Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

26.07.2021
27 07 1
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kab...

Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynda gazanan üstünligi

26.07.2021
23b1ab5dafbb5ec4c41394d51db1c5a92a97ab4621657ad38aee2a348ce9c227
Türkmenistanly mekdep okuwçylary – Nagym Taňrygulyýew, Muhammetmyrat Goçmyradow, Jennet Zamanowa dagy 14-nji iýuldan ...

Türkmenistan «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2021» sammitine gatnaşar

20.07.2021
5b423f5596e96e74e7d18616ee82a2e69f0754d7327f054e632120c5d076f942
28 – 30-njy iýulda Tatarystan Respublikasynda «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2021» atly XII halkara ykdysady s...

Milli Liderimiziň amala aşyrýan «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

15.07.2021
Ecc235896ac7848f53ce5916bd3c14a89f6986ffb6123b31c972bb90f0aa1166
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we müm...

Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini Daşkentde geçiriljek konferensiýa gatnaşyjylar ara alyp maslahatlaşarlar

14.07.2021
8ae887b6fd1727e0adf0260caec25c2236181e96986c03a6c13795fa4f4935af
Iýul aýynyň 15-16-synda Daşkentde geçiriljek “Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleýin özara gatnaşyk. Kynçylyklar we müm...

Türkmen-hytaý gatnaşyklary berkeýär

13.07.2021
8c128f19b55223883e7e34d248ba27cfcb44f6c6c76a0176062fb55fc43f6ec1
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşyg...

Benziniň dünýädäki orny

08.07.2021
63451a1e642dfabd7ea7bc661fc10279f219a2f3426f01fe4d82dca23e2c226c
Dünýä ýurtlarynda benziniň bahasy barada maglumat çap edýän ýörite saýtlar Türkmenistanda oktan derejesi 95 bolan ben...

Hormatly Prezidentimiz “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

29.06.2021
P 003
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gün-günden gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künje...
  • Image
  • Image



Türkmenistan «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2021» sammitine gatnaşar


Image

28 – 30-njy iýulda Tatarystan Respublikasynda «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2021» atly XII halkara ykdysady sammit geçiriler.

«Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanSummit 2021» sammitine dünýäniň 48 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan-da wekiller gatnaşarlar.

Sammitiň ilkinji iş gününiň çäginde Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Atadurdy Baýramowyň söz sözlemegine garaşylýar.

Çäre iki görnüşde – onlaýn (internet arkaly) we offlaýn (huzury) görnüşde geçiriler. Onuň 90 tematik sessiýanyň geçiilmegini göz öňünde tutýan huzury bölegine dünýäniň 48 ýurdunyň we Russiýanyň 25 sebitiniň wekilleri gatnaşarlar. Kazanda jemi 32 diplomatik wekilhana: daşary ýurtlaryň ilçilerine we baş konsullaryna garaşylýar.

Sammit ähli arassaçylyk we epidemiologik talaplara laýyklykda geçirilmelidir.

Sammit halkara guramalaryň, jemgyýetçilik we maliýe edaralarynyň wekillerini, ilçihana işgärlerini, syýasatçylary, maýadarlary we telekeçileri bir ýerde jemlär.

Bu çäre Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, jemgyýetçilik we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem Russiýa Federasiýasyndaky Yslam maliýe guramalarynyň ösüşine goldaw bermäge gönükdirilendir.

Sammitiň iş maksatnamasynyň esasy mowzuklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy maliýeleşdirmek, halal senagat, ýaşlar diplomatiýasy, lukmançylyk, sport, döredijilikli pudaklar, eksporty ösdürmek, telekeçilik we maýa goýumlary bar.

Mundan başga-da, «Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasy ýurtlarynyň ýaş telekeçiler forumy» we «Ýaş diplomatlar forumy», Süýşürintgiler bankynyň goldawy bilen yslam maliýe edaralaryny ösdürmek boýunça «Sbertalk» çäresi we konserwatiw geýimleriň «Modest fashion» gözden geçirilişi gurnalar.

2019-njy ýylda sammite dünýäniň 72 ýurdundan müňlerçe wekil gatnaşdy.

Russiýanyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň her ýylky halkara ykdysady sammiti Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşi we Tatarystan Respublikasynyň hökümetiniň goldawy bilen geçirilýär.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm