Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

04.01.2021
1609789226
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen ş...

Bagy-bakja bezegidir Zeminiň

03.01.2021
1609690518
Daşoguz welaýatynda bagçylyk bilen meşgullanmaga höwesekleriň sany ýylsaýyn artýar. Mysal üçin, diňe Gurbansoltan eje...

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy

31.12.2020
P1609442362
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlan...

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

30.12.2020
1609354695
2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakynda Çuňňur hormatlanylýa...

Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

21.12.2020
1608582886
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirz...

Türkmenistanda öndürildi: okuw, iş, işewürlik üçin IT önümleri

21.12.2020
1608590507
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň ...

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

14.12.2020
Cap
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbarlarynyň, welaý...

«Ak hünji» HK polimer önümçiligini artdyrýar

14.12.2020
1607959891
«Ak hünji» hususy kärhanasy gurulýan binalaryň daşky bezegi üçin önümleri önümçilige goýberdi. Penopolistirolly gorag...
  • Image



Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi


Image

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň paýtagtymy we welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, Täze ýyl baýramyny guramaçylykly geçirmek, şeýle hem gyş paslynyň sowuk howaly günlerinde ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ilki bilen göni aragatnaşyga welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerini çagyrdy.

Milli Liderimiz bu gezekki iş maslahatynyň welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde ykdysady ýagdaýyna serediljekdigini, sebitleriň we Aşgabat şäheriniň ykdysady ýagdaýyna, olaryň durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipelere bagyşlanjakdygyny, olary ýerine ýetirmegiň ugurlary bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz göni wideoaragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna şol birwagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Müşşikowy we Ş.Durdylyýewi çagyrdy.

Wise-premýer G.Müşşikow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýylyň dowamynda Aşgabat şäheri boýunça ýerine ýetirilen işleriň maliýe-ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Şäher hojalygynyň ähli düzümleriniň ykdysady ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, eziz Diýarymyzyň paýtagtynyň ykdysady ýagdaýyny durnukly saklamak, şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny, şäheriň hojalyk düzümleriniň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi hem-de bu barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem ilatyň durmuş taýdan üpjünçiligini has-da gowulandyrmak we Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şäheriň çäklerinde amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň depginlerini we hilini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, türkmen paýtagtynyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmegiň we kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de şäheriň çäklerinde arassaçylyk, abadançylyk işlerini ýokary derejede alyp barmagy tabşyryp, bu işleriň yzygideli häsiýete eýe bolmalydygna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew häzirki döwürde şäheriň ähli künjeklerinde Täze ýyl baýramy mynasybetli bezeg işleriniň ýaýbaňlandyrylandygy, şol birwagtyň özünde mukaddes Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Aşgabat şäherini ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda ýerine ýetirilmeli işleriň, aýratyn-da maýa goýum taslamalarynyň taýýarlanylyşynyň döwrüň talabyna doly laýyk gelmelidigine ünsi çekip, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn we toplumlaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek, paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözlleşdirmek, şäher ilatynyň ýaşaýşy, öndürijilikli işlemegi we dynç alşy üçin oňyn şertleri döretmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryny, binalary, seýilgähleri we seýilbaglary gurmagy dowam etmek, Aşgabat şäherini ösdürmegiň 17-nji tapgyry boýunça maýa goýumlaryň taslamasy boýunça teklipleri taýýarlamak möhümdir.

Şäher gulluklarynyň işlerine, hususan-da, şäheriň arassaçylygyny we abadançylygyny saklamak boýunça çäreleriň talabalaýyk guralmagyna uly üns bermek gerek, bu işler iň ýokary derejede, paýtagtymyzyň belent ornuna laýyklykda guralmalydyr.

Awtoulag hyzmatlary, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we durmuş taýdan goraglylygy, işewürlik gurşawynyň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleler berk üns merkezinde saklanylmalydyr. Şol birwagtyň özünde bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamynyň bökdençsiz işi üpjün edilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň dowamynda bildirilýän talaplara laýyklykda, göwnejaý derejede paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işleri çaltlandyrmagy, şäherň jemagat hojalygy gullugynyň hem-de edara ediş düzüminiň işini talabalaýyk guramagy, jemagat hyzmatlaryna hasaplaşyklarda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň degişli ugurlar boýunça teklipleri taýýarlamagyň zerurdygy barada aýdyp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesinde we bellenilen möhletlere laýyklykda ýerine ýetirilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabatdy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň, meýilnamalaryň, kararlaryň ýerine ýetirilişi boýunça hasabatlylygy ýöretmegiň wajypdygyna ünsi çekip degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni wideoaragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Ahal welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjowy çagyrdy.

Wise-premýer G.Müşşikow Ahal welaýatynyň maliýe-ykdysady görkezijileri, sebitiň düzümleriniň şu ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem degişli düzümleriň düşewüntliligini ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri, şeýle hem sebitiň ykdysady taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmak we ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow şu günler sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk hem-de durmuş ulgamynyň işini kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatlary özgertmek boýunça maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde çäklerinde sebitde gurulýan durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary derejesini we ähli işleri bellenilen möhletlerde tamamlamagy üpjün etmegi tabşyrdy. Ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler hem ýokary agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Ahal welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjow sebitiň çäklerinde ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geçirilýän işlerde welaýatyň ilatynyň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak, hyzmat ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2020-nji ýyly ýokary görkezijiler bilen tamamlamagyň zerurdygyny belledi, şunuň bilen baglylykda, welaýatda ýokary önümçilik netijelerini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr. Şeýle hem täze önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna, oba hojalyk maksatly ýerleriň ylmy esasda özleşdirilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine möhüm üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. .

Ahal welaýatynyň çäginde öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda täze senagat önümçilikleriň sanyny artdyrmak, oba hojalyk pudagynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramak, oba hojalyk maksatly ýerleriň berilýän möçberlerini artdyrmak we haryt bolçulygyny döretmek boýunça zerur işleri geçirmek babatda birnäçe aýratyn görkezmeler berildi.

Milli Liderimiz sebitiň çäginden geçýän ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy, Ahal welaýatynyň täze döwrebap dolandyryş merkeziniň möhüm desgalarynyň, şeýle hem dokma kärhanalarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, geçirilýän ähli işler ýokary hil ülňülerine laýyk gelmelidir hem-de bellenilen möhletlerde tamamlanylmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz welaýaty durmuş-ykdysada taýdan ösdürmegiň maksatnmalarynyň, meýilnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşylara anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary B.Öwezowy çagyrdy.

Ilki bilen wise-premýer G.Müşşikow Balkan welaýatynyň önümçilik düzümlerinde geçirilen işleriň netijeleri, şeýle hem sebitiň şu ýylyň dowamynda gazanan maliýe-ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere welaýatyň çäklerinde hereket edýän edara-kärhanalaryň ykdysady ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamagy hem-de ähli ugurlar boýunça ýokary netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen ykdysady maksatnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň çäkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreler hem-de welaýatyň gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmek ugrunda geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ähimiýeti barada aýdyp, oba hojalyk önümçiligini artdyrmak üçin welaýatyň bar bolan mümkinçilikleriniň doly amala aşyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz meýdan işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň, güýzlük ak ekinlere ideg edilende, agrotehniki çäreleriň we talaplaryň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi. Munuň özi geljek ýylda bol hasyl almagyň möhüm şerti bolup durýar.

Wise-premýer B.Öwezow welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, senagat ugurly önümçilik toplumlarynyň işiniň netijeliligini artdyrmak we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek ugrunda alnap barylýan işler barada hasabat berdi. Önümçilige sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk, senagat we durmuş ulgamyna degişli pudaklarynyň işini döwrebap derejede ýola goýmak, sebitiň bar bolan önümçilik, ulag-aragatnaşyk mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmagy tabşyryp, bu çäreleriňi welaýatyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän işleriň, hususan-da, Balkan welaýatynda güýzlük oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnamak, şol birwagtyň özünde sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, welaýatyň çäklerinde häzirki zamanyň ösen tejribelerine esaslanýan täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek ugrunda geçirilýän işleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ilkinji derejeli ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz welaýatda ulag-logistika we balykçylyk pudaklaryny ösdürmek, haryt bolçulygyny döretmek boýunça zerur işler geçirilmelidigini aýtdy. Şeýle hem günbatar sebitde “Ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda bina edilýän desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligini we durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmagy, hyzmatlar ulgamynyň işini kämilleşdirmegi, bilim, medeniýet, dolandyryş we jemgyýetçilik binalarynyň hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladylyşyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz 2020-nji ýyly ýokary görkezijiler bilen jemlemegiň zerurdygyny aýdyp, şu ýylyň jemleri boýunça welaýatda iň gowy etrap-şäher saýlanyp alnanda täze önümçilik desgalarynyň işe girizilmegi, önümçilik maksatly maýa goýumlaryň özleşdirilişi ýaly möhüm görkezijiler hasaba alynmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem welaýatyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, maýa goýum taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek we desgalary bellenilen möhletlerde ulanylmaga bermek meselelerine aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigi barada aýdyp, işlenip taýýarlanylan maksatnamalaryň we tassyklanylan meýilnamalaryň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegi babatynda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Daşoguz welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikowyň welaýatyň ähli düzümleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýy, baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Hasabatda hökümet tarapyndan bölünip berilýän maýa goýum serişdeleriniň özleşdirilişi we degişli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi barada aýratyn durlup geçildi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň maliýe-ykdysady ulgamynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini beläp, wise-premýere anyk tabşyryklarynyň birnäçesini berdi. Ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda ugurdaş bölümleriň işine täzeçil tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy kesgitlenildi. Milli Liderimiz munuň özi sebitiň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmeginde ähmiýetlidir diýip nygtady.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow şu günler sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek, sebitiň ilatynyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak hem-de öňde boljak baýramçylyklary mynasyp derejede garşylamak ugrunda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalygynda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna we agrotehniki kadalara laýyk gelmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ekologiýa abadançylygynyň, dürli maksatly binalaryň gurluşygynyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.

Iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Daşoguz welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikow bu welaýatyň çäklerinde Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, ekerançylyga ylmyň ýokary gazananlaryny, täzeçil usullary ornaşdyrmak ugrunda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda alnyp barylýan işleriň-de hemmetaraplaýyn häsiýete eýe bolmalydyr. Ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna we ähli ugurlarda ýokary netijeleri gazanylmagyna gönükdirilen anyk çäreleri görmek zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan wezipeleriň, degişli maksatnamalaryň we iş meýilnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip belledi.

Milli Liderimiz sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri barada aýdyp, obasenagat toplumynda işleri häzirki zaman talaplaryna laýyklykda guramaga, oba hojalygynda telekeçiligiň ornuny berkitmäge, önüm öndürijileri höweslendirmäge hem-de azyk bolçulygyny üpjün etmäge degişli meselelere aýratyn ünsi çekdi.

Şunda, hormatly Prezidentimiz sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny we Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde nusgalyk obalary, şäherçeleri döretmek meselelerine aýratyn üns berilmelidir diýip belledi. Önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, hyzmatlar ulgamynyň işini kämilleşdirmek meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gyş paslynyň dowam edýän günlerinde edara-kärhanalaryň, durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamynyň sazlaşykly işi, degişli düzümleriň elektrik energiýasy, tebigy gaz we suw bilen üpjünçiligi möhüm wezipe bolup durýar diýip, sözüni dowam etdirdi.

Milli Liderimiz ýyly ýokary netijeler bilen jemlemegiň, etraplarda we şäherlerde täze önümçilik toplumlaryny işe girizmegiň, ekin dolanyşygyna girizilýän ýerleriň möçberlerini artdyrmagyň meselelerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän wideo iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Lebap welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary M.Meredowy çagyrdy.

Ilki bilen wise-premýer G.Müşşikow welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi, sebitiň etraplarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýlary barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, maýa goýum taslamalarynyň degerli derejede ýerine ýetirilmegine üns bermegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, sebitiň ähli düzümleriniň ykdysady görkezijilerini ýokarlandyrmak, degişli gulluklaryň işini kämilleşdirmek meselelerine möüm ähmiýet berilmelidir.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew alnyp barylýan toplumlaýyn işler hem-de welaýatyň ilatynyň mynasyp hem-de abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şu günler ekerançylyk meýdanlarynda bellenilen meýilnama laýyklykda, möwsümleýin oba hojalyk işleri alnyp barylýar, agrotehniki çäreler, şonuň ýaly-da ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny nobatdaky ýaz ekişine taýýarlamak amala aşyrylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda işleriň depginini saklamagyň, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan desgalaryň gurluşyklarynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň, olaryň ýokary hilini hem-de ekologiýa talaplaryna laýyklygyny üpjün etmegiň meselelerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Wideoaragatnaşyk arkaly maslahat Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Lebap welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary M.Meredowyň hasabaty bilen dowam etdirildi, ol sebitde innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek senagat maksatly kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, şunuň ýaly-da welaýatynyň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Oba ýerlerinde bazar ykdysadyýetiniň ösüşine, öňdebaryjy tejribeleriň, ekologiýa tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna degişli meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ähli düzümleriniň sazlaşykly ösdürmek meseleleri barada aýdyp, güýzlük ekinleriň hasylyny bellenilen möhletlerde ýygnap almagyň, şonuň ýaly-da welaýatlary özgertmek boýunça maksatnamada bellenilen çäreleri durmuşa geçirmegiň ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz döwrebap täze önümçilikleri döretmek, oba hojalyk pudagyny täzeçil usulda ösdürmek, ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak we haryt bolçulygyny üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip aýtdy. Ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, hyzmatlar ulgamynyň işini kämilleşdirmek meseleleri barada tabşyryk berildi.

Hormatly Prezidentimiz durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, guramalaryň ýyladyş ulgamynyň bökdençsiz işlemegini, arassaçylyk gözegçiligi gullugynyň we kommunal hojalygynyň işini ýokary derejede guramagy üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem tamamlanyp barýan ýyly sebit boýunça gowy görkezijiler hem-de belent önümçilik üstünlikler bilen jemlemegiň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde täze şäherçeleri döretmek, baradaky wezipeleriň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berdi. Şunuň bilen baglylykda, desgalaryň gurluşyklarynyň depginlerini ýokarlandyrmak, şeýle hem sebitiň ilatynyň durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň, meýilnamalaryň we kararlaryň ýerine ýetirilişine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Mary welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew çagyryldy.

Sebitiň önümçilik düzümleriniň maliýe-ykdysady görkezijileri, maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada wise-premýer G.Müşşikow hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň degişli gulluklarynyň sazlaşykly işini ýola goýmagy üpjün etmäge, önümçilige sanly ulgamy we täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy. Munuň öz welaýatyň ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşinde möhümdir.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň derejesi, ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän agrotehniki çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň ýaly-da Oba milli maksatnamasynda we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.

Milli LIderimiz hasabaty diňläp, ähli agrotehniki çäreleriň ýokary derejede we bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň ýaly çemeleşme täze ýylda bugdaýdan bol hasyl almaga ýardam etmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de güýzlük ekinleriniň hasylyny ýygnamak işlerini bildirilen talaplara laýyklykda ýerine ýetirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Mary welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak, kärendeçiler üçin zerur şertleri döretmek ugrunda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işlerini häzirki zaman talaplaryna doly laýyklykda gelmegine hemmetaraplaýyn üns bermegi tabşyrdy. Durmuş maksatly wezipeleri üstünlikli çözmegiň wajypdygy barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz ilatyň durmuş ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň, sebitiň çäginde täze önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmeginiň hem-de sebitiň oba hojalygyny döwrebap derejede guramagyň hem-de haryt bolçulygynyň üpjün edilmeginiň wajypdygyny belledi hem-de bu wezipeleliň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda ilatyň iş bilen üpjünçiligine, işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, hyzmatlar ulgamynyň häzirki zaman derejede ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir diýlip tabşyryldy. Milli Liderimiz durmuş maksatly meseleler barada aýtmak bilen, gyş möwsüminde durmuş üpjünçiligine degişli gulluklaryň bökdençsiz işiniň üpjün edilmelidiginiň, şäherlerde we obalarda arassaçylyk we abadançylyk işleriniň yzygiderli alnyp barylmalydygyny belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýyly ýokary netijeler bilen jemlemek,Oba mili maksatnamasyna laýyklykda, nusgalyk şäherçeleri döretmek boýunça alnyp barylýan gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, desgalaryň bellenilen möhletlerde gurlup, ulanylmaga berilmegi boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmelidigini aýratyn belledi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagynda, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ýokarlandyrylmagynda möhüm orun eýeleýän önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatyny jemläp, onda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen baglanyşykly garalan meseleleriň wajypdygyny we şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän ýyly ýokary görkezijiler bilen tamamlamagyň hem-de geljek ýyl üçin ygtybarly binýady döretmek boýunça kesgitlenen meýilnamalaryň doly derejede we üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygynyaýtdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahaty tamamlap, oňa gatnaşanlara Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň bähbidine gönükdirilen wajyp wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm