Täzelikler

Köpçülikleýin ekologiýa çäreleri Watanymyzyň gülläp ösmegine goşantdyr

09.05.2021
C1e221d43012c71ebc9663ab02cbaeb5d2db0e189d9785ea6378dd79dc321222
Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary paýtagtymyzda 10 — 25-nji maý günlerinde ekologik çäräni gura...

Türkmenistana Hytaýyň “CoronaVac” sanjymy getirildi

09.05.2021
4e930568c71155e976d2a40d46e4886ba6db1b2475707b48e599122411c0e008
Şu gün COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy Hytaýyň «Sinovac» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “CoronaVa...

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Ýeňiş Güni bilen gutlady

09.05.2021
C277a4a75fc0e7c64218f8874d28296bb76274fb35d30e9dc070f2fc17566f92
Eziz halkym! Hormatly uruş weteranlary! Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 7...

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

06.05.2021
C277a4a75fc0e7c64218f8874d28296bb76274fb35d30e9dc070f2fc17566f92
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasy...

Türkmen talyplary halkara internet-olimpiadada 31 sany altyn medal gazandylar

04.05.2021
2a0f00557508678b262f77fc7846440967bdf4a6d0743c9fd7403e5b51ed636b
31 ýeňiji we 95 baýrakçy – bular Türkmenistanyň wekilleriniň Powolžýäniň Döwlet tehnologik uniwersiteti (Ýoşkar-Ola ş...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

30.04.2021
F68d232e8efc2031496f2358ac3e51dfda515bfa5922efa7537080a909178490
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini...

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

30.04.2021
D66d542b693b0d3ccf237c99c0c9df17c8926960beab1ac7243c7824f2a53f3c
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edaras...

TOPH gazgeçirijiniň owgan böleginiň howpsuzlygynyň esasy Şertlerine gol çekildi

16.04.2021
25359a351c0dc37c89db7e58567bc8e192966c9bb6bae53d1fdc1b09799a5e0d  1
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabul şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiri...



Ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça geçirilýän «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşiginiň teswirnamasy


Image

«Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak üçin ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply milli programma üpjünçiliginiň işlenip düzülmegini kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem 2021-nji ýylyň 16-njy martynda hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyş bolanda raýatlarymyzyň ýaşamagy üçin has oňaýly «smart siti» — «akylly şäher» bilen baglanyşykly tehnologiýalary ösdürmekde ýurdumyzyň bilim ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini aýratyn nygtap geçmegi bilen bagly öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilelikde «Sanly innowasiýa» atly ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça bäsleşigini yglan etdi.

Ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça yglan edilen «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşigi 2021-nji ýylyň 13-15-nji aprelinde «Sanly çözgüt IT-meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda geçirilýär. «Innowasion şäher», «Sanly bilim», «Söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça IT-taslamalar», «Ýörite ugur», «Maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlyk» atly bäş sany tematik ugurlara bölünip geçirilýän bu bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, başlangyç, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, magistrantlar, ýaş alymlar (aspirantlar, dalaşgärler) 125 sany taslama we programma üpjünçilikleri bilen gatnaşýarlar. Bäsleşige hödürlenýän programma üpjünçilikleriniň, taslamalaryň Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web-saýty bolan «education.gov.tm» saýtynda hasaba alynandygyny bellemeli.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça taslamalara baha bermeklik;

1. Taslamanyň derwaýyslygy üçin;

2. Ideýasynyň özboluşlylygy üçin;

3. Tehnologik çözgüdi (arhitekturasy) üçin,

4. Programmirlemegiň işlenip düzülen dili üçin;

5. Özboluşlylygy, interfeýsiniň kämildigi we owadanlygy üçin;

6. Innowasion täzeçilligi üçin;

7. Programma üpjünçiligi bilen tanyşdyrylanda döwrebap kompýuter tehnologiýalaryndan peýdalanyp, taýýarlanan programma üpjünçiligini görkezmekligi üçin;

8. Programma üpjünçiliginiň köpugurlylygy, ony işletmek üçin az çykdajylaryň çykýandygy, şeýle hem onuň işjeňligi sebäpli meseleleri çözmek üçin sarp edilýän wagty tygşytlap bilýändigi üçin bahalandyrylar.

2021-nji ýylyň 16-njy martynda hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyş bolanda «Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmalydyrlar, olaryň ylmy işlerini peýdalanmak üçin zerur tagallalar edilmelidir» diýip, milli Liderimiz belledi. Bu bolsa ýaş alymlaryň öňünde täze wezipeleri açyp, bu bäsleşikde hut akylly şäher ulgamyna degişli programma işläp taýýarlamalary hödürlenildi. Bäsleşigiň emin agzalar toparyna ýurdumyzyň ylym bilen gyzyklanýan hususyýetçileri, telekiçileri hem gatnaşyp, özlerini gyzyklandyrýan programmalary önümçilige ornaşdyrmak barada geleşikler baglaşyldy.

Häzirki döwürde «akylly» şäher, «akylly» öý ýaly düşünjeleriň barha işjeň häsiýete eýe bolýandygyny nazara alyp, «akylly» şäherler konsepsiýasyny ösdürmek maksady bilen ýaşlaryň arasynda täze programma işläp taýýarlamalar işjeň ýerine ýetirilýär. «Akylly» şäherler konsepsiýasynyň öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň sazlaşygyna esaslanýandygyny bellemelidiris. Şolaryň kömegi bilen şäher düzümleriniň we gulluklarynyň dolandyrylmagyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän bitewi ekologiýa ulgamy döredilýär. Bu konsepsiýa tutuş ulgamlary özüne birleşdirýär, mysal üçin, «akylly» jaýlar, bitewi maglumatlar binýady hem-de köpugurly şäher goşundysy ýaly ulgamlary öz içine alýar. Olar ýaşaýjylara taksileri çagyrmaga, tölegleri amala aşyrmaga, dürli maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.

Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak bäş ugur, şeýle hem aşakdaky üç nominasiýa boýunça geçirilýär:

mekdep okuwçylarynyň arasynda – I, II, III orunlar;

talyplaryň arasynda – I, II, III orunlar;

ýaş alymlaryň we hünärmenleriň arasynda I, II, III orunlar.

Ýeňijiler dabaraly ýagdaýda diplomlar, hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanýar.

Ýeňijileriň işlerini önümçilige ornaşdyrmak üçin taslamalar ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hödürlenilýär.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm


  • Image
  • Image