Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

26.07.2021
27 07 1
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kab...

Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynda gazanan üstünligi

26.07.2021
23b1ab5dafbb5ec4c41394d51db1c5a92a97ab4621657ad38aee2a348ce9c227
Türkmenistanly mekdep okuwçylary – Nagym Taňrygulyýew, Muhammetmyrat Goçmyradow, Jennet Zamanowa dagy 14-nji iýuldan ...

Türkmenistan «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2021» sammitine gatnaşar

20.07.2021
5b423f5596e96e74e7d18616ee82a2e69f0754d7327f054e632120c5d076f942
28 – 30-njy iýulda Tatarystan Respublikasynda «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2021» atly XII halkara ykdysady s...

Milli Liderimiziň amala aşyrýan «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

15.07.2021
Ecc235896ac7848f53ce5916bd3c14a89f6986ffb6123b31c972bb90f0aa1166
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we müm...

Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini Daşkentde geçiriljek konferensiýa gatnaşyjylar ara alyp maslahatlaşarlar

14.07.2021
8ae887b6fd1727e0adf0260caec25c2236181e96986c03a6c13795fa4f4935af
Iýul aýynyň 15-16-synda Daşkentde geçiriljek “Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleýin özara gatnaşyk. Kynçylyklar we müm...

Türkmen-hytaý gatnaşyklary berkeýär

13.07.2021
8c128f19b55223883e7e34d248ba27cfcb44f6c6c76a0176062fb55fc43f6ec1
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşyg...

Benziniň dünýädäki orny

08.07.2021
63451a1e642dfabd7ea7bc661fc10279f219a2f3426f01fe4d82dca23e2c226c
Dünýä ýurtlarynda benziniň bahasy barada maglumat çap edýän ýörite saýtlar Türkmenistanda oktan derejesi 95 bolan ben...

Hormatly Prezidentimiz “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

29.06.2021
P 003
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gün-günden gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künje...
  • Image
  • Image



«Gazprom» Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini artdyrýar


Image

«Gazprom» Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini artdyrýar, ony beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryndan almagyny azaldýar, Özbegistandan «mawy ýangyç» almagyny bes etdi - diýip Interfaks habar berýär.

Türkmen gazynyň Russiýa kompaniýasyna iberilmegi uzaga çeken arakesmeden soň 2019-njy ýylda 4 millard kub metr möçberinde gaýtadan dikeldidi, ol 2020-nji ýylda 4,7 millard kub metre ýetdi. 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde geçen ýylda 1,3 millard kub metr bolanlygyndan 2,2 millard kub metr boldy.

Özbegistan barada aýdylanda bolsa ol gaz satyjydan «Gazpromdan» gazy satyn alyja öwrüldi. Mysal üçin, Özbegistan «Gazproma» 2018-nji ýylda 3,8 millard kub metr, 2019-njy ýylda 4,9 millard kub metr gaz iberen bolsa, 2020-nji ýylda asla gaz bermesini goýdy. Galyberse-de, «Gazprom» 2020-nji ýyldan başlap, Özbegistana türkmen gazyny iberip başlady: 2020-nji ýylda 0,9 millard kub metr, 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda eýýäm 1,5 millard kub metr gaz ugradyldy.

Hünärmenleriň pikirine görä, munuň özi Özbegistanyň özünde tebigy gazy ulanmagyň artmagy bilen baglanşyklydyr.

«Häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlary çalt depginde ösýärler. Bu ilkinji nobatda, Özbegistana degişlidir. Şonuň üçinem gaz satyn alnyşy, Özbegistan babatynda, azalýar» - diýip maý aýynda özbek gazy bilen baglanşykly ýagdaýy teswirläp «Gazprom» dolandyryş müdirliginiň başlygynyň orunbasary, «Gazprom eksport» JÇJ-iň baş direktory Ýelena Burmistrowa aýtdy.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm