Täzelikler

“Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty

24.10.2020
1603631435
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16.10.2020
1602878370
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Halkara walýuta gaznasy we Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlygyň geljegine garaldy

15.10.2020
1602785252
Şu gün ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bank toparynyň wekilleri ...

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

15.10.2020
1602781482
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kow...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

08.10.2020
1602183192
Şu gün Türkmenistan — Owganystan — ABŞ formatynda üç ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde wideoaragatnaşyk ...

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

08.10.2020
1602177963
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirz...

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

07.10.2020
1602086601
“Türkmenistan-Özbegistan” işewür geňeşiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen 1-nji mejlisinde köpugurly döwlet...

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

07.10.2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz russiýaly kärdeşini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, dostlukly döwletiň halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda täze üs...



Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň hem-de döwlete dahylly bolmadyk ýuridiki we fiziki taraplaryň dykgatyna!


Image

Ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagyna garşy öňüni alyş çäreleri bilen bagly çäklendirmeleriň girizilmegi zerarly, öň dürli maksatlar bilen daşary ýurtlara giden, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ençeme raýatlarymyzyň ýurdumyza dolanyp gelmäge mümkinçilikleriniň bolmandygy sebäpli, olaryň zähmet gatnaşyklarynyň taraplary hökmünde zähmet borçlaryny mundan beýläk ýerine ýetirmek mümkinçilikleri aradan aýryldy.
Şunuň bilen baglylykda ýurdumyza dolanyp gelmäge mümkinçiligi bolmadyk raýatlaryň zähmet gatnaşyklarynda ýüze çykan meseleleri düzgünleşdirmek we olaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda “Türkmenistanyň Zähmet kodeksine goşmaça girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi we şu ýylyň 8-nji sentýabryndan güýje girizildi. Bu Kanun Ministrligiň mlsp.gov.tm salgyly internet sahypasynda ýerleşdirildi.
Kodeksiň 6-njy maddasyna girizilen goşmaçalar ýokarda agzalan işgärleriň erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagy sebäpli zähmet borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik halatynda, olaryň zähmet borçlaryny ýerine ýetirmäge hakykatdan başlan pursatyna çenli zähmet gatnaşyklarynyň dowam etdirilen hasap edilmegini, şeýle-de zähmet hakynyň we beýleki tölegleriň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tölenilmegini düzgünleşdirýär. Şunda işgärleriň erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagy sebäpli zähmet borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik halatlar, ýagny:
Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 98-nji maddasyna laýyklykda daşary ýurt döwletlerinde önümçilikden aýrylmazlyk şertinde okaýandyklary sebäpli, döwlet synaglaryny tabşyrmak (jemleýji hünär synagyny geçmek) üçin okuw maksady bilen gidendigi bilen bagly ýüze çykan halatynda berlen tölegli rugsatlaryň möhleti olaryň zähmet borçlaryny ýerine ýetirmäge hakykatdan başlan pursatyna çenli uzaldylýar. Şunda tölegli rugsatlaryň möhleti 2020-nji ýylyň 1-nji martyndan soň tamamlanan ýagdaýynda, şu kada laýyklykda uzaldylmaga degişli edilýär;
her ýylky esasy ýa-da goşmaça rugsadyň döwründe ýüze çykan halatynda ol rugsatlaryň tamamlanmagy bilen zähmet gatnaşyklary dowam etdirilen hasap edilýär we ortaça aýlyk zähmet haky tölenilýär, iş wagtyny hasaba alynmagynyň tabelinde “kanuna laýyk işe gelmezlik” diýlip bellik edilýär;
işgärleriň gulluk iş saparlarynda bolan döwründe ýüze çykan halatynda iş saparlarynyň möhleti olaryň zähmet borçlaryny ýerine ýetirmäge hakykatdan başlan pursatyna çenli uzaldylýar;
zähmet haky tölenilmeýän rugsadyň döwründe ýüze çykan halatynda, tölegsiz rugsadyň möhleti olaryň zähmet borçlaryny ýerine ýetirmäge hakykatdan başlan pursatyna çenli uzaldylýar.
Şunuň bilen birlikde Kodeksiň 6-njy maddasyna girizilen goşmaçalar diňe bir häzirki wagtda emele gelen ýagdaýy düzgünleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem zähmet gatnaşyklarynda bolup biläýjek, taraplaryň erkine bagly bolmadyk (ýeňip aradan aýryp bolmaýan güýjüň bolmagy) sebäpler (fors-mažor) bilen baglanyşykly başga ýagdaýlary hem düzgünleşdirmegiň hukuk esasy bolup durýar.