çykarmaga, uzak geljekde sebitara gatnaşyklaryna kuwwatly itergi bermäge, Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deňiz hem-de Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta hem-de Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän, täze geoykdysady giňişliginiň keşbini döretmäge mümkinçilik berer. Netijede, Hazarýaka döwletleriniň gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarar hem-de halkara ykdysady gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyny, ýurdumyzyň multimodal gatnaşyklary ulgamyndaky ornunyň ýokarlanmagyny şertlendirer.


Hazaryň ekologiýasy we syýahatçylyk

Häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde ekologiýa we medeni-ynsanperwer ugurlary hem görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň aýdyň kesgitleýşi ýaly, Hazar deňziniň daşky gurşawynyň, ekologiýasynyň goraglylygyny üpjün etmek Hazarýaka döwletleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Türkmenistan bu ugurda öz üstüne alan borçnamalaryny takyk ýerine ýetirýär hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy we beýleki halkara edaralarydyr guramalary bilen bilelikde tebigaty goramak boýunça iri taslamalary durmuşa geçirýär. Hazaryň ekologiýasyny gorap saklamak boýunça ýurdumyz birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi.

Hazar ekologik konwensiýasynyň 20-nji maddasyna laýyklykda, kenarýaka döwletleriniň her biri Hazar deňziniň we onuň töwereginiň biodürlüligini gorap saklamak, dikeltmek üçin maksatnamalary hem-de taslamalary ýerine ýetirmäge we meýilleşdirmäge borçludyr. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň möçberli il-ýurt bähbitli syýasaty dünýä ýurtlaryna nusgalykdyr. Ýurdumyz Hazar ekologiýa maksatnamasyny (HEM) durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Hazar deňziniň türkmen kenarynda degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işlerini utgaşdyrmak, Milli Hazar hereketleriniň meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara topar döredildi.

Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak örän möhüm meseledir. Hazar deňzi sebiti uglewodorod serişdelerini çykarmagyň we ibermegiň örän iri dünýä merkezleriniň biri hökmünde çalt depginler bilen ösýär. Bu şertlerde Türkmenistan umumy wezipäni çözmegi — energetika pudagynda hakyky ykdysady bähbitleri, halkara hyzmatdaşlygynyň hakyky şertlerini Hazaryň biodürlüligini gorap saklamak zerurlygy bilen utgaşdyrmagy, ekologiýa deňagramlylygynyň bozulmazlygyna ýol bermezligi möhüm hasaplaýar.

Ýurdumyz Hazar deňziniň giňişligini gorap saklamaga we baýlaşdyrmaga gönükdirilen anyk çäreleri hem durmuşa geçirýär. Şeýle çäreleriň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi däbe öwrülen «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly sebit okuw maslahatyny görkezmek bolar. Okuw maslahatyna Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, daşky gurşawy goramak, ummanlary öwrenmek, deňiz hukugy ulgamlarynda halkara bilermenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Okuw sapaklaryny BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleri — ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa toparyna (IOC UNESKO), Halkara deňiz guramasyna (IMO), BMG-niň Ösüş maksatnamasyna (UNDP), şeýle hem Halkara deňiz guramasynyň howandarlygynda hereket edýän Deňiz hukuklarynyň halkara institutyna we Hazaryň ekologiýa maksatnamasyna wekilçilik edýän daşary ýurtly hem-de ýurdumyzyň bilermenleri geçirdiler. Bu sebit okuw maslahatynyň geçirilmegi ýurdumyzyň sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orun eýeläp, parahatçylygy hem-de durnuklylygy berkarar etmek, Hazar deňziniň sebitinde netijeli özara gatnaşyklary ösdürmek, Hazarýaka döwletleriniň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işine uly goşant goşýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Hazaryň türkmen kenarynyň syýahatçylyk we dynç alyş mümkinçilikleri hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki syýahatçylyk, ilki bilen, ýurduň at-abraýynyň, halkyň medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň dünýä ýaýylmagy üçin oňaýly serişdedir. Taryhda toplanan tejribeleriň tassyklamalaryna görä, syýahatçylyk halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň, birek-birek bilen tanyşmagyň, dostlaşmagyň, doganlaşmagyň serişdesi bolmak bilen, bütin dünýäde parahatçylygyň höküm sürmegine goşant goşýar. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Bütindünýä Syýahatçylyk guramasynyň doly hukukly agzasy boldy. Türkmenistanda halkara syýahatçylygyň ösmegi üçin syýahatçylyk işiniň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän, ykdysadyýetiň ýokary girdejili pudagy hökmünde syýahatçylygyň emele gelmegi we syýahatçylyk hyzmatlarynyň bazarynyň ösmegi, ilatyň iş bilen üpjünçiligi, syýahatçylaryň we syýahatçylyk işiniň subýektleriniň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy üçin kanunçylyk esaslar yzygiderli kämilleşdirilýär.

Hazar deňzinde syýahatçylygy ösdürmek döwrüň esasy meseleleriniň biridir. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy aýratyn arassa deňiz suwy we gowy dynç alyş kenarlary, ýakymly howasy bilen meşhurlyga eýe bolan hem-de syýahatçylygy ösdürmäge hemme şertler döredilen dynç alyş mekany hökmünde ykrar edilýär. Bu zolakda döwrebap myhmanhalar, sport merkezleri, saglygy dikeldiş edaralary, degişli infrastruktura, seýilgähler we dynç alyş zolaklary döredildi.

Türkmenistanyň dynç alyş we şypahana dürdänesi bolan Awazanyň toplumlaýyn, ýagny syýahatçylyk, şypahana, erkin ykdysady zolak hökmünde kämil maddy-tehniki binýadynyň döredilmegi daşary ýurt syýahatçylarynyň ýurdumyza bolan gyzyklanmasyny artdyryp, Hazarýaka sebitinde döwletimiziň ýöredýän parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetlilik we döredijilik syýasatynyň amala aşyrylmagynyň täze bir alamatyna öwrüldi.

Hazar sebitinde ähli ugurlardaky gatnaşyklar barha ösdürilip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalar bilen berkidilýär. Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň kabul edilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Munuň özi döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň gazanylmagy ugrunda elmydama täze-täze başlangyçlar bilen çykyş edip, ählumumy ösüşiň möhüm meselelerini çözmekde täsirli çäreleri ulanýandygyny görkezýär. Bu işleriň ählisi sebitiň halklarynyň bagtyýar durmuşynyň ýagty geljegine gönükdirilendir. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, işleri elmydama rowaç bolsun!



Ruslan JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan
goramak ministrliginiň usulyýet
müdirliginiň başlygynyň orunbasary.



«Watan» gazeti, 2019-njy ýylyň 30-njy iýuly № 92 (13070);
1-nji awgusty № 93 (13071); 3-nji awgusty № 94 (13072).



  • Image
  • Image
  • Image