Täzelikler

Türkmenistanyň demirgazygynda bagçylyk ösdürilýär

14.06.2021
645990f1d5d41ae07f1210121dadacf29a921ced16a28621b052a6dc26734232
Daşoguz welaýatyndan Türkmensitanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň agzasy Sarybaý Hanbaýew ir ýetişýän alm...

Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-de gepleşikleri geçirdi

11.06.2021
56ad84a65ab51f12a53a7ff39ea0d587ff1f772e4dea9b536e8459eebcf4be44
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ý...

Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy: ykdysadyýetiň özgertmesi, diwersifikasiýasy we sanlaşdyrylmasy

10.06.2021
365770d5afe69ba7856eae667f904e16a9f1b6ff7397d11dd6cb4d7202780e59
Garaşsyzlygymyzyň otuz ýylyň içinde Türkmenistan halk hojalyk toplumynyň çäkli ugurly bölegini dünýä ykdysadyýetiniň ...

Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

09.06.2021
C277a4a75fc0e7c64218f8874d28296bb76274fb35d30e9dc070f2fc17566f92
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözeg...

Lebapda täze howa menziliň gurluşygy tamamlanýar

09.06.2021
E779dc31a94bd06108d457acf9e4815f7fe4b7c983dcf4c3c754b42e7f05aedf
«Gündogdy» hususy kärhanasy Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde howa menziliniň gurluşygyny tamamlaýar. Şäheriň demirýo...

Kazanda geçiriljek türki halklaryň «Nauruz» XV Halkara teatr festiwalynda türkmenistanlylara garaşýarlar

06.06.2021
4b0067dffc35de8bacadde567e2c819eb3e5075d0f5dca5eed9db1d0f2e4e0d9
6-njy iýundan 11-nji iýun aralygynda Kazanda türki halklaryň «Nauruz» XV Halkara teatr festiwaly geçiriler. Onda Gaza...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

04.06.2021
Fdfa4b7fc38fd07c903a673f62f860eba5854523543cdd06ce59e0f17dd58698
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini...

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna

01.06.2021
Fdfa4b7fc38fd07c903a673f62f860eba5854523543cdd06ce59e0f17dd58698
Mähriban halkym! Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri! Sizi adamzadyň belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ...



Türkmen talyplary halkara internet-olimpiadada 31 sany altyn medal gazandylar


Image

31 ýeňiji we 95 baýrakçy – bular Türkmenistanyň wekilleriniň Powolžýäniň Döwlet tehnologik uniwersiteti (Ýoşkar-Ola şäheri, Mariý El Respublikasy, Russiýa Federasiýasy) tarapyndan guralan Açyk halkara talyplar internet-olimpiadasynyň iki tapgyryna gatnaşmaklarynyň netijesidir.

Olimpiada Russiýanyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Belarusyň we Sloweniýanyň 205 sany ýokary okuw jaýlaryndan üç müňden gowrak talyp gatnaşdy.

Talyp biliminiň gözden geçirilişi fizika, himiýa, informatika, maddalaryň garşylygy, statistika, nazary mehanika, ykdysadyýet, ekologiýa dersleri boýunça amala aşyryldy. Matematika boýunça ýaryş üç tapgyrda göz öşünde tutulyp, onuň jemleýji tapgyry 12-13-nji maýda geçiriler.

Informatika boýunça altyn medallaryň 9 sanysyny Halkara nebit-gaz uniwersitetiniň talyplary Azamat Täjiýew, Ysmaýyl Orazgeldiýew, Myrat Seýitgulyýew, Bekmyrat Ataýew, Baýramgeldi Şageldiýew, Muhammet Begenjow, Täçmyrat Saparmyradow, Yhlas Kerimow, Nurahmet Kakageldiýew dagy gazandy. Şu ders boýunça ýene iki sany altyn medala ýurdumyzyň Döwlet energetika institutynyň talyplary Merdan Bagtyýarow we Şöhle Abdyýewa mynasyp boldy.

Türkmen Oba hojalyk institutynyň (Daşoguz şäheri) talyplary nazary mehanika we maddalaryň garşylygy boýunça örän ýokary bilime eýediklerini görkezdiler. Bu ders boýunça 6 altyn medala Aýzüleýha Abdyrahmanowa, Ýakup Annagurbanow, Muhammet Jumaýew, Jennet Bäşimowa, Begenç Daňatarow, Kakageldi Agajanow dagylar mynasyp boldy. Bilimiň bu pudagy boýunça bir altyn medaly Kuwwat Hemdemow gazandy (Türkmen oba hojalyk uniwersiteti).

Ykdysadyýet boýunça 3 altyn medal Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ygtyýaryna geçdi. Olara mynasyp bolanlar: Bibihajar Kulyýewa, Medine Jumanazarowa we Gyzylgül Ilbaýewa.

Ekologiýa pudagynda Türkmenistanyň M. Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Şatlyk Tekäýew, Saparmuhammet Annageldiýew, Merjen Garajaýewa, şeýle hem Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Laçyn Durdylyýewa dagy iň gowy netije görkezdi.

Himiýa boýunça iň ýokary sylagy Akmuhammet Allamyradow, Muhammetberdi Garaýew, Ogulbagt Muhammetberdiýewa (Magtymguly adyndaky TDU), Şirin Kelowa (Döwlet Energetika instituty) we Sona Berenowa (Halkara Nebit-gaz uniwersiteti) gazandy. Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby Merdangeldi Abdyjepbarow fizikany örän oňat bilýändigini görkezdi.

Ýurdumyzyň atlary agzalan ýokary okuw jaýlarynyň, S. Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutynyň, Halkara Ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetiniň, şeýle hem Türkmen döwlet binagärçilik we gurluşyk institutynyň talyplary 40 kümüş, 55 bürünç medala eýe boldular.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm