Täzelikler

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri döwlet Baştutanymyzy Hindistan gününiň baýramçylygyna we ýokary derejeli sammite çagyrdy

03.12.2021
03122021 modi
Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi Türkmenistanyň Prezidentini Gurbanguly Berdimuhamedowy Hindi...

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy mätäç çagalaryň saglygyny bejermek üçin serişde goýberdi

02.12.2021
Fond
Ýurdumyzyň ýaş nesli barada hemmetaraplaýyn alada, olaryň bagtly durmuşda ýaşamagy we sazlaşykly ösmegi, beden hem-de...

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitindäki çykyşy

28.11.2021
2811 37
(Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabry) Hormatly Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ýolbaşç...

Türkmenistan YHG agza ýurtlaryny energiýa we transport pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy

28.11.2021
2811 09
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlaryny ulag we energiý...

Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammiti geçirildi we Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi

28.11.2021
2811 38
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Gur...

ŞHG bilen gatnaşyklar Bitarap Türkmenistanyň “Açyk gapylar” syýasatynyň beýanydyr

25.11.2021
251121 51
Şu gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Gura...

Awtoulag benzininiň eksporty artýar

25.11.2021
251121 09
Özbegistan Respublikasynyň Döwlet komitetiniň statistika boýunça metbugat gullugynyň habaryna görä, şu ýylyň 10 aýynd...

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

24.11.2021
Pr 25 11
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika hem-de ykdysadyýet we maliýe top...



Telekeçiler bilen bagly ýeňillikleriň sany artdy


2012-nji ýylyň mart aýynda kabul edilen «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Kanunyň 6-njy maddasynda, ýagny hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyrýanlar bolup durýanlaryň sanawynda, şeýle hem Kanunyň 7-nji maddasynda, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna degişlileriň sanawynda özbaşdak iş bilen meşgullanýan, girdejisi bolan şahslar bilen bir hatarda, Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýerleşýän çeşmelerden we Türkmenistanyň dahylsyzlaryndan girdeji alýan fiziki şahslar hem görkezilýär.

Şeýle hem Kanunyň 7-nji maddasyna täze bölek goşulýar, oňa laýyklykda Maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetçilik guramalarynda, olaryň kärhanalarynda we edaralarynda işleýän şahslar maýyplyk boýunça pensiýa ýa-da döwlet kömek puly alýan bolsalar, olar hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşmagyny bes edýärler.

Ätiýaçlandyrýan - fiziki şahslar bilen bagly ýeňillikleriň sany artdy. Şeýlelik bilen, fiziki şahslaryň - özleri üçin (muňa kärendiçiler degişli däldir) pensiýa gatançlarynyň beýannamasyny bermegiň zerurlygy aradan aýrylandygy sebäpli Kanunyň 21-nji maddasynyň üçünji bölegi güýjüni ýitiren diýip ykrar edilýär. Şoňa görä hem Kanunyň 23-nji maddasynyň dördünji bölegine hem üýtgetmeler girizilip, onda ätiýaçlandyrýanlaryň pensiýa gatançlary boýunça hasaplaşyk döwri görkezilýär.

Görkezilen ätiýaçlandyrýanlar üçin her ýylyň 1-nji ýanwaryndan 30-njy iýuny we 1-nji iýulyndan 31-nji dekabry aralykdaky döwür hasaplaşyk döwri bolup durýar.

Bu döwür üçin pensiýa gatançlaryny hasaplaşyk döwrüniň soňundan gelýän ikinji aýyň 15-inden gijä galman töleýärler.

Ätiýaçlandyrýanlaryň - kärendeçileriň pensiýa gatançlary daýhan birleşikler tarapyndan Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasyna beýannamany bermek bilen, bir wagtda tölenilýär.