Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

26.07.2021
27 07 1
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kab...

Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynda gazanan üstünligi

26.07.2021
23b1ab5dafbb5ec4c41394d51db1c5a92a97ab4621657ad38aee2a348ce9c227
Türkmenistanly mekdep okuwçylary – Nagym Taňrygulyýew, Muhammetmyrat Goçmyradow, Jennet Zamanowa dagy 14-nji iýuldan ...

Türkmenistan «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2021» sammitine gatnaşar

20.07.2021
5b423f5596e96e74e7d18616ee82a2e69f0754d7327f054e632120c5d076f942
28 – 30-njy iýulda Tatarystan Respublikasynda «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2021» atly XII halkara ykdysady s...

Milli Liderimiziň amala aşyrýan «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

15.07.2021
Ecc235896ac7848f53ce5916bd3c14a89f6986ffb6123b31c972bb90f0aa1166
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we müm...

Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini Daşkentde geçiriljek konferensiýa gatnaşyjylar ara alyp maslahatlaşarlar

14.07.2021
8ae887b6fd1727e0adf0260caec25c2236181e96986c03a6c13795fa4f4935af
Iýul aýynyň 15-16-synda Daşkentde geçiriljek “Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleýin özara gatnaşyk. Kynçylyklar we müm...

Türkmen-hytaý gatnaşyklary berkeýär

13.07.2021
8c128f19b55223883e7e34d248ba27cfcb44f6c6c76a0176062fb55fc43f6ec1
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşyg...

Benziniň dünýädäki orny

08.07.2021
63451a1e642dfabd7ea7bc661fc10279f219a2f3426f01fe4d82dca23e2c226c
Dünýä ýurtlarynda benziniň bahasy barada maglumat çap edýän ýörite saýtlar Türkmenistanda oktan derejesi 95 bolan ben...

Hormatly Prezidentimiz “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

29.06.2021
P 003
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gün-günden gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künje...
  • Image
  • Image



Milli Liderimiziň amala aşyrýan «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen


Image

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we mümkinçilikler» atly ýokary derejedäki halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýeti 2021-nji ýylyň 14 — 16-njy iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda bolýar.

Forumyň öňüsyrasynda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy, onuň barşynda taraplar sebitiň ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy hem-de onuň çäklerindäki syýasy, ykdysady we ynsanperwer häsiýetli çärelere taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň esasyny düzdi.

Ministrler forumyň gün tertibi boýunça pikir alşyp, öňde boljak duşuşygyň şertnamalaýyn-hukuk bölegini, hususan-da, kabul edilmegi meýilleşdirilen resminamalary hem-de guramaçylyk-teswirnama bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar köptaraplaýyn düzümleriň ugry boýunça özara gatnaşyklary has-da giňeltmegiň möhümdigini belläp, diplomatik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky pikirlerini aýtdylar.

15-nji iýulda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ABŞ-nyň Prezidentiniň içerki howpsuzlyk meseleleri boýunça Geňeşçisi hanym Elizabet Şerwud-Rendallyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda «C5+1» dialogynyň çäklerinde gepleşikler geçirildi. Onuň barşynda degişli görnüşdäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna seredildi.

Taraplar howanyň üýtgemegi we ekologiýa meselelerini, sebitiň ulag-üstaşyr kuwwatyny ösdürmek bilen bagly soraglary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdiler. Ýokary derejede geçirilýän halkara maslahatyň gün tertibi bilen baglylykda, Günorta we Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar sebit howpsuzlygynyň wehimlerine garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatik gepleşikleriň dowam etdirilmegine gyzyklanmany tassykladylar.

Owgan meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmaga ýardam edýän durnukly we amatly şertleriň döredilmegine ygrarlydygyny bellediler.

Gepleşikleriň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi.

Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hanym Teri Hakala bilen duşuşygy boldy.

Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmagyň barşynda söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna garaldy. Saglygy goraýyş, ekologiýa, ulag, bilim ulgamlarynda amala aşyrylýan we göz öňünde tutulýan bilelikdäki taslamalara seljerme berildi.

Sebit we halkara gün tertibiniň esasy ugurlaryna aýratyn üns berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy saklamakda daşary syýasy utgaşdyrmany güýçlendirmek barada aýtmak bilen, ÝB-niň Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygynyň netijeliligini tassykladylar.

15-16-njy iýulda geçirilýän «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we mümkinçilikler» atly ýokary derejedäki halkara maslahatyň gün tertibi ulag-logistika, energetika, söwda, önümçilik, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hem-de täze tehnologiýalar babatda sebitiň ýurtlarynyň gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleleri öz içine alýar.

Maslahatyň işine dünýäniň 40-dan gowrak ýurdunyň, şol sanda halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Onuň çäklerinde mejlisler geçirilip, olarda dürli ugurlarda Merkezi we Günorta Aziýanyň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm