Täzelikler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylygyň öň ýanynda täze desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

16.09.2021
Pr17 09 001
Şu gün, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda ýene-de bir d...
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistan tebigy gazyň çykarylyşyny we eksportyny artdyrdy

16.09.2021
C53f570ba4362a4f5a345651bfc44e76e3bea3659742b28c1a2c4e8770ff559e
2021-nji ýylyň sekiz aýynda Türkmenistanda çykarylan tebigy we ugurdaş gazyň möçberi 55 milliard kub metrden aşdy. Bu...

Türkmenistan XVII Ýewraziýa Media Forumynyň meýdançasynda

15.09.2021
5dd42895a9136a48f25318420a5a777c72c0795165e8b2c3cedea110b0ea93fa
15-nji sentýabrda Gazagystanyň paýtagty Nursoltanda meýdançasynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekillerini jemlän XVII ...

Gazturbinaly elektrik stansiýasyny gurmagyň taslamasy üstünlikli amala aşyryldy

03.09.2021
Aa62972f90a2d65c0a478f5156a8d9723b5f6b5e52d0f7fe70398392f64b7a1d
Şu gün Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş d...

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine

01.09.2021
C277a4a75fc0e7c64218f8874d28296bb76274fb35d30e9dc070f2fc17566f92
Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! Mähriban talyplar, eziz okuwçylar! Sizi Garaşsyz Watanymyzda giňden ...

Türkmenistan Owganystandaky «Аkina-Аndhoý» demir ýol bölegindäki gurluşyk işleri gaýtadan dikeltdi

31.08.2021
F55cec77063516be66feab26bcfd48f8af3f25177cb013a36bea47affbcbb04d
Owganystandaky «Аkina-Аndhoý» demir ýol bölegindäki gurluşyk işleri gaýtadan dikeldildi, diýip DIM-niň Metbugat gullu...

Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli harby ýörişe taýýarlyk görmek boýunça maslahat geçirdi

31.08.2021
01 09 100
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berd...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

27.08.2021
270821 001
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini...



Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine


Image


Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!

Sizi Garaşsyz Watanymyzda giňden bellenilýän, Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Egsilmez ylham-joşgun paýlaýan bu baýramçylygyň geljegimiz bolan mekdep okuwçylarynda we talyp ýaşlarda, asylly käri mynasyp dowam edýän mugallymlarda, bilim işgärlerinde eziz Watanymyza bolan buýsanjy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Bilim almak, hünär öwrenmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda berk eýerip gelen durmuş kadasydyr. Sebäbi ylym-bilim bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilimiň we ylmyň jemgyýetimiziň döredijilik güýjüniň binýady hökmünde yzygiderli kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, öňdebaryjy bilimlere we innowasiýalara daýanyp, Garaşsyz Watanymyzy okgunly ösdürýäris. «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzdan ugur alyp, eziz Diýarymyzyň şäherdir obalarynda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglaryny, orta mekdepleri gurýarys.

Milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we hukuk binýadyny yzygiderli berkitmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlary kemala getirmek babatda möhüm işleri amala aşyrýarys. Asylly däbimize eýerip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň öň ýanynda güneşli Diýarymyzyň obadyr şäherlerinde bilimler baýramçylygyna gabatlap, täze orta mekdepleri dabaraly açýarys, joşgunly aýdym-sazly çäreleri geçirýäris. Bilimler dünýäsine ilkinji gadam basýan mekdep okuwçylaryna sowgat hökmünde «Bilimli» atly kompýuterleri gowşurýarys. Mugallymlaryň, bilim işgärleriniň we ähli halkymyzyň kalbyny şatlyk-joşguna besleýän bu dabaralar eziz Watanymyzyň bagtyýarlyk mekanydygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Taryhyň bütin dowamynda parahatçylygy we ynsanperwerligi ündäp, ylym-bilime, pähim-paýhasa belent sarpa goýup gelýän halkymyzyň bagtyýar nesilleri hökmünde eziz Watanymyza, ajaýyp durmuşymyza guwanmak, beýik geljegimiz üçin tutanýerlilik bilen okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak, il içinde abraý-mertebä, sylag-hormata mynasyp bolmak ýaş nesilleriň belent borjudyr. Merdana ýaşlarymyz täze okuw ýylynda hem döwlet we halkara derejeli bäsleşiklerde guwandyryjy netijeleri gazanyp, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny ýene-de belende götermelidir.

Hormatly mugallymlar, bilim işgärleri!

Bilim — täzeleniş we öňegidişlikdir. Şoňa görä-de, giň gerimli özgertmeleriň ýoly bilen täze belentliklere barýan ýurdumyzda bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerimizi has-da çaltlandyrýarys. Şu ýyl «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini kabul edip, milli bilim ulgamynyň işini düzgünleşdirýän kadalaryň gerimini giňeltdik, şeýle hem bilim işini dolandyrmagyň täze guramaçylyk esaslaryny kesgitledik.

Ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki ösýän döwründe sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent kadalaryna ygrarly nesli terbiýelemek mugallymlaryň we bilim işgärleriniň esasy wezipesi bolup durýar. Şoňa görä-de, täze okuw ýylynda hem on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, şeýle hem tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalarynda we giň gerimli özgertmelerimiziň esasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, siz bilim bermegiň ähli derejelerine ylmyň soňky gazananlaryny, okatmagyň innowasion usullaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmalysyňyz. Döwrebap okuw kitaplaryny hem-de okuw-usuly gollanmalary taýýarlap, bilimiň mazmunyny has-da baýlaşdyrmalysyňyz.

Men asylly käriň eýeleri bolan mugallymlarymyzyň Watan, maşgala, agzybirlik we jebislik, zähmetsöýerlik, arassa ahlak mukaddesligi hakyndaky taglymatlarymyzy rowaçlandyrmak bilen, bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirjekdiklerine, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda netijeli işleri alyp barjakdyklaryna berk ynanýaryn.

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri!

Mähriban talyplar, eziz okuwçylar!

Sizi bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde belent maksatlara ruhlandyryp, uly arzuw-umytlar bilen garşy alynýan Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde hem-de okuwlaryňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm