Täzelikler

Köpçülikleýin ekologiýa çäreleri Watanymyzyň gülläp ösmegine goşantdyr

09.05.2021
C1e221d43012c71ebc9663ab02cbaeb5d2db0e189d9785ea6378dd79dc321222
Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary paýtagtymyzda 10 — 25-nji maý günlerinde ekologik çäräni gura...

Türkmenistana Hytaýyň “CoronaVac” sanjymy getirildi

09.05.2021
4e930568c71155e976d2a40d46e4886ba6db1b2475707b48e599122411c0e008
Şu gün COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy Hytaýyň «Sinovac» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “CoronaVa...

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Ýeňiş Güni bilen gutlady

09.05.2021
C277a4a75fc0e7c64218f8874d28296bb76274fb35d30e9dc070f2fc17566f92
Eziz halkym! Hormatly uruş weteranlary! Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 7...

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

06.05.2021
C277a4a75fc0e7c64218f8874d28296bb76274fb35d30e9dc070f2fc17566f92
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasy...

Türkmen talyplary halkara internet-olimpiadada 31 sany altyn medal gazandylar

04.05.2021
2a0f00557508678b262f77fc7846440967bdf4a6d0743c9fd7403e5b51ed636b
31 ýeňiji we 95 baýrakçy – bular Türkmenistanyň wekilleriniň Powolžýäniň Döwlet tehnologik uniwersiteti (Ýoşkar-Ola ş...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

30.04.2021
F68d232e8efc2031496f2358ac3e51dfda515bfa5922efa7537080a909178490
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini...

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

30.04.2021
D66d542b693b0d3ccf237c99c0c9df17c8926960beab1ac7243c7824f2a53f3c
Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edaras...

TOPH gazgeçirijiniň owgan böleginiň howpsuzlygynyň esasy Şertlerine gol çekildi

16.04.2021
25359a351c0dc37c89db7e58567bc8e192966c9bb6bae53d1fdc1b09799a5e0d  1
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabul şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiri...



TOPH gazgeçirijiniň owgan böleginiň howpsuzlygynyň esasy Şertlerine gol çekildi


Image

Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabul şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Owganystanyň çägindäki böleginiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Şertlerine gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Türkmen tarapyndan bu resminama TAPI Pipeline Company Ltd Açyk paýdarlar jemgyýetiniň direktorlarynyň Geňeşine girýän «Тürkmengaz» Döwlet konserniniň wekili Muhammetmyrat Amanow, owgan tarapdan – Milli howpsuzlyk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary Ebadullah Ibad gol çekdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy Muhammetmyrat Amanowyň we Owganystandaky türkmen ilçisi Hoja Öwezowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli howpsuzlyk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary bilen bilelikde TOPH turba geçirijisiniň gurluşygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşandyklaryny belleýär.

Owgan wekiliniň aýdyşy ýaly, kabul edýän tarapyň Hökümeti bilen Ylalaşygyň goşundylary hasaplanýan howpsuzlyk Meýilnamasyny we Ykrarnamasyny işläp düzmegi öz içine alýan gol çekilen Şertler TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmakda ädilen möhüm ädimdir.

Uzynlygy 1814 kilometrlik we bir ýylda 33 milliard kubometr gaz akdyrmaga ukyply bu turba geçirijisiniň gurluşugyna 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda başlandy. Taslama boýunça TOPH ägirt uly «Galkynyş» gaz ýatagyndan başlanyp, Owganystanyň Hyrat, Farah, Gilment we Gandagar welaýatlarynyň, şeýle-de Päkistanyň Kwetta we Multan şäherleriniň üstünden geçip, Hindistanyň Penjap ştatynyň Fazilka şäheriniň deňinde Päkistan-Hindistan serhedine ýetiriler. Bu taslama Rossiýa, ABŞ, ÝB we beýleki döwletler, iri haklara maliýe institutlary tarapyndan makullandy.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm