Täzelikler
TOPH gazgeçirijiniň owgan böleginiň howpsuzlygynyň esasy Şertlerine gol çekildi

Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabul şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiri...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatda eden çykyşy

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Ozaly bilen, sizi täze Maslahatlar merkezinde gutlamaga rugsat ediň. Bu ajaýyp bi...
Ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça geçirilýän «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşiginiň teswirnamasy

«Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda», «Türkmenistanda sanly ykdysady...
Ankarada Türkmenistanyň Prezidentiniň türk dilinde neşir edilen kitaplary tanyşdyryldy

2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy we Türkiýäniň Ankara uniwersiteti ...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýöriteleşdirilen täze dikuçaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip, ýurdumy...
Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi

Şu gün Türkmenistanda asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara ç...
Türkmenistan – Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýoly bilen

Mälim bolşy ýaly, 30-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýykly...
Aşgabat-140 ýyl: halkara ylalaşdyryjy, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk merkezi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan daşary syýasat strategiýasyny yzygide...
ILATA DURMUŞ TAÝDAN HYZMAT EDIŞ MERKEZLERI
Ýalňyz gartaşan raýatlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat ediş merkezi Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň garamagynda bolan welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň çäginde ýalňyz ýaşaýan gartaşan raýatlara, maýyplygy bolan adamlara we zähmet çekmäge ukypsyz ýardama mätäç raýatlara durmuş, durmuş-saglygy goraýyş hyzmatyny etmegi, olara durmuş ýagdaýyna uýgunlaşmaga, saglyklaryny dikeltmäge ýardam etmegi amala aşyrýan durmuş edarasy bolup durýar.
Merkeziň bölümleri şu aşakdakylardan ybaratdyr:
1) ýaşaýan ýerinde durmuş hyzmatyny edýän bölüm (durmuş-lukmançylyk hyzmatyny goşmak bilen)
2) gündizine bolunýan bölüm – ýarym ýatymlaýyn durmuş hyzmat edýän bölümi (gündizki bölüm)
3) gije-gündiz bolunýan bölüm – gijesine we gündizine ýatymlaýyn durmuş hyzmat edýän bölümi (gije-gündizki bölüm).
Merkez aşakdaky işleri amala aşyrýar:
- durmuş hyzmatyna mätäç raýatlary hasaba alýar;
- raýatlaryň saglyk ýagdaýyndan we öz-özlerine hyzmat etmek mümkinçiliklerinden ugur almak bilen, kömegiň anyk görnüşlerini raýatlarа bermegiň döwürleýinligini kesgitleýär;
- ýeke ýaşaýan gartaşan raýatlara, maýyplygy bolan adamlara we maşgala agzalary hem-de ýakyn hossarlary tarapyndan gözegçilik we hyzmat etmäge mümkinçiligi bolmadyk we olar tarapyndan Merkeziň hyzmatlary üçin tölegi amala aşyrylýan işe ukypsyz gartaşan raýatlara seretmek boýunça durmuş hyzmatlarynyň Sanawyna laýyklykda, durmuş hyzmatyna mätäç raýatlara hemişelik we wagtlaýyn häsiýetli durmuş, söwda, saglygy goraýyş, maslahat beriş we beýleki hyzmatlaryny ýerine ýetirýär;
- raýatlaryň durmuş goldawyna mätäçlik derejesine we ýerli durmuş-ykdysady şertlere baglylykda durmuş taýdan hyzmat etmegiň täze görnüşlerini iş ýüzünde ornaşdyrýar.
Merkezde durmuş taýdan hyzmat edilmegine aşakdaky raýatlar degişlidir:
- gartaşan raýatlar, maýyplygy bolan adamlar we raýatlaryň öz-özüne hyzmat etmek we (ýa-da) hereket etmek ukybynyň çäklidigi netijesinde özleriniň esasy durmuş isleglerini özbaşdak kanagatlandyrmaga mümkinçiliklerini kem-käsleýin ýa-da doly ýitirendikleri sebäpli, hemişelik ýa-da wagtlaýyn keseki kömegine mätäç beýleki toparlary;
- Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalarynda başga ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, durmuş hyzmaty babatynda Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede hukuklardan peýdalanýarlar;
- maşgala agzalary hem-de ýakyn hossarlary tarapyndan gözegçilik we hyzmat etmäge mümkinçiligi bolmadyk we olar tarapyndan Merkeziň hyzmatlary üçin tölegi amala aşyrylýan işe ukypsyz gartaşan raýatlar.
Şularyň Merkezde edilýän hyzmatlardan nobatsyz peýdalanmaga hukugy bardyr:
- Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylar;
- başga döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň maýyplary
- radiasiýa heläkçiliginiň zyýanly netijesinde maýyp bolan adamlar.
Şularyň Merkezde edilýän hyzmatlardan ilkinji nobatda peýdalanmaga hukugy bardyr:
- başga döwletleriň çäklerinde bolan söweşlere gatnaşyjylar;
- Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çekenler;
- radiasiýa heläkçiliginiň zyýanly netijelerini ýok etmäge gatnaşyjylar;
- Beýik Watançylyk urşunda wepat (aradan çykan) we maýyp bolan raýatlaryň gaýtadan durmuşa çykmadyk dul galan aýallary.
Merkeziň hyzmatlaryndan peýdalanylmagy üçin Merkeze kabul edilmek aşakdaky resminamalaryň esasynda amala aşyrylýar:
1) raýatyň ýa-da olaryň kanunly wekiliniň durmuş hyzmatyny etmek baradaky şahsy arzasy;
2) raýatyň şahsyýetini tassyklaýan resminama (pasportyň göçürmesi);;
3) saglygy goraýyş babatynda ýaramsyz görkezijileriň ýokdugy barada saglygy goraýyş edarasynyň netijenamasy;
4) ýaşaýan ýerinden maşgala düzümi baradaky güwänamasy;
5) pensiýa gaznasynyň edaralary tarapyndan berilýän, bellenen pensiýanyň ýa-da döwlet kömek pulunyň möçberi barada güwänama.
Maşgalada ýaşaýan ýa-da garyndaşlary bar bolan raýatlar ýokarda görkezilenlerden başga-da şulary berýärler:
1) her bir maşgala agzasynyň doglan senesini we garyndaşlyk gatnaşygyny görkezmek bilen, ýaşaýan ýerinden maşgala düzümi baradaky güwänamasy;
2) her bir maşgala agzasynyň işleýän (gulluk edýän, okaýan) ýerinden aýlyk gazanjynyň möçberi we beýleki girdejileri barada güwänama.