Täzelikler

Türkmenistanyň paýtagtynda Awtoulagsyz günüň ekologiýa netijeleri jemlenildi

04.06.2020
1591300431
3-nji iýunda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler ...

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

03.06.2020
1591127311
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi güneşli tomus paslynyň nurana günlerinde giňden bellenýän halkara baýram ...

Çagalar-sagaldyş merkezlerinde tomus möwsümi badalga aldy

02.06.2020
1591128694
Şu gün paýtagtymyzda mekdep okuwçylaryny Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmagyň däbe öwrülen ajaýyp dab...
  • Image
  • Image

Paýtagtymyzda halkara pudaklaýyn sergi-ýarmarka we maslahat geçirilýär

31.05.2020
1590952708
Şu gün paýtagtymyzda halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Ol ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenil...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29.05.2020
1590784766
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

28.05.2020
1590686272
Şu gün Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň daşary işler ministrleri wideomaslahat görnüşinde hormatly Prezidentimiz Gu...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

27.05.2020
1590609909
Şu gün Daşary işler ministrliginde Fransiýanyň «Total» kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Stefan Mişel bilen wideoara...

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy

27.05.2020
1590610829
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň h...



HORMATLY WATANDAŞLAR!


Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki Maksatnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi durmuş işi boýunça hünärmen wezipesine dalaşgärleri saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär!

Durmuş işi boýunça hünärmenleriň ýurdumyzyň Aşgabat, Tejen, Balkanabat, Türkmenbaşy, Hazar, Daşoguz, Türkmenabat, Mary şäherlerinde we Baýramaly, Ak bugdaý, Tejen, Görogly, S.A.Nyýazow adyndaky, Çärjew, Farap, Baýramaly, Wekilbazar etraplarynda işe kabul edilmegi meýilleşdirilýär.

Durmuş işi boýunça hünärmenlere şu talaplar bildirilýär:

Bilimi boýunça: durmuş işi, sosiologiýa, psihologiýa, lukmançylyk ýa-da pedagogika (mugallymçylyk), hukuk, ykdysady we beýleki ynsanperwer ylymlary boýunça ýokary hünär bilimi ýa-da bolmasa durmuş işi boýunça orta hünär bilimi talap edilýär.

Iş tejribesi boýunça: adamlar bilen işleşmegi talap edýän ugurlarda üç ýyldan az bolmadyk iş tejribesi talap edilýär.

Başarnyklary: türkmen we rus dillerini bilmeli, kompýuterde işlemek ukyby bolanlara artykmaçlyk berilýär.

Şahsy häsiýetleri: adamlar bilen gürleşmäge ukyply, alçak, jogapkärçilikli, adamlar bilen işlemäge we olara kömek etmäge bolan islegli, çeýe iş tertipde işlemäge, etraplara iş saparlaryny amala aşyrmaga taýýar.

Gyzyklanýan adamlar ýokarda görkezilen şäherlerdäki we etraplardaky zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralaryna “Durmuş işi boýunça hünärmen” ýazgysy bilen ýapylan bukja salyp ýa-da Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň mlsp@online.tm salgyly elektron poçtasyna şu resminamalary:

bellenen nusga boýunça şahsy maglumatyny,
hünär bilimini tassyklaýan resminamanyň (diplomyň) göçürmesini iberip bilerler.

Resminamalary tabşyrmagyň möhleti: 2020-nji ýylyň 8-nji maýyna çenli.

Artykmaçlyk gazanan dalaşgärler 2020-nji ýylyň 19-22-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine söhbetdeşlige çagyrylarlar.


okamak