Täzelikler

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri döwlet Baştutanymyzy Hindistan gününiň baýramçylygyna we ýokary derejeli sammite çagyrdy

03.12.2021
03122021 modi
Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi Türkmenistanyň Prezidentini Gurbanguly Berdimuhamedowy Hindi...

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy mätäç çagalaryň saglygyny bejermek üçin serişde goýberdi

02.12.2021
Fond
Ýurdumyzyň ýaş nesli barada hemmetaraplaýyn alada, olaryň bagtly durmuşda ýaşamagy we sazlaşykly ösmegi, beden hem-de...

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitindäki çykyşy

28.11.2021
2811 37
(Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabry) Hormatly Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ýolbaşç...

Türkmenistan YHG agza ýurtlaryny energiýa we transport pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy

28.11.2021
2811 09
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlaryny ulag we energiý...

Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammiti geçirildi we Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi

28.11.2021
2811 38
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Gur...

ŞHG bilen gatnaşyklar Bitarap Türkmenistanyň “Açyk gapylar” syýasatynyň beýanydyr

25.11.2021
251121 51
Şu gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Gura...

Awtoulag benzininiň eksporty artýar

25.11.2021
251121 09
Özbegistan Respublikasynyň Döwlet komitetiniň statistika boýunça metbugat gullugynyň habaryna görä, şu ýylyň 10 aýynd...

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

24.11.2021
Pr 25 11
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika hem-de ykdysadyýet we maliýe top...



Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň hem-de döwlete dahylly bolmadyk ýuridiki we fiziki taraplaryň dykgatyna!


Image

2022-nji ýylyň önümçilik
senenamasy hakynda

Iş wagtynyň ölçegleri 8 sagatlyk iş gününden ugur alnyp bäş günlük 40 sagatlyk iş hepdesiniň, 7 sagatlyk iş gününden ugur alnyp alty günlük 40 sagatlyk iş hepdesiniň we 6 sagatlyk iş gününden ugur alnyp alty günlük 36 sagatlyk iş hepdesiniň senenamasy boýunça hasaplanandyr.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, şu aşakdaky baýramçylyk we hatyra günlerinde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýär: 1-nji ýanwar - Täze ýyl baýramy; 8-nji mart - Halkara zenanlar güni; 21-22-nji mart - Milli bahar baýramy; 18-nji maý- Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni; 2-nji maý- Oraza baýramy; 9-10-11-nji iýul - Gurban baýramy; 27-nji sentýabr - Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni; 6-njy oktýabr - Hatyra güni; 12-nji dekabr - Halkara bitaraplyk güni. Şu günleriň öňündäki günüň iş wagty Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 61-nji maddasyna laýyklykda 1 sagat ir tamamlanmalydyr.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 62-nji maddasyna laýyklykda, iş tertibi düzülende gijeki iş wagtynda işiň dowamlylygynyň 1 sagat gysgalýandygy göz öňünde tutulmalydyr. Şol sebäpli, iki dynç alyş günli, bäş günlük iş hepdesinde üç iş çalşygynda işleýänleriň iş wagtynyň ýyllyk gory, her gijeki iş wagtynyň 1 sagadynyň hasabyna azalýar.

Gijeki işiň dowamlylygy önümçiligiň şertlerine görä zerur bolan halatlarda, hususan-da üznüksiz önümçiliklerde, şonuň ýaly-da bir dynç alyş günli alty günlük iş hepdesi mahalyndaky çalşykly işlerde gündizki iş bilen deňleşdirilýär.

Beýan edilenler bilen baglylykda, 2022-nji ýylda sagatlaýyn tarif möçberleriniň iş wagtynyň ortaça aýlyk dowamlylygynyň (sagatlarda) gaýtadan hasaplanylyşy şu aşakdaky ýaly bellenilýär:

40 sagatlyk iş hepdesi üçin – 166,5

36 sagatlyk iş hepdesi üçin – 150,5.

Bellik: Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň 2021-nji ýylyň 18-nji oktýabryndaky 02/2339 belgili haty bilen Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň dykgatlaryna ýetirildi.