HALKARA ZÄHMET GURAMASY

1919-2019

Ilo

(2009-njy ýylyň 7-nji maýyndaky, 17-nji, 24-nji iýulyndaky, 10-njy, 25-nji noýabryndaky, 2010-njy ýylyň 27-nji iýulyndaky, 23-nji, 29-njy dekabryndaky, 2011-nji ýylyň 17-nji iýunyndaky, 1-nji, 18-nji, 19-njy iýulyndaky, 2013-nji ýylyň 4-nji, 5-nji iýulyndaky üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kodeks guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan kärhanalarda, edaralarda we guramalarda (mundan beýläk - kärhanalar), aýry-aýry şahsy taraplarda baglaşylan zähmet şertnamasynyň şertlerinde işleýän şahslaryň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

Giňişleýin >>

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 95-nji madda)
Şu Kanun ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmegine, işsizlikden goralmagyna gönükdirilendir hem-de iş bilen üpjünçilik çygrynda döwlet kepilliklerini belleýär.

Giňişleýin >>

(29.08.2013 ý. №429-IV girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kodeks Türkmenistanyň ilatyny durmuş taýdan goramagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady, esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy esasynda pensiýa üpjünçiliginiň, raýatlaryň aýratyn toparlarynyň döwlet kömek pullary bilen üpjünçiliginiň döwlet kepilliklerini belleýär, şeýle hem weteranlaryň we maýyplaryň durmuş taýdan goralmagynyň çärelerini kesgitleýär.

Giňişleýin >>

(18.12.2013 ý. №461-IV, 16.08.2014 ý. №113-V girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun Türkmenistanda döwlet pensiýa ätiýaçlandyryş ulgamyny döretmegiň we onuň hereket etmeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

Giňişleýin >>

Biziň syýasy, ykdysady, medeni ösüşlerimiziň düýp özeninde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, döwletimiziň baş baýlygy bolan adamyň durmuş goraglylygy ýatyr

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

Building

Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak zähmete ukypsyz adamlara, maýyplarа, çagaly maşgalalarа we beýleki adamlarа pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi hem-de durmuş ýeňillikleriniň berilmegi görnüşinde maddy üpjünçilik we durmuş taýdan hyzmat etmek boýunça döwlet ulgamyndan ybarat.

Image1

Raýatlaryň zähmete bolan hukugy, şol sanda olaryň kärini, edýän işini we iş ýerini saýlamaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine, işsizlikden goramaga bolan hukugyny hem goşmak bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan kepillendirilýär.

Image2

Her bir raýata öndürijilikli we döredijilikli zähmete bolan öz başarnyklaryna ygtyýar etmekde we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik islendik işi amala aşyrmakda aýratyn hukuk degişlidir.

Image3

Milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk we wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, ýaşyna, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, partiýa degişlidigine ýa-da haýsydyr bir partiýa degişli däldigine, şeýle hem işgärleriň işewür sypatlary hem-de olaryň zähmetiniň netijeleri bilen baglanyşykly bolmadyk gaýry ýagdaýlara baglylykda zähmet hukuklarynda çäklendirmä ýa-da olary durmuşa geçirmekde haýsydyr bir artykmaçlary almagyna ýol berilmeýär.

Image4

Her bir raýatyň iş berijä göni ýüz tutmak arkaly ýa-da iş bilen üpjün ediji döwlet edaralary (gulluklary) arkaly iş ýerini erkin saýlamaga hukugy bardyr.
Iş bilen üpjün ediji döwlet edaralary (gulluklary) amatly işi seçip almakda we işe ýerleşmekde ilata tölegsiz kömek berýärler.

Image5

Zähmet şertleri diýlip işgäriň zähmet çekmegi (işi, gullugy) üçin gerek bolan hukuk, durmuş we önümçilik-tehniki faktorlaryň jemine düşünilýär. Olara iş ýeri (iş orny), zähmete hak tölemegiň möçberi we şertleri, ýeňillikler, käriň, hünäriň, wezipäniň ady, iş we dynç alyş wagtynyň düzgüni, kärleriň utgaşdyrylmagy, rugsatlar, öwez pullary we tölegler, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy, önümçilik-durmuş we zähmetiň beýleki şertleri degişlidir.

Image6

Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy - raýatlar pensiýa ýaşyna ýetende, maýyplyga uçran, ekleýjisini ýitiren halatlarynda, olaryň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen hukuk, ykdysady we guramaçylyk çäreleriniň ulgamy.

Image7

Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyny, hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyny, şeýle hem, fiziki şahsyň Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy bilen meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda baglaşylan şertnamasy esasynda, meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasyny öz içine alýar.

Image8

MAKALALAR WE ÇYKYŞLAR

DURMUŞ SYÝASATYNYŇ MÖHÜM UGRY

10.03.2018

2018-nji ýylyň 2-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy kabul edildi. Bu resminamalar häzirki döwürde ýurdumyzyň zähmet bazarynda kemala gelen ýagdaýy nazara alyp, ...

ZÄHMET GATNAŞYKLARY KÄMILLEŞDIRILÝÄR

06.01.2018

Adam baradaky alada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan durmuş syýasatynyň özenini emele getirýär. Çünki «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä esaslanýan döwlet syýasatynyň netijeleri zähmet çekýän raýatlarymyzyň hukuklaryny we bähbitlerini goramakda öz aýdyň beýanyny tapýar. 2017-nji ýylyň 8-nji dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňi...

ZÄHMETE SARPA

20.12.2017

2017-nji ýylyň 8-nji dekabrynda şu ýylyň 11 aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanda zähmet işi hakyndaky maglumatlary ýöretmegiň tertibini kämilleşdirmek hakynda” Karara gol çekdi. Bu Karar bilen Zähmet depderçelerini bermegiň, ýöretmegiň we ...

HALKARA MAÝYPLAR GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRELER GEÇIRILDI

4876 1
23.12.2016

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen halkara maýyplar gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň guramagynda Ministrligiň mejlisler zal...

IŞ ÜPJÜNÇILIGI PORTALY

Portal tm

TÄZELIKLER

Kadalaşdyryjy hukuknamalary

SenesiGörnüşiBellik
30.08.2017
№ 70-Ö
Zähmet şertnamasynyň mysaly görnüşi

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2017-nji ýylyň 03-nji oktýabrynda 1101 san bilen döwlet belligine alyndy

seretme
07.08.2017
№ 64-Ö
Boş iş orunlary we olary doldurmak üçin gerek bolan işgärler barada hasabat

Forma № 1-bo, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň 2017-nji ýylyň 1-nji awgustyndaky № 16/13-22 haty

seretme
07.08.2017
№ 64-Ö
Kärhananyň ýatyrylmagy, işiň bes edilmegi we düzüminiň üýtgemegi bilen baglylykda işgärleriň işden boşadylmagy barada maglumatlar

Forma № 2-ib, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň 2017-nji ýylyň 1-nji awgustyndaky № 16/13-22 haty

seretme
17.03.2017
№ 18-Ö
Meýdan şertlerinde işleýän işgärlere meýdan üpjünligini tölemegiň Tertibi

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2017-nji ýylyň 08-nji aprelinde 1052 san bilen döwlet belligine alyndy

seretme

Türkmenistanyň ykdysadyýet toplumy

Pic11Pic12Pic13
Türkmenistanyň
Merkezi bankyBank tm
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligiFin tm
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiStat tm
«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugyStandart tm
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyStrah tm
Pic12Pic13Pic14