Täzelikler

TOPH gazgeçirijiniň owgan böleginiň howpsuzlygynyň esasy Şertlerine gol çekildi

16.04.2021
25359a351c0dc37c89db7e58567bc8e192966c9bb6bae53d1fdc1b09799a5e0d  1
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabul şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiri...

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatda eden çykyşy

15.04.2021
C5f36e78bcecbd2a4a96ea97485f650dc80271cdcc8dfb5c3260bfc1a527cb50
Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Ozaly bilen, sizi täze Maslahatlar merkezinde gutlamaga rugsat ediň. Bu ajaýyp bi...
  • Image

Ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça geçirilýän «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşiginiň teswirnamasy

14.04.2021
9443c85a6477f5a322ffd96e1b6bc4177218d65e13f9e9bbb2d16f11818e0e03
«Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda», «Türkmenistanda sanly ykdysady...
  • Image
  • Image

Ankarada Türkmenistanyň Prezidentiniň türk dilinde neşir edilen kitaplary tanyşdyryldy

10.04.2021
7233ab66ff7cf0765df7baf59d4d63e66d83fa9cc0f2d733708b0513a3bdcdd3
2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy we Türkiýäniň Ankara uniwersiteti ...
  • Image
  • Image
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýöriteleşdirilen täze dikuçaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy

08.04.2021
Fdfa4b7fc38fd07c903a673f62f860eba5854523543cdd06ce59e0f17dd58698
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip, ýurdumy...
  • Image

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni bellenildi

07.04.2021
C277a4a75fc0e7c64218f8874d28296bb76274fb35d30e9dc070f2fc17566f92
Şu gün Türkmenistanda asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara ç...

Türkmenistan – Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýoly bilen

01.04.2021
34725b48e2aa2acc7d17eda4287fd0237c187e1b3a1f7af3b7a37f1d7fbd5879
Mälim bolşy ýaly, 30-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýykly...

Aşgabat-140 ýyl: halkara ylalaşdyryjy, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk merkezi

01.04.2021
67a3c6e659c794bacc6ad634791cd9fb93a155d36810e2bdbef2760a66612a22
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan daşary syýasat strategiýasyny yzygide...



Garagum derýasynyň täze keşbi


Image

Indi ýarym asyrdan gowrak wagt bäri ýurdumyzyň esasy gidrotehniki desgasynda emeli derýanyň geçirijilik mümkinçiligini artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Derýanyň aýagynda, Bereket şäheriniň töwereginde ýene bir suw howdany gurulýar. 18 million kub metre çenli suw saklamaga niýetlenen emeli howdan suwdan doldurylmaga taýýarlanylýar.

Suw toplaýjy desgalaryň gurluşygyny ýurdumyzyzň Suw hojalygy komitetiniň «Garagumderýagurlushyk» ÖB alyp barýar. Hünärmenleriň pikirine görä, emeli köl derýa akymyny kadalaşdyrmaga, ýaz aýlary suw joşmasyndan goramaga mümkinçilik berer, Günbatar Türkmenistanyň içimlik, senagat we oba hojalyk bähbitlerine suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin ulanylar.

Kadalaşdyryjy desgalary, howdanlary, öz önümçilik binýady bolan 1100 kilometrlik Garagum derýasy dünýäde iň iri suwaryş-suwlylandyryş ulgamly suw ýoly bolup, onuň kömegi bilen ýurdumyzyň oba hojalygy üçin ulanylýan ýerleriniň bir million gektara golaý ýeri suwarylýar.

Suw magistralyndan rejeli we netijeli peýdalanmak boýunça işler tutuş derýa ugrunda dowam edýär. Meselem, Serdar şäheriniň töwereginde geçirijilik mümkinçiligi sekuntda 68,2 kub metr bolan suw derejesini kadalaşdyrjy desga gurulýar. Ol şäheri we oba hojalyk sebitini suw bilen durnukly üpjün eder.

Baýramaly etrabynyň Zähmet şäherçesiniň töwereginde suw magistralynyň 326-njy kilometrinde suw geçirjiligi sekuntda 500 kub metrlik gämi şluzly täze gidrotehniki desga gurulýar. Howuzhan suw howdanynyň töwereginde ýokary geçirijikli suwuň öňüni alyjy we onuň derejesini kadalaşdyryjy ýene bir desga gurulýar. Şeýlelikde, derýanyň bar bolan suw serişdelerini ulanmaga niýetlenen täze we köne inženerçilik desgalar ulgamy Garagum derýasynyň akymyny netijeli dolandyrmaga mümkinçilik berer.

Derýany howpsuz ulanmagy üpjün etmek üçin derýanyň 680-nji we 753-nji kilometlerinde sil akymlaryny we zeýakaba suwlaryny geçirmek üçin täze desgalary gurmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Zähmediň töwereginde suw akymyny täze awtoulag we demir ýol köprüsine goşmak boýunça işler alnyp barylýar, bu bolsa derýadan baržalaryň, teplohodlaryň we läbik çykaryjy enjamlaryň howpsuz hereketini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Mary we Ahal welaýatlarynyň «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy (Zeýit) we Howuzhan emeli köllerinde ýurdumyzyň Suw hojalygy komitetiniň gurluşyk edaralary howdanlaryň göwrümini degişlilikde 3,8 milliard kub metre we 1,5 kub metre çenli artdyrmak üçin gaçylary galdyrmak boýunça işleri alyp barýarlar. Ol Garaşsyz Türkmenistanyň içimlik, senagat we oba hojalyk ähmiýetli suwlaryny gyradeň bermegi üpjün eder.

Gözbaşyny alys Pamiriň buzluklaryndan alyp gaýdýan Amyderýadan Garagum derýasyna ýylda 11 milliard kub metre golaý tenekar suw bilen birlikde 50-55 million kub metr çäge we laý gelýär, olaryň bir bölegi howdanlara hem-de derýanyň hanasyna çökýär. Şonuň üçinem olaryň kenarlarynda läbik çykaryjy enjamlar gaçylaryň hilini yzygiderli gowulandyrmakda, derýany giňeltmekde we çuňlaşdyrmakda, onuň kenarlaryny abadanlaşdyrmakda işledilýär.

Türkmenistanyň Suw hojalygy komitetiniň edaralarynyň biri -- «Garagumderýasuwhojalyk» birleşigi bu özboluşly suw ulgamyny dolandyryjydyr. Birleşigiň hünärmenleri – inžener-gidrotehnikler, inžener-gidrometrler, düzgünleşdirijiler suw akymynyň hasabyny ýöredýärler, suw almak we derýadan suw geçirmek, ony suwdan peýdalanyjylara ibermek meselelerini çözýärler, sorujy beketleriň işini üpjün edýärler, derýanyň hanasyny arassalamak, çuňlaşdyrmak we giňeltmek işlerini ýerine ýetirýärler, howdanlary öz wagtynda suw bilen dolduryp, Amyderýanyň suwunyň ekin meýdanlaryny suwarmaga bökdençsiz berilmegini gazanýarlar. Diňe 2020-nji ýylda irrigatorlar läbik sorujy enjamlar we ekskawatorlar bilen 24 million kub metrden gowrak gyrmança çykardylar. Derýanyň we howdanlaryň kenarlaryny ot basmakdan goramak üçin birleşigiň Ekologiýa ylmy-önümçilik merkezi her ýyl ot iýýän kiçijik balyklaryň birnäçe tonnasyny ýetişdirip, suwa goýberýärler.

Derýany ulanyjylar kenarlardan köne gum üýşmeklerini aýyrýarlar, tekizleýiş işlerini geçirýärler, netijede indi Artykdan Gökdepä çenli baglar gülläp, üzümçilikler gök öwsüp otyr, bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň atyzlary ýaýylyp ýatyr, tokaý-bag zolaklary kemala getirilýär, tut agaçlary ekilýär.

Howuzhanda, Maryda, Babadurmazda, Gämide, Aşgabatda, Gypjakda hanany kesip geçýän döwrebap köprüler we ýolaýrytlar emeli derýa görk berýär, bu bolsa ponton geçelgelerden dynmaga hem-de tiz wagtda derýadan Aşgabada çenli gämi gatnawyny ýola goýmaga mümkinçilik berýär.

Bularyň ählisi ýurdumyzyň öz esasy baýlyklarynyň biri – suwa we Garagum çölüni özgerden suw magistralyna aýawly hem-de aýratyn sarpaly garaýandygyny görkezýär. Bu ummasyz suwdan oýlanşykly we rejeli peýdalanylmagy pagtaçylara, gallaçylara we gök ekarançylara oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam eder.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm


  • Image
  • Image
  • Image