Täzelikler

Türkmenistan halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlykda deňiz ulaglaryny ösdürmegiň taslamasyny amala aşyrar

22.01.2022
78744
Türkmenistan deňiz ulaglaryny ösdürmegiň taslamasyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar, ol Türkmenbaşy Halkara deňiz p...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

21.01.2022
22 01 22pr
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini...

Türkmenistanda raýat ýagdaýynyň ýazgylaryny onlaýn hasaba almak boýunça taslama işlenip düzülýär

19.01.2022
Online regist
Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýur...

«Aýdyň gijeleriň» önümleri: planşetler, «akylly» telefonlar, telewizorlar we täze tehnologiýalar

19.01.2022
252566
«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti ilkinji gezek urga çydamly «Aýtab» söwda nyşanly 8 we 10 inçlik (8 (10) x 2,54) gar...
  • Image

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Özbegistana sapary amala aşyrdy

18.01.2022
Taskent
2022-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetin...

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

17.01.2022
Pr palace1
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegç...

Türkmenistana Owganystanyň wekiliýeti sapar bilen geldi

15.01.2022
Owgan del
Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Türkmenistana s...

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

12.01.2022
13 01pt
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berd...



HORMATLY WATANDAŞLAR!


Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2021-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda geçiren nobatdaky maslahatynda kabul edilen “Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” we “Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna goşmaça girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň mazmuny barada şulary Siziň dykgatyňyza ýetirýär!

Ilki bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary esasynda her ýylyň başyna Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini yzygiderli 10 göterim ýokarlandyrylýandygyny aýtmalydyrys.

Täze ýylyň ilkinji günlerinde pensiýa we döwlet kömek pullaryny alýan adamlar ýokarlandyrylan möçberlerinde öz durmuş töleglerini ellerine alyp başlarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda nobatdaky ýokarlandyrylmagyndan başga-da 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girjek ýokarda agzalan Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda çaga doglanda berilýän birwagtlaýyn döwlet kömek pulunyň möçberi maşgaladaky bäşinji çaga we şondan soňky doglan çagalar üçin ep-esli ýokarlandyrylar.

Çaga doglanda berilýän birwagtlaýyn döwlet kömek pulunyň möçberi dördünji çaga we şondan soňky doglan çagalara döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 500 göterimi möçberinde kesgitlenipdi. 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap täze ölçeg girizilip, bäşinji, altynjy, ýedinji, sekizinji we şondan soňky çagalar üçin kömek pulunyň agzalan görnüşiniň möçberi aýratynlykda kesgitleniler.

Ýagny çaga doglanda berilýän birwagtlaýyn döwlet kömek puly aşakdaky möçberlerde kesgitlenip we tölenilip başlanar:

• birinji we ikinji çaga doglanda –binýatlyk ululygyň 130 göterimi (507 manat);

• üçünji çaga doglanda – binýatlyk ululygyň 250 göterimi (975 manat);

• dördünji çaga doglanda – binýatlyk ululygyň 500 göterimi (1 950 manat);

• bäşinji çaga doglanda – binýatlyk ululygyň 600 göterimi (2 340 manat);

• altynjy çaga doglanda binýatlyk ululygyň 800 göterimi (3 120 manat);

• ýedinji çaga doglanda binýatlyk ululygyň 1000 göterimi (3 900 manat);

• sekizinji we şondan soňky çagalar doglanda binýatlyk ululygyň 1200 göterimi (4 680 manat).

Bulardan başga-da çaganyň dünýä inen gününden üç ýaşyna çenli her aýda tölenýän çaga seretmek üçin döwlet tarapyndan berilýän kömek pulunyň möçberi artdyrylar.

Ýokarda görkezilen 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girjek üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 65 göterimden ýokarlandyrylyp, 75 göterimi möçberinde kesgitlenildi. Binýatlyk ululyk Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 390 manat möçberde bellenilendir.

Şeýlelikde çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly 27 göterimden gowrak ýokarlanyp, her bir çaga üçin her aýda 292 manat 50 teňňe möçberinde töleniler.

Häzirki wagtda ady agzalan döwlet kömek puly 230 manat 10 teňňe möçberinde tölenilýär.

Kabul edilen bu Kanunyň herekete girmegi bilen, eklenjinde dört we şondan köp ýetim çagalara tölenilýän ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýanyň möçberi ýokarlanar.

Häzirki wagtda hereket edýän Kodekse laýyklykda, üç we ondan köp çaga üçin ähli ýagdaýlarda pensiýa pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygyň 285 göterimi tölenilýän bolsa, indiki ýyldan başlap ýetim çagalara tölenilýän ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa şu möçberde töleniler:

•dört çaga binýatlyk ululygyň 335 göterimi (1 373,50 manat);

•bäş we şondan köp çaga binýatlyk ululygyň 380 göterimi (1 558,00 manat).

Şeýle hem sekiz we şondan köp çagany dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren hem-de 10 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolan aýal maşgalalaryň 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan, 52 ýaşy dolanda ýaşy boýunça pensiýa hukugynyň dörejekdigini habar beresimiz gelýär.

Häzirki wagtda, hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, bäş we ondan köp çagany dogran we sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren hem-de 15 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolan aýal maşgalalara 54 ýaşy dolanda ýaşy boýunça pensiýa çykmaga hukugy bardyr.

Munuň özi şeýle eneler üçin pensiýa çykmaga hukuk berýän ýaşynyň 2 ýyl kemeldilendigini, talap edilýän iş döwrüniň bolsa, 5 ýyl kemeldilendigini görkezýär.

Geljek ýyldan başlap «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan işlemeýän enelere pensiýalarynyň ýa-da çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň, maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň, döwlet durmuş kömek pulunyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça haky töleniler.

Bu goşmaça haky almak üçin hormatly adyna mynasyp bolan eneler öz ýaşaýan ýeri boýunça pensiýa gaznasynyň ýerli bölümine «Ene mähri» diýen hormatly adynyň şahadatnamasynyň nusgasyny tabşyrmagy ýeterlikdir.


okamak